PEÝKERMELEK
Perzentsizlik dagyny çeke-çeke bagtyny küle çöken hasaplap ýören Jumanazar baýy göni dokuz ýyl diýlende Hajar gelin duýdansyz hoş habar bilen begendirdi oturyberdi. “Umytsyzlykda-da umyt bar” diýleni şu bolsa gerek diýip şükranalyga berilen Jumanazar baýam dowamatynyň didaryny görmäge barmak büküp garaşdy. Nesibeli günleriň birinde hem ak daňdany jägildä öwrüp, sekiz ganat ak öýüň törüne guralan sallançaga umyt, gapysyna dabaraly toý bolup posalajyk gyzjagaz dünýä geldi. Perzende gyz, ogulyň parhyna bakman garaşan baý ýygnap, ýygşyranlarynyň baryny orta döküşine toýuň tutumyny gaty uludan tutdy. Toýuň çawyny eşdip çar tarapdan gelen pälwandan, bagşydyr-ozanlardan ýaňa obadaky şagalaň kyrk günläp göge göterildi. Toý şeýle bir toý boldy welin, hatda baý bilen ýürekdeş gopmajak bahyllaram diňe “Gyz perzende-de beýle toý tutular oguşýan...” diýip oňaýmakdan başga çäre tapmadylar. Göwni kireňsizler bolsa soň-soňlaram “Söýli gyza tutulan toý” hakynda buýsanç bilen ýatladylar ýördiler.
Öýüne dolduran guwanjyndan ýaňa bütin astanababalylara buýsanç bolan Söýli hem ýerde goýsaň ýer, gökde goýsaň ýel aljak derejede arzylanşyna ýörjen-ýörjenlikden dillije gurjaga öwrüldi. Her gezek eýjejeik gyzyny bagryna basanda ýüregi begençden gürsüldeýşine gursagyny ýaryp gidiberjek deý tolgunýan Jumanazar baý hem ony oguldan kem görmejekdigini bütin barlygy bilen äht etdi. Aýdyşy ýaly hem sözünde mert durdy. Söýlijik bäş ýaşyny doluberende dowamat bagtynyň yzyna tirkeg bolup töründe goşa sallançak guratdyran ekizjeler Ýusup bilen Ahmet dünýä inse-de, Söýli gyzy ogullaryndan egsik saýmady. Ýedi ýaşyny dolanda-da gulak-burnuny deşdirip lowurdap duran altyn ysyrgalary dakylan gyzynyň goljagazyndan tutup obanyň orruk ortasyndaky köne mekdebe okuwa eltdi. Henize çenli gyz göbeklä sowat berip görmedik Nyýaz halypa näderini bilmän aljyrady. Jumanazar baýyň “ylmy sallançakdan gabra çenli öwrenmegiň” oglana, gyza parzdygy hakynda tekrarlap duran özdiýenligine tap getirip bilmänem bialaç ylalaşdy-da, öň hatarjykda oturdyp oglanjyklar bilen bile Söýli gyza-da sowat öwredip başlady. Başda okuwa yhlasly ýapyşan gyzjagaz kakasydyr ejesini begendiren ýaly etse-de öýlerine şol taýjagazyň gelmegi bilen bar zat özgerdi duruberdi.
Bilesigelijilikden ýaldyrap duran gözjagazlaryň indi bar gözlegi bütin endamy süýde batyrlyp çykarlan ýaly ap-ak taýçanak boldy. Mekdepde otyrkada halypanyň her bir aýdan gürrüňi taýçanaga dahylly ýaly duýulşyna gyzjagaza hiç ynjalyk bermedi. Bir gezegem Magtymguly Pyragynyň “Byragyň” şygryny öwrenýärkäler nämüçindir şol Byragy gapylaryndaky taýçanaga şeýle bir meňzeş hasaplady welin, hut taýçanak özüni alyp Arşa uçup barýan ýaly tolgundy. Ýok, diňe tolgunmadam muňa tüýs ýüregi bilen ynandy. Soň ýene bir gezek Nyýaz halypanyň peri-peýkerdir, melekler hakynda aýdan rowaýatlaryny diňläp oturşyna öz taýçanagyny perä meňzetjeginem, melege deňejeginem bilmän aljyrady. Öýlerine gelip garry enesine peýkerdir, melekler hakynda halypasynyň aýdanlaryny gürrüň bereninde garrynyň “Peýkerler, melekler ýerde-de ýaşarmyşlar. Allatagalla periden bölüp gyz berdim, melekden aýryp at diýermiş” diýenlerini diňläb-ä taýçanagyň gudratdygyna hiç şübhesiz ynandy. Içinden “peýker, melek” diýip gaýtalap ýörşüne-de henize çenli at dakylmadyk taýçanaga bu iki sözi birikdirip “Peýkermelek” diýip şapladyp at edip dakyp goýberdi. Agşamaralar dor bedewini säpjedip, Salyh baýlaryň toýundan gaýdyp gelen kakasyna bu barada aýdanynda “Şol taýçanagy saňa bagş etdik gyzym. Adyna eýe bolsun!” diýip, keýpiçag ýylgyrmagam ony ýedi gat göge uçuryp goýberdi. Begenmekden ýaňa taýjagazyň indi özüniňkidigine ynanjagyny, ynanmajagyny bilmän alasarmyk halda uçup barýan gyzjagaz şol günden soň taýçanagy hut biri alyp gidiberjek deýin garawullap ýörmäni çykardy. Mekdepde-de durasy gelmedi, bahana tapsa öýe garşy ýumlukdy durdy. Öýe gelşine-de içerä däl-de, Peýkermelege garşy ylgady. Öýdäkilerem ilki-ilkiler mazasy ýokdur diýip oýladylar, soňra ýalbar-ýakar edip mekdebe yzyna eltip geldiler. Emma eger-eger Söýliniň sowady Nyýaz halypanyň mekdebinde däl-de, Peýkermelegiň alnynda bitilen ýaly ädimleri aýlanyp-öwrülip ýene-de taýçanagyň alnyna gelip duruberdiler. Jumanazar baý ömrüne etmeýänini edip gyzjagaza ilkinji gezek gatyrak käýäbem gördi, ýöne akja ýüzde buýsançly lowurdap duran çaga gözjagazlardan çogup çykan damjalar “Peýkermelekden aýra salmasana kaka!...” diýýän terzde göreçlerine bir bakdy welin, ökünçden bagry suw bolup akyberdi. Şol pursatdan soňam gaýdyp mekdep hakynda Söýli gyzy gyssamady. “Jany sag, özüni bagtly duýan ýeri bolsa bolýar” diýip gyzjagazyň taýçanak bilen oýnaýşyna guwanyp geziberdi. Şeýde-şeýde gatlama deý gatlanyp geçip duran günler Peýkermelegi toýnagyndan Arşa ýyldyz syçradyp duran bedew çykardy. Öňki gulpajygy ýellere galgap duran Söýlüjigem dört örüm saçy egninden aşak sallanan gyzjagaza öwrüldi. Ýyllaryň akymynda duýulmadyk bu özgerişlik hem bedewiň gerşine atlananda bagtyň başlanýan ýerine ganat açyp gitjek deý ýazlaryň ýüreginde ýüzüp ýören Söýliniň ilkinji gezek ejesiniň dili bilen badyna kakdy. Hajar ýeňňe eýýäm 13-e ätlän gyzynyň at segredip ýörmesini halamady. Adamsyna aýdanynda onuň Söýlini ynjydasynyň gelmeýänini bildi. Ahyram özi dilllendi: “Söýli, gyzym besdir indi. Göze görnüp ugradyň, ähli zadyň çägi bar ahyry. Bedewe örküni baglamak zenana ýazylmandyr. Bu gün erte gapa döküljek sawçylara kakaň ikimizi masgara etmek niýetiň bolmasa goý indi Peýkermelegi gününe... ”. Edenine däl diýilmedik Söýli gyz ilkinji gezek ejesinden şeýle bir gaty gördi welin, onuň Peýkermelekden aýrylmak barada aýdanlary ölüm bilen ömre atylan bije deý bütin dünýäsini elendirip goýberdi. Üç günläp ejesiniň gözegçiliginde içerden çykarylman ulygyzlara mahsus edim-gylymlar hakyndaky gürrüňleri diňlemekden bez bolup, Peýkermelegi küýseýşine bir gysym bolup sülleriberdi. Gözüniň öňünde eräp barýan gyzyna dözmedik Hajar ýeňňede “Toba, toba, muny durmuşa-da aty bilen bile çykarmaly boljak oguşýa...” diýdi-de oňaýdy. Peýkermelegiň ýanyna ýene-de ygtyýar alan Söýli gyz gül-gül açylşyna melekler deý ap-ak perwaz bolup Byraga öwrülip Arşa ganat açyp barýan bedewini has buýsançly çapdy. Dünýäde diňe özüni şol Peýkermelegiň bagtly edip biljegine, ähli dertlerden gutaryp biljegine çagalykda ynanşy deý halys ýürekden ynandy. Çagalykdan ýüreginde galan ynanjy dogry bolubam çykdy.
Kakasydyr doganjyklarynyň çöldäki goýunlaryň üstüne aýlanmaga giden gününe ikilenji gün diýlende ejesiniň duýdansyz dertläp ýykylmagy Söýlinem, goňşy-golamam aljyratdy. Käbesine derman agtardy, dermanyny berjek tebip bolsa Ýylgynly obasynda ýagny, Astanababadan ençe uzaklardady. Çalt ýetişmeseň käbesi öýlerini boşadyp, çagalykda Nyýaz halypasyndan eşiden bakylygyna sary siňip gitjekdi. Aljyramakdan kelebiň ujyny ýitirse-de, umydy ýitirmedik gyz käbesini atyň öňüne alşyna sähranyň tükeniksizliginden Ýylgynla tarap özüne ömür bereni halas etmäge ýaşyl ýelleriň üstünden ynam bilen uçdy. Şol ynama görä hem ejesi Peýkermelegiň alyp barýany üçinem hökman gutulaýmalydy. Çünki Peýkermelek onuň üçin umytlaryna iň soňky mümkinçilikde hem nur berip biljek ýeketäk güýç, dünýäni dertlerden gutarjak ýeke-täk halasgärlikdi. Şeýle ynam bilen hem ol ýyldyzlaryň üstünden uçup gelen bedewiniň badyny diňe Abdylla tebiplerde gowşatdy. Ejesiniň düşnüksiz derdine çäre tapan tebibiň zadyň gowulykdygy hakyndaky hoş habaryna begenen gyz dilleri bilen tebibi alkyşlasa-da, ýüregi bilen ap-ak säheriň bedewe öwrülen heýkeli ýaly bolup lowurdap duran Peýkermelege minnetdar boldy...
Aknur ROZYÝEWA.
Hekaýalar