MIZEMEZ DOSTLUGYŇ TARYHY KÖKLERI
■ Türkmen binagärlik sungatynyň Hindistandaky nusgalary
Söhbedimiz türkmenleriň Hindistanda döreden maddy gymmatlyklary – binagärlik sungaty barada bolansoň, turuwbaşdan hormatly Prezidentimiziň 2010-njy ýylyň maý aýynyň 24-25-i aralygynda Hindistana resmi saparyny ýatlamagy dogry hasaplaýarys. Şonda hormatly Prezidentimiz öz saparynyň başyny köpasyrlyk ata-baba däbine eýerip, bu ülkede we öz Watanynda mertebesi belent tutulýan, sarpalanýan Abdyrahym hanyň kümmetine hem-de Deli soltanlygynyň hökümdarlarynyň guran beýik binalaryna zyýarat etmekden başlady.
Dogrusy, bu taryhy pursatlar bagtyýarlyk zamanasynyň hözirini görüp ýaşaýan watandaşlarymyzy buýsandyrdy. Munuň özi ýurdundan uzaklarda galan edermen ata-babalarymyzyň gaýratyna, synmaz ruhuna Gahryman Arkadagymyzdan çuňňur sarpadyr. Göwnüňe bolmasa, şol pursatlarda üstünden heňňamlaryň nijeme wakalaryny geçiren, merdana ata-babalarymyzyň paýhasy bilen kemala gelen sessiz-sedasyz binalaryň synasyna merdemlik aralaşan ýaly boldy. Çünki ussat binagärleriň sünnälän, başyny asmana diräp duran mähnet binalary bu pursatlara, gör, näçe wagt garaşandyr! Birwagtlar türkmen soltanlary tarapyndan gurlan bu ajaýyp binalaryň özboluşly kyssasy, pelsepe hem many çuňlugy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýene-de watandaşlarymyzy özüne maýyl edýär.
Türkmen soltanlary tarapyndan Hindistanda bina edilen ymaratlara aýratyn nepislik, täsin gözellik, dabaraly belentlik we haýbatly hökümdarlyk ýaly alamatlar häsiýetlidir. Bu ülkede türkmenler tarapyndan döredilen binagärlik sungaty taryh ylmynda uly orun tutýar. Bu sungat Hindistanyň Gaznaly we Gurly türkmenleriniň döwletleriniň düzümine girizilmegi bilen ýüze çykdy we Deli soltanlygynyň esaslandyrylmagy bilen bolsa kämillige ýetdi. Gadymy Delide türkmen soltanlary tarapyndan gurlan ajaýyp binalar türkmen binagärlik sungatynyň kämil nusgalarydyr. Meselem, bu ýere aýlawly germewler gurmak usulyna esaslanýan binagärlik äheňini hut türkmenler getiripdirler. Öz gezeginde, hindi binagärleri, jaýlary pürs basyrgyly we basgançak tejegorly gurmak usulyna ökde bolupdyrlar. Bu iki dürli äheňiň Hindistandaky ýaly utgaşdyrylyp ulanylyşy örän seýrek duşýar. Binagärlik äheňleriniň hut şeýle utgaşmasy türkmenleriň Deli soltanlygy döwründe has giň gerime eýe bolupdyr.
Türkmenler Hindistanyň ýerli binagärligine gala, derweze, metjit, medrese, aramgäh, hanaka ýaly binalary gurmak dessuryny, şeýle hem «küňre», «gupba», «kalaş» (gupbanyň üstündäki çiş), «gümmez», «hüjre», «mährap», «dalan», «eýwan», «minara» ýaly ymaratçylyk desgalaryny girizipdirler. Hindistan-da döredilen türkmen binagärlik sungatynda ymaratlaryň özüne çekijiligini güýçlendirmek, olaryň daşky bezegini baýlaşdyrmak maksady bilen reňkli daşlar, syrçaly kerpiçler hem giňden ulanylypdyr. Şeýle hem bezeg işlerinegeometrik şekiller, egrem-bugram nagyşlar girizipdirler.
Türkmen soltanlary musulmanlaryň köpçülikleýin namaz okaýan ýerlerinde hatdatlyk sungatynyň usullary bilen taryhy ýazgylary we Gurhandan süreleri ýazypdyrlar. Beýle edilmegi türkmen binalaryny möhüm taryhy çeşmä öwürýär. Sebäbi ýazgylarda ýadygärlik, onuň gurulmagynyň maksatlary, döwrüň wakalary barada maglumatlar berilýär. Binalardaky bu aýratynlyklar bu ýere türkmenler aralaşmazdan öň Hindistanyň binagärlik sungaty üçin häsiýetli alamatlar bolmandyr.
Türkmenleriň Hindistanda döreden binagärlik sungatynda ymaratlaryň iki görnüşi, ýagny dini we dünýewi maksatly binalar bolupdyr. Olaryň birinjisine metjitler, medreseler, hanakalar we aramgähler degişlidir. Dünýewi maksatlar üçin gurulýan ymaratlaryň hatarynda köşkleri, galalary, şäher derwezelerini, ýaşaýyş jaýlaryny, seýilgähleri, serhowuzlary, suw çüwdürimlerini, suw akabalaryny, owadan bassyrmalary, eýwanlary görkezmek bolar.
Türkmenler Hindistana gelmänkä, häzirki Deliniň ýerinde induslaryň Lagyl Gala («Lal Kot») atly şäheri bar eken. Lagyl Gala Deliniň taryhynyň birinji döwri hasap edilýär. Deli soltanlygynyň esaslandyrylmagy bilen türkmenleronuň ýerinde bäş sany uly şäheri gurýarlar. Olar Siri, Jahanpena, Togalagabat, Adylabat, Firuzabat şäherleridir. Firuzabatdan soň gurlan Şajahanabat ýa-da Jahanabat Deliniň mogollar döwründe gurlan bölegidir.
Delidäki türkmen döwletini (1206-1555) esaslandyran soltan Aýbeg (1206-1210) bir ýola «Delide kim hökümdarlyk edýän bolsa, Hindistana-da şol eýelik edýändir» diýipdir. Kutbuddin Aýbeg Hindistanda ata-babalarymyz tarapyndan döredilen ajaýyp binagärlik sungatynyň esasyny goýan hökümdardyr. Onuň döwründe gurlan Delidäki «Kuwwatul-Yslam metjidi» hem-de Ajmirdäki metjitler, Agrada «Kutb minara» diňe bir türkmen binagärliginiň däl, eýsem Hindistanyň ähli sebitlerne ýaýran yslam binagärliginiň hem iň ilkinji aýyp nusgalarydyr.
Kutbuddin Aýbegiň Delide ilkinji gurduran dini öýleriniň biri bolan Adina ýa-da Juma metjidiniň düýbi baryp 1193-nji ýylda tutulýar. Bu barada onuň esasy girelgesinde mährabynyň ýüzünde oýmur nagyşly ýazgylar doly tassyk edýär. Bu ajaýyp desganyň gurluşygy 1196-njy ýylda tamamlanypdyr. Wagtyň geçmegi bilen bu metjidiň meýdany Deli soltanlygynyň soňraky hökümdarlary (Iltutmuş) tarapyndan giňeldilipdir. Bu binanyň bir sany girelge derwezesi, bir sany esasy çykalga derwezesi, on bir sany arkasy bolupdyr.
Kutbuddin Aýbeg tarapyndan düýbi tutulan iň wajyp desgalaryň ýene-de biri Delidäki yslamyň kuwwaty ady bilen belli bolan Kuwat-ul-Yslam metjididir. Bu metjidiň gurluşygy Aýbege degişli bolsa-da, onuň tamamlanyş tapgyry Iltutmuş soltan bilen baglanyşyklydyr. Ilutmuş bu medeni binanyň gurluşygyny giň gerim bilen dowam etdirýär, onuň meýdany giňeldilýär. Şunlukda, bu binanyň tamamlanan taryhy senesi 1230-njy ýyla gabat gelýär. Metjidiň esasy girelgesi Gündogar tarapa bakdyrylyp, ol äpet gyzyl, çal ýa-da kwars mermer daşlardan örülipdir. Bu metjit Demirgazyk Hindistanyň taryhy üçin iň gyzyklysy hem-de gymmatlysydyr. Bu metjidiň esasy jaýynyň portalynyň iki pilony, 15-20 metre çenli ýokary göterilip duran esasy girelge derwezesi saklanypdyr. Bu derweze nagyşly terrakotdan bezelişi, ýazgylara baýlygy bilen tapawutlanýar.
Häzirki wagtda binanyň iç ýüzüniň bezegi öz täsinligi bilen görenleri haýrana goýýar. Binanyň Kutb minara tarapyndaky diwarlarynyň iç ýüzüniň bezeg işlerinde Gurhanyň mazmunyndan alnan süreler mermer daşyň ýüzüne edilen çuň bezeg, çeperoýmurlar bilen nagyşlanypdyr. Metjidiň diwarlarynyň iç ýüzündäki käbir egmekli tagçalaryň nagyşlary görenleri haýrana goýupdyr. Üstünden 7 asyr geçiren bu binanyň tagçasynyň oýmur nagyşlarynda sungatyň seýrek duş gelýän nusgalary saklanyp galypdyr.
Kutb minara şeýle diňleriň dünýäde saklanyp galan ähli nusgalaryndan daşky durkunyň kuwwaty, belentligi birlikde, aşakdan ýokarlygyna gidýän nepis bezegleri, täsin gurluşyk çözgütleri bilen hem aýratyn tapawutlanýar. Bu binanyň häsiýetli aýratynlygy bolan adatdan daşary berkliginde we minaranyň asmana tarap kem-kemden inçelip gidýän gurluşygynda türkmenleriň öz çeper elleri bilen döreden gymmatlygyny bakylyga öwürmäge jan çekendigini duýmak bolýar. Kutb minarada türkmeniň merdanalygy we şöhratly ata-babalarymyzyň kuwwaty görünýär. Şonuň üçin hem sungaty öwreniji iňlis alymy Marşall türkmen soltanlary tarapyndan gurlan Kutb minara barada ýazanda: «Şu ajaýyp minaradan başga musulmanlaryň (türkmenleriň) kuwwatyny görkezip we beýan edip biljek nähilidir bir başga nyşan ýokdur» diýip belläpdir.
Hawa, hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen halky özüniň baý medeniýeti, sungat derejesine ýetirilen milli senedi bilen ynsan kowmunyň ruhy gymmatlyklaryna uly goşant goşan milletdir. Bu hakykata islendik döwrüň ýazuw ýadygärliklerine ser salanyňdagöz ýetirmek bolýar. Şonda ýene-de bir alymyň «dünýä taryhyna işik açan türkmenler ynsanlyk äleminiň iň bir beýik parçasydyr» diýen ýazgysy ýadyňa düşüp, buýsanjyň goşalanýar. Çünki türkmenleriň şöhratly geçmişini öwrenmek diňe bir onuň häzirki bagtyýarlyk döwrüniň nesilleri däl, eýsem, tutuş dünýäniň halklary we milletleri üçin hem gyzyklydyr.
Baýramgeldi ÇARYÝEW,
sungaty öwreniji.
«Türkmenistan» gazeti, 09.07.2013 ý.
№201 (27300).
Taryhy makalalar