03:31 Salyryñ asly kim bolupdyr? | |
SALYRYÑ ASLY KIM BOLUPDYR?
Taryhy makalalar
Salyr han. Köp adamlaryň ýalňyşlyk bilen pikir edişleri ýaly, salyrlaryň aňyrysy Salyr Gazan däl-de, ýow güni hemişe atasy Oguz hanyň çeriginiň sol ganatynda duran Dag hanyň birinji ogly Salyr handyr. Onuň nesil şejeresi şeýle: Salyr han – Dag han – Oguz han – Gara han – tur serkerdesi Afrasyýap türk. Oguz hanyň öz ogullaryna, agtyklaryna hormat derejesini bermek üçin diken on iki çadyrynyň arasynda Salyr hanyň orny çepden üçünji çadyrdyr, göş üleşigindäki paýy çep aýagyň aşyklysydyr, aşpezi Eýmir, attutary Kalaçdyr, guşy bürgüt, tagmasynyň şekili gazaýak. Adynyň manysy “gylyçly”, “salgyr”, “söweşjeň” diýmekdir. Salyr Gazan. Ýüzýyllyklaryň, belki-de müňýyllyklaryň geçmegi bilen, Salyr hanyň nesli ösüp-örňäp köpeldi we salyrlar atly uly bir oguz taýpasy emele geldi. Salyr Gazan bolsa, taryhy ýagşy bilýän adamlaryň habar bermeklerine görä, sekizinji, dokuzynjy ýüzýyllyklarda, oguzlaryň iň soňky gezek köplük bolup üýşen ýerlerinde, ýagny Syr suwunyň hem-de Amyderýanyň aşak akymlarynda, Gazygurt we Garajyk daglarynyň degrelerinde öz taýpasynyň içinden dörän erdemli soltan ýigitdir. Ýaşan ýerine ýanap, oňa “Garajygyň gaplaňy” hem diýer ekenler. Çünki, “gazanfer” sözi arap dilinde gaplaň, şir diýmekligi aňladýar. Rowaýat edilşi ýaly onuň “Gazan” ady içinde aş bişirilýän ullakan gazan bilen, onuň şon deý ullakan gazanda nahar iýýändigi bilen däl-de, “gazanfer” sözi bilen baglanyşyklydyr. Şol döwür oguz patyşalygy salyrlara ýetipdi. Salyr Gazan bolsa külli oguzyň soltanydy. Häzirki türkmen taýpalarynyň hemmesi şol döwür Salyr Gazanyň raýatlygyndadylar, olaryň hemmesi bir il bolup Salyrlaryň özlerine içki salyrlar, beýleki türkmenlere bolsa “daşky” salyrlar diýilýärdi. Hut şonuň üçinem, Salyr Gazan öljek wagty: “...Salyra meniň ruhum bakar” diýende ähli türkmen taýpalaryny göz öňüne tutupdy. Oguzlaryň ruhy atasy hasap edilen, öň Düýeli Kaýy, Ynal Ýawy han ýaly oguz şalaryna wezirlik eden, gaýypdan aýdan sözleriniň hemmesi durmuşda aýan bolýan bolar-boldajyny, geler-geldejini öňünden oraşan görýän meşhur türkmen ozany Gorkut ata Salyr Gazana hem wezirlik edipdi, onuň geňeşdary, külli oguz iliniň maslahatçysy bolupdy. Ol özüniň dünýä belli “Gorkut ata” kitabyny hem Salyr Gazana bagyşlapýazypdy. Goşgy hem kyssa bilen onuň edermenliklerini, batyrlygyny akyl-paýhasyny taryplapdy. Bitiren işlerini gahrymançylykly hereketlerini taryha salypdy. Salyr Gazan dürli sebäplere görä ägirt uly çäklere ýaýran, dürli hanlyklara, begliklere bölünen, sähraýy oguz parçalaryny hem öz raýatlygyndaky oguzlarabirikdirip, Oguz han tarapyndan berkarar edilen, gadymy Oguz döwletini gaýtadan dikeltmek barada hem ägirt uly tagallalar edipdi. Şeýle hem ol diňe döwlete ýolbaşçylyk etmek bilen çäklenmän, eýsem oguzlaryň özüne