13:59 Ölüm pursadynda adam näme duýýar? | |
ÖLÜM PURSADYNDA ADAM NÄME DUÝÝAR?
Geň-taňsy wakalar
"Ýatyr erdim bisterde, nägäh Ezraýyl geldi, Bilbil tilim baglanyp, gyzyl ýüzlerim soldy, Ýüz müñ jepa-jebr ilen jismimden janym aldy, Dünýäni puç geçirdim, barça armanym galdy, Geldi ölüm nyşany, ajal gamhana geldi." Magtymguly PYRAGY. Bedeniñ ölümlidigine (wagtlaýyndygyna) we ruhuñ ölümsizdigine (bakydygyna) ynanmak ölümden soñky ýaşaýşa bolan ynanjy kemala getirýär. Bu ynanja görä, ölüm - ruhuñ terk edip gitmegini añladýar. Emma ölüm başa gelmänkä ruhuñ wagtlaýyn bedenden çykyp bilýändigine köp kişi şaýatlyk edýär. Bedenden çykan ruh ahwalatyny başdan geçirdim diýýänleriñ sany barmak büküp sanardan kändir. Oksford uniwersitetinde geçirilen bir barlagda talyplar bilen sorag-jogap alşylanda, olaryñ 34%-i bular ýaly ahwaly başdan geçirendiklerini aýdypdyr. Hususanam Ernest Hemungueý, Artur Koestler, Wirjiniýa Wulf, D.H.Lawrensiýa ýaly birnäçe meşhur ýazyjy hem şuña meñzeş ahwalaty başdan geçirendigini aýdypdyrlar. Bular ýaly ýagdaý durmuşda köplenç howp-hataryñ içinde ýaşaýanlaryñ başyna gelipdir. Mysal üçin lukmanlar ýüregagyrysy tutan adama em edende, öz-özüni we lukmanlary ýokardan synlaýan ýaly bolanlar bar. Ýa-da gark bolmak howpy abanan kişi huşuny ýitirende, käbir adamlar özlerini halas edenleriñ ähli hereketlerine "tomaşa edendiklerini" aýdýar. Bular ýaly duýgyny başdan geçirenleriñ aýtmagyna görä ruh bedenden çykan wagtynda lezzet beriji duýgy döräpdir, emma bedenlerine dolanmak üçinem jöwlan urupdyrlar. Munuñ asuda we düýşpisint ýagdaýda bolup geçýändigi üçin, şeýle ahwalatlar hyýaly ganatlanma ýaly bir ýagdaýy döredýär. ■ Ruhuñ bedenden aýrylmagy nähili bolup geçýär? Adam organizminden daşarky ýaşaýyş adatdan daşary paranormal hadysamy, ýa-da dartgynlylyk ýagdaýyndaky beýniñ goýberýän hatasymyka? Munuñ jogabyny, elbetde, alnyp barylan birnäçe ylmy-barlag işlerine esaslanyp berse bolar. Bu babatda öñe sürülýän başga bir pikir hem şeýleräkdir: bir adam öljek bolup durka, käte ýakynlarynyñ birine ruh görnüşinde görünýär. Şolar ýaly ruh görnüşindäki keşp ölen bende müñlerçe kilometr daşlykda bolsa-da görnüp bilýär we ony köplenç hakyky bolşundan tapawutlandyrmak kyn bolýar, şonuñ üçin hatda görnen keşbi hakyky adamyñ özüdir öýdýär. Soñ-soñlar keşbi görlen kişiniñ edil şol wagtda başga bir ýerde ölendigi mälim bolýan wagty birnäçe gezek gabat geldi. Asly şweýsariýaly dünýä belli amerikan psihology Elizabet Kýubler-Rossyñ ölüm ýassygynda ýatan näsaglar boýunda geçiren barlaglarynyñ netijesi ölüm bilen baglanyşykly düşünjelerde öwrülişik döretdi. Öljegini bilip duran näsaglaryñ başdan geçirýän bäş stadiýasy bolan inkär etme, gaharlanma, diri galmak üçin bir zatlary etme, depressiýa we ölmüñe kaýyl bolma etaplaryny medisina ylmyna girizen Kýubler-Rossdyr. Ýaşan döwründe dini ynançlara perwaýsyz bolan Ross müñlerçe näsag boýunça geçiren ylmy tejribeleriniñ soñunda ölümden soñra ýaşaýyşyñ bardygyna gutarnykly ynanmaly bolupdyr. Ol bu baradaky geçiren barlaglaryny şeýle gürrün berýär: "Hanym Şwars hassahana getirilende öljek bolup durdy. Ol sowatsyz, öý hojalykçy aýaldy. Onuñ rak keseli ötüşen ýagdaýdady. Lukmanlar ony halas etmäge çytraşýardylar. Şeýle-de bolsa, ol ähli dirilik alamatlaryny ýitiripdi, medisina taýdan alanda öli ýagdaýdady. Muña garamazdan lukmanlar tutuş kyrk bäş minutlap ony halas etjek bolup jan etdiler. Şwars soñ maña şol pursatda ruhunyñ göwresinden sypyrylyp aýrylandygyny we öz ýatan düşeginiñ bir-iki metr ýokarsynda durup, lukmanlarynyñ bedenine em edişini synlandygyny gürrüñ berdi. Hatda ol lulmanlaryñ özara gürrüñlerini hem eşidipmiş. Ol bar güýjüni jemläp lukmanlara beýdip oturmagyñ gereginiñ ýoklugyny aýtmaga çalyşypdyr, emma diýip oñarmandyr. Ony gutarnykly öldi hasaplanlaryndan soñ gaýtadan ruhy göwresine giripdir. Ol bu wakadan soñ ýene birýarym ýyl ýaşapdyr we bolup geçen wakalara teý düşünip bilmän, özüni dälirändir öýdüpdir. - Bu hadysa lukmanlar bilen meniñ aramda jedelli meselä öwrüldi. Hemmeler meniñ üstümden gülýärdi. Men bolsa olara gepimi düşündirjegem bolup durmadym. Ýöne bir zady welin, anyk bilýärdim: olam bu meselede entek bilmeýän zatlarymyzyñ köplügidi we her bolup geçýän hadysany seljermegimizim gerekligidi. Soñ-soñlar birnäçe wakanyñ gözli şaýady boldum. Agyr awtoulag heläkçiligine uçrap reanimasiýa giren bir adam halas ediş toparynda näçe adamyñ barlygyny we özüni nähili ýagdýda halas edendiklerini arkaýyn gürrüñ berip bilýärdi. Başga bir awtoulag heläkçiliginde agyr ýük daşaýjy kamazyñ aşagynda galyp ähli ýaşaýyş alamatlary berbat bolan görgüli özüni basgylan kamazyñ döwlet belgisini aýdyp beripdi. Bulary gürrüñ beren adamlar belli bir wagtdan soñ arkaýynlaşýandygyny aýdýarlar. Hadysanyñ täsin tarapy, ölüme gylpaýy aralyk galan pursatynda bolup geçýän bu wakalarda olar özlerini diýseñ ýeñil we sagdyn duýýarlar. Mysal üçin goly gopan biri endamyndan synasy aýrylanda hiç hili yza duýanok. Birnäçe ýyllap kolýaskada oturan adam bedenden daşgyn synanşygy wagtynda ýörändigini we tans edendigini aýdypdy. Bedenlerinden aýrylandan soñ başdan geçirýän wakalary bolsa hemmesinde birmeñzeş. Ýerasty geçelgä (tunele) meñzeýän bir ýere girilýär. Ol daglaryñ arasyndaky bir jülge ýa-da deñiziñ kenary-da bolup bilýär. Munda megerem, dürli-dürli medeniýetden gelenler üçin dürli-dürli simwollar bar bolmaly. Alysda ullakan we gözüñi gamaşdyryp barýan nurly ýagtylyk şöhle saçýar we bu ýagtylyga bakan ýöremäge çalşylýar. Bu ýagtylyk muny başdan geçirenleruñ dini ynanjyna görä dürli-dürli düşündirilýär. Ol ýagtylyk Hudaýyñ özi bolmagam ahmal, ýa-da onuñ dostlary bolan pygamberlerdir welileriñ mekany bolmagy-da mümkin, ýa bolmasa spiritual energiýa hem bolup biler. Ýöne ýagtylygyñ gelýän tarapynda welin, bize garaşýan we bizden has öñ bakyýete göçen hossarlarymyzyñ bardygyny duýmak kyn däl. Ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolan adamlaryñ gürrüñ berýän bu ölümli epizodlary olary rahatlandyrýar we ölümi añsatlyk bilen garşylamaklaryny amala aşyrýar. ■ Bu beýinleriñ eýesine garşy oýnaýan we goranyş güýjüni pugtalandyrýan hem-de ölümi garşylaýyşy añsatlaşdyrýan psihologiki ahwalmy? Ýa-da hakykatdanam olar bu gürrüñ berýän zatlaryny başdan geçirýärlermikä? Munuñ takyk jogabyny bermek mümkin däl. Bize mälim bolan wakalardan biri-de baptist ynançly biriniñ geçiren heläkçiligi netijesinde başdan geçiren hadysasydyr. Ölüm howply heläkçilik başyna inen Don Piperiñ bedeninde diri galmaga hiç hili umyt tapmadyk lukmanlar, ekspert-lukmanyñ gelip görerine çenli jesediñ üstüni örtüp goýýarlar. Hatda bir ruhany Donuñ başujyna geçip, onuñ üçin doga okaýar. Az wagtdan soñ Don hem ýatan ýerinden ruhana goşulyp, doga okap başlaýar. Gözlerine ynanmadyk lukmanlar Don Piperiñ şondan bir sagat töweregi wagt öñ öldi hasap edilendigini aýdýarlar. Başyndan geçiren wakalaryny soñra "Togsan minutlap uçmahda" atly bestsellere öwrülen kitabynda beýan eden Don Piper öñ dünýäde hiç mahal diñlemedik aýdym-sazlaryny eşidendigini, başga-da gowy adamlary görendigini we diñe gowy zatlary pikir edendigini gürrüñ berýär. Has geñ galmaly ýeri, şeýle wakalary başdan geçirenleriñ arasynda ruhynyñ bedeninden çykandygyny aýdýan kişileriñ bir bölegi haýsydyr bir kesel bilen kesellänler däl ýa-da başyna howp inenler däl. Tut ýaly sag adam günüñ islendik sagadynda-da bular ýaly wakany başdan geçirip bilýär. Hatda miny öz erk-ygtyýarlygynda islän wagty amala aşyryp bilýänleriñ bardygy hem öñe sürülýär. Muhammet Münewweriñ "Mäne babanyñ keramatlaryndan rowaýatlar" atly kitabynda öz janyny meýletinlik bilen Ezraýyla tabşyrýan derwüşler barada şeýle geñ-enaýy hadysalardan söz açylýar. Parapsiholog alym Çarlz Tart kämahal jaýyñ potologyna galyp, öz-özüne syn edýändigini aýdýan bir ýaş gyzyñ aýdýanlaryna esaslanyp, muny tejribe edip gördi. Parapsihologiki laboratoriýada geçirilen bu synagda gyza beýin tolkunlaryny şekile geçirýän EEG abzaly dakylyp, kellesiniñ iki metr ýokarsyndaky tekjäñ ýazgysyny okamak tabşyryldy. Bäş gije-gündizläp geçirilen bu synagda ýaş gyz her gije ruhynyñ bedeninden çykýandygyny duýýandygyny aýdypdyr, emma tekjedäki ýazgyny diñe bäşinji gije okap bilipdir. Şular ýaly wakany başdan geçirdim diýýänler bilen başga-da birnäçe synaglar geçirildi. Netijede, şeýle pikirleri öñe sürýänleriñ aldamaýandyklaryna az duşulmak bilen birlikde, düýpli ýok hasap edip bolmaýandygy sebäpli baglanyşdyryjy netije hem gazanyp bolmady. Alymlaryñ geçiren barlaglary beýniniñ ölüm pursadynda çakdanaşa derejede oýanýandygyny görkezdi. “Proceedings of the National Academy of Sciences” atly žurnalda çap edilen ylmy makalalaryñ birinde Miçigan uniwersitetiniñ alymlary laboratoriýa şertlerinde syçanlar boýunça barlag geçirenlerinde, ölüm pursatynda beýin tolkunlarynyñ köp mukdarda herekete geçýändigini subut etdiler. Barlaglara ýolbaşçylyk eden Jimo Borjigin beýin tolkunlaryndaky ýokary galyşyñ adamlarda añ deresiniñem ýokarlanmagyna getirýändigini aýtdy. Borjigin bu barada şeýle diýdi: - Adamlaryñ köpüsi ýüregiñ togtamasy we beýnä gan aýlanyşyñ durmagy diýip bilinýän kliniki ölümde beýniniñ ýa-ha azda-kände işleýändir, ýa-da hiç hili işlemeýändir öýdýärler. Emma biziñ geçiren barlaglarymyz ýagdaý güman edilişi ýaly däldigini görkezdi. Syçanlar boýunça geçirilen barlaglarda ölüm pursatynda beýniniñ iñ ýokary derejede işjeñ ýagdaýa girýändigi subut edildi. Beýin ölüm deý haçan geljegi näbelli ýagdaýlarda iñ ýokary derejede herekete geçýär. Hut şunuñ özi hem Keramatly Gurhanyñ "Ynsanlar ukudadyr, ölenden soñ oýanarlar" diýen aýatynyñ manysyny tirmek üçin iñ janly mysal bolsa gerek. Synag döwründe laboratoriýa şertlerinde ýürek sançmasy geçirer ýaly edilen syçanlaryñ beýnisiniñ işjeñligi elektroensefalogram (EEG) arkaly gözegçilik edildi. Beýin işjeñliginiñ we huş derejesiniñ barha ýokarlanmagy ölümden dönen adamlar tarapyndan aýdylýan göz gamaşdyryjy nurly ýagtylyga uçramagyna, geçip giden ömrüniñ kinolentasy ýaly gözüniñ öñünden geçmegine, özlerini bedenlerinden daşarda duýmaklaryna ýol açyp biler. Bu synag barlagy bize ölümiñ bosagasyndan yzyna dolanyp gelenleriñ gürrüñ berýän wakalaryna düşünmäge we düşündirmäge şert döredýär. Ölümden dönen käbir adamlar, ýañam belläp geçişimiz ýaly, ap-ak ýagtylyk görýändigini aýdýarlar. Bu bolsa adamlaryñ beýnisiniñ görüş korteksini (височная доля) çakdanaşa ýokarlandyryp bilýär. Şeýle-de, ölen syçanlaryñ görüş korteksiniñ göni üstündäki beýin kysymlarynda gamma tolkunlarynyñ ýokarlanýandygyna şaýat bolundy. Pes derejeli tolkunlar bilen gamma tolkunlaryñ tapawudy deñeşdirme arkaly gözegçilik edilende görüş we duýuş derejesiniñ ýokarlanýanmagyna sebäp bolýandygy görüldi. "Ölümden soñ näme bolýar?" atly kitabyñ awtory Sam Parniýa we ölümden soñky "hakydany" seljeren hünärmenler bir pursatlyk ölüm üçin o dünýä "syýahat edip" gelen adamlaryñ berýän gürrüñlerine ylmy nukdaýnazardan düşündiriş bermäge çalyşýarlar. Ölümden yza dolanyp gelenleriñ 10-20% töwereginiñ huşlarynyñ dowamly açyk ýagdaýda bolýandygyny, bir böleginiñ bolsa jygba-jygly pursatlarda lukmanlary jaýyñ potologyndan synlaýandygyny aýdýan Parniýa sözüni şeýle dowam edýär: - Adam ölen wagtynda beýnisindäki gan aýlanyşygy-da togtaýar we beýin öz ýerine ýetirmeli funksiýalaryny ýerine ýetirmegini bes edýär. Şol sebäpli huşuñ açyk ýagdaýda galmagy hernäçe ynandyryjy bolmasa-da, hekimleriñ gan aýlanşygyny täzeden herekete girizjek adatdan daşary tagallalary ujypsyz hem bolsa huş ýagdaýyny jedelleşmäge şert döredýär. Ylym pulsyñ togtamagy bilen birlikde ölümiñ amala aşýandygyny düşündirýänem bolsa, geçirilýän ylmy barlarlaryñ esasy gyzyklanýan zady: ýüregiñ durmagyndan we öýjükleriñ ölüp başlan wagtyndan soñ beýnide nämeleriñ bolup geçýänligini öwrenmekdir. Meselem, pulsyñ düşmegi bilen birlikde kislorod mukdarynyñ nähili ölçegde we nähili tizlikde üýtgeýändigi ölüm prosesini kesgitleýän möhüm faktordyr. Sankt-Peterburg döwlet tehniki uniwersitetiniñ fizika boýunça professory, tehniki ylymlaryñ doktory Konstantin Korotkow: "Energiýa hemme zadyñ özenidir. Akyl-huşuñyz we bedeniñiz energiýa arkaly hereket edýär. Biz ýagtylygyñ bir bölegidiris" diýýär. Ol kirlian effekt tilsimini kompýuter tehnologiýasyna ornaşdyryp kämilleşdiren abzallary arkaly göwreden çykýan energiýanyñ reñkli ýagdaýda şekile geçmegini üpjün etdi. Kompýutere çatylan kamera bilen adam organizminiñ energiýa fotosuratyny düşürip bolýar. K.Korotkow ölümden soñ energiýanyñ üýtgeýändigi barada gadymy kitaplarda gaty kän mysallaryñ bardygyny aýdýar: - Ölüleriñ eliniñ barmak ölçeglerini aldyk. Diri gezip ýören adamlaryñ eli bilen deñeşdirende, ölen adamlaryñ barmagyndan çykýan şöhle tapawutlydy. Soñra dürli sebäpler bilen ölen adamlaryñ arasynda tapawut barmy, ýok? Bu sowala jogap agtardyk. Garrylaryñ ýa-da ölüme taýýar ýagdaýda ölenleriñ grafigi pesde, bimahal ölenleriñ bolsa grafigi ilki çakdanaşa ýokary, birdenem peselýär. Öz janyna kast etme, jenaýatyñ pidasy, gark bolma sebäpleri bilen ölenlerde bolsa diýseñ güýçli işjeñligiñ bardygyny takykladyk. Jenaýatyñ pidasy bolup ölenler bilen öz janyna kast edip ölenler hem öz arasynda tapawutlylyk görkezýär. Bu ölüm abzalynyñ kömegi arkaly birnäçe ölümiñ sebäbi jenaýatmy ýa öz janyna kast etmemi, derhal anyklap bolýar. Aýratynam, şol sanda öz janyña kast etme barada ylahy kitaplarda we dürli ynanç sistemalarynda aýdylýanlaryñ añyrsynda ýatan sebäplere göz ýetirdik. Bu barlarlar öz janyna kast edenleriñ näme üçin buthananyñ gonamçylygynda (musulmançylykda jynaza okalmaýan ýerleri bar -t.b.) jaýlanmaýandygynyñ syryny açdy. Çünki gonamçylyklar buthana ýakyn ýerde bolýar we öz janyna kast eden adamyñ energiýasy çakdanaşa işjeñ ýagdaýda herekete geçýär. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |