* * *
Gara gaýyň ganjygy ýatlap ýola çykanda Möngözlüjäniň niýeti bu gezegem ony uzakdan synlap yzyna dolanyp gelmekdi. Köp wagtlap çadyrlygyň töwereginde gara bermese, ol Jepbar ussanyň özüni «Ýolbars nirä ýitirim bolduka?» diýip, gözlejegini bilýärdi.
Ol baýyrlaryň etegi bilen yzyndan kowgy gelýän ýaly bolup, howlukmaç ylgap gitdi.
Emma bu gezek oňa öz pikir edişi ýaly gara gaýyňy daşyndan synlap, ýene-de birsalymdan yzyna dolanyp gelmek miýesser etmedi. Ýylgynlykda awuna garaşyp bukup ýatan topar ony özünden öň gördi. Telim gözüň özüne seredip duranyny ol diňe elli-altmyş ädimlige gelensoň gördi. Garry köpek onuň gelmegini halaman¬dygyny mälim edip düýrükdi. Töwerekde ýalmanyşyp oturan gyzylgurtlar garry köpegiň Möngözlüjäni görkezip: «Basyň, gaňryň» diýerine garaş¬dylar. Ýöne gara gaýyň ony görüp, ýene-de öz haly bilen bolmady. Hozanak bolup töwerekde aýlanyp, it-möjek urşunyň birden alşyp gitmeginden howatyrlandy. «Her kim öz çakyny bilse ýagşy, ol siziň minnetiňizi çekjek it däl. Güýçli bilen ýagy bolandan onuň bilen dost bolmak ýagşydyr. Ony azdyryp, özümize goşup bilsek, garry köpegiň topary şonça ýene-de ile minnetsiz, başy bütin¬likde bu öwrede hanlyk satyp biler...» diýip hüňürdedi. Soňundanam ol hiç zady hasaba alman, meniň-ä edýänim şu diýýän ýaly, ordany goýup, Möngözlüjäniň ýanyna gaýtdy.
Iki sany möjek ony pälinden gaýtarmak üçin ylgap onuň yzyndan ýetip, öňüni dolady:
- Sen şol it diýip barýarmyň?
- Indi şol adamlara ýapja bolup ýaşaýan iti bizden özüňe mynasyp gördüňmi? - diýşip, olar ýerli-ýerden oňa kineli sorag ýagdyrdylar.
- Asla, onuň gowy boljagy hakynda şübhe edemok. Gara gaýyň ara düşülmegini halamaýanyny mälim edip, ýüzugra itleriň jogabyny berdi.
- It itdir, ol saňa mynasyp ýoldaş bolup bilmez!
- Siziň öz ataňyzyň asly it dälmi näme? Bu meselede özüm sizden az bilemok. Ol geljekde biziň serkerdämiz bolmaly.
- Tapypsyň serkerdäni, hany gelsin güýçli bolsa, biz ony ara alyp tüýt-müýt ederis!
- O-da sizden kem oturasy ýok. Onuň alty dyrnagy bar. Beýle alamaty bolan itleriň, möjekleriň irde-giçde gaýduwsyz serkerdä öwrülýänini siz bilýäňiz-ä...
- Biz bilsegem, onuň özi bu gudratyndan bihabar. Ýatlatmak hem gerek däl. Goý, şol aňkawlygyna ýaşasyn!
- Ol maňa ýoldaş bolsa, men oňa ähli zady düşün¬dirmeli bolaryn.
- Sen şeýtseň, bu seniň orda dönüklik etdigiň bolar.
- Belki-de, topara eden ýagşylygym bor. Soňra bolsa ol gazaplanyp yzyna öwrüldi.
- Siz meniň yzymdan galýaňyzmy ýa ýok? - Onuň bu soragy talapdy. Muňa möjekler düşündiler. Indi galmasalar, gara gaýyňyň özleri bilen darkaş gurjagyny duýdu-lar. Gara gaýyňyň pikirinden dänmejegi belli boldy.
Möngözlüje çete saýlanyp birsalym gara gaýyň bilen ysgaşdy.
- Senmi?
- Mendirin.
- Men seni gözläp geldim.
- Geljegiňi bilýädim.
- Hemişe seniň ýanyňda bolasym gelýär.
- Meniňem...
Şundan soň gara gaýyň öňden ýöredi. Möngözlüje hem onuň yzyna düşdi. Olar baýyrlygyň ortasyna ýazylyp oturan giňişlik bilen bagtyýar bolşup ylgaşyp gitdiler.
* * *
Möngözlüjäniň durmuşynda bolýan özgerişlikler köp wagt geçmänkä hemmelere mälim boldy. Ýogsam, Möngöz¬lüje duýdurmajak bolup adamlara duşanda hiç zatdan bihabar bolan bolup mönsüreýärdem. Gidende hem assyrynlyk bilen duýdansyz gitmäge çalyşýardy. Gaýdyp gelende hem hemişe ýüzüni garaňka tutup gelerdi. Jepbar ussanyň çadyrynyň gapdalyndaky ornuna gelip, hiç ýere gitmedik ýaly, hiç bir zatdan habary ýok ýaly bolup ýatardy. Barybir Möngözlüje wagtal-wagtal ýitip ugran günleri Jepbar ussa ony haýsydyr bir heser galtanyny duýupdy. Onuň islegli ýerine gidýänini çak edeni üçin Möngözlüjäniň ýitip-ýitip gitmegi bilen ylalaşypdy. Öz ýanyndan: «Ýolbars-a zalu-wat ata bolmagyň höwesine düşüpdir-ow. Ol töwerekdäki çopanlaryň biriniň ganjyk iti bilen höwrügendir. Eý görşülýän döwür geçer, ana, onsoň ýene-de öz ornuna gaýdyp geler» diýip, beýleki itlerden çen tutup, pikir edipdi.
Möngözlüje bu gezek hem geologlar obajygyna güni batyryp, aýak ýygnanansoň geldi. Ol gelende her gün towuk ýaly ir ýatýan Dusýa daýza eýýäm ukudady. Gap¬da-lyndaky çadyrdan onuň myşşyldap parahat demalmasy eşidilýärdi. Hemmelerden giç ýatýan Jepbar ussa nahar iýilýän stol başynda özi ýaly ukusy gaçan biri bilen özara mydy-mydy gürrüň edişip otyrdy. Möngözlüje Ýusubyň çadyrynyň gapdalyndan geçende ysyrganyp onuň içerde ýoklugyny bildi. «Lena bilen ol ýene-de şol ýerdedir» diýip, goýunguýruk depäni ýatlady. Häzir şol ýerde özüniň kemlik edýänini pikir etdi. Olaryň yzyndan gitmegi niýet edindi. Ýöne açdy, üstesine-de, ýadawdy. Şonuň üçinem ol ilki işdä bilen ozalagşam özi uçin ýalaga guýlan itýalyň daşyna geçdi. Onýança-da ýeňseden ýakym¬ly aýal sesi eşidildi. Möngözlüje gaňrylyp ses gelýän tarapa sereden wagty Lena bilen Ýusubyň tirkeşip alaňdan düşüp gaýdyp gelýänlerini gördi. Olar çadyrlygyň gapdalyna gelip, aýrylyşmaly bolanlarynda boý deňeşdirip, ogşaşyp hoşlaşdylar.
Hemmeler ýatsa-da ýene-de bu gije Möngözlüjäniň gözüne uky gelmedi. Ol çadyryň gapdalynda Aýyň töwerekde döreden özboluşly ak agylynyň synçysy bolup otyrdy. Asman ýyldyzlary barha köpeldi, gözleri ýiteldi. Olar soňra şol ýerden, aşakda bolýan haýsydyr bir üns çekiji gyzykly oýny synlap oturan tomaşaça meňzediler.
Möngözlüje töweregi aýlanyp, gije şöwür çekip ýörkä, Aý aýdyňa sürüsini bakyp ýören Ýagmyr çopana gabat geldi. Ol köne tanşyna duşanyna begendi. Hemi¬şeki eşidýän hoş sözlerini eşitmek üçin ýalmanyp onuň gapdalyndan çykdy.
Ýagmyr çopanyň yzyna düşüp ýören ýaş it, Möngöz¬lüjäniň habaryny almak üçin ylgap, çaknyşma hyýaly bilen onuň öňünden çykdy. Söweşiji görnüşe girip, Möngözlüjä haýbat atdy.
- Nirä gelýäň süssenekläp?