tabynlykdaky böleginiň hem köp tagallalar edipdi. Ömrüniň soňky ýyllarynda bolsa, Mekgä gidip “Hajy” bolup gelipdi. Salyr Ugurjyk. Ondan bäri gaýtsak, salyrlaryň aňyrsy Salyr Ugurjyk, ýagny, Ugurjyk alpdyr. Ol seljuk soltany şa Mäligiň hökümdarlygy synandan soň, Diňli begiň ýolbaşçylygynda Sarahsdan Horasana, Farsa, ondanam Yraga göçen salyr iliniň içinden çykan alp ýigit. Şejere boýunça onuňam aňyrsy Salyr Gazana, soň Salyr hana, Dag hana, ondan soň baryp Oguz hana direýär. Oguz han bolsa ýokarda agzap geçişimiz ýaly, Gara hanyň ogly, Afrasyýap türküň agtygydyr. Salyrlary Yraga elten Diňli beg dünýeden ötenden soň, salyr begligi Ugurjyk alpa ýetdi. Şol wagt Yrakdaky oguzlaryň patyşalygy baýandyr iline degişlidi. Ol ýerdäki salyrlar hem şolara gulluk edýärdiler. Ýöne, bir sebäbe görä, Baýandyr begi bilen Salyr Ugurjygyň sözi azaşdy. Uruş-dawa turaýmak ähtimallygy ýüze çykdy. Ýöne, baýandyrlar bilen darkaş gurara ol wagt Salyr Ugurjygyň uly goşunam ýokdy, ýarag-esbaplaram üpjün däldi. Üstesine halkam azlyk. Şonuň üçinem, ol bir gije ýüzüni garaňka tutup, dokuz ýüz öýli salyr we özüne goşulan ýüz öýli garkyn bilen Yrakdan çykdy. Bir durman Şemaha geldi. Ol ýerde mesgen tutdy. Oturdy. Emma, Baýandyr begi ony ol ýerde-de ynjaltmady. Goşun tartyp üstüne geldi. “Ýagydan ýaý boýy...” diýip, Salyr Ugurjyk ähli ulusy bilen ol ýerdenem göterildi. Kryma geldi. Ol ýerinem özi üçin bisereşgenräk gördü-de, Itil (Wolga) derýasynyň boýuna bardy. Ýöne, goş ýazdyrmady. Geçdi. Baryp, Ýaýyk (Ural) derýasynyň degrelerinde düşledi. Şol zaman şol ýerlere Alageň we Garagaş ýurdy diýerdiler. Oturymly halky kaňly, hanlary bolsa Gökdonlydy. Salyr Ugurjyk onuň ýanyna bardy. Salam berdi. Baş egip, bagyr basdy. Ahwallaryny birin-birin beýan etdi. Kömek, ýardam, pena sorady. Gökdonly onuň haýyşyny kahagatlandyrdy. Ol ikisi şol ýerde ençeme ýyllap goňşuçylykda oturdylar. Ýagşy gatnaşyklarda boldular. Ynjaşmadylar, agyryşmadylar. Ýöne, “dost bar ýerinde duşmanam bar” diýleni. Nämähremleriň duşmançylykly hereketleri netijesinde ahyry ol ikisiniňem aralaryna tow düşdi we gep-gürrüň ula ýazmanka, Ugurjyk ol ýerdenem göteriläýenini kem görmedi. Onuň beýle duýdansyz hem özünden bidin gaçyp gitmegini Gökdonly juda ýokuş gördi. Namys etdi. Öz mertebesiniň kemsidildigi äsgermezlik edildigi saýdy. Goşun jemläp yzyndan kowgy gitdi. Ýetip harb etdi. Ýedi ýüz öýlüsini elinden alyp galdy. Salyr Ugurjyk üç ýüz öýlüsi bilen gaçyp gutuldy. Az ýöräp, köp ýöräp, özüni Maňgyşlaga atdy. Garahan diýen ýerde mekan tutdy. Şol ýerde üç ýyl oturdy. Parahatçylykda ýaşady. Dördülenji ýyl diýlende gara bulut ýaly üstüne abanyp bir ýerden ýene-de Gökdonly peýda boldy. Güýjüniň örän azdygyna garamazdan Ugurjyk oňa güýçli gaýtawul berdi we ili bilen bilelikde ýagydan gaçyp gutuldy. Zar-zelil baryp maňlaýyny Abulhan daglaryna