21:36 Rubagylar | |
RUBAGYLAR
Goşgular
Sazanda bir şirin saz ynanýarlar, Depelemejege duz ynanýarlar. Arman, bir bigaýrat, näkes ýigide, Gara göz, galam gaş gyz ynanýarlar. *** Ol puluň däl, pul oň üstüne geldi, Diýeni alnyna dessine geldi. Bäş günlik ömrüniň çykyp soňuna, Syrat köprüsinde essine geldi. *** Görküň bir dessanlyk, kirpikleň gazal, Her kime bagyňy bagş etme, gözel! Ar bilen namysyň hatyrasyna, Dön yoluňdan indi, düzel sen, düzel! *** Gije-gündiz dynmady, hars urdy ol, Emma gör-le, näme üçin durdy ol?! Bu gün nebsiň guludygna düşündi, Çünki, ynsap bilen söhbet gurdy ol. *** Uýam, günäkärlemäwer ýeňňäni Hemem bir aýakdan sürme hemmäni! Kynçylyga duşup, ejizleme sen, Hudaýam azaply gurdy dünýäni. *** Iki ýürek bir gursakda birleşip Kän gezdik biz, söýgi hakda gürleşip. Maşgala bolmagy unudaýmaly, Arzuwlaryň gujagynda ýerleşip. *** Ýüregiňde gahar-gazap bar şindi, Bilýän, ol ýigidi söýmersiň indi. Görsene ykbalyň öwrümlerini – Iň eziz adamyň kesekä döndi! *** Ol ýigidiň müň hyýal bar küýünde, Agzyndan ot çykýar “söýýän”diýende. Söýginem beýle-de harlap bolarmy – Garry enesi aglap otyr öýünde. *** “Ah” çekende agzynda ot göründi, Ýene biri garnyn sypap gerindi. Çarhypelek, kyn-la seni aýlamak, Wagt bilen däl, meniň bilen ýör indi! *** Ony tutan ulus iliň ahymy? Ýatladýar ol tüýs Hudaýsyz kapyry, Golaýyňa getirmeli däl, ýöne Akmakda-da şah bolmaýar ahyry... *** “Nesip bolsa, ryskym Biribar ýetir” – Diýip, ol töründe düýrügip ýatyr. Başujyňda bolsa jak-jaklap gülüp, Ýowuz ykbal aýbogdaş gurup otyr. *** - Hiç kim saňa mährem bolmaz äriňden, - Agzama adyny, tapsyn pälinden!.. - Halaýyga nepi degýän käri bar... - Peýda göremok men onuň kärinden. *** Çekmek lezzetlidir çyn söýgiň zaryn, Söýseň Tug deý parlar namysyň-aryň. - Men-ä, seniň ygrarsyzlygyň üçin, Saňa söwer ýar diýmäge gorkýaryn! *** Öňýetene “aga” diýip ýalbardy, Dost-duşmany seljermedi, gol berdi. Ne gözel öýüniň çagşanyny-da, Namart eken, ýanýoldaşyndan gördi. *** Joşup aýdym aýdan çagynda bagşy, Bolar toý-baýramyň, meýlisiň nagşy. Ýüregiňe besläniňi çekinmän, Göwne jaýlap diýip bilseň ne ýagşy. *** Ataş gözler aşygy däli edýär, Umman içre azşan gämi edýär. Çekeňden soň yşk badany başyňa, Kalbyňa ot berýär, seri sämedýär. *** Mähriban göz ýokdyr, seniň gözleň deý, Ýa-da aslyň arşdanmydyr, dilber heý!? Kalbym içre aýap söýeýin seni, Senem şol dideleň bilen meni söý! *** Bu ymgyr dünýäde teşne men, teşne, Depämden inse-de yşk doly çeşme, Hanym, serpaý edip gorly kalbyma, Söýgi güllerinden çeksene keşde! Azymberdi KAKAÝEW. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |