20:01 Nika haty gowşurylandaky arzuw | |
NIKA HATY GOWŞURYLANDAKY ARZUW
Goşgular
Nika hatyn kabul eden aşyklar Baky ýaşañ sowa düşmän gepiñiz. Çydamlyrak bolsun özüñizdenem, Ner düýede odun dañan ýüpüñiz. Çynar bolup bezäñ söýgi deñzine Mähir derýasynyñ guýýan deltasyn. Biwepalyk gözi gorkan ogry dek golaý gelmän, uzaklarda entesin. Ogul küýselende ogluñyz bolsun, Gyz küýselen çagy bolsun gyzyñyz. Edebiýaty okap edep öwrensin, Ertirki gün gyzmaz ýaly ýüzüñiz. Bir çak garratmaga synansa ýyllar, Geçip gitsin daşa degip paltasy. Başyñyzy jemläp dursun türkmeniñ bereketlu saçagynyñ halkasy. * * * Dañ bilen darganda saýrady bir guş, Düýş görüp ýatyrka aşyk gözeller. Ýaz ýeline ygşyldaşdy sözenler, bilmedim, ýa saýramandyr ozallar... Dañ bilen darganda saýrady bir guş. Saýrady, saýrady, joşup saýrady, Gülleriñ ysyndan melul boldumy? Ak sähere dönüp Halyl geldimi? Şahyryñ şygryndan ylham aldymy? Saýrady, saýrady, joşup saýrady. Ony diñläp uka gitdi ýyldyzlar, Owazyna gunça-güller açyldy. Gijeleriñ serhedinden geçildi, Ak säheriñ ak süýdünden içildi, Ony diñläp uka gitdi ýyldyzlar. Dañ bilen darganda saýrady bir guş, güýjüdi gudratyñ, özüdi näziñ, waspyny ýetirip baharyñ-ýazyñ, illere bagş edip muhabbet sazyn, Dañ bilen darganda saýrady bir guş. * * * Pälwanlar bir gezek çykýarlar orta, Yhlas bilen özgelerden saýlanyp, Buýsanç bilen ortarada aýlanyp, Gaýrat bilen batyrlykdan şaýlanyp, pälwanlar bir gezek çykýarlar orta. Başda çyksa garşydaşy gowşakdyr, Ýagyrnysna ýer ogşamak saz bolar. Deñ-duşlar el çarpar, ala-ýaz bolar, Emma oña derek baýrak az bolar, başda çyksa garşydaşy gowşakdyr. Yza galsa garşydaşy güýçli bor, Baýragy uludyr telli-pelli däl. Baldyr baram bolsa ýürek ýelli däl, Tutluşykda kim ýeñjegi belli däl, Yza galsa garşydaşy güýçli bor. Pälwanlar bir gezek çykýarlar orta, Ne-hä ir, ne-de giç, kimligñe bakman, Çykmaly pursatyn saýgarsa hökman, Gitmez ol ortadan basdaşyn ýykman, Pälwanlar bir gezek çykýarlar orta. Abdyreşit TAŞOW. | |
|
√ Din-u millet sorar iseň, aşyklara din ne hajat? / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Hamd ede / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Gaplaň jülgesi / hekaýa / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Gýoteden goşgular / Goşgular - 05.10.2024 |
√ Ballaryň islär / Goşgular - 22.08.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýangyn söndürijä / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Küýze döwükleri / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Ýalana oda / Goşgular - 19.10.2024 |
√ "Watan howasyndan doýmadym hergiz..." / Goşgular - 02.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |