MÜÝN
Seýran bu gün hem gözi mekdebe barman, obanyň gaýrasyndaky gonamçylyga bakan ugrady. Gonamçylyk näçe uzakda bolsa-da, ol bu arany nähili geçenini bilmedi. Gonamçylygyň bir çetinden girip, täze mazaryň ýanynda aýak çekip, birsellem durdy.
- Bagyşla, ene jan. Baryna men günäkär...
Seýran ýany bilen getiren güllerini mazaryň üstünde goýdy. Gözleriniň okarasyny ýaşdan dolduryp, yzyna gaýtdy.
Agagül eje özüniň agtyklarynyň ählisinem gowy görerdi. Ol süýji dillidi, mähirlidi. Seýrany has gowy görerdi. Ol wagtyndan ir ýogalan adamsynyň ady dakylanydy. Ony mekdebiň birinji synpyna äkidenem, mugallymyndan haýyş edip, öňdäki hatarlaryň birinde oturdyp gaýdanam Agagül ejedi. Ol Seýrany her gün ertir özi geýindirerdi, mekdebe-de özi ugradardy. Onuň mekdepden geljek wagtyny peýläbem, iýer-içer ýaly zatlar taýýarlap goýardy. Seýranam garry enesiniň ýanyndan aýrylmazdy, onuň gümra bolup ýören gündelik işlerine-de başardygyndan kömek bererdi.
Agagül ejäniň ogly Geldimyrat uniwersiteti tamamlap,ýokary bilim aldy. Halaşýan gyzy bilen durmuş gurdy. Gelni Gülnabat ikisi bir mekdepde obadaşlarynyň çagalaryna sapak berip başlady. Bu gün bolsa olaryň maşgalasynda üçünji çaga dünýä indi.
Çagalaryň iň ulusy hem Seýrandy. Ol üçünji synpa geçipdi. Okuw ýylynyň ilkinji günüdi. Şol günem... Ýogsam, Agagül eje şu obanyň iň ýaşuly eneleriniň biri saýylsa-da, heniz onuň bütin ömründe keselläp, düşekde ýatan mahalyna gabat gelen bolmandy. Bu birden boldy...
Ol okuwyň başlanjak gününiň aladasyny etdi. Hemişekileri ýaly howluda ýetişdiren bägüllerinden ýygyp, agtygyny gujagyny gülden dolduryp ýola salmakçydy. “Bar oglum, gül ýyg” diýse, ony Seýranyň özi hem başarjakdy. Ol gülleriň ýanyna kynlyk bilen bardy. Olaryň iň gyrmyzylaryndan çemen bogup, taýagatym ýerde özüne bakyp ýylgyryp duran agtygyna bakan ýöneldi.Şu ýerde-de onuň başy aýlandy. Entirekläp-entirekläp gitdi, kem-kemden ragbaty gaçdy.Özüne erk edibilmänem aşak çökdi.
- Kaka! –Seýranyň çirkin sesine içerdäkiler ylgaşyp çykdylar.
Bu mahal Agagül ejäniň göwresi perişan halda ýatyrdy, adaja iňňildeýärdi.Töwerege ýaýran gyzyl bägüller bolsa säher şemalyna galgaýardy...
Seýran şol günden bäri garry enesiniň mazaryna ýygy-ýygydan gelýär. Ol häzirem şu ýerdedi.Göwnüne bolmasa, Seýran bu ýerden garry enesiniň “Gyýylma balam. Ýykylmagyma sen däl, meniň özüm, garrylygym sebäpkär” diýýän sözleri eşidilen ýaly boldy. Ýöne, barybir, enesiniň ölmegine Seýran günäli ýaly. Bu müýn enäniň sözi onuň aňynda näçe gaýtalansa-da, Seýranda ynam döredip bilmedi.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Çagalar edebiýaty