diredi. Bu wagt oňa Balkan diýerler. Şol ýeri mesgen edinip, ömrüniň galan bölegini şol ýerde geçirdi. Ösdi. Örňedi. Köpeldi. Ençeme asyrlaryň geçmegi bilen, şol ýerde onuň nesillerinden başga-da birnäçe türkmen taýpalary şaha ýardy. On sekizinji asyrda, salyrlaryň Hywa, Buhara sebitlerinde oturan döwürleri. ýaşap geçen, Şirgazy han medresesinde Magtymguly bilen bile okan, türkmeniň nusgawy, taryhçy, bilermen şahyry Şeýdaýy Salyr Ugurjyk barada şeýle diýipdi: Körhan ogly Ugurjyk alp, Gezdi türk ilin at salyp, Görogly oňa at galyp, Paç alyp geçdi sag-soly. Salyr Ugurjygyň yzyna düşen salyr boýunyň nesli we ondan gaýdan türkmen taýpalary Abulhan, Üstýurt, Maňgyşlak sebitlerinde tas, on sekizinji asyryň aýaklaryna çenli oturdylar özlerini tutdular we güýçli taýpa hökmünde dünýä sahnasyna çykdylar. On altynjy asyrda bolsa, şol sebitdäki ähli türkmen taýpalaryny özüne birikdirýän meşhur “salyr birleşigini” döretdiler. Öz ata-watanlaryny şo-ol, Diňli begiň ýolbaşçylygynda seljuklar döwründe taşlap giden mähriban ýurtlaryny, gadymy Sarahs topragyny, welin olar hiç haçan ýatlaryndan çykarmadylar. Ony hemişe küýsäp gezdiler. Ol ajaýyp ýurt baradaky hakydany nesilden-nesle geçirdiler. Ýöne, oguzyň iň irki we iri taýpalarynyň biri bolan salyrlar, Diňli begiň, Salyr Ugurjygyň o ýan, bu ýan göçüşleri ýaly, soň-soňlaram, dürli sebäplere görä, dargamaklaryny dowam etdirdirler, azalmak bilen boldular. Salyr ýaşulylary ýaňy-ýaňylaram özara gürrüňçiliklerinde: “Mundan alty ýüz ýyl gowrak öň biziň uly bir bölegimiz Samarkandyň üsti bilen Çyn-Maçyna aşyrdyrlar. Ana, şonda şolaryň baştutany Akman beg serhetden geçjek wagtlary göçi saklapdyr we yzyna seredip uludan demini alypdyr-da: “Häk, atyň depeli ýaly bölejigimiz galdy-ow” diýipdir. Muňa olaryň hemmesem hapa bolupdyrlar. Şondan soň tä Hytaýa barýançalar ýollaryny gyýyla-gyýyla dowam etdiripdirler. Ana, şol näbelli sebäbe görä, şolardan üzülip galan bölek biz bolmaly” diýip gürrüň ederdiler. Häzir Sary deňziň gyrasynda “Salarlar” diýen at bilen ýaşap ýören uly bolmadyk şol halk salyrlaryň “akman” tiresi bolmaly. Akmanlaryň dogany hasap edilýän garamanlar bolsa, olardanam has öň, seljuklar döwründe Ruma gidipdirler we soň Osmanly döwletiniň düzümine giripdirler. Olar häzirem şol ýerde öz atlaryna ýörite welaýat bolup otyrlar. Gepiň gerdişine görä aýtsak, Zurabatda oturan salyrlaram üç bölekden ybarat bolup, biri garamanlardyr. Galan ikisi: Kiçiaga we Ýalawaç. Olaryň umumy hany hasap edilýän Ýazmuhammet Teke han hem garamanyň “begboluk” urugynyň “sapalak” şahasyndandyr. Şu günki gün Sarahsda oturan garamanlaryň içinde Salyr Ugurjygyň salgysyny berýän, “Ükürjikli” diýen bir urugyň bardygyny hem ýatlasak, şejereýi yzygiderlilik has-da aýdyňlaşar. Juma HUDAÝGULY. # "Salyr soñy Sarahs" | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |