SERHETDÄKI TÄZE ÝYL
Ençeme ýylyň tejribeli serkerdesi hökmünde ykbalyny serhet goragyna bagyşlan Baky Täze ýylyň öňisyrasy gulluk zerurlygy bilen serhet birikmä gaýtmak üçin ýola şaýlanananda ogly Kakajanyň «Kaka meniň ýazan hatymy Aýazbaba eltip berip bilmezmiň hä?» diýip duýdansyz beren sowalyna çaganyň göwni üçin «Elbetde oglum» diýenem bolsa ýolda hatyň mazmunyny okap birhili boldy. Dogrusy ol ilki haty alaýan badyna ony Aýazbaba oglunyň sargap ýazan uzyn sanawdan doly gerek-ýarak oýunjakdyr-jäjekleridir öýtdi. «Serhet birikmäniň ýanyndaky bazara sowulsaň arzyly Aýazbabadan geljek sowgatlary häzir etse bolarla» diýip oýlanan serkerde başda ençeme gat kagyza dolanan haty biperwaý açyşdyrsa-da okap başlanda süňňünde nähilidir bir gowuşgynsyzlyk duýdy. Hat şeýle başlanýardy : «Salam Aýazbaba! Men Kakajan! Men häzir bäş ýaşymda heniz mekdebe gidemok, ýöne şonda-da ýazyp bilýän, ony maňa ejem öwretdi. Ýene-de ejem maňa şeý diýýär, sen zehinli okuwçy bolarsyň, oňat okarsyň diýýär. Serwi atly ýene bir gyz jigim bar ýöne ol ýazyp bilenok sebäbi ol menden kiçid-ä! Biziň ýene-de bir aglak bäbegimizem bar ady Mergen. Ol gaty aglak bolany üçinem Serwi ikimiz-ä onuň bilen oýnamzogam, ýöne kakam-a «Mergen janam ulalsa hökman ökde ýigit bolar» diýýär. Kakam maňada serhetçiniň ogly batyr, edermen, gaýratly bolmaly diýýär, ýalan sözlemeli däl diýýär. Men hem nesip bolsa ulalsam kakam ýaly ökde serhetçi boljak, Serwi bolsa lukman boljak diýýär, özem syrkawlaýsa lukmanlardan gorkýar. Ýöne sen muny oňa aýtma ol juda öýkelekdir, Aýazbaba! Hol gezegem ol ejem käýese öýkeläp men-ä size gyz boljagam däl, Aýazbabanyň agtygy bolaýjak diýip öýkeläp gitdi. Men oňa Aýazbabanyň öz agtygy bar, sen gitseň biziň gyz jigimiz bolmaz ahyryn diýemden soň ol öýde galmaga razy boldy. Ýogsa-da Aýazbaba sen biziň serhet galamyzyň owadandygyny görsediň onda senem biziň bilen galardyň. Muny diňe ejem-kakam däl esgerlerem aýdýarlar. Meniň esgerlerden dostumam bar. Olar maňa at münmegi, itleri bilen dostlaşmagy öwretdiler. Ejem-ä sen mekdebe gatnap başlasaň biz bu ýerden başga ýere göçmeli bolarys diýýär. Oňada kakam aýdypdyr, ýöne men okamagy halasam-da bu ýerinem juda gowy görýändä! Ýogsada Aýazbaba sen ähli çagalaryň dileglerini hasyl edýäň-ä! Geçen ýyl maňa owadan samalýot bilen Serwäde gurjak ugratdyň-a ýadyňdamy Aýazbaba, seni şonda esgerlerem görüpdirler-ä! Jadyly Aýazbaba bu ýyl bize sowgat däl-de kakamyzam Täze ýyl agşamy biz bilen bolar ýaly edäýde, senden örän haýyş edýäris. Ol her gezek Täze ýyly biz bilen garşylap bilenok, a biziň bolsa Täze ýylda kakamyzy öýümizde göresimiz gelýär. Kakam meni boýnuna mündürse men uzaklaram görüp bilýän, Täze ýylda hem şeýdip men senem görerin Aýazbaba! Kakam jan bilen saňa uklaman garaşjakdyrys, Täze ýylda bize hökman gelgin Aýazbaba! Şonda sen kakamyň dünýädäki iň gowy kakadygyny görersiň we her Täze ýylda kakamy jadyly taýajygyň bilen öýümize alyp gelersiň bolýarmy Aýazbaba! Men Serwäde seniň kakamy biziň bilen Täze ýyly garşylatjakdygyňy aýtdym, ol hem juda begendi, biz saňa hökman garaşjakdyrys Aýazbaba!»
Oglunyň hatyny okan serkerde pikire çümüşine serhet birikmä nähili ýeteninem duýmady. Ol ýerdäki işlerini bitirip, bazardan «Aýazbabanyň ugratjak sowgatlaryny» alyp yzyna ugransoňam tä serhet gala gelýänçä pikiri Kakajanyň haty hakynda boldy. Dogrudanam indi näçe ýyl bäri Täze ýyly ýa tabşyrykda, ýa-da duýdansyz tebil bilen serhetde garşylamaly bolýany üçinem ol muny harby gullukçy hökmünde bolaýmaly ýagdaý hökmünde kabul edýärdi. Çünki beýle uly baýramçylykda serhetde hüşgärlik hemmesinden möhümdi. Emma bu gün oglunyň ýazan haty hem oňa öz ornunyň maşgala bagtynda-da möhümdigini aýan edýärdi. Muňa hökman çykalga tapjakdygyna öz-özüne harbylarça söz beren serkerdäni oglunyň «Kaka Aýazbabany tapdyňmy, hatymy berdiň gerek?!» diýen sowaly özüne getirdi. «Howa oglum, berdim, hökman okaryn diýdi. Özem akyllyja oglanjykdygyň üçin saňa we jigiňe şu sowgatlaram ugratdy, Täze ýylda hem hökman geljekdigini aýtdy!» diýip sowgatlaryny, süýjüdir-kökelerini eline tutdurşyna onuň bigam göreçlerindäki şatlygy görüp bütin ýadawlygyny unutdy. «Serwi, aý Serwi heýjanelek kakam hatymy Aýazbaba beripdir, bize Aýazbaba gelýär!» diýip begenjine dünýä sygman ylgap barýan oglunjygyň şatlygy bolsa diňe kakasyny däl, eýsem esgerlerem ýylgyrtdy. Jogäpkärli gullugyna uly höwes bilen girişen serkerde öz depderçesine «Bu Täze ýyl hökman başgaça bolmaly!» diýip aýratyn belledi. Täze ýylda gullugyň alnyp barlyşynyň meýilnamasyny öňünden kesgitledi, kimiň nirede tabşyrykda durjakdygy bellendi. Kakajanyň haýyşyny ýerde goýmazlyk üçin gündizki tabşyrygy öz üstüne aldy we galanyň hüşgärligini barlamak maksady bilen hem ýörite okuw-türgenleşigini göz öňünde tutdy. Bir-birine sepleşip barýan günlerem serkerdäni Täze ýyl gijesine salymyny bermän alyp geldi. «Aýazbaba täze ýyly Kakajan, Serwijan dagy bilen bile garşyla diýip ugratdy meni şu gün!» diýip bezemen saçagyň başyna geçende oglunyň gözleri bagtdan ýaldyrap gitdi. «Dogrudanam seni jadyly Aýazbaba ugratdymy kaka?!» diýip haýran galan Kakajanyň şatlygyna goşulan Serwijigem diriň-diriň böküşine kakasynyň boýnundan gujaklady. Çagalarynyň begenjine buýsanan Baky Mergenjigi hem ilkinji garşylaýan Täze ýyl saçagynyň başynda yralap oturan gelniniň ýüzündäki şatlygy görüp tüýs ýürekden ýylgyrdy-da, arçanyň daşynda pyrlanyp ogludyr, gyzjagazy bilen çyny bilen tans etmäge başlady. Mergenjigem ýokary göterşine gelninem Täze ýylyň şadyýan tansyna goşdy. Bütin maşgalanyň Täze ýyl tansyny duýdansyz tebil yşaratynyň berilemegi orta bilinden üzdi. Baky ýene-de çalasynlyk bilen meýdan lybasyna geçişine şadyýan kakalygyndan agras serkerdä öwrüldi-de, jogapkärli gullugyna tarap howlukdy. Hemmeden beter ýüzi sallanan Kakajanyň «Kaka» diýen öýkeli sesine «Sen serhetçiniň ogly ahyryn!» diýip bir demde jogap gaýtaran serkerde gapydan çalasynlyk bilen çykyp gitdi. Serhetde hut ýaňyja täzeje yzy ýüze çykaran tabşyrykdaky esgerlerden gelip gowşan habara görä aýaga galdyrylan tebil topar bilen ýola düşen serkerde habar berilen ýere örän çalt baryp ýetişdi. Öz hünärine ökde serkerdelerdir, esgerler bilen sapalak atyp göni çöpe-çöre uruşyna serhet gala tarap gaýdan yzy ussatlyk bilen çalyp gaýdan topardaky esgerleriň hüşgärlik bilen kä ylgap, kä süýşenekläp gelişlerine göwni ýeten serkerde «Hiç bir serhet bozujy biziň serhetçilerimizden sypmasa gerek» diýip içini gepletdi. Ähli zady eýesiniň gözünden okaýan ýalyp ýapyrylyp gadamyny ýuwaşlyk bilen alyp barýan itleriniň serhet galanyň bäri ýanynda biten gür arçalyga seredip tebil tapmagy toparyň serasaplylygyny has-da artydyrdy. Emma yz hut şol ýere ýeteňkirläberende nämüçindir ol bütginli arçalyga däl-de düýbünden ters ugra tarap tutdyrýardy. Hut şu ýerde esgerleriniň şu synagdan geçip biljek ýa-da bilemejekdiklerini barlamak isläbn serkerde şol yzyň yzyna düşüp birki ädim äden boldy. Hut şol wagtam «Ýoldaş kapitan ýüzlenmäge rugsat ediň!» diýen pyşyrda «ýüzleniň!» diýip aýak çeken serkerde «Ýoldaş kapitan aslynda serhet bozujy hut şu arçalykda bolup biler ýalňyşmasam ters tarap giden yz onuň hilegärligi bolsa gerek diýip ynamly jogap gaýtardy. Gözlenilýäniň ornuny örän takyk aýdan esgeriň synçylygyna haýran galan serkerde «Sen ony nädip bilýäň» diýip haýran geňgalyjylyk bilen sorady. Esgerden «Meniň ata-babalarym ökde yzçylar ahyryn ýoldaş kapitan, aýaga göni geýlip basylan köwşüň yzy bilen ters geýilip ýörelen köwşüň yzyny ünsli bolsaň tanap bolýar» diýen jogaby eşitsede ynanmazlyga saldy we serhet bozujyny görmän bir zat diýmegiň kyndygyny aýdybam gözlegi dowam etdirmelidigine buýruk berdi. Yzçy itleri bilen ylgaşlap gelýän esgerleriň ýaryna yzy çalyp gitmek, galanyna bolsa gür arçalygy barlamaga buýruk berildi. Yzyň hilegärlikdigine göz ýetirip gelen esgerler beýleki topara goşulyşlaryna arçalykda bukulyp ýatan serhet bozujynyň üstünden örän eserdeňlik bilen bardylar. Barha aşak ýapyrylýan gara hem «Eliňi galdyr!» diýip gygyran esgerleriň buýrugyna boýun bolmakdan başga çäre tapman elini galdyryp dikeldi. Öňlerinde duran serhet bozujynyň Aýazbabadygyny gören tebil topary haçan-da onuň öz gullukdaş dostlary Merdanowdygyny tananlaryndan soň serhetde asudalykdygyny duýup rahatlyk bilen dem aldylar. Her bir pursatynda hüşgärligi elden berilmeýän serhet goragynyň bellenen çäkde öňki tertipde alnyp barylmalydygy hakynda degişli buýruk berilenden soň tebil topary Aýazbabany hem özleri bilen alyp serhet gala tarap gaýtdylar. Ýolboýy hem bu täsin serhet bozuja çagalykda ýat beklän Aýazbaba, Täze ýyl hakyndaky goşgularyny aýdyşyp, henek atyşyp gelýän esgerler ýörite özleri üçin bezelen Täze ýyl saçagynyň başynda bu üstünlikli geçen türgenleşik üçin serkerdäniň berekellasyna mynasyp boldular. Aýazbabanyň iň gowy sowgadyna we serkerdäniň sagbolsunyna bolsa yzçy esger Agajanow mynasyp boldy. Mukaddes hem jogapkärli gulluklaryna tüýs ýürekden berilen esgerleredir, serkerde ýoldaşlaryna Täze ýyl hakyndaky iň ajaýyp arzuwlaryny aýdan serkerde Kakajanyň arzuwlaryny hem ýerde galdyrmazlyk üçin Aýazbabany alyp öýüne baranda henizem uklamadyk ogly aýnadan daşary seredip durdy. Özlerini görenden gapa tarap ylgap gaýdan ogly bilen bosagada garşylaşan serkerde onuň «Aýazbaba men seniň geljegiňi bilýärdim!» diýen şadyýan sesine myssa ýylgyrdy. Çagalarynyň Aýazbaba çyny bilen aýdyp berýän ajaýyp goşgularyny diňlän Baky öz öýünde höküm sürýän şeýle bagtyýarlygyň, has dogrusy ähli öýlerdäki bagtyň, asudalygyň, Täze ýyl şatlygynyň aňyrsynda özleriniň gije-gündiz yhlasyny gaýgyrmadyk tutanýerli gullugynyň ýatandygyny serkerde hökmünde buýsanç bilen ýatlady. Öz bagtyýar maşgalasyna, mukaddes gullugyna buýsandy. Ilkinji gezek ýaşaýyşda bagt diýen ajaýyp düşünjäniň özi maşgalasyndan, jogapkärli gullugyndan başlanýadygyna ynanan serkerde Aýazbabany ugradanlaryndan soň hem çagalarynyň «Kaka Aýazbabany nireden tapdyň?!» diýen sowalyna onuň biziň ýurdumyza täze ýyly getirmek üçin ýaňy serhetde özüniň garşylanmagyna garaşyp durandygyny we ony ýörite topar bilen gidip alyp gelendikleri hakynda çyna berimsiz gürrüň berdi. Aýazbabany garşylamaga giden kakalaryna minnetdar bolan çagalar «Kaka sen iň gowy kaka!» diýip gujagyna dolup, kakasyna Aýazbaba hakynda ýene-de üznüksiz sowallary ýagdyryp oturyşlaryna Täze ýylyň ilkinji pursatlarynda meýmiräp uklap galdylar. Mukaddes gullugynda hemişe özüni goldap gelen, töründäki agzybirlik bilen ýanýoldaşyna elmydama ruhy güýç bolmagy başaran gelnini Mergenjigi sallançakda üwräp oturşyna ilkinji gezek synlaýan ýaly mähir bilen synlan Baky çagalaryny oýarmazlyk üçin «Ählisi üçin minnetdar!» diýip pyşyrdady. Hernäçe ýuwaş pyşyrdasada ýanýoldaşynyň minetdarlygyny eşidip ýylgyran gelin öz ýoldaşynyň ýadawlygynyň üstüni basmarlap gelýän ukusyny onuň eýýäm süzülip ugran gözlerinden aňlaýşyna derrew düşek ýazyp Mergenjikdir Serwijigi ýerine geçirmek bilen boldy. Täze ýyly asuda serhetde sag-aman garşylan serkerde ähli ýerde asudalykdygyna ýene-de bir gezek anyk göz ýetirmek üçin gözlerini bürüp barýan ukysyna basalyk berip özi üçin salynan düşege tarap däl-de serhet gala tarap ugrady. Dogrusy bu çak ýurdumyzyň ähli ýerinde asudalygyň, abadançylygyň polat galkanyna öwrülip serhet goragynda hüşgär duran serhetçileriň barlygynda ähli adamlar diýen ýaly Täze ýyly sag-aman garşylap parahat uka gidipdiler. Sebäp olar mukaddes gulluklaryna wepaly merdana serhetçilerine ynanýardylar, Baky ýaly öz jogapkärçilikli gullugyna wepaly merdana serhetçiler üçin bolsa şundan uly bagt barmy eýsem...
Aknur ROZYÝEWA.
Hekaýalar