- Sen näme, tanamajak bolduňmy meni? Möngözlüjäni tanansoň, ýaş it düýbünden başga bir garaşylmadyk ite öwrüldi-de, aýaklaryny ýokary tutup, özüniň döwüniň pesligini mälim edip, çyňsady ýatyberdi. Şol ýatyşyna-da ýöwselläp ýallaklady.
- Ýa-heý, senmidiň agasy!
- Tanadyňmy?
- Tanadym. Menem, heý, tanamanmy?
Bu it güjüjek wagtlaram Ýagmyr çopan bilen birki gezek geologlaryň goşuna gelipdi. Şonda Möngözlüje dalap, onuň ýagşy gözüniň oduny alypdy. Ýagmyr çopan hem Möngöz¬lüjäni görüp tanady. Galkyjaklap, gyzyk¬lanyp, onuň haba¬ryny sorady:
- O-how, Ýolbars, bu asyl senmidiň? Häý, sen-ä bir gowy goýun it edinäýmeli häsiýetli it welin, arman, şi gulak-guýrugyň bar-da...
Möngözlüje ýene-de özüniň taryplananyna monça boldy. Minnetdarlyk bilen ýalmandy.
- Hany, onda Dusýadan habar ber! - diýip, Ýagmyr çopan kök bolup, Möngözlüjä baş atdy.
- Ha-haýt, Dusýa-ha gelindir-le. Onuň töweregiňde gaz bolup maýkyldap ýöreni nämä degenok...
Çopan Dusýa daýza hakyndaky ýakymly pikirlere berlensoň, Möngözlüjäniň gapdaly bilen gelýänini hem tiz unutdy. Hyýalynda Dusýa daýza bilen duşuşdy.
- Dusýa gelin, amanlykmy? Soňky döwür görne¬ňogam diýýänsiň. Wah, maňa galsa-ha günde-de geljek-le. Ýöne her gün baryp durmaga utanýan. Beýdäýmek üçinem repide ýaly galyň ýüz gerek. Meniň bolsa düzde¬çi¬digim, adam-gara bilen az iş salyşýanlygym bes-belli. Obada ýaşap il-halk ýaly aýal-gyzlar bilen bileräk işleşen, ýüzüniň perdesi ýyrtylan bolsam bolmaýarmy, onda menem Dusýa gelniň dilini tapardym...
- Senmi oglan, Ýagmyr?
- Wah, men-le. Seni göresim geldi-de gaýdyberdim.
- Şeýt-de gelip dur...
- Wah, men geljek-le. Sen diýseň, ýanyňdan but¬najagam däl.
- Eliňi gowşuryp, ýüzüme seretjek oturyberjekmi?
- Näme oturman. Otuz bäş ýyl kolhoza çopan bolup berdim. Gyzlary ýerledim. Oglanlar öý-işik boldular. Maňa garalgy günleri ýok. Meniňem olara. Sag bolsalar bolýar. Seniň öňüňde oturmaly bolsam, asyl hek ederin. Agzybirje ýaşasak bolýar.
- Men şähere gidip, gyzym-giýewim bilen maslahat edip geleýin. Bir gowy adam tapdym diýsem, olar hem ýok diýmez¬ler.
- Şeýt-de bir özüň bu zatlaryň ugurlaryny tapaweri, Dusýa baý!
Ýagmyr çopan gepleşigiň Dusýa daýza degişli bölegine mylaýymlyk çaýyp gürleýärdi.
Möngözlüje bu pursadyň Ýagmyr çopan üçin gowy pursatlaryň biriligini birsalym ony diňlänsoň anyklady. Şundan soň ol özüniň bu ýerde artykmaçlygyna düşündi. Bir amady gelende öwrüldi-de, pikirinde Dusýa daýza bilen gürleşip barýan Ýagmyr çopany ikiçäk galdyryp, çadyrlyga dolandy.
* * *
Ýazda Hindiguş daglary tarapdan gelýän ýagyş suwlary Pendi baýyrlarynyň arasy bilen iki-üç aýlap, ýap bolup akardy. Baýyrlaryň arasynda onda-munda gabat gelýän ýylgyn tokaýlyklaryny hem hut şol döredipdi. Pendi öwresi çöl atlandyrylsa-da, ol Garagumuň bir etegi hasap edilse-de, adaty çölden özüniň tebigaty bilen mese-mälim tapawut¬lanýardy.
Bu gezek Möngözlüje gözläp gelende garry köpegiň toparyny ýylgynlygyň içinden tapdy. Topar ýylgyn tokaýlygynyň arasynda ileri tarapda görünýän açyklygy garamlap otyrdy. Ol tarapdan ýedi-sekiz gulan dünýäden bihabar öz maýdalyna otlaşyp, golaýlaşyp gelýärdi.
Bu awlag garry köpege onuň ata-babasyndan miras galan ýeriň bir bölegidi. Onuň beýleki bölegi başga bir möjek tohumyndan bolan orda degişlidi. Olar alty-ýedi ýyllykda bir ýerlerden peýda bolup garry köpegiň ägirt uly awlag meýdanynyň uly bir bölegini güýç görkezip basyp alypdylar. Köp söweşlerden we ýitgilerden soň garry köpek alaçsyz öz ýeriniň bir böleginiň elden gitmegi bilen ylalaşmaly bolupdy. Şol gazaply söweş¬lerden soň iki tarapyň arasynda şu serhet döräpdi. Şondan bäri-de her kim özüne tagallyk meýdanda aw awlardy. Serhet bozulan wagtynda, köplenç, ýene-de iki topar arasynda gazaply çaknyşyk bolardy.
Gulan topary häzir hiç zatdan habarsyz, möjeklere degişli ýer bilen öz peýwagtlaryna otlaşyp gelýärdiler. Olaryň ýüzleri garry köpegiň topary bilen sabyr saklap ýatan tarapynady.
Gulanlar möjekleriň awlagyndan saýlanyp, atyma geldigi garry köpek olaryň töweregini gabap, başlaryna gara gün getirmekçidi. Möngözlüje aňyrdan gelşine garry köpegiň ýanyna ýetmän hol beýleräkde, özüniň biraz soňrak ideljegine ynanyp ýatyberdi. Ol awuň keý¬pine berlip oturan toparyň ünsüne düşmedi. Gyzyl¬gurtlar ajygypdylar, olaryň garny doýurmak islegi häzir hemme isleglerinden öňe saýlanypdy. Olar bireýýäm pikirlerinde awlanmadyk awuň läşiniň üstünde otyrdy¬lar. Gara gaýyň diňe bir gezek «Görýän» diýýän manyda onuň oturan tarapyna nazar aýlap goýberdi. Ýöne ol-da häzir awuň kadasyny bozmaga milt edip bilmedi. Gulanlar birsalymdan otlaşyp has ýakyn geldiler. Indi ýene birazdan olaryň üstüne ýerli-ýerden topulmaga amat boljakdy. Sabry gutaryp barýan güjükleriň birnäçesi topulanda ilden yza galmazlyk üçin eýýäm aýak üstüne hem göterilip, garry köpekden rugsat boldugy, okdurylyşyp gitmäge häzir bolşup durdular.
Gulanlar birazdan ýylgynlygyň tirsek bolup açyk¬lyga aralaşýan ýerine golaýlaşdylar. Şol arada garaşyl¬madyk ýagdaýda gapdaldan bir süri möjek peýda bolup, gulanlaryň üstüne topuldy. Bular bir goňşuçylykda ýaşaýan ordanyň möjekleridiler. Gyzylgurtlardan habarsyz olar hem indi bireýýämden bäri ýylgynlygyň özlerine amatly ýerinde gulanlara göz dikişip, göwün ýüwürdişip, olaryň atyma gelerine garaşyşyp otyrdylar. Möjek toparynyň peýda bolmagy, gulanlary öz ýanla¬ryndan aňyrlaryna geçen hasap edip oturan gyzylgurt¬laryň gaharyny getirdi. Olar şundan soň duran-duran ýerlerinden atylyşyp-atylyşyp gitdiler. Bir-birleri bilen öňden hasaply iki ejnebi duşman garpy¬şansoň, gulanlar ýatdan çykdy.
Goranmak üçin çagalaryny orta alyp halka gurşup toplanyşyp ugran gulanlar şundan soň amatly pursady elden bermän, göterilip gaçmak bilen boldular. Ýürek¬lerine howsala düşen toparyň şatyrym-şallak bolşup gaçyp baryşlaryny diňe Möngözlüje synlady.
Iki topar açyklykda, ýylgynlaryň arasynda gaçyşyp-kowşup, garyşyp uruşdylar. Olaryň arasynda näme üçin çaknyşylýanyny bilmän, urşup ýörenlerem bardy. Bular ýaş güjüklerdi. Şeýle-de bolsa olar hezil edişip höwes bilen uruşýardylar. Sebäbi olaryň hem batyr serkerde bolaslary gelýärdi. Uruşlarda ýaka tanadyp serkerde bolunýanlygyny olar köp eşidipdiler. Garry köpek: «Basyň, arkaňyzda özüm bardyryn!» diýip, töweregini söweşe ruhlandyryp, urşup ýörşüne köne duşmanyna, möjekleriň serkerdesine gabat geldi. Olar diş gyjaşyp garpyşdylar.
- Sen häzirem dirimi, garry melgun?
- Men entek seniň bokurdagyňy çeýnemän ölmerin.
- Garrylyk seni bireýýäm öldüripdir. Ýöne sen namart ekeniň. Öleniňi şindem boýun almansyň.
- Häzir men seniň başyňa şeýle bir tomaşa getirin welin, gaçyp gutulsaň kaýyl bolarsyň.
Möjek garry köpegi basa düşmäge, ony tüýt-müýt etmäge howlukmady. Garry süňküň tiz ýadaýanyny ýatlap, ony ýadadyp, soňundan ýeňmek üçin oýnap uruş¬dy. Ol özüniň güýçli kükregi bilen aňyrdan gelip batly uran mahaly garry köpek entirekläp yza çekildi.
- Meniň häzir seni pişigiň ele salan syçanyny oýnaýşy ýaly oýnasym gelýär. Şeýtsem, meniň senden köp ýamanlyk gören ata-babamyň ruhy şat bolar - diýip, möjek has-da öjükdi.
- Sen, gowusy, öz janyňyň aladasyny et.
Möjek ikinji gezek gelip uranda garry köpek onuň öňünde durup bilmän serrelip arkan ýykyldy.
Möjek uzak çekeleşip durman garry köpek bilen bellisini etmek üçin ony gabyrdadyp basyp garysynyň aşagyna alan wagty, haýsydyr bir garaşylmadyk güýç ony ýeňsesinden dişläp silkdi.
Hiç bir güýje garaşmadyk möjek birbada näme-näme¬leriň bolýanyna düşünmän urnup, janagyryly çyňsady.
- Aýryl-ow, öläýse nätjek?
Möjek bu söze şeýle bir haýran galdy welin, ol esli wagtlap öz ýeňsesinde özüne zat degmän duranyň itligine hem ynanyp bilmedi.
- Sen, kim? - diýip, ol geň galyp sorady.
- Aý, men ýolbars-laý - diýip, Möngözlüje bu tanyşmak isleýändir öýdüp, göwünjeňlik bilen, özüniň dostlaş¬maga taýynlygyny mälim edip ysyrgandy. Ýöne onuň eden çaky çykmady. Möjegiň sözi soňra has-da teýeneli boldy.
- Sendenem bir ýolbars bolarmy? Sen - it. Biz size ýuwundyçy diýýäris.
- Diýeňde näme? Ýuwundy hem ajygsaň iýmezçe ýal däl.
- O-how, üstesine sen samsygam ýaly-la - diýip, öz kemsidiji gürrüňlerine Möngözlüjäniň gaharlan¬maýanyny görüp, has-da geň galdy. Soňundanam «Bu aňkaw bilen sene-mene edişip durman, bokurdagyny çeýnäýin diýip, onuň üstüne zyňdy. Möngözlüje keýpine onuň bilen dikleşdi. Öňem ýakalaşýanlara onuň gözi gidip durdy. Möjege dessine garşydaşynyň güýçlüdigi, bir ýol bilen nädibem bolsa onuň deminden sypmalydygy anyk boldy. Möngözlüje uzak çekeleşip durman, ony gaňryp basdy. Möjek özüniň ölümini boýnuna alyp, onuň aşagynda ýatan ýerinde çyňsady. Şol arada Möngözlüjäniň zerur işi ýadyna düşdi. Ol sen-men ýok möjegiň üstünden turup gitdi-de, baryp bir çöpüň gapdalynda art aýagynyň birini göterip, yzgar sepeledi. Möjek onuň bolşuny synlap, hiç zada düşünip bilmedi. Şun¬dan soň ol has-da geň galdy. Pursatdan peýdalanyp, gaçmak bilen boldy.
Serdaryň ökje göterenini görüp, töwerekde urşup duran beýleki möjekler hem onuň yzyna düşdüler.
Möjek ýagşy ara açansoň, aýak çekip yzyna seretdi. Öz asgynlygyny duýdurmazlyk üçin soňam şol ýerde durup tarp atdy:
- Ýuwundyçy, bir çolarakda sen ýene-de meniň elime düşersiň. Şonda men seniň külüňi çykaryn!
- Duşsak nä, ondakysyny şonda görübermeli bor-da - diýip, Möngözlüje çommalyp oturyşyna möjegiň diş¬leşdi¬ren ýerlerini ýalaşdyryp, äwmezlik bilen jogap gaýtardy.
Gaçjak gaçyp, galjak galyp, töwerekde apyla-sapyla sowlansoň, meýdanda ýatan bäş jansyz göwräniň söweş pidasy bolandygy anyk boldy. Bäşiň üçüsi garry köpegiň toparynyň itleridi. Gara gaýyň ölenleriň arasynda aýlanyp, «Belki, oýanar» diýen inçe tama bilen janagyryly çyňsady. Söweşden çykan itler häzir hersi bir ýerde ol-bu ýerlerini ýalaşdyryp, iňdiki boljak maslahata garaşyp otyrdylar. Göwni biten garry köpek birsalym oturyp, demini dürsänsoň, iki-ýeke basyp, bir çetde ýatsyrap oturan Möngözlüjäniň ýanyna geldi. Möngözlüje ör turup ony hormatlady.
Iki it ysgaşyp bir-birlerine mylakatly sözler aýdyşdylar.
- Hiç neneň uruşmadyň.
- Şeýtmek-de gerekdi-dä.
- Bu başlangyjydyr. Seniň hakyky söweşleriň entek öňdedir.
- Näme bolsa görübermeli bolar-da.
- Ine, munyň dogry. Ertire pal atmanyň hökmanlygy ýok - diýip garry köpek eşiden jogabyndan hoş bolup, ony ýürekden makullady. Sebäbi bu jogap soňuny saýmaz batyrlaryň beräýýän jogabydy.
Gara gaýyň birsalymdan olaryň duran ýerine gaýdyp geldi.
- Seniň gelip bize goşulanyň gowy boldy - diýip, ol Möngözlüjä özüçe minnetdarlyk bildirdi. Bu sözleri ol ýogsam, biz has uly betbagtlygyň üstünden barardyk diýen manyda aýtdy. Soňra öwrülip nazaryny garry köpekde saklady.
- Aýtmadymmy men? Bu mön görünse-de soňundan üýtgeşik it bolar diýip. Onuň aýaklarynyň birisi alty barmakly. Şol bolsa onuň geljekde serkerde boljagynyň alamaty. Töwerekden toplanyşyp ugran gyzylgurtlar Möngözlüjäniň aýagyna sereden wagtlary çetki art aýagyň penjeden dört barmak ýokarsynda şol diýilýän altynjy barmagy gördüler. Şondan soň olar öň eşiden zatlaryna ynanýandyklaryny mälim edişip, kaýyllyk bilen başlaryny aşak salladylar. Möjek kanuny boýunça orda serdarlygy darkaş gurup, güýç görkezilip eýele¬nilýän derejedi, ýöne bu gezek şol adaty kada bozuldy. Şu söweşden soň garry köpek nädip özüniň serdarlykdan çetleşenini hem duýman galdy. Hiç kim beýle bolar öýt¬me¬ýärdi. Hemmeler serdarlyk üçin juda gazaply söweşiň bu gün bolmasa erte boljagyna ynan¬ýardy. Ata-babadan arkama-arka aşyp gelýän kada-kanun şeýledi. Meseläniň şeýle parahatlyk bilen çözülmegine, köp gowy ýatlama¬lary garry köpegiň gaýratly wagty bilen bagly bolan gara gaýyň has-da begendi. Sebäbi ol garry köpegiň öz töwereginde bolmagyny, onuň diňe bir özüne däl, orda hem köpi gören maslahatçy hökmünde entekler gerek¬ligini duýýardy.
Möngözlüje şeýlelik bilen nädip özüniň bu topara goşulanyny hem duýman galdy.
Onuň üçin adaty bolmadyk, şol bir wagtda bolsa öňki durmuşyndan has gyzykly bolan başga bir durmuş başlandy. Indi onuň ýaşaýşy adamlaryň arkasyndan taýyn iýip ýören itiň ýaşaýşyndan düýbünden başgaçady. Gyzylgurtlara mahsus bolşy ýaly, indi ol-da öz rysgalyny gözläp tapmalylaryň biridi. Bu bolsa öz gezeginde hereketi, ugurtapyjylygy talap edýärdi. Emma Möngöz¬lüjäniň munuň tersine sadadan gelen geleňsiz häsiýeti bardy. Gyzylgurt toparynyň arasynda ilkinji ýaşap ugran günlerinden onuň gerekmejek it häsiýetleri sep açyp, şu kemçiligi duýduryp ugrady. Onuň bu bolşy topardaky özüne göwni ýetýän gyzylgurtlaryň lapyny keç etdi. Möngözlüjäniň ertirki gün deňli-derejeli serkerde bolup ýetişjegine şübhe döretdi.
Gyzylgurt serdarynyň borjy orda baş bolup, ony gazaply söweşlere, ganly awlara äkitmekdi. Her gezek aw awlananda, indiki awlaryň häzirkidenem ganly boljagyna töwerek¬däkilerde ynam döretmekdi. Mön¬gözlüje welin bu zatlar hakynda pikirem etmeýärdi. Ýogsam, gara gaýyň oňa her ýagdaýda nähiliräk bolma¬lydygyny häli-şindi ýeri gelende aýdyşdyrýardy. Ýöne Möngözlüje onuň bu aýdanlarynyň hemmesini adaty samralýan aýal gepi hökmünde üns bermän gulagynyň duşundan geçirýärdi. Serdarlyga mynasyp zady onuň diňe gara güýjüdi. Serdarlyk derejesi bolsa oňa gara gaýyň «Meniň serdarym!» diýip ýüzlenen wagty ýadyna düşýärdi. Ordany özüne tabyn edýän-de, serdaryň adyndan awa alyp gidýän-de gara gaýyňyň özüdi. Gara gaýyňyň serdarlyk edere mümkinçiligi bardy. Ol garry köpek bilen ýaşan iki-üç ýylynyň içinde ondan köp zatlar öwrenipdi. Häzir ordanyň başyny bozman saklaýan hem gara gaýyňyň serdara mahsus bolan şol hereketleridi.
Şeýle-de bolsa biraz mahaldan Möngözlüjäniň serdar¬lygyna göwni ýetmeýän, onuň erteki gün hem mynasyp serkerde boljagyna ynanmaýan gyzylgurtlaryň iki sanysy topary taşlap gitdi. Möngözlüje olaryň gitme¬gine ähmiýet hem bermedi. Sebäbi oňa bu ýerde gara gaýyňdan, onuň jadyly zenan mährinden başga hiç zat gerek däldi. Onuň özüni-de bu ýerde saklaýan şol gara gaýyňyň yhlasydy. Ol yhlasy bolsa Möngözlüje her ädimde duýýardy. Onuň göwnüne gara gaýyň ony özün¬denem eý görýän ýalydy. Bu, hakykatdanam, şeýledi. Gijelerine Möngözlüje sährada onuň bilen çapyşyp, oýnaşyp gezerdi. Dünýäni unudardy. Ne ýaltanardy, ne-de ýadardy. Gijäniň içinde özüniň Gara gaýyň bilen ikiçäkligine başga dünýäde hiç bir zadyň ýoklugyna ynanardy. Bar-da bolsa bu pursatda başga hiç zat onuň gözüne ilmezdi. Sährany öňe alşyp, çapyşyp barýan wagtlary ol ýene biraz ylgawy güýçlendirseler, özleriniň aýaklaryny ýerden üzüp uçup gidiberjeklerine hem ynanýardy.
Möngözlüjäniň uçanda asmandan öz gören zatlaryny gara gaýyňa hem diýseň görkezesi gelýärdi. Asmanda bulut bar güni bolsa ol hyýalynda gara gaýyň bilen uçup, buludyň üstüne barardy. Şol ýerden olar iki bolup ýeri synlap oturardylar...
Şol günleriň birinde ordany duýdansyzlykda taşlap gürüm-jürüm bolanlaryň biri-de garry köpek boldy. Duý¬lup yzy yzarlanan mahalynda onuň daga tarap giden¬ligi belli boldy. Garry serdaryň ikinji derejeli serdar bolup ýaşamagy ýüregine sygdyryp bilmän gidenligi belli boldy.
Powestler