* * *
Yzynda geologlar obajygynda bir bolmasy işiň bolanyny topar bilen gezip ýören ýerinde Möngözlüjäniň süňňi syzdy. Onuň gelip orda bilen gezip ýörenine eýýäm birnäçe gün geçipdi. Erbetligi syzansoň, onuň oturyp-turup mazasy bolmady. Ol bir öwrümde yzyny ýatlap gara gaýyňy, onuň gyzylgurt toparyny galdyryp goşa dolandy. Möngözlüjäniň şol süňňi syzan wakasy geçen agşam il ýatyşansoň bolupdy. Çetdäki çadyrda ýaşaýan geologlaryň birisi gijäniň bir wagty aýagujunda hereket duýup oýandy. Ol bu aýaguçdaky gymyldyny goňşy krowatda ýatan ýoldaşynyň uky arasynda uzan eli hasap¬lany üçin, aýaklarynyň birini biraz ýeňsä itermekçi boldy. Şol arada nämedir bir zat onuň başam barmak¬larynyň birine hatladyp agyz saldy. Aýaga awuly tiken çümen ýaly bolup, jaslap gitdi. Ol hopugyp, ýalpa gözlerini açdy. Şonda ol aý aýdyňa çalasynlyk bilen işini bitiren ýylanyň krowatlaryň arasyndaky açyklyk bilen ýaýkanyp, çadyryň çykalgasyna ýetip barýanyny gördi.
Geolog ýigidiň aljyraňňy sesi sanlyja minutyň içinde töweregi som-saýak etdi. Ähli zatda ýaşululyk edýän Jepbar ussa ýene-de dessine bu ýere geldi, ýylan zäherini göwrä tarap goýbermezlik üçin onuň aýagyny üç ýerinden pugta bogdurdy. Gyzyl nokat bolup, bildirip duran diş yzlarynyň ýerini tyg bilen dilişdirdi. Ilkinji berilmeli kömek berlensoň geologlar rasiýa üsti bilen gepleşip dikuçar çagyryp, ony golaýdaky lukman bar bolan, merkezi çopan goşlarynyň birine getirdiler.
Adamlaryň ýüzleri agyrdy, olar bu wakanyň bolma¬gyna belli bir derejede özlerini günäkär hasaplaýana meňzeýärdiler. Bu ýüzler Möngözlüjä ýene bir gezek şol gezip ýören ýerinde syzan betbagtçylygynyň bolan¬lygyny nygtady. Ol töwerekde aýlanan bolup, keýpsiz bir gapdalda işiň gidişine syn edip, çilim çekip oturan Jepbar ussanyň ýanyna geldi. Ussa biraz açylyşyp onuň kellesinden, ýagyrnysyndan, ýüzünden birki ýola sypa¬laş¬dyrdy. Ýakymsyz çilim ysy-da häzir ony hemişekiler ýaly Jepbar ussanyň ýanyndan kowup bilmedi. Galyberse-de, Jepbar ussa golaý bolmak onuň çagalyk endigidi. Öňler, kiçijik güjüjek wagtlary Jepbar ussa ony çaga ýaly edip gujagyna götererdi. Ýüz-gözüni sypalap, onuň çaga hereketlerine guwanardy.
- Gaplaň, bir bolmasy işä-hä boldy özün-ä... Gije ýatyrka bir ýylan gelip, ol biziň ýoldaşy çakyp gidipdir. Ýylan deg¬medige-hä degýän-ä däldir özün-ä welin, ýöne şu gezeg-ä şol kada bozuldy... Belki-de, ol oglanlaryň bäş-alty günlükde ýolda maşyn basdyran ýylanynyň taýydyr. Ony diýseňem, ýylany depgileden biri, onuň çakýany bolsa başga biri. Ol neresse şol gezek kemtere¬sin¬den maşynyň töwereginde hem ýokdy ahyry. - Möngözlüjäniň Jepbar ussany diňledigiçe ýylanyň batyrlygyna gahary geldi. Jepbar ussa ýene biraz sesini çykarman oturansoň, çiliminiň galyndysyny ýere taşlap, ädiginiň burny bilen ony gaharly basyp mynjyratdy-da: - Belki, Gaplaň, sen bolan bolsaň bu waka bolmazdy. Seniň soňky döwürlerde bir ýerlerde-hä düşegiň ýum¬şady! - diýip, gepiň gerdişine görä, ýüzugra oňa hem biraz igendi.
Jepbar ussanyň bu sözleri aýtmagynyň öz sebäbi bardy. Ol ýaşlykda «Ýaşajak ýeri çöl bolsa, muňa gerek bolar» diýip, Möngözlüjä ýylan tutmany öwredipdi. Zähersiz ýylanlary getirip, oňa tutluşylan mahaly nireden dişlemelidigini, nähili goranmalydygyny, göwünjeň geologlar bilen bilelikde ürç edip öwredipdi. Soň birsalym Möngözlüjäniň ýylanlar bilen keýpine tutluşan döwürleri hem bolupdy. Olar göz görensoňlar şagallar ýaly, käte bir ýollary düşende aýlanyp gidýän ýerleri bolan geologlaryň töwereginden aýak çekmäge mejbur bolupdylar. Jepbar ussanyň sözünden şeýle bir igenç duýulmaýan-da bolsa, Möngözlüje şundan soň öz ynsabynyň öňünde birhili müýnürgedi. Oturyp, töwerek¬de ýaşaýan ýylanlary ýatlaşdyrdy. «Bu iş olaryň haýsy birisiniň işikän?» diýip, jogaby şol ýerden eşitjek bolýan ýaly, böwrüne diň saldy. Töwerekde ýaşaýan ýylanlaryň hemmesine, öň iş salşany üçin Möngözlüje beletdi. Olar sanlyja maşgaladan ybaratdy. Iki-üç kilometrlikdäki taşlanan guýynyň içinde alty-ýedi sany kepjebaş ýaşa¬ýar¬dy. Beýleki topar gökýalta neberesidi. Olar bäş-dört kilometrlikdäki alanda ýaşaýar¬dylar. Özleri-de hemişe gum ýorganyň aşagynda biri-birleri bilen çolaşyp-çyrmaşyp ýatardylar. Tötänden gabat gelip üstünden basaýmasaň, aňsat adam-gara erişmezdiler.
Möngözlüje gijara ýalagyna guýlan nahary iýip garnyny doýransoň, çapawulçylyk edip giden ýylanyň ugruna çykdy. Ol köne guýa golaý baranda dört sany serginlige çykan kepjebaşyň gaz bolşup, töwerekde ýaýkanyşyp ýörenlerini gördi. Ol öz bilýän ýylanly ýerleriniň bir-bir habaryny almagy niýet edinipdi. Möngözlüjäni görüp olar boýunlaryny gaýşanakladyşyp, ýerli-ýerden haşlaşdylar.
- Bu ýerde biz bar!
- Nirä gelýäň süssenekläp?
Yzrakda duran garry kepjebaş ony tanap, toparyň öňüne geçdi.
- Goňşy, bu asyl senmi? Soňky döwürde ýitdiň öz-ä! - diýip, ol köpi görenligini edip mylaýym gürledi.
- Kepje han, men senden bir zat sorajak, jogap ber!
- Bilýän sorajak zadyňy.
- Aýt, ol kimiň işi?
- Bilmedim. Ýöne biziňkileriň-ä işi däldigini anyk bilýärin.
- Onda Gökýaltalardan biridir-dä?
- Anyg-a, biljek däl, ýöne olaram däl bolsa gerek. Biz seniň bilen öň birek-birege zelel etmezligi wada¬laşdyk ahyryn.
Möngözlüje kepjebaşyň gurrüňinden ol aýtmasa-da bu öwrede başga bir maşgalasynyň peýda bolanyny aňdy.
- Hüm-m, boldy... - Ol hyrra yzyna öwrüldi-de, täze goňşularyň ugruna çykdy. Birsalymdan ýat ýylan yzy çopan taýagyna meňzäp, onuň ýoluny kesdi. Möngözlüje ol yzy yzarlap, kert depäniň alkymyndaky köne hinleriň öňüne geldi. Ysyrganyp hinde häzir gözleg salyp gelen ýylanlarynyň ýoklugyny anyklansoň, ol ýeňseräge çekildi-de: «Öýüňe-hä birwagt dolanarsyň» diýip, buky ýerde garaşdy ýatyberdi.
Uzakly gije aw awlaşyp, çölüň şöwrüni çekişip, gezen ýylanlar daňyň öňüsyrasynda öz maýdallaryna gaýkyjak¬laşyp, hinleriň öňüne gaýdyp geldiler. Olar ýalmanyşyp duran iki sany garagaýçak ekeni. Möngözlüje ilki olary gapdaldan içgin synlady. Bularyň öz gözläp ýören ýylan¬la¬rydygyna ynanansoň, birbada iki ýylan bilen söweşme¬giň özüne ýeňil bolmajagyny ýatlap, ilki bir ýylanyň hine girerine garaşdy. Garaşan pursady gelen wagty bolsa ol çalasynlyk bilen turup, ýoldaşynyň yzy bilen hinine tarap ýönelen yzky ýylanyň kellesiniň iki barmak yz ýanyndan çalyp tutdy. Silken ugruna hem ony agzynda uzak saklaman, taýak atan ýaly edip asmana zyňdy. Soňun¬danam ýene heniz ýylan ýere düşmänkä ylgap baryp, onuň düşer ýerinde peýda boldy. Ýere düşerine mähetdel ýene-de ony dişläp asmana zyňdy. Ýylana aýňalara mümkinçilik bermedi. Dördünji gezek ol asmandan patlap düşende, eýýäm jansyzdy. Garagaýçak ýylan näme-näme bolanyny bilmän öldi.
Möngözlüje onuň taýynyň hinden çykyp özüne topu¬laryny, olaryň ikileşip etjek hüjümlerine garaşdy. Ýöne hine giren ýylan şol wagtam, ondan soňam gaýdyp gara bermedi. Möngözlüje onuň bu hereketinden özüçe many çykardy. «Ýylan soňra bir ýerde meniň ahmalymy aňtajakdyr, şonuň üçinem häzir ol bu işi görmediksirän bolýandyr» diýip oýlandy. Hemişe hüşgär bolmagy özüne ýatlatdy.
Geologlar obajygynyň adamlary ertir ir bilen oýanan wagtlary çadyrlaryň öňündäki açyklykda kellesi çeýne¬len ýylanyň uzyn süýnüp ýatanyny gördüler. Möngözlüje bolsa bu mahal ýeriň pesi bilen gyzylgurt ordasyna tarap howlukmaç barýardy.
Orda bir gezek nobatdaky awdan soň dem-dynç alyp ýatyrka, töweregi aýlanyp aýagynyň keýpini görüp ýören güjükleriniň iki sanysy begenişip, bökjekleşip geldi. Olar ýaňy töwerege aýlanyp ýörkäler özleriniň garry atalarynyň yzlaryna duşandyklaryny, ol yzlaryň tirkeşip dag tarap gidendigini aýdyşdyrdylar. Garry köpegiň golaýda barlygy belli boldy. Onuň gidenine eýýäm birnäçe gün geçip, ol indi biraz ýatdan çykyşyp ugran-da bolsa, bu habar gyzylgurtlary üşerildirdi. Hemmeleriň ony göresi geldi. Has-da onuň ordany taşlap gidenine gynanýan ýaş gyzylgurtlar begendiler. Olaryň göwünlerinde öňden garry köpek bilen baglap ýören arzuwlary bardy. Ýaşlaryň öz atalaryna keýikleri ýetip çalyp tutuşyny, ony ýeňip bilýänini görkezip, göwnüne ýetmek, berekellasyny eşitmek arzuwlary bardy.
Güjükleriň getiren habary gara gaýyňy hem oýur¬gan¬dyrdy. Ol birsalymdan baş göterip, sala salýan äheňde gapdalynda gözlerini süzüp oýurganyp ýatan Möngözlüjä ýüzlendi.
- Şu öwrede atamyzam-a barmyş!
- Şeýlemi... Ä-hä, onda ony tapyp duşuşmak gerek. Ol ýakymly goja.
- Men aýallaryň şu häsiýetini halaýan. Olara bir gezek göwünlerine ýetip edermenlik görkezip bilseň, soňra seni şol belentlikden düşürmän saklamany gowy görýärler. - Gara gaýyň Möngözlüjäniň bu sözlerinden ýaňsy aňansoň, ýaňy garry köpegi ýatlap biraz gürrüň¬deşiniň göwnüne degenine düşündi. Ýöne beýtmek onuň göwnünde ýokdy. Käte bolşy ýaly, bu-da tötänlikde gepiň gerdişine görä dilden sypýan gürrüňleriň biri bolupdy.
Gara gaýyň topary bilen güjükleriň görkezen yzla¬ryny yzarlap gitdi.
Garry ata ordany goýup gaýdaly bäri dagyň bir gowagynda ýaşaýardy. Töwerekdäki öz güýjüniň ýetýän haýwanlaryny awlap, beýleki jandarlaryň awundan galan galyndylary iýip gün görerdi. Dok wagty bolsa günüň köpüsini gowakda ýatyp geçirerdi. Orda özüni gözläp gelen mahaly ol süýrenip bir ýerlerden gaýdyp gelýärdi. Ýaş güjükler ylgaşyp-begenişip onuň öňünden çykdylar. Ysgaşyp habar soraşdylar.
- Saryjam, Goňurjam, Gudumanjam... diýip, ol özüniň söýünç sözlerini aýdyp, güjükleriniň atlaryny tutuşdyrdy. Garry ata bularyň gelenine juda begendi. Sebäbi eýýäm ýekelik ony halys irizipdi, topary göresi gelipdi.
* * *
Gyzylgurtlaryň nämedir bir zatlar iýesi gelýärdi. Içleri gorlupdy. Onda açlygyň derdinden hemişeki peýda bolýan agyry döräpdi. Olar häzir düýn-öňňinki awlan awlaryny ýatlaşyp, mümkinçilikden peýdalanyp, şonda ýagşy garny doýurmandyklary üçin, öz-özlerine igenişip ugradylar. Her gezegem hut şeýle bolardy, nebsine ejiz orda ajygyp ugrasa, öň awlanan awdan şol gezek köp iýmän az iýenleri üçin öz-özlerini günäkärläp ugrar¬dylar. Gara gaýyň ordanyň itlerini aýaga götermegiň wagty gelenini duýsa-da howlukmady, ýogsam bu meselede onuňam ýagdaýy töweregindäkileriňkiden öwerlik däldi. Içi eljuk diýýärdi. Şeýle-de bolsa ol köpügörenligini edip, sabyr saklap syr bermezligine çalyşýardy. Şeýtmek gerekdi. Her şowly aw öňünden ilki gowy pikir taýynlygyny talap edýärdi. Şondan soňra kyn işler öz-özünden aňsat bolýardy. Orda şeýle bolanda çakgan hem aýgytly hereket edýärdi.
Gara gaýyň günortanyň öňüsyrasy ordanyň möjek¬lerini awuny almaga kemsiz taýyn hasap edensoň, ony aýaga göterdi. Özi toparyň öňüne düşüp iki baýyr aralygyndaky dar jülgä düşdi. Bu jülge hem töwerekdäki beýleki jülgelerden görnüşi boýunça şeýle bir tapawut¬lanyp barmaýardy. Ýöne gara gaýyň üçin ol üýtgeşik jülgedi. Ýaz otlary guransoň, daga tarap çekilen keýikler bu ýerden wagtal-wagtal aşakdaky çeşmä suwa iner¬diler. Keýik aýaklarynyň depeläp ýasan insizje ýodajygy jülgäniň içinde ýylan bolup towlanyp ýatyrdy. Keýik toparlary endik boýunça hemişe şu ýodany yzarlap, çeşme bilen dag aralygyny gatnardylar. Bir öwrümde depeden inip, jülge bilen haltyldaşyp gelýän topary umytlandyrdy. Bu yzlar keýikleriň irden salkynda şu ýerden suwa geçip gidendiklerini olaryň ýene birsa¬lymdan yzlaryna geçjekdigini habar berdi. Gyzylgurtlar amatly ýeri peýläp ornaşdylar. Gara gaýyň bilen Möngözlüje bir düýp ýezgeniň ýeňsesine geçdi.
Güýz gelip, gündiz gysgalyp, salkyn arap ugrapdy. Çölüň ýazdan soňky ikinji gowy döwri başlanypdy. Bu döwür Günüň hem gelip, dünýäni özüniň sansyz şöhleleri bilen gujaklap, ilkinji bäbegini eline alan gelin ýaly, onuň ýüzüne mylaýym seredip guwanýan döwrüdi. Gün çogy ýakymlydy, meými¬redijidi, Möngözlüje ýatan ýerinde ymyzgandy. Onuň entegem, ýakymly şöhleleriň lezzetini duýup ýatasy gelýärdi. Beýlekiler bolsa oturan ýerlerinden gözleri bilen jülgäni dürbüleşip otyrdylar. Möngözlüjäni birhaýukdan gara gaýyňyň aladaly ýuwdunmasy oýardy.
- Näme bar?
- Olar göründiler...
- Bolupdyr.
Ol garysyna galyp, awçy seresaplylygy bilen jülgäni synlan wagty suwa geçen keýikleriň ýodajygy yzarlap öz maýdallaryna hatar bolşup gelýänlerini gördi. Töwe-rekdäki bir-birlerinden galjaň gyzylgurtlar keýiklere tarap atylyp gitmäge häzir bolşup otyrdylar. Olaryň süňňünde her gezek awuň öňüsyrasynda döreýän ýakymly galpyldy peýda bolupdy.
Toparyň öňüni burum-burum şahly süňkbaşy iri teke çekip gelýärdi. Ol wagtal-wagtal aýak çekip, howatyr¬lanyp töweregini diňşirgenýärdi. Howpuň ýoklugyna göz ýetirensoň, ýene-de öňki hörpünde ýoluny dowam etdirýärdi.
Häzir ol özüniň, biri-birinden akylly çagalaryndan, biri-birinden mähirli keýiklerinden ybarat bolan sürini yzyna düşürip, ölüme alyp barýanyndan bihabardy.
Gyzylgurtlar agyzlaryny açyp, süriniň üstüne eňdiler.
Olary görüp, süri tebil tapdy. Ýöne gyzylgurtlar eýýäm alkyma gelipdiler. Ýeke-täk ýol bardy, ol-da ordanyň döreden halkasyny böwüsmäge synanyşyk etmekdi. Teke şu ýoly saýlap aldy. Ol şahlaryny naýza öwrüp, toparyň serdary bolsa gerek diýen çak bilen garry köpegiň üstüne eňdi. Garry köpek onuň öňünden sowul¬maga ýetişmedi. Teke şahyna mündürip bir silkende ol baryp hol beýlä düşdi. Göz açyp ýumasy salymda tekäniň yzy bilen aňyrdan eňişip gelýän keýik¬leriň hem birnäçesi onuň üstüni depeläp geçdiler. Ýöne keýikleriň ikinji bir bölegi böwsülen gabaw halkasyndan wagtynda çykyp ýetişmedi. Topary gyzylgurtlar orta alyp keýpine paýhynladylar. Maslyk maslyga çaknyşdy. Gyzylgurtlar maslyklaryň arasynda aýlanyşyp, islän ýerlerinde damakgan ýalaşyp, hezil etdiler. Damakgan olaryň iň eý görýän höregidi. Keýik maslyklarynyň töwerekde sergi bolşup ýatyşyny synlap, Möngözlüje bir garny doýurmak üçin munça keýigiň nämüçin gerek¬ligine ýene-de düşünip bilmedi. Onuň bolup durşuny görüp, gara gaýyň bu zatlaryň Möngözlüjä ýaraman¬dygyna, adamlaryň arasynda bolup, şolaryň pikiri bilen pikirlenmäni öwrenen, itiň gaharyny getirjegine düşün¬di. Gahar ugruna onuň bir berbaşagaýlyk edäýmeginden howatyrlandy. Dessine, bu pikirden ony çetleşdirmek üçin aňyrdan ýalmanyp geldi-de, Möngözlüjä süýkenip, onuň läşlerden ünsüni sowmaga çalyşdy.
- Ýör, garry köpek bilen hoşlaşmaga baraly!
- Oňa näme bolupdyr? - diýip, Möngözlüje töwerek bilen juda bir gyzykmaýanyny mälim edip başyny asdy.
- Ýaňky teke onuň garnyny silkip geçipdir. Möngöz¬lüje gara gaýyň bilen tirkeşip, köpegiň gana bulaşyp ýatan ýerine geldi. Ol agdarylyp düşen ýerinde, ölüm halynda ýatyrdy, Gara gaýyň ysyrganyp ugran wagty ol duýup süzülip, hemişelik ýumlup barýan gözlerini açmaga, töweregini ýene bir ýola görmäge synanyşdy. Ýöne onuň ne başyny götermäge, ne-de gözüni açmaga gurbaty ýetdi. Gara gaýyňyň köpegiň bolup ýatyşyna nebsi agyrdy hem onuň özünden göwni hoş ýakymly pikirlere berlip, dünýä bilen hoşlaşmagyny isläp taryplady.
- Sen gowy serkerdediň, edermendiň, akyllydyň... Seniň ölümiňem serdar ölümi boldy. Seniňki ýaly deňli-derejeli ölüm maňa-da miýesser etsin.
Ganlyja keýik etinden doýan gyzylgurtlar çar ýan¬dan gelşip, garry atalarynyň töwereginde aýlanyşyp çyňsaşdylar: «Ata, biz nirik gidenem bolsa, ol tekäni gözläp taparys, onuň läşini güberdip orta alan wagtymyz seni ýatlarys» diýip, janagyryly çyňsaşdylar.
Orda wagty bilen garry serkerdäniň töwereginden aýrylyp bilmedi, olar uzak gijesi bilen uwlaşyp, onuň töweregini alşyp oturdylar...
Möngözlüje tanyş ýüzleri küýsäp, wagtal-wagtal gelip geologlaryň ýanyna aýlaw berip giderdi. Anyk bilmese-de Jepbar ussa onuň söýgi derdine ulaşanyny çak edýärdi. Bu derdiň ýolugan zadynyň erkini alýan¬lygyndan, onuň şemal öňüne düşen peşmek ýaly üflenen ýerine gidip ýörmeli bolýanlygyndan ol habarlydy. Ýöne ol Möngözlüjäniň baryp gyzylgurtlaryň kölegesini ýassananyndan bihabardy. Ol öz Gaplaňy bir çopanyň goşundaky ganjyk itiň töweregindedir, ýakymly gylygy bilen eýýäm çopanlara hem özüni aldyran¬dyr, çopanlar hem ony giçgiýew edinendirler diýip pikir edýärdi. Oňa bu demir-dümrüň arasynda ýaşanyndan ol ýerde özi ýaly itler bilen süriň töwereginde, mähriň giden ganjygyň golaýynda bolmak amatlydyr diýip oýlanýardy. Şonuň üçinem ol indi hemişekiler ýaly Gaplanyň ýitip gidýänligi üçin birahat bolmaýardy. Gaýta, ol Gaplaňyň ýok wagty ony Dusýa daýza bilen ýatlap guwanardy.
- Dusýa, senem, zaluwat, Ýagmyr bilen söýşen bolup, ite-de söýüşmegi öwredäýdiň öýdýän - diýip degşerdi. Bu gezegem ol geologlaryň ýanyna gelýärkä, ýolda ol özüne atylan öňki henekleri ýatlap, Jepbar ussanyň özüni görüp ýene-de degişjekdigini, şonda ony diňlemegiň ýene-de özüne ýakymly boljagyny ýatlady. Geologlar obajygy, goluny çyzgap nahar bişirip duran Dusýa daýza, ürç edip ýer köwýän adamlar, itiniň gaýdyp gelýänini görüp ýylgyryp duran Jepbar ussa onuň göz öňüne geldi.
- Hüm-m, Gaplaň, yzyňy tapdyňmy? Näme how, ýene sen gelniňi getirmänsiň. Çagajyklar nähili, heý, bolman¬da şolaň birini bir görme-görşe getirseň bolmaýarmy! Hä, sen alyp galarlar diýip gorkýansyň, zaluwat, hawa-da, alyp galmagymyzam gaty ahmal. Sen özümiziňki, ha¬kymyz bar.
Möngözlüje süýji hyýallar bilen geologlaryň meka¬nyna ýeten wagty, töweregini synlap, aňalyp galdy. Ol birbada töweregi görüp başga bir ýere gelendirin öýtdi. Ýapynyň ýüzünde ne-hä geologlar bardy, ne-de çadyrlar obajygy. Diňe olaryň kölçerip-kölçerip ýeri galypdyr. Birem içine solidol ýagy salnan agaç çelek bir tarapda ommalyp ýatyr. Geologlaryň telim aýlap ýer gazan ýerinde bolsa ýeke turba somalyp otyr.
Geologlar Möngözlüje öz dünýäsi bilen gümra bolup ýören günleriniň birinde bu ýerleriň işlerini tamamlap, başga ýere göçüpdiler.
Möngözlüje birsalym aýagy bişen ýaly zowzuldap töweregi aýlandy, çadyrlaryň duran ýerini, onda-munda galan ýag ysly demir böleklerini ysgaşdyrdy. Ol töwe¬regiň habaryny alsa-da, birbada näme-näme bolanyna düşünip bilmedi. Ýöne bir bolmasy işiň bolanyna töweregi aýlanyp çykansoň düşündi. Soňra ol geologlar şu galdyran demirlerini almaga geläýseler gerek diýen inçejik tama bilen, gelip ýerden çykyp duran şol turbanyň gapdalyny ýassandy.
Giçden soň ýene-de uzakly gün ot-çöpleriň ýeriň süňňün¬de busup ýatan ýakymly çöl yslary bilen kükre¬gini dolduran agşam şemaly öwsüp ugrady. Howa barha serginläp, dem almak aňsatlaşdy. Töwerekde guş ganat¬la¬rynyň pasyr¬dysy, mör-möjekleriň şygyrdysy köpeldi. Ilki baýyrlaryň depesi garaňkyrap, töwerek gijä öwrülip ugrady. Bir öwrümde burnuna gelip duran goýun çörüniň ýiti ysy Möngözlüjäniň ýadyna Ýagmyr çopany düşürdi. Onuň barsa özüni tanajagyna: «Hä, Gaplaň, bu asyl senmidiň, häý, sen-ä bir gowy itsiň welin, arman, şi gulak-guýrugyň bar-da» diýip, öňküsi ýaly hoşamaýlyk etjegine ynandy. Möngözlüjäniň häzir kimi-de bolsa bir tanyş ýüz göresi, onuň bilen könäni ýatlaşasy gelýärdi. Geologlar barada, Dusýa daýzadyr Jepbar ussa barada sorasy-bilesi gelýärdi. Çopanyň ýanyna ol biraz töwerek garaňkyransoň ýüzüni garaňka tutup barmagy niýet edindi. Sabyr saklap garaňkynyň düşerine garaşdy. Ýöne birazdan Ýagmyr çopanyň goşy tarapdan eşidilen zowwam aýdym sesi onuň lapyny keç etdi. Goşda häzir Ýagmyr çopanyň ýokdugyny, onuň ýok ýerine bolsa baryp oturmagyň geregi ýokdugyny pikir etdi. Aýdyma zowladýan çolukdy. Ol ýaňyrak tötänden çöle düşen, onuň ümsümliginden, garaňkysyndan gorkýan bir adamdy. Ýüregine dowul düşüberse, aýdyma gygyrmak onuň endigidi. Onuň başdanaýak aýdýan belli bir aýdymy hem ýokdy, haýsyndan bir bent, ýarym bent ýadyna düşse, şoňa başlabererdi. Möngözlüje oturan ýerinde onuň aýdymlaryny Ýusup bilen Lenadan eşiden aýdym¬lary bilen deňeşdirdi. Çoluk aýdymlaryň gerimini ber¬män, howlukmaç agzynyň ugruna maksadyna ýetirmän aýdardy. Çoluk ýa-ha bir zadyň garasyny gördi, ýa-da sesini eşitdi, garaz, birden töweregine ok ýagdyrmaga başlady. Möngözlüje çolugyň bolşundan haýygyp, özüniň wagtynda goşdaky ýagdaýy anyklanyna begendi.
- Gyw, gyw-w-gyw - Birazdan Möngözlüje ýeňsesinden ýaňsyly ses eşitdi. Ol ses şu öwrede ýaşaýan şagallardan biriniň sesidi. Geologlar gidensoň hem öň agyzlary maza tapan şagallar, Möngözlüje ýitirim bolany bäri bir iýmäge ýaramly zat zyňlan bolmasyn diýen tama bilen bu töwerege öwrüm berip gidýärdiler.
- Gördüňmi, it, görseň dünýä agyp-dönüp durandyr. Birde dünýäniň örküjinde oturan, ýene birde onuň aşagyndadyr.
- Seniň ol diýýäniň düýedir - diýip, Möngözlüje hem şagalyň ýaňsysyna ýaňsy bilen jogap berdi.
- It öz arryklygyňy gurda bildirmez edýäň-ow! Garnyň welin aç, içegeleriňem jugurdaşyp durandyr. Indi adamlar bilen deň iýýän gowy günleriň geçendir seniň.
- Size näme? - Bu gezek Möngözlüje başyny öwrüp, çyny bilen sorady.
- Biz hiç. Ýöne seniň bilen deňleşdik, şoňa begenýäs. Öň sen bizi geň görýädiň. Şükür, indi senem hut biziň ýaly günemaňy çölden özüň gedaýçylyk edip tapmaly.
Gedaýa deňelenine Möngözlüjäniň birden gahary geldi.
- Ah, siz ker deýýuslar... Ol tasap ýerinden turdy. Möngözlüjäniň gaharyny getirenlerine hoş bolan şagallar gülşüp, gygyryşyp gaçyşyp gitdiler.
* * *
Aňyrdan ordanyň öňi bolup, alakjap çöli söküp, gözleg salyp gelýän gara gaýyň Möngözlüjäniň somalyp ýerden çykyp duran turbanyň gapdalynda ýatanyny görüp, onuň şol turba saralyp goýlanlygyny pikir edip, örtenip alada galdy.
Oňa kömege ýetişmäge howlukdy, haçan Möngözlüjäniň hiç zada daňylgy däldigini, peýwagtyna ýatanly¬gyny görensoň bolsa begendi.
Onuň ýanyna gelip höwes bile ysgaşdy, basalaşyp ugrap tokarja güjüjekleri enelerine gulak salyp, beýleräk çekildi ýene basalaşyp ugradylar. Gara gaýyň çagalary şeýdişip ýürege düşüberse, olaryň tä gyzylgurt çykýan¬çalar basalaşmalydykla¬ryny unudyp kejigerdi. Barybir, olar garynlaryny doýursalar dek oturyp bilmezdiler. Bu gezek bolsa olaryň dänjireşmeleriniň sebäbi Möngözlüjäniň özüdi. Güjüjekler kakalaryny görüp, diýseň bege¬nişipdiler. Gözläp tapanyňdaky şatlykly pursat başdan geçirilensoň, gara gaýyň Möngözlüjäniň gapdalynda ýatdy.
- Göçdülermi?
- Göçüpdirler. Men gidensoňlar geldim - diýip, Möngözlüje ýagdaýy düşündirdi.
- Geläýmekleri-de mümkin - diýip, soňra ol giden¬lerden doly tamasyny üzmändigini hem aňdyrdy.
- Aý, näbileýin - diýip, gara gaýyň ynanmazlyk etdi, soňundanam: - Ol ýylgynly oýda hem şunuň ýaly ýere sokulan bir turba bar. Ony biz çaga wagtlarymyz şol ýerde galdyrypdylar. Şonuň-a henizem yzyndan gelýän ýok - diýip mysal getirdi. Möngözlüje gara gaýyň göni aýtmasa-da, onuň sypaýyçylyk bilen, «Akylyňa aýlan-da, gidenlerden tamaňy üz, olar indi gelmez-le» diýenine düşündi.
Möngözlüje gijäniň bir wagty, çadyrly obajygyň oturan ýerinden toparyna baş bolup göterilip gitse-de, geologlaryň bu ýerden hemişelik gidenlerine ynanyp bilmän ünjüli gitdi.
***
Bir gezek töwerekde gözegçilik çekýän gyzyl¬gurtlaryň biri toparyň arasyna howsalaly habar getirdi. Eli ýaragly üç adamyň töwerekde aýlanyp aw gözleýänini aýtdy. Gara gaýyňyň ýüregi bu adamlaryň adaty awçylar däl-de, ýörite öz kastlaryna çykanlardygyny syzdy. Sonky döwürde talap edilmeýänligi üçin aw awlamagyň öňki aňyrdan gelýän kadasy bozulypdy. Töwerekdäki sürüleriň üstüne hem birnäçe çozuşlar edilipdi.
Garry köpek serdar wagty goňşa degmezlik kadasy berk saklanardy. Ol golaý-goltumdaky sürüleriň galan-gaçanyny almaga ygtyýar etse-de, toparlaýyn çozuşlara rugsat etmezdi. Beýle işleriň adamlary dergazap edýänine ol beletdi. Olaryň gazaby bolsa hemişe orda juda gymmat düşýärdi.
Gaçmalydygy, adamlaryň gazaba galanlygy, gaýdy¬bam bu etmişler ýatdan çykýança töwerekde gara bermeli däldigi anyk boldy. Möngözlüjäniň äwmeýänini görüp gara gaýyň adam bilen baglanyşykly bu sözüň oňa, özlerine täsir edişi ýaly täsir etmeýänligine, ýolbaşçylygy öz eline almalydygyna düşündi. Ol adam diýen sözi eşidip, ýatan ýerlerinden zöwwe-zöwwe galan, indem gaçmak üçin töwerekdäki dyzaşyp köz basyp alýan ýaly bolşup duran gyzylgurt ordasynyň öňüne düşdi. Orda yzyny gözlemän ýeriň pessi bilen birmeýdan gaçan¬soň, şol barmana tanyş depe Möngözlüjäniň öňünden çykdy. Ol özüniň geologlar obasynyň gapdalyndan geçip barýanyny bildi. Bu depe Ýusup bilen Lenanyň mahal-mahal gelip, gitara çalyp, aýdym aýdyp oturýan ýeridi. Depäni tanap, öňünde aýak çeken mahaly ýene-de şol köp eşiden mylaýym aýdymy onuň gulagyna geldi.
Tolkunlar owsunşyp asmana galýar,
Umman agyn şolar, köp olaň sany.
Çarlaklaram tolkun bolsalar gerek,
Olaryňam juda uçmak isläni.
Hemişekisi ýaly bu aýdym ýene-de Möngözlüjäni öz gününe goýmady. Ol ýene-de her gezek aýdym aýdylan¬daky başdan geçirýän ýakymly pursadyny başdan geçirdi. Ýerden aýagyny üzüp uçup ugrady...
Ýeňse-de durup onuň bolşuny synlan gara gaýyň bu pursat Möngözlüjäniň ýene-de pikirinde it bolanlygyna düşündi. Durdugyça onuň öňki öz itligine höwrügjegine, onsoň ýene-de ol ýerden çekip almagyň aňsat düşme¬jegine ynandy. Ony özi bilen aňyrlygyna äkitmek üçin, hiç zatdan habarsyz bolan bolup, gapdalyna gelip süýkendi.
- Näme, öňde bar howpy aňdyňmy?
- Görýän welin, men siz bilen gidip bilmesem gerek.
- Sen bolmasaň, biz näderis? - diýip, gara gaýyň onuň bilen bolmagy isläp delmindi. Alada bilen ýer depeläp, onuň töweregine aýlandy.
- Siz gidiberiň!
- Sen entegem özüňkilere duşaryn diýip tama edýäňmi?
- Haýsydyr bir güýç meni adamlaryň ýanyna çekip dur. Goýberenok...
- Hawa-da. Şu itligiňden başybitin gaýtmak saňa kyn-a düşdi. Dogrusy, kakasy-a, seniň özüňem bir düşnüksiz. Seniň ýaly bolup orda goşulan itler itligini örän tiz unudýarlar. Seniň welin pikiriň bir ýerinde hemişe adamlaryň dünýäsine bolan islegiň ýatyr.
- Mümkin.
- Onda nätmeli?
- Sen bu ýerden gitmeli.
- Sensiz...
- Meniň it bolasym gelýär. - Soňra ol: «Meniň sözümiň sözlügini sen bileňokmy» diýen äheňde gara gaýyňy nazary bilen dalady. Möngözlüjäni pikirinden dänderip bolma¬jagyna, mundan artyk ýalbaryp durmagyň gerek däldigine gara gaýyň düşündi.
- Gezen ýeriňde sag gez! - Ol şeý diýdi-de, töwere¬gine gitmelidigini duýduryp, öýkeliräk yzyna öwrüldi. Orda onuň yzyna düşdi.
- Bäri-bärde durmaň! - diýip, olary nazary bilen ugradyp duran Möngözlüje serdar hökmünde maslahat berdi. Soňundanam Ýusup bilen Lenanyň oturýan depe¬sine çykyp, şatyrym-şallak bolşup özünden uzaklaşyp barýan ordany gözden ýitýänçä synlap oturdy.
Ýagmyr çopan ýadyna düşen wagty Möngözlüje ýene-de ondan hemişeki eşidýän hoş sözlerini eşitmek isledi. Häzirki pursatda oňa ýetmeýän zat hut şu göwün göteriji hoşamaý¬lyk¬dy. Ol toparyndan galanda hem hemişe nirede bolsa-da özüniň adamlaryň mährini küýse¬jegini, giden ýagdaýynda islän çagy bu höwesine öwrülip gelip bilmejegini pikir edipdi. Şeýle-de onuň kalbynyň bir ýerinde özümi tanaýan adamlaryň birden birine duşaryn, şeýlelik bilenem ýene-de adamlaryň töwere¬ginde ýaşamaga mümkinçilik bolar diýen inçejik tamasy hem bardy. Möngözlüjäniň esasy tamasyny baglaýany-da Ýagmyr çopandy. Ol Ýagmyr çopany gözläp, goşdan uzak bolmadyk ýowşanly käliň içinden tapdy.
Güýz çöle ymykly gelipdi. Wagtal-wagtal ýagyş ýagýardy. Şemal ugruny üýtgedip indi öwsende, köplenç, demirgazykdan öwüsýärdi. Sowukdy, çopanlaryň «diş¬lije şemal» diýýänidi. Şeýle günlerde çopanlar, köplenç, sürini uzaga äkitmän, agylyň töweregine ýaýradardylar. Goýun¬lardanam beter geçiler üşek bolardylar. Olar sähel aýaz bolsa ligirdeşip ykyş ýer isleşip, ýataga tarap serpi¬lişibererdiler. Möngözlüje ýalmanyp süriniň gapdalynda peýda bolan mahaly ses ýetimlikde çommalyp, ýüzüni asyp oturan agyr ýüzli köpek ony görüp: «Howf» edip – Dur, how, nirä süssenekläp gelýäň? - diýip üýrensoň, iki-ýeke basyp, onuň aýak çeken ýerine geldi.
Köpek güjükliginde basalaşyp oýnan itini tanady. Itler ysgaşyp hal-ahwal soraşdylar.
- Gaplaň, senmäý-bi?
- Görşüň ýaly-da.
- Senden how, möjegiň ysy gelýän ýaly-la - diýip läheň hiç zada düşünip bilmän ysyrganmasyny goýup, ýeňsä çekildi. Halamazlyk bilen seňrigini ýygyrdy.
- Ýa, läheň senem-aý. Seniň henizem şol sadalygyň, şol yňdarmalygyň, eýäň gidensoň, hany onsoň saňa öý-öwzar, idi-issiwat. Nirden bir boş küren tapsaň, şol ýerde ýatyp-turup ýörensiň-dä. Şol kürenleriň birinden süňňüme ornan ysdyr-da...
Möngözlüje bu sözleri tilkileriň aýdyşy ýaly şeýle bir çäresizlenip aýtdy weli, läheň oňa dessine ynandy. Hem Möngözlüjäniň hak eýelerinden galyp düşen gününe gynandy. Möngözlüje soňra özüniň gelenini mälim etmek üçin, eşegiň üstünde hiňlenip ýören Ýag-myr çopanyň ýanyna ugrady. Hemişekisi ýaly guýrugyny bulap, gowusyrap, gysmyljyrap onuň gapdalyndan çyk¬dy. Ýagmyr çopan ony görüp, ilki gözlerine ynanmady.
Gözüne görünýändir öýtdi. Gözleriniň aldamaýan¬lygyna, göz ýetirensoň bolsa garaşylmadyk ýagdaýda birden jyny atlanyp kejikdi. Eşegiň üstünde kese basyp oturan çopan taýagyny Möngözlüjä tarap zybyrdadyp gaharly aýlap saldy.
- Häý, seniň Dusýa diýen eýäň bilen... - diýip, janyýangynly hapa sögündi. Möngözlüje rejäň geň däldigini aňyp, yza çekilip gaçmak bilen boldy. Taýak atanyny, sögenini az görüp, soňundanam horjunyň gapdalyndaky goşany ýatlap, Möngözlüjäniň yzyndan pöwhüldetdi.
Ýagmyr çopan: «Irde-giçde Dusýa meniň höwrüm bolar, sabap barýan ömri birsalym onuň bilen bileje ýaşarys» diýip, köp göwün ýüwürdipdi. Ony geologlaryň ýanyna gatnadanam hut şol inçejik tamady. Geologlar göçjek günem ol şol ýere barypdy: «A, dost, bir ugruny tapyp şuny goýup gidäýsene?» diýip, Jepbar ussa ýalbarypdy. Ol bolsa: «Dusýa häzir işde, hany, rugsada zada bir çyksyn, onsoň özüm ony seniň ýanyňa getirip giderin» diýip, hemişekisi ýaly ýene-de ony oýun bilen başyndan sowupdy. Ol şol gün Dusýa daýza bilen indi hiç mahal duşuşmajagyna, öz eden tamasynyň çykmandygyna, bu ýerde Dusýa daýza hakyndaky bolan gürrüňleriň, hakykatdanam, birhili düşnüksiz oýun bolanyna düşünipdi. Şonuň üçinem ol öz diýeniniň bolmanlygy üçin geologlardan kinelidi. Indi her gezek olar ýadyna düşse, onuň jyny atlanyp, jany ýanyp ugraýardy. Möngözlüje bu zatlar bolanda uzakdady. Şonuň üçinem onuň hiç zatdan habary ýokdy. Ýagmyr çopanyň özüni, öňküsi ýaly gowy görýänine, duşsa ondan hoş söz eşitjegine ynanýardy. Ony ordadan bölüp alyp galan zatlaryň biri-de hut şu tamady. Onuň adamlaryň arasynda bolmak höwesidi.
Möngözlüje şol gaçyp gelşine yzyny gözlemän çadyrlygyň oturan ýerine geldi. Geçen günleriň şaýady bolup oturan turbanyň töwereginde aýlanyp, janagyryly çyňsady. Möngözlüje näme bolanyny anyk bilmese-de, Ýagmyr çopan bilen geologlar arasyna bir sowuklygyň düşendigini bildi. Onuň bilen gaýdyp duşuşmaly däldigini, gabat geläýse, indi özüniň gaýgyrylmajagyna gözüni ýetirdi. Ol gelip demir turbanyň gapdalyny ýassanyp birsalym ýatansoň, geologlar obajygynyň duran ýeri bilen hemişelik hoşlaşdy. It aýaklary ony düýnki gara gaýyňyň öz topary bilen giden tarapyna äkitdi. Möngözlüje daňyň öňüsyrasynda bir gumak ýapynyň eteginde öz tanyş yzlaryna gabat geldi. Şundan soň ol durup, ysyrganyp ordanyň giden ugruny anyklansoň, şol yzlaryň yzyna düşdi.
Powestler