PEÝDALY AÝTI
-Kaka, mekdepde öý işi hökmünde düzme ýazmagy tabşyrdylar. Aýtiň – maglumat tehnologiýalarynyň durmuşymyzdaky peýdasy hakda. Näme diýip ýazsam dogry bolar-aý?!-diýip oglanjyk, doglan gününe babasy bilen mamasynyň sowgat beren smartynda täze çykan oýna ala-başagaý bolup oturşyna sorady.
Elindäki telefonyna boýyn çümüp, IMO-da kimdir birleri bilen bolgusyz gybata gümra kakasy, ýazyşmakdan dynnym ýalyjagam ünsüni sowman, ýüzüniň ugruna jogap berdi:
-Tehnologiýalaň bu görnüşiniň biziň durmuşymyzdaky esasy peýdasy, iňňän köp maglumatlaň elýeterliligini üpjün edýä. Mysal üçin, ylmy iş ýazjakmy? Öňki ýaly ýurt aşyp, haýsydyr bir alys ýerdäki gymmatly, seýrek kitaplaň apalanyp saklanýan kitaphanasyna gitmek zerurlygy ýok. Inete girdiň, ýazdyň gözleýän edebiýatyň adyny, inderip aldyň smartyňa ýa-da kompuňa. Bolany. Ýa-da haýsydyr bir seýrek maglumaty agtaryp, şo ugurdan ýokary taýýarlykly hünärmen tapjak bolup kösenmeli däl. Gugl baba ýa-da islendik poiskowik akga derrew dadyňa ýetýä. Umuman, indi maglumat ýetmezçiliginden ýa-da ony öwrenmegiň müşgilliginden zeýrenmäge hiç hili bahana galmady. Näçe öwrenseň, öwrenibermeli, kämilleşibermeli. Ýol-ýoda sökmäge ýa-da çaňly kitap baryny dörmäge wagtyňy bihuda sarp etmek kynçylygy wäpşe ýok. Düşýäňmi, oglum?!
-Howwa, kaka,-diýdi-de oglanjyk, aýasyndaky ekranjykda, nilleri pyrlampaç okseçerden paýradyp, garşydaşyny wirtual oka tutup oturşyna jogap berdi...
Hekaýalar