SENI ÇALŞYP BILMERIN-Ä!
Uzakly gün işde lütüm çykyp, öýe geldim. Görsem, hemişe gülüp garşylaýan aýalymyň ýüz-gözi bürşüp dur. Eýlesine-beýlesine el uzatsaň ýetip duran kiçijik jaýymyzyň törki burçunda bolsa, bäş-alty ýaşlaryndaky uluja oglum ýarty kerpiçli elini ýokary galdyryp, ters bakyp horkuldaýar. Neressejik, gelenimi duýup, menden haraý isläp bärsine bakaýmazmy, öňem çişip duran aýalym tas ýarylypdy:
— Seretme bäriňe, ýerçeken. Kakaň terbiýe berip bilmeýän bolsa, indi özüm ymykly ugruňa çykaryn seniň. Bäriňe bakanyň üçinem üç mint jerime — diýip, bogazyna şeýle bir zor saldy welin, depe saçym üýşüp gitdi.
Herhal, içimden: «Sen bir erkek kişi ahyryn. Biraz merdiräk bol» diýdim-de, giňlige salan boldum:
— Ýer-ow, keýwany, bi tomsuň jokramasynda ýüzüňden kyrk çilläniň garyny ýagdyryp oturmaň näme? — Soňam häsiýetine belet bolamsoň, göwünlik beresim geldi: — Garnituryň içindäki hrustallaryňam, gülli wazaňam abat ýaly-la...
Köräp duran odunyň üstüne 93-lik benzin guýaýdym öýdýän. Hemişe çyzgalgy ýeňine gysdyryp goýýan «platoçkasyny» alyp, hasyr-husur gözlerine ýetirdi-de, «Maksimi» maňa gönükdiräýdi.
— Seniň gözüňe abatdyr. Asyl, öýüň içi öwrülip-çöwrülende-de sen duýmarsyň o zatlary. Sen bir öýde näm bar, näme ýoguna seredýän adammy? Diňe hökümediň işi bolsa bolýar-a saňa — diýdi-de, keýwanym barmagyny telewizoryň duran çüňküne garşy uzatdy: — Ýogsam, geleliň bäri görerçe wagt geçdi şo magnitafuny...
Häliden gözüm aýalymyň janyndan eý görýän hrustallarynda bolansoň, gapdala ünsem bermändirin. Görsem, bir ýyl mundan ozal alan magnitafonymyz iki bölünip ýatyr.
— Wah, täp-täzejedi. Sekundyň içinde para-para edäýdi. Niredenem bir sadikden alyp galypdyryn, galman geçeni. Asyl sadik bulaň hakyndan çykýar — diýip, aýalym ýumrugyny düwüp, jeza çekip durana haýbat atmakçy boldy. Görse, ýarty kerpiç halys ýadadypmy, nämemi, çagajyk ellerini egniniň üstüne goýup, mölerilip dur. Bu-da öňkiň üstüne urna boldy: — Gör, bu ýerçekmişi, edil sen-dä. Gep kär etmez muňa. Ýaňyja aýtdym-a eliň galdyryp, aňryňa bakyp dur diýip. Ýene-de bäş mint artyk duruzaryn seni. Hany, adam bolmaýşyňy bir göreýin seniň...
— Goý-how indi sesiňi. Beýdip bogazyňa bat berip durman, çaý-çöregiň ugruna çyk. Bizar etdiň-le, ýadaw halyma — diýip, menem sesime bat berdim. Öň beýle gaty gygyrmaýanymdanmy, nämemi, aýalym tapba sesini kesäýdi. Gözlerini elek-çelek edip, meniň ýüzüme seredip doňup galdy. «Birden gaty gygyryp gorkuzaýdym öýdýän, görgülini» diýip, içimden gyssagly pikir öwürdim-de:
— Magnitafondyr-da, döwlerem, bejerilerem. Ine, ertir ussa tabşyraryn welin, gül bor — diýen boldum.
— Aý, hawa-da, ýa gül bolar, ýa kül — Bu gezek onuň sesi biraz pessaý çykdy: — Soňky wagtlar ynsaply ussa galdymy näme? Hol gün Tylla dagy tabşyrypdyr magnitafunyny. Bir aý işläp-işlemän ýene döwlüpdir. Görseler, asyl täzeje magnitafunyň iç-goşuny alyp, ütüli çykan biriniňki bilen çalşyryp goýberipmişler. Dünýäň puluny ýonup, biziňkinem şeýderler-de, ýerçekmişler — diýip, ýene-de «platoçkasyna» ýapyşdy.
Näme diýseňizem, şunuň aýdýanynyň jany ýok däl-how. Özümiňem käte şeýle gürrüňler gulagyma degýär. Eýse nätmeli? Magnitafondan-beýlekiden başy çykýan tanşam ýok mende. Gitdim iňkise. Birden, birmahal obada telewizorymyz döwlende Öwez diýen ussa dostuma bejerdenim ýadyma düşäýdi. Şonda ol: «Munuň üýtgeşik kemi ýok eken. Diňe bir çyrasy ýanypdyr. Şony çalyşsak gül ýaly bolar» diýip, bäşje minutda ony düzedipdi. Şol gezek maňa-da telewizoryň köýen çyralaryny çalyşmagy öwredipdi. Ýöne bi telewizor däl-ä! Beh, nätsemkäm? Aýalymy köşeşdirmek üçin bir çykalga-ha tapmaly. Sähel salymyň içinde kelläme ýüz pikir gelip geçdi. Ahyr bir karara geldim-de, aýalyma bakdym:
— Ýeri, bolýa-how suw-sil bolup oturma. Ussa-da tabşyrman, özüm bejeräýerin şony. Hany, maňa bir otwýortka tapyp ber bakaly — diýdim.
— Bi öýde näme atwirka barmy, me diýäýer ýaly?
— Seniň tikin maşynyňky bolmalydyr-a — diýip, ony turuzyp goýberdim.
Bir meýdandan beýleki jaýdan ýene-de aýalymyň sesi gelip başlady:
— Bu ýerçekmişleriň derdinden goýan zadyň goýan ýeriňde durmaz eken. Hany, indi tap-da, tapyp bilseň...
Ýaňy köşeşip ugran aýalymyň ýene-de gykylyga başlaryndan çekinip, özüm bärki jaýdan gygyrdym:
— Bolmasa aş pyçagyň-a bardyr. Getir şony.
Sesim çaslyrak çykansoň, aýalym maňa nädogry düşünädi öýdýän, göz açyp-ýumasy salymda gaşymda häzir boldy. Haýran galaýmaly, ýüz-gözem gülüp dur. Ol mylaýymlyk bilen:
— Pyçagy näme etjek, oglan? — diýdi.
— Näme eder öýdýäň, otwýortkanyň ýerine ulanjak, magnitafony bejerjek.
Agyr ýük egninden aýrylan ýaly, aýalym uludan bir dem aldy-da, silkinjiräp aşhana tarap ugrady. Gidişinden gelşi tiz, pyçak häzir boldy.
— Indi ol günäkärem amnistiýa düşüräý — diýip, häliden maňa gözüniň gyýtagyny aýlap, haraý isläp duran ogluma tarap baş atdym: — Häzir magnitafony öňküsindenem gowy ederin.
Uly gepläpdirin öýdýän, magnitafony elime alanymdan onuň telewizoryňky ýaly çyralarynyň ýokdugyna göz ýetirdim. Ýeri, nätmeli? Aýalymam tamakinlik bilen maňa tiňkesini dikip otyr. Ruhdan düşmeli däl, hiç bolmasa: «Kebşirlemeli ýeri bar eken» diýerin-dä diýip, şnury rozetka ötürdim. Ozallar gygyryp, gije uky bermeýän dört burçluja gapyrjakdan ses-selem çykaýsa nädersiň. Üns bilen onuň çyrmaşygy ýatladyp duran simjagazlaryny gözden geçirip ugradym. Kämahal bolsa, üstüne goýnuň içegesi ýazylan ýaly, bulam-bujar çyzykly goňrumtyldan gyzylja plastinkanyň ýüzüne pyçagymy degrip görýän. Şonda «tykyr-tykyr» ses çykýar. Aýalym ol sesi eşidip, göýä magnitafon bejeriläýen ýaly dylym-dylym edýär:
— Öz-ä bolaýjak ýaly. Men şu wagta çenli seniň şu zatlardan başyň çykýandyr öýtmeýärdim. Asyl, sen-ä ussa ekeniň — diýip, heniz hiç zat ýok ýerden tarypymy ýetirýär. Näbilsin görgüli, meniň näme etjegimi bilmän pyçagymy plastinkanyň üstünde eýläk-beýläk gezdirip duranymy.
Dümtünip oturşyma üç sagat gowrak wagt geçipdir. Birdenkä... Ynanaýyň, pyçagymyň ujy bir ýere degdi welin, magnitafon gygyryp goýberäýdi. Men tisginip pyçagymy çekipdirin, oglum begenip el çarpdy, aýalymam otuz ikisini görkezdi. Özümi dürsäp pyçagyň degen ýerine seretdim. Gör-le muny, asyl bir inçejik simjagaz üzülen bolsa nätjek. Şondan bäş minut geçip-geçmänkä magnitafonymyz edil öňküsi ýaly bolaýdy.
Aradan geçse on-on bäş gün geçendir. Bir gün işden gelsem, öýde goňşymyz Näzik eli magnitafonly garaşyp oturan eken. Ol meniň gapydan girerime mähetdel:
— Jan goňşy, özüň gaýrat edäýmeseň, şu artyb-a birden lal-jim bolaýdy. Ussa bermäge-de çekinýän — diýip, özelenip başlady. Nätjegimi bilmedim. Öz magnitafonymyzy tötänlikde «bejeremsoň» aýalymyň ýanynda biraz güpülänim ýadyma düşüp, üstümden gaýnag suw guýlan ýaly boldy:
— Aý, goňşy, meniň bu zatlardan başym-a çykýan däldir. Ol özümiziňki, hälki bir... — diýip sakyndym.
Onýança aýalymam:
— Nuryş, ýeri, näziňi artdyryp durmasana, çep eliňden gelýän zat üçin. «Kyýamat güni goňşudan» diýipdirler, elden gelip durka goňşuçylykda biri-biriňe kömek etseň gowy — diýip, meniň ugumy ýekeläp ugrady.
— Işden ýadap geleniňem aňýan, jan goňşy, şonda-da gaýrat edeweri. Bizem gadyryňy bileris...
Garaz, ikisi iki ýerden özelenip duransoň, «Synanyp göreýin» diýmekden başga alaç galmady. Goňşymyzam: «Munuň derdi agyrdyr. Gyzylja çyrasam ýananok. Howlukman serediber, elinje bejereniň bor bize» diýip, öňünden alkyş baryny ýagdyryp, çykyp gitdi.
Täzeje magnitafony elime alyp, eýlesine-beýlesine seretdim. Toga çatyp gördüm. Goňşymyzyň aýdyşyndanam betermikä diýdim men-ä. Ele düşen partizan ýaly, ses-üýn çykaýsa nädersiň. Oýlandym-ölçerdim, birdenem: «Şunuň predohraniteli ýanan bolaýmasyn» diýen pikir keläme geldi (Bir gezek iş ýerimdäki radio aýtmany goýanda, oglanlaryň biri şonuň predohranitelini çalşyrypdy). Ýogsa-da munuň predohraniteli niredekä? «Agtaran tapar» diýleni, gözleý-gözleý ahyr tapdym. Dogrudanam, ähli derdi şol eken. Derrew inçejik gyzylja simi predohraniteliň daşyna orap ýerine goýdum welin, ýarym sagada galman hemme zat gülala-güllük bolaýdy. Aýalymdan goňşymyň magnitafonyny iberip, ýeňillik bilen dem aldym. Hernä dynaýdym öýdýän.
Juda ir begenenime ertesi işden gelenimde göz ýetirdim. Köçämiziň ho-ol ilersinde ýaşaýan dostum Myrat öýe-de girmän, howlugyp, çilimini burugsadyp duran eken.
— Ahyr geldiň-ow, dost. Hany, çalşyrynmankaň biziňkä bir baryp gaýdaly.
— Ýeri, saglykmy, näm bar beýle gyssanmaç?
— Saglyk-la, ýöne hokkeý bar. Şoňa ýetişmeli.
— Oňa çenli wagt bar-a. Onsoňam, bar aladaň şol bolsa, ony öýde göräýeris. Bizde-de telewizor bar ahyryn.
— Wah, ony bilýän-le. Ýöne öý doly myhman, bir hepde bärem telewizorymyz işlänok. Sesi baram welin, içigargalmyşyň suraty görnenok. Şol garalyp dur. Bu günem hok...
Birbada onuň soňky sözlerini eşidip bilmedim. Gulagym şaňlap, başym aýlandy. Zordan özümi dürsäp, ýuwaşja mydyrdadym:
— Myrat, ynan dost, men ussa däl...
— Ýak-eý, goýsan-a aldamaňy. Şu wagta çenli gizlenip gezeniň besdir-le. Tutuş köçämiz seniň gürrüňiňi edýär. «Hapa atylýan ýaşikden çöpleşdiribem gül ýaly telewizor düzäýipdir» diýip.
— Degişmäňi goýsana, meniň o zatlardan başym çykanok.
— Meniň-ä degişme ýadyma düşenok. «Şemal bolmasa, çöp başy gymyldamaz» diýleni. Ilem ýöne ýerden gürrüňiňi etmez.
— Her kim näme diýse-de, men-ä şol işi oňaramok.
— Beýdip bir depen ýeriňi depip durmasana, iliň berýänini menem bererin. Ýöne şu gün hokkeý görer ýaly etseň bolýar.
Ýüzüm çapady ýaly gyzardy. Onuň «Iliň berýänini...» diýen jümlesi birnäçe wagtlap gulagymda ýaňlandy durdy. Tasdanam gaharlanyşypdym, ýöne beýdip iliň agzyny ýygyp bilmejegime tiz düşündim-de, dilimi dişläýdim.
— Myrat, sen bir ynansana, meniň şol ugurdan başymyň çykmaýanlygyna — diýip, ysgynsyzja dillendim. Ýöne ol meniň bu gürrüňlerime-de ters düşündi.
— Aý, hawa-da, dostdan pul almag-a kyn, pulsuzam...
Mundan artyk onuň gürrüňini diňläp biljek däldim. Şonuň üçinem näme bolsa, şol bolsuna urdum:
— Ýör, görkez şo telewizoryňy...
Ugruna bolsa, bolar eken. Telewizoryň arkasyndaky gapagy açyp toga çatdym-da, çyralaryny elleşdirip ugradym. Ynha, birden onuň ekrany ýagtylyp gitdi. Görsem, ähli bela bir çyranyň gowşak oturşynda eken.
Aňyrdan eli çäýnekli girip gelen Myrat telewizorynyň şeýle çalt bejerilenini görüp, gözlerine ynanmady. Begenjinden meni gujaklady.
— Men bilýädim-le seniň şeýdäýjegiňi. Sen bolsaň... Aý, zyýany ýok dost. Adam hemişe kiçi göwünli bolsa gowy, «Miweli daragtyň başy aşak» diýleni-dä...
«Miweliligim» üçin däl-de, tükeniksiz pikirden ýaňa gaýdyşyn ýolboýy başymy aşak salyp gaýtdym. Bu bolup ýörşüme ahyr bir gün üstümden güldürsem gerek. Indi dogry sözüme-de ynananoklar. Bu golaýda meni telewizor, magnitafon bejerýän ökde ussa hasap edýärler. Nätsemkäm? Ýa-da şäheriň ol çetinden biri bilen jaýymy çalşaýsammykam?
Ýeri, jaýyňy çalyşdyňam-da, aýalyňy nätjek diýsene!..
1988 ý.
Döwran AGALY.
Hekaýalar