* * *
Süňňüne ýara düşensoň Möngözlüje üçin geçmesi kyn külpetli günler başlandy. Ýek ýigrendigi siňeklerdir gögeýin indi onuň ýarasynyň töweregini bazar edişip ugrapdylar. Olar her gün gün gyzyberende gelip, gün gijigiberende hem agzybirlik bilen bir ýerlere sumat bolardylar. Uçuşyp-gonuşyp, Möngözlüjäniň ýüregine düşerdiler, ýöne onuň bu ýürege düşgünçleri tutmak üçin agyrysyna döz gelip edýän synanyşyklary hemişe şowsuz gutarardy. Şonuň üçinem ol bialaç bu bolýan zatlara diş gysmaly bolýardy.
Käte bolsa: «Git, gelme ýakyna, hatladyp dişlärin» diýip, gögeýine öçli seredip, gözleri bilen ele düşäýse, oň bolmajagyny duýduryp, abaý-syýasat ederdi.
Gögeýin bolsa oňa: «Sen häzir meni dişlemersiň, sen, gowusy, ýat-da derdiňi çek, indi seniň bu dertden gutulaýaryňam gümana, çydajak bol, menem biraz ganyňa bulaşyp, ýaraňy depeläp, hezil edeýin» diýip, oňa içýakgynç jogap gaýtarardy.
Möngözlüje her gezek bulardan täzelikde tapan köne sürenine girip janyny gutarardy. Gijelerini bolsa ol agyrysyna çydaman, janagyryly çyňsap, ukusyz geçirerdi. Howa çygsyz bolan güni ol her gije daşaryk, süreniň öňüne süýrenip çykardy. Ol bi ýere gidip, taýyn aw gözläp, özüni naharlardy. Dolanyp gelensoň bolsa şemal deger ýerde ýatyp, ot-çöpleriň ysyna, gijäniň ümsümligine maýyl bolup, birsalym ýarasyny unudyp gözüniň awusyny alardy.
Ilki-ilkiler oňa kinaýa bilen sereden pyşdyldyr kirpi-de indi onuň bilen goňşularça hoşamaý sözleşýärdiler. Pyşdyl her duşanda säginip: «Çydajak bol, güjüjek, seniň ata-babaň mundanam erbet dertlere döz gelipdiler. Sabyr et. Sabyr bir gowy zatdyr. Ol seni bejerer» diýip göwünlik berýärdi.
Kirpi bolsa duşsa: «Uklajak bol, ukyny almasaň, iýip-içmeseň gutulmarsyň. Ana, hol uçudyň etegine barsaň, ahmallykda uçan gulan çagasynyň jesedi ýatyr» diýip bir täzelik aýdyp geçerdi.
Olaryň ikisi-de köpügören, öz berýän göwün¬likleriniň dertli üçin uly zatdygyny bilýärdiler.
Bir gezek töwerekde ygyp ýören bir möjegiň ýoly Möngözlüjäniň üstünden düşdi. Ol Möngözlüjäniň töwe¬reginden birki gezek aýlanansoň, onuň dertlidigini aňdy.
- Näme, garyňy ýassanyp ýatyrsyň, ýaralandyňmy?
- Ýaralandym.
- Kim ýaralady?
- Adamlar.
- Hä, şeý diýsene, şol-a tüýs bolaýypdyr. Ýene-de siz olara wepaly hyzmat ediň! Olar gerek wagty sizi nahar¬laýarlar, ulanýarlar, gerekmejek wagtyňyz bolsa hemişe sizi şu güne salýarlar. Hälem olar seni çukur gazyp gömmän¬dirler, şoňa şukür et. Olaryň käte güjüjeklerden geregini alyp, özgelerini şeýdäýmeleri-de bardyr...
- Möjek daýy...
- Ýegen, men saňa düşünýän, hiç zat diýme-de. Gorkma, men ol degene-de, degmedige-de degip ýören, siz itlerden azan, möjegiň adyna ysnat getirip ýören gyzyl gurt däl, men çyn möjek. Çyn möjegiň mert bolýanyny bilmeseňem ejeň-kakaňdan eşidensiň, olar bilýändirler.
Möjek şeý diýip, ahmyr ýelini boşadansoň ýene-de gidiberdi.
Möngözlüje suwa barýarka ýa-da şemallap ýatyrka, köne tanyşlarynyň käte birine, käte bolsa birbada iki-üçüsine gabat gelip, hal-ahwal soraşyp durýardy. Köp duşýanlarynyň biri-de serçedi, ol gelip çagalaryny töwerekde sykylygyna laýyklykda bökdürip-düşürip oýnadardy.
- Bökdük, uçduk, mündük-düşdük - diýip, jandan syzdyryp jedirdärdi.
Howada asyl-asyl bolup, çagalarynyň ertirki gününiň aladasyny edip, olary hakyky guşluga taýynlaýardy.
* * *
Gijöýlänler suw içme meýli bilen çykyp giden Möngöz¬lüje bu gije sürenine dolanyp gelmedi. Ýaraly aýagy di¬ýenini etmäni üçin, ol ýene-de ýolda galmaly boldy. Bu derde uçraly bäri beýle ýagdaý indi onuň bilen häli-şindi bolýan zatlaryň biridi. Öňem ol telim gezek ýaban ýatyp, ertiriň bir ýerlerinde dolanyp gelip görüpdi. Bu günem hut şeýle, şol ýolda şöwür çekilmeli günleriň birisi boldy. Onuň ýatan ýeriniň beýleräginde ösen bir porsy otuň ysy dem almasyny kynlaşdyryp, Möngözlüjäni birsalym ynjalykdan gaçyrdy. Şeýle-de bolsa, ol turup, bu ysdan daşlaşmagyň ýeňil düşmejegini ýatlap, gitmegi goýbolsun etdi. Ýogsam, onuň näler turup, ýol ýöräp, ýamandan arany açasy gelýärdi.
Möngözlüje daş-töwerek bilen raýlaşyp, ahyrsoňy uka gitdi. Şeýle-de ol ukynyň köp zatlary hasaba almaýan häsiýetiniň barlygyna belet bolansoň uklasa, bu ysyň özüne azar bermejegine-de ynandy.
Möngözlüje gijäniň bir wagty töwereginde dörän goha tisginip oýandy. Onuň bäş-on ädimliginde bir it bilen möjek darkaş gurşup, urşup durdular. Möjegiň gözleri gazap bilen ýanyp, dişleri şakyrdaýardy. Ol itiň hüjümini mertlik bilen yzyna gaýtaryp, onuň bilen deň sermenekleşip uruşýardy. Iki duşman ýakalaşyp, bogalaşyp, biri-biriniň gowşak taraplaryna aralaşyp, başagaý boluşýardylar.
Möngözlüje aýak astynda galmazlyk üçin turup, gapdaldaky kerte dykyldy. Arkasy kerte direlensoň, ol mundan artyk gaçybam bilmedi. Şeýle-de ol soňabaka bu söweşe gyzykdy. Özüniň kimdigini unudyp, bir hezil oýny gapdaldan synlaýan janköýere öwrüldi. Bu söweş ýene-de dowam etse-de ederdi welin, ýöne Möngözlüje şol arada duýdansyz özüniňem bu ýerde bardygyny mälim etdi oturyberdi.
- Haw, haw. Bu nä boluş?..
Bu ses möjege: «Ine, menem kömege geldim» diýlen, ite ýüzlenip aýdylan ses bolup eşidildi. Onuň ýeňsesinden ahmal galmazlyk üçin ses çykan taýa öwrülenem şoldy welin, läheň it ony güpürdedip, garysynyň aşagyna düýrläp aldy. Möjegiň şundan soň janhowluna edişdiren hereketleriniň hemmesi biderek boldy. It onuň bilen bellisini edip turansoň, gapdalda duran Möngözlüjä geňirgenme bilen seretdi.
- Senmi şol?
- Haýsy? - diýip, Möngözlüje näme diýjegini bilmän ýuwdundy.
- Şol üýren. Men kömege geldim diýen.
- Hawa, men...
- Berekella, onda saňa. Sen maňa uly kömek etdiň!
Möngözlüje näme kömek edenine göz ýetirip bilmän, mölerilip, kibtini gysdy.
- Sen üýreňsoň, möjek “Indi bular köpeldiler, meni tüýt-müýt ederler” diýip pikir etdi. Süňňi gowşady.
Bu duýdansyz öwgä Möngözlüje monça boldy. Sebäbi ol üýren çagy bu pikir bilen, beýle ýagdaý bolar diýip üýrmändi. Şonuň üçinem garaşylmadyk şatlyk ony ilki juda begendirdi. Daýaw it ýene biraz ýeňijilerçe - ýeňen möjeginiň maslygyna özüne göwnüýetijilik bilen seredip duransoň, gapdalyna öwrülip, Möngözlüjä minnetdarlyk bilen hoşamaýlyk etdi.
- Bolýar onda, güjüjek. Kömegiň üçinem sag bol. Bilip bolmaz, öz giňliginiň töwereginden öwrüm edip aýlanyp duran çöldür bi. Belki, menem bir öwrümde, kyn günüňde saňa kömek ederin!
Wah, daýaw it öz ýeňşine azrak buýsanyp, biraz ünsli bolan bolsady, onda ol-da Möngözlüjäniň ýaraly¬dygyny, halynyň teňligini görse-de görerdi. Şol köpegiň agzynda aş gatykladyp berermen bolan nesýe kömegi oňa soň bir gezekde däl-de, hut häziriň özünde gerekdi. Kömek soramaga bolsa, nämüçindir, Möngözlüje utandy. Türkmeniň bir özi däl, onuň item dürtmeseň duýmaýar ahyryn. Hana gitdi köpek ýagşyzadasyrap, hondan bärsi bolup.
* * *
Möngözlüje näçe islese-de goňşularyň niýetine görä ýarasy gutulyp ötägitmedi. Gaýta siňekleriň depeşek eden ýerlerinde gurtlar döreşip, müňňüldeşip ugradylar. Soňabaka bu müňňüldiler bilen agyry onuň halys ýüre¬gine düşdi. Ol hiç ýerde janyna jaý tapman kösendi. Sorkuldyly, azaply agyrydan gözüniň öňi garaňkyrap, başy aýlanmaga başlady.
Ahyry ol bir gün köpden bäri pikir edip, ýürek edip bilmän ýören zadyna göwün togalady.
Ol geologlaryň depäň üstünde guran wyşkasyny suwa geçende görüp, telim gezek synlap durupdy. Gijede ol töwerekde oduň başynda adamlaryň gaýmalaşýan¬laryny görse bolýardy.
Möngözlüje bulary şol özüni atan adamlardyr diýip çaklaýardy. Ol ýere barsa, olaryň ýene-de tüpeňi ele aljaklaryna ynanýardy. Ýöne ol indi ölümden birjigem gorkmaýardy. Sebäbi nähili ýol bilenem bolsa, ol bir ýol bilen bu agyryny syzmaz ýaly bolsa kaýyldy.
Ol bir gün ahyr ýüregini bire baglap, gije birkemsiz öz ornuny eýelänsoň, iň soňky güýjüni jemläp, sürenden çykdy. Ýöne onuň maýyp aýak bilen ýol öndürişiniň ugry bolmady. Ody görse-de, wagty bilen oňa ýetip, maksa¬dyna ýetip bilmedi.
Möngözlüje süýrenip, ot ýanan beýigiň etegine ýeten çagy eýýäm daň saz berip, töwerek ýagtylyp ugrapdy. Bu mahal oduň töwereginde gurlan çadyrlardaky adamlaryň hemmesi süýji ukuda ýatyrdylar.
Birsalymdan çadyrdan ilki bolup dolmuş garry aýal saçlaryny düzedişdirip çykdy, ol çepine öwrülip, alaňyň ýeňsesine öwrüm edip gelensoň, gapdalda basylyp goýlan ojardan alyp ot ýakmak bilen boldy. Ikinji bolup iň çetki çadyr¬dan bir daýanykly adam penjegini ýelbegeý alyp çykdy-da, birnäçe sekunt çadyryň agzynda, çykan ýerin¬de aýak çekip, çilim otlandy, soňundanam assa-ýuwaş ýöräp, alaňdan aşak indi. Ol göni Möngözlüjä tarap tüsseläp gelýärdi, özi-de golaýlaşdygyça oňa boý çekip, in ýazyp ulalýan ýaly bolup göründi.
Gorkudan Möngözlüjäniň süňňi saňňyldady, ol adamlara düşünse-de, adamlar welin aňsat olaryň dillerine düşün¬mezdiler.
- Oh-how, görýän welin, sen, dost, ýaralanypsyň öýdýän! - Ädikli adamyň sesi Möngözlüjä ýakymly eşidildi. Ol başyny göterende, saçyna çal sepen, agyz bilen burun aralygy agyn murt bolup duran ýüzi bere¬ketli, parahat nazarly adamy gördi.
Ädikli adam onuň ýarasyna seredip, ýene-de lak atdy.
Möjek bilen garpyşaýma ýeňil däldir görseň. Zeleli ýok, sen entek ýaş görünýäň, aryň köýesi ýok. Urulman urýan ýokdur. Sen bize kömek sorap geldiňmi, gowy edipsiň, ýöne öňräk gelmeli ekeniň. Ýarany birneme köneldipsiň, dost...
Möngözlüje ädikli adamyň sözüni tassyklap, ondan delalat isläp çyňsady. Şeýle-de ol özüni bu adamyň möjek bilen çaknyşan gahryman hasap edenine ekezlenip, monça boldy.
Möngözlüje it synçylygy bilen töweregine üýşüşen adamlaryň ýüz-gözlerini synlansoň, olardan özüne garaw bolmajagyna gözüni ýetirdi. Ol gaýta her synlan ýüzünde mähriň, özüne bolan nebsagyryjylygyň alamat¬laryny gördi.
Ilki olaryň ýanyna iki sany, ädikli adamdan ep-esli ýaş görünýän ýigit geldi. Olar ädikli adamyň kimdir biri bilen gürrüňleşýänini görüp, aňyrdan ýylgyrjaklaşyp geldiler.
- Ussa Jepbar, näme tapdyň? Tapan zadyňa bizem şärik!
- It tapdym, ýigitler! - Murtlaryny aýasy bilen sypalansoň ädikli adam sözüniň üstüni ýetirdi.
- Has dogrusy, ol bizden delalat gözläp, ýarasyny bejertmäge gelipdir.
- Akylly janawardygyny munuň.
- At bilen it nirede bolsalaram, hemişe bizi küýsär¬mişler.
Soňundan bolsa ol bu gelen iki ýigide: «Şärik bolja¬gyňyz çynyňyz bolsa, äkidiň çadyrlyga, dişläýmesin, süňňi yzalydyr, biriň agzyny tutuň, biriň bolsa elini aşagyndan geçirip, guzy göterilişini ediň!» diýdi.
Ýigitler ussa Jepbaryň diýşi ýaly göterip, Möngöz¬lüjäni goşa getirensoňlar, onuň töwereginiň märekesi has-da artdy. Olar ertir hemmelerden ir turan aýal jama salyp, nahar getirensoň, onuň töwereginden gitdiler. Şol gün Möngözlüje özüni tapana köpçüligiň ussa Jepbar diýýänini, bu ýüzi gasyn atyp ugran aýala bolsa Dusýa daýza diýilýänini özi üçin açyş etdi. Ol beýlekilerem tanasa tanardy welin, ýöne ony doktora görkezmegiň kül-külüne düşen ussa Jepbar bu ýerde uzak galdyr¬mady.
Möngözlüje özgeler bilen tanyşmagy soňa goýmaly boldy. Şol günüň ertesi asmandan ala pasyrdy bolup uçup gelen dikuçar ýere gonanyna mähetdel ussa Jepbar işini kömekçilerine ynanyp, Möngözlüjäni ýola taýynlama bilen boldy.
Oňa burnuny kertmez ýaly inli esgiden iki gatlap nogta ýasady. Dymyljap gurtlap ugran ýarasyna ýod döküp, ýag ysly esgi bilen synmaz ýaly edip ykjam saraşdyrdy.
Dikuçara münensoň Möngözlüje özüniň ala güpürdiň arasy bilen uçýandygyny duýup, gorkup ýuman gözlerini açdy. Şeýle-de bolsa ol gapdalynda ussa Jepbaryň bardygyny duýup durmak üçin onuň egnine has-da gys¬myljyrady. Diňe şundan soň ol öz gabadyndaky aýnadan ussa Jepbaryň seredip oturan tarapyna seretdi. Möngöz¬lüje ol ýerde şol gezek garaguş bilen uçanda gören bir-birleriniň töweregine öwrülişip duran ýaşyl donly baýyrlary, gözýetimden özüne tarap süýşüp akyp gelýän lemmer-lemmer çal bulutlary gördi.
Şundan soň ol özüniň uçýanyna-da, dag tarapa, enesidir uýasynyň bar ýerine barýanyna-da, olaryň özüni görüp şatlyk bilen bökjekleşjekdiklerine-de ynandy.
Ol ussa Jepbaryň özüni orta guýa, mal doktoryna görkezmäge alyp barýanyndan habarsyzdy. Uçýanyny bilmek Möngözlüjä diýseň hoş ýakdy. Ol bu güni, gör, näçeler arzuw edip gezipdi. Ine, ahyr ol günem geldi. Möngözlüje şuny, özüniň ýene-de bir gezejik uçup bilse bagtly boljagyny bilýärdi. Onuň şol bir sereden ýerinden wagty bilen gözüni aýrasy gelmedi...
II
Pendi baýyrlarynyň arkasyndan göterilen gyzyl Gün, şemalyň öňüne düşen şara meňzäp asmana göterilip barýar. Asmanda bolsa bölejik-bölejik bulut atyzjyklary ak meýdan bolşup ýüzüşip ýörler. Gün ol ak adajyklary synlap, olaryň özge bir zat däl-de, hut üsti üýşmek-üýşmek garly meýdan¬dygyna ynandy. Gar, gör, nähili oňatlyk. Onda-da tüp yssylar bolýan häzirki tomus günlerinde. Ol ýere ýetip tokgalap gar oýnamagyň keýpine düşen Gün şundan soň has-da höwesli ýöräp ugrady.
Gün ol ak bulutlary gar hasap etmese, edenem däldir. Ýöne ony bu pikirler bilen, çadyryň gapdalynda, synçy bolup oturan Möngözlüje pikirlendirdi. Möngözlüje şol gezek ussa Jepbar bilen dikuçarda uçup gidensoň, biraz şäherde bolup, ýarasy gutulansoň, ýene-de gaýdyp gelipdi. Indi ol şol günden bäri Pendi çölünde gözleg işlerini geçirip ýören geologlaryň arasynda ýaşaýardy.
Bu çadyrlardan ybarat obajygyň ýaşaýjylarynyň hemmesi geologlardan ybaratdy. Olar her gün ürç edip, ýörite gurallaryň kömegi bilen ýer burawlap, barlag işlerini alyp barýardylar. Möngözlüje çadyrlyga gaýdyp gelensoň telim günläp, töwereginde aýlanyp, geolog¬laryň hereketlerini synlady. Möngözlüjäniň adamlaryň näme edýänine göz ýetiresi gelýärdi. Häli-şindi ýere girip ol ýerden toprak alyp çykýan burawyň hereketi, guýa gaçan bedräni almak üçin sallanan syrygy ýatlad¬ýardy. Bir gyz bolsa burawyň her gezek aşak çümüp, soňundan ýokary göterilende çykarýan topragyndan barlag üçin alyp, olary aýratyn sellofan haltajyklara salyş¬dyryp bellik edişdirýärdi. Irginsiz gaýta¬lanýan şol birmeňzeş hereketler, soňabaka öz düşnüksizligi bilen Möngözlüjäni irizdi. Bu bolsa onuň geologlaryň pişesin¬den sowaşmagyna, ýene-de öňki it aladalary bilen gümra bolmagyna sebäp boldy. Az wagtyň içinde ol özüniň bu ýer¬däki wezipesini anyklady. Esasy işiniň çadyrlygy azyp-ýazyp gelýän çöl haýwanlaryndan, beýleki bela-beterlerden gora¬maly¬dygyna düşündi. Biraz tukadrak hem birsydyr¬gynrak iş diýmeseň, Möngözlüjäniň wezi¬pesi hiç neneň däldi. Ýöne şu töwerekde ýaşaýan şagallar welin, onuň bu ýerde peýda bolmagyny halamadylar. Olaryň wagtal-wagtal çadyrlyga golaý gelip, gapdala dökülen galyndy naharlary, ýeneki ol-bi zatlary iýip gi¬däý¬mek endikleri bardy. Möngözlüje gaýdyp gelensoň, şagallar indi bu ýerde özlerine hemişeki ýazylganlygyň bolmajagyna düşündiler. Şeýle-de bolsa, olaryň birbada agzy maza tapan ýerlerinden tamalaryny üzesleri gelmedi. Şagallar şol gowy günlerini ýene-de dolap getir-mek üçin, Möngözlüjeden dynmagyň ugruna çykdylar. Olar her gün töwerekde üýşüşip, Möngözlüjäniň peýda bolmagyna öz nägileliklerini mälim edişip, gohlaşyp, topalaň turzuşyp ugradylar. «It, ýok bol, git, ýok bol!» diýşip, ses goşuşyp gykylyklaşdylar. «Şeýtsek, Möngöz¬lüje gelen ýerine gider» diýşip tama etdiler.
Ýene bir gezek-de bolsa bir şagal ýakyn gelip, ony ýekme-ýek urşa çagyrdy.
- Çyk meýdana namysyň bolsa, syrtyňy adamlaryň ýorganyna sokup ýatma-da! - diýip, tarp urdy.
- Çyk, diýseň çykaýmaly bor-da! – diýip, Möngözlüje ol şagalyň çakylygyny höwes bilen kabul etdi. Sebäbi şagallar öz gohlary bilen indi onuň ýüregine düşüp, halys degnasyna degip ugrapdylar. Onda hem mümkinçilik bolsa, bulara bir göz görkezip, gaýdyp adyny tutmaz ýaly etmek pikiri döräpdi. Ony çakylyga gelen şagalyň yzyna düşüp ýapydan inen ýerinde, bukuda ýatan şagal¬lar güpbasdy etdiler. Möngözlüje ynanjaňlygy bilen ýene-de özüniň aldawa düşendigini bildi. Indi howluk¬man hereket edip çykalga tapmalydygyna düşündi. Şeýle ýagdaý bolanda aljyraman hereket etmegi oňa, tilkijikler bilen ýaşan döwründe ene tilki köp sakyrypdy.
Möngözlüje ilki gabat gelen şagaly basyp, gazap bilen onuň bokurdagyndan agyz saldy. Girä düşen biçäre janhowluna öz sesine meňzemeýän eýmenç ses bilen şeýle bir gygyrdy welin, beýleki şagallar duran-duran ýerle¬rinde bada-bat dyr-pytrak boldular. Olar guýruklaryny ýamyz¬laryna gysyşyp, çem gelen tarapa gaçyşyp gitdiler. Şol baryşlaryna-da:
- Sen, ýene gabat gelersiň!
- Biz seniň bilen haklaşarys! - diýşip, haýbat atyşyp gohlaşdylar.
- Ondakysyny onda görüberis - diýip, Möngözlüje öz bokurdagyny owan şagalyny arkaýyn ölmäge goýup, yzyna dolandy. Şagallar gahar ugruna: «Seniň bilen soň duşuşarys» diýişseler-de, gijeden-gije töwerekde üýşüşip: «It nejis, git, nejis!» diýşip, gohlaşsalar-da, soňun¬dan dolanyp onuň bilen garpyşmaga milt edip bilmediler.
Geologlar Möngözlüjäni mähriban itligi üçin, onuň düňle çölüň tukatlygyny özleri bilen bölüşýäni üçin eý görýärdiler. Hemmelere ýakymly bolşy ýaly, gowy görülýänini duýmak Möngözlüjä hem ýakymlydy. Hoş söz eşidende ol hem hemişe ýalmanyp, guýrugyny bulaýlap, öz haly bilen bolmazdy. Hawa, it bolmak bu ýerde hiç neneň däldi. Az wagtyň içinde Möngözlüje töweregindäki adamlaryň ýüz-gözünden tanamagy däl, olaryň häsiýetlerine hem belet boldy.
Bu ýeriň geologlary her on bäş günden beýleki bir topar bilen nobat çalşardylar. Bir topary gidip, onuň ýerine dem-dynç alan beýleki topar gelerdi. Bu ýagdaý ýyl dowa-mynda şeýle tertipde gaýtalanardy. Geologlaryň arasynda wagtal-wagtal Möngözlüje bilen oturyp iç döküş¬ýänler-de bardy. Kadyr diýlip ady tutulýan geolog bolsa oňa birnäçe gezek smena gutaransoň, özi bilen şähere gitmäni teklip edipdi. Ol:
- Gaplaň, sen gowy it. Meniň bilen şähere gidermiň? Seni görüp, meniň çagalarym begener. Olaryň siz itleri nähili gowy görýänini sen bir bilsediň. Seni ertsem, çaga¬lar, gör, nähili begenerler. Gujaklap ogşarlar. Aýalym Marinanyň seni biraz halamazlygy-da mümkin. «Bir öýe iki it gerek däl, getiren ýeriňe äkit, nirä üýrmeli bolsa özüm üýrüp bererin» diýer. Ýöne o-da, umuman, oňuş¬mazça keýwany däldir. Arkaýyn bol, arkaňda özüm bilen çagalar bolsa, ahyrda biziň diýenimiz bolar. Galany özüňe bagly, gören ýeriňde aýlanyp öýi hapalap ýörme¬seň bolany. Aýalym nahary-da örän tagamly bişirýär. Ol ýaşamak üçinem hiç neneň bike däl. Gadyr bilýän, özi-de men diýip, çagalar diýip hemişe tozup ýörendir.
Şeýle gürrüňler hemişe bir smenanyň ahyrlarynda, beýleki smenanyň bolsa başlanjak uçurlarynda bolardy. Kadyryň bu bolşy onuň öýüni, aýalyny, çagalaryny küýsäp ugranlygyndan habar berýärdi. Ýöne dikuçar her gezek smenany äkitmäge gelende welin, Kadyryň beren sözi ýadyna düşmezdi. Ol hem beýlekiler ýaly goşlaryny howlukmaç jemleşdirip, uçmak bilen bolardy.
Käte goşda diňe Dusýa daýza bilen ussa Jepbar galardy. Olaryň ikisiniň-de şäherde gün sanalyp gara¬şylýan ýeri ýokdy. Şonuň üçinem olar giden bilen gidip, gelen bilen geljegem bolmazdylar. Galyberse-de, ýanynda ýürekdeş ýoldaşyň bolsa çöl ýaşamazça ýer hem däldi. Baýramçylyklar gabat gelerdi ýa-da ýeneki bir sebäp tapylardy. Bir topar gitse-de beýleki toparyň gelmedik wagtlary bolardy. Şeýle günlerde ýanaşyk çadyrlarda ýaşaýan Dusýa daýza bilen ussa Jepbar goşulyşyp, bir çadyrda ýaşaýardylar.
Möngözlüje, onsuzam olaryň dürli çadyrlarda ýaşa¬salar-da bir-birlerine ýakyn adamdyklaryny bilýärdi. Dusýa daýza bu günlerde otur-tur bilen baglanyşykly işleri aýratyn bir yhlas bilen, ussa Jepbaryň göwnünden turmak islegi bilen edişdirerdi. Bir keçäniň üstünde oturyp, onuň bilen dyz degşirip çaý içerdi. Gümür-ýamyr edişerdi.
Möngözlüje gijeleriniň köpüsini olaryň bolýan çady¬rynyň töwereginde aýlanyp geçirerdi. Ýatyp, öz uçuşyny ýatlardy... Şonda ol ýene-de uçardy, özi-de öňküsinden has belende göterilerdi. Ýerden seredende, alys görün¬ýän ýyldyzlaryň golaýyna barardy.
Her gün Gün ýokary göteriliberensoň, Möngözlüjäniň çadyryň töwereginde oturyp mazasy bolmazdy. Kölegelerem çadyrlara tarap çekilişmek bilen bolardylar. Soňundan olar barha kiçelip, çadyryň içine ýygnanyp, şol ýerde tä öýläne çenli gizlenip oturardylar. Çölüň süňňünden howur göterilip ugraýardy. Gün meýdanda ýatan demirleri, daşda galan gap-gaçlary, çadyrlaryň depesini, ähli zady şeýle bir gyzdyrardy welin, onuň derdin¬den töweregiň howasy endiräp ugrardy. Şeýle pursatda Möngözlüjäniň hemişe ýadyna depesi gümme¬zekläp duran baýryň etegindäki salkyn süren düşerdi. Bu ýere ol geçen tomus, güne bolmaýan it kellesini nirede gizlejegini bilmän elewräp ýören günleriniň birinde tapypdy. Oňa höwrügipdi. Şondan bäri-de süren tomusda onuň gaçybatalgasydy.
Günüň özi bilen-hä oňuşmazça-da däldi, ýöne onuň gögeýindirin diýdi, sakyrtgadyryn diýdi, bir topar ýakymsyz nökerleri bardy. Olaryň bar ýerinde bolsa Möngözlüje hemişe özüni oňaýsyz duýardy. Bular onuň kejikmegine, öz-özüni dişleşdirmegine, janyna jaý tapman elewremegine sebäp bolýardy. Yssyda öwjügýän mör-möjekleriň köpüsi bu sürene gelmezdiler. Olaryň ýok ýerinde bolsa Möngözlüje özüni hemişe hiç neneň duýmazdy. Ilkiler ol Gün hakynda bulaşyk pikirler eden-de bolsa, soňra oňa kemsiz belet bolupdy. Şol günler ol Günüň şeýdip-şeýdip, soňundanam bu gün erte ýanyp gutarjagyna ynanýardy. Ol ýanyp tükense, şonda çölde beýle ýüregedüşgünç yssynyň bolmajakdygy hakynda pikir edýärdi.
Yssyda ol hemişe süňňüne ýaltalaç agyrlygyň aralaşýan¬lygyny, dünýä bilen höwesiniň azalýanlygyny, hiç bir zat bilen gyzyklanasynyň gelmeýändigini syzýardy. Bu ýagdaýlaryň sebäpkäriniň Gündügini-de bilýärdi. Geçen güýzde ol, Günüň howrunyň gaýdyş¬ýanyny, täsiriniň azalýanyny görüp: «Ä-hä, ana boldy, Gün ahyrsoňy ýanjagyny ýanyp gutardy, şü-ýä tüýs bolaýdy, mundan dyndym» diýip oýlanypdy. Sebäbi ol günler Möngözlüje dört paslyň her ýyl gezekli-gezegine gelýäninden, hersiniňem öz lybasy, öz häsiýeti bilen bolup gidýäninden habarsyzdy.
Möngözlüje bu gün ýene gelip özüni şol eý görýän ýerine - salkyn sürene atdy. Jany aram tapyp ymyz¬gandy. Oýanan wagty özgäniň ýakymly ysy ýene-de onuň burnuna urdy. Bu ys oňa indi daşarda, kölegeleriň uzap, salkyn arap, şemal öwsüp ugranlygyndan habar berdi.
Şundan soň ol çadyrlar obajygyna öwrülip barmaga wagtyň bolanlygyny ýatlap, turmak bilen boldy.
Möngözlüje wagty bilen öwrülip barmasa, ol ýerde özüniň ideljegini, «Itimiz niräk ýitirim boldukan?» diýiljegini bilýärdi. Adyny Ýolbars diýip, mahabat¬landyryp tutsa-da, ussa Jepbar henizem Möngözlüjäni sadaja güjüjek hökmünde görýärdi. Töwerekde ony görmese alada galardy. Özüniň eý görülýänini duýmak hemmeler üçin bolşy ýaly, Möngözlüje üçin hem ýakym¬lydy. Ýöne oňa seretmezden, Möngözlüje öz ýanyndan özüni ýetişen it hasaplap ýördi. Şonuň üçinem ol hemme¬leriň özüne güjüjek hökmünde däl-de, deňli-derejeli it hökmünde seretmeklerini isleýärdi.
Möngözlüje sürenden çykan ýerinde aýaklaryny öňe uzadyp gerindi. Soňundanam ukudan soňky bolýan gerinmäniň lezzetini duýup, birsalym şol ýerde pallap durdy. Ýöne ýeňseden golaýlap gelýän möjek ysy ony birden üýşendirdi. Gaňrylyp ys alan tarapyna sereden mahaly ol jülgäniň içi bilen bir topar möjegiň ikibir, üçbir, şatyrym-şallak bolşup ylgaşyp gelýänlerini gördi. Olaryň bolşy nämedir bir zatdan elheder alnyp gaçylan¬dan habar berýärdi. Bu töwerekde gyzylgurtlar adyny alan bir möjek ordasy bardy. Orda möjek bilen it gatna¬şyk¬laryndan emele geleni üçin, ony gyzylgurt diýip, adaty möjeklerden tapawutlandyrýardylar. Gyzyl¬gurtlar, hakykatdan-da, özleriniň ugurtapyjylyklary bilen, zalymlyklary bilen, ynsapsyzlyklary bilen adaty möjeklerden mese-mälim tapawutlanýardylar. Näçe urdumşalyk etseler-de, eden ýykgynçylyklary hemişe olara az görünýärdi. Bu häsiýetleri üçinem adamlar gyzylgurtlary adaty möjeklerden erbet ýigrenerdiler. Bu zatlar Möngözlüjäniň gyzylgurtlary görmezden öň olar hakda adamlardan eşiden zatlarydy.
Bular şol gyzylgurtlar ordasynyň möjekleridi. Orda çapawulçylykdan gaýdyp gelýärdi. Olar ýap-ýaňyja bir süriniň üstüne çozupdyrlar, göz açyp-ýumasy salym içinde goýun-geçileri basyp, kowup, tutup, bütin sürini paýhyn edipdiler. Çopan goşa tüpeňden ot sowrup ug¬ransoň bolsa assa gaçan namart edip, gaçmak bilen bolupdylar. Hezillik entegem dowam etse ederdi welin, ýöne olar tüpeň bilen oýun etmeli däldigini juda gowy bilýärdiler. Garry gyzylgurtlaryň oturan-turan ýerle¬rinde sargydy: «Tüpeňden daşrak boluň, başarsaňyz görünmäň, bu tilkijikleriňem iň gowy sapala-gydyr!» diýip, ýaşlara wagyz ederdiler.
Bosgunyň öňi bolup gelýän iki möjek Möngözlüjäni gyssagarada ýeňiljek dalap geçdi. Onuň yzy bilen gelýän¬lerem şol hereketi gaýtaladylar. Eýlesinden-beýlesinden gelnip dişlenýän Möngözlüje birbada näme etjegini bilmän, duran ýerinde ters öwrülip, tüweleýiň arasyna düşen peşmege döndi. Yzly-yzyna gelşip duran möjekler şundan soň ne oňa yza sürene çekilmäge maý berdiler, ne-de başyny alyp gaçmaga. Birsalymdan üç-dört möjegiň yzynda, maňlaýy gara ýol belgili it pisint möjek peýda boldy. Möngözlüjäniň duşuna gelende ol sägindi. Garry diýmeseň aňyrdan gelen gyzylgurt serkerdesiniň keşbinden onuň dogumlydygy, ugurtapyjy, paýhaslydygy duýulýardy. Ol Möngözlüjäni siňňin synlap, öz öňünde aljyraňňylyga düşen, şindi göwnünde möjeklere bolan ýigrenç döremedik ýaş itiň durandygyny anyklady.
- Sen nireden çykdyň?
- Sürenden - diýip, Möngözlüje ýeňsesini gözledi. It pisint möjek sürene seretdi, soňam töweregine howlukman gözüni aýlady.
- Bu sürende birwagt şularyň mamasy bilen menem ýaşapdym - diýip, gapdalynda gözlerini jel-jelledişip duran möjekleriň birini nazary bilen görkezdi. Soňun¬danam:
- Hiç neneň süren däldir - diýip ýatlady.
- Hawa, hiç neneň däl - diýip, Möngözlüje töwere¬gindäkileriň möjekdigini hem unudyp, onuň sözüni göwünjeň tassyklady.
- Ýaşlykda, güýç-gaýrat barka, erbetlik seniň töwe¬re¬¬giňde görünmez eken. Gujur-gaýratyň bar wagtynda sen hemmä gereksiň. Ýeňişlerem, ähli gowulyklar seniň töweregiňdedir. Şowsuzlyk senden gaçyp gün görse kaýyldyr. Bela-beterler özüňden galyp garraňsoň seniň töweregiňe üýşüşip ugraýarlar. Ana, onsoň, seniň edeniň tersine bolar durar...
Häzirki pursatda, garry köpegiň göräýmäge gerek bolmadyk bu gürrüňi etmeginiň öz sebäbi bardy. Ol şowsuz aw üçin häzir ordanyň özüni näletleýänini çak edip, ýolboýy müýnürgäp gelýärdi. Möngözlüjäniň peýda bolmagy, oňa diýesi gelýän zatlarynyň käbirini töweregi üçin aýtmaga mümkinçilik berdi. Garry köpegiň pikirin¬den bihabar Möngözlüje onuň sözlerini ulynyň ýaşlara berýän akyly hökmünde kabul etdi. Goja köpegiň öz ýaşlygyna gözüniň gidenini duýdy. Köpegiň soňky sözleri bolsa Möngözlüjäniň bilesigelijiligini has-da artdyrdy.
- Men seni tanaýan, ýaş köpek!
- Nireden?
- Hökümim ýöreýän ýerde meniň bilmeýän zadym bolmaz. Seni garaguş göterip galgadyp barýarka, biz aşakda saňa syn edip durduk.
- Men-ä sizi görmedim - diýip, Möngözlüje ýüzugra agzyna gelen sözi aýdyp goýberdi. Soňundanam ol ýeňleslik edip özünden ulynyň gürrüňini bölenine ökündi. Garry köpek başyny aşak salyp, esli wagt ýitiren pikirini aňyndan gözläp oýurganyp durdy.
- Garaguş göterse, soňundan hemişe iş erbetlik bilen gutarardy. Şol gezek welin... Hawa diňe şol gezek ähli zat başgaça boldy. Sen onuň awy däl, ol seniň awuň boldy...
- Dana serdar! - diýip, Möngözlüje köpegiň adyny howalandyryp, «dana» diýleni üçin ol minnetdar bolar diýen pikir bilen söze başlady.
- Goý, bu ýaramsaklygy saňa tilki eneň öwredendir! - Möngözlüje öz oýnunyň geçmedigini duýdy. Ýalmanyp ýöwselledi.
Garry köpek ýoluna ugransoň töweregindäkilerem şakyrdaşyp, onuň yzyna düşdüler.
Töwerekde gözlerini jel-jelledişip duran möjekler uruş meýillidiler. Ýöne serdar hiç zat diýmän gapdaldan geçensoň, olar hem Möngözlüjäni basa düşmäge milt edip bilmediler. Öwrüldiler-de, garry köpegiň yzyna düşüberdiler.
Jülge bilen gaçyp gelýän toparyň yzyny ýalmanyp duran, syratly gara ganjyk jemläp gelýärdi. Ol aňyrdan gele-gelmäne, Möngözlüjäni basa düşdi. Möngözlüje öz ynanjaňlygy bilen ýene-de ahmal galdy. Ol serdar hiç zat diýmän geçensoň, yzdan gelýänlerem şeýder, indi bulardan maňa zelel ýok diýip arkaýynlanypdy.
Gara it Möngözlüjäniň iň agyryly ýerini tapyp, şeýle bir dişledi welin ol görgüli, duran ýerinde ýöne zowla¬dyberdi.
- Agyrýar-a!
- Siz itlere geregem şol-da.
- Näme günäm bar meniň?
- Seniň günäň - itligiň. Mundan uly dünýäde ýene nähili günä, nähili erbetlik bolsun! Adamlara ýaram¬saklyk edip, hemişe şolaryň tarapynda.
- Olar gowy ahyryn...
Bu söz agzyndan sypansoň, onuň möjegi has-da wagşylaşdyrjagy soň ýadyna düşdi, ýöne ýene-de onuň pikir edişi ýaly bolmady. Gara it dişini aýryp, aýratyn bir yhlas garaşylmadyk mylaýymlyk bilen ony ysyrganyp ugrady.
- ...Gör, seniň ysyň nähili parym.
- Bolanda näme?
- Sen meniň jynsymy ýadyma saldyň.
- Ilk-ä, hatladyp dişleýär. Çyňsadyp alýar. Soňundanam mylaýymsyran bolýar. - Möngözlüjäniň sözi öýkeli çykdy. Ýöne onuň köpek ysyndan beýhuş bolan gara ganjyk bu sözleri hasaba almady, ysyrganyp lezzet almasyny dowam etdirdi.
- Ah sen, sadaja köpek. Ah... sen...
Gara it özgeleriň daşlaşýanlygy ýadyna düşüp serpilip, birden ýeňsä çekildi. Töweregini gözledi.
- Men gitmelidirin, maňa garaşýandyrlar. Ol ilki-üç ädim ätläp ýene-de yzyna öwrüldi. Şonda Möngözlüje onuň möjek gözleriniň mylaýym zenan nazary bilen mähirli-hyrydar bakyp bulduraýanyny gördi.
- Biz şu golaýda. Tap bizi! - diýip, gara ganjyk ýalmandy.
- Hä, ýene-de meni dalamakçymy?
- Öýkäňi äkit ýanyň bilen. Unudarsyň, ana, onsoň geläý. Seniň ejeň, kakaň ýöne it bolmandygy duýulýar. Bize goşulyp gezseň, sen has gaýratly, bagtly bolarsyň.
- Meniň möjek bolmak niýetim ýok. Itligim bar, şol besdir.
Gara gaýyn häzir bu gyssagarada Möngözlüjä gep düşündirip bilmejegine düşündi. Ol söhbetiniň dowa¬myny soň bir gezege goýup, öwrüldi gidiberdi.
Möngözlüje hem şundan soň silkinip, çaňyny kakyp, ganjaran ýerlerini ýalaşdyryp, geologlar obajygyna do¬landy.
Gözýetimde eşejigini dikgirdedip gelýän adam göründi. Möngözlüje gözi kaklyşandan ony tanady. Ol şu golaýda goýun bakýan Ýagmyr çopandy, Jepbar ussanyň tanşy. Aýak üstündenem bolsa ol häli-şindi bu ýere gümür-ýamyra gelip giderdi. Hol bir gezekki Dusýa daýza bilen bagly degişme gürrüňleri çyn hasap edensoň, ol bu ýere gelmesini has-da ýygjamladypdy. Onuň geologlara bolan yhlasy artypdy. Ol ýaňydan bäri her gezek goýun soýanda gadyr edip bir satan, ýarym satan et hem getirmäni çykarypdy. Ýagmyr çopan ýekelikden zeýrenende Jepbar ussa oňa Dusýa daýza ýaly birine öýlenmegi maslahat beripdi. O-da: «Şular ýaly etlije-ganlyja biri bolsa men öýlenjek-le» diýip, Dusýa daýza hyrydar bolupdy.
Munuň ýaly hezil edere amatly zat tapsa göhi gelýän, pursady elden bermeýän Jepbar ussa: «Şundan sorap göreýin, durmuşa çykjak däl-ä diýýä, şu bir başy boş heleý» diýip, Dusýa daýzany görkezip, çopan görgüliniň ýüregini gul-gula salypdy. Bir amaty gelende onuň bilen gepleşip bermegi söz beripdi. Oýna düşünmedik bende şol gezek diýseň hoş bolup, aýagy ýeňläp, hyýal guşuny uçuryp gidipdi.
Geologlaryň arasynda Ýagmyr çopanyň lakamy Tahyr begdi. Onuň gelýänini gördükleri olar: «Tahyr beg-ä Zöhresini gözläp ata çykypdyr» diýşip, ony aşyk-magşuklara meňzedip gülşerdiler. Bu gezegem ony gören geologlaryň ýüzünde ýylgyrma alamatlary peýda boldy.
Dusýa daýza bu mahal gazan ataryp, çanak-çemçeleri töweregine jemläp, günortanlyk taýynlap durdy.
Ýagmyr çopan golaý gelen wagty Möngözlüje guýrugyny bulaýlap onuň öňünden çykdy. Çopan güler ýüz bilen garşylany üçin ondan minnetdar boldy.
- Gaplaň, berekella! Tanadyňmy, zaluwat. Sen gowy it, Gaplaň, ýöne arman, şi, gulak-guýrugyň bar-da...
Eşeginden düşüp, gaňňadaky horjuny eline alansoň ol gowadaň ýöräp, Dusýa daýzanyň ýanyna ýöneldi.
- Dusýa gelin, amanlykmy!
- Şükürdir.
- Al, şujagazy...
Soň ol elindäki horjuny mazamlap oňa uzatdy. Möngözlüje ol ýerden täzeje etiň ysyny aldy.
- Hany biziň dost görnenok-la? - diýip, ol soň başga-da bir diýäýmäge söz tapman töweregine gözledi.
- Dostuňam bardyr. Işlemese-de işleýänleriň töwe¬reginde garaýaga bulaşyp ýörendir.
Jepbar ussa geologlaryň beýleräginde ertirden bäri sürüji ýigit bilen bir kem tapynan maşynyň motorynyň daşynda köwejekleýärdi. Ol Ýagmyr çopanyň gelip eşekden düşenini görensoň, ýylgyryp sürüji ýigide birzatlar diýdi-de, elini esgä süpürip, goşa tarap gaýtdy.
- Biziň dost gelen ýaly-la!
- Hä, aý bir halyndan habar alaýaýyn diýdim.
- Gowy edipsiň. Dusýa bilenem düýn soňky günler Ýagmyr görnenok, oba dagy gitdimikä diýip, ýatlaşyp otyrdyk.
Görşüp salamlaşansoň Jepbar ussa ony depesine çadyr gerlen nahar stoluň başyna alyp bardy. Dusýa daýza derrew iki sany käse bilen bir çäýnek çaý getirdi. «Çaý içiň, naharam, ine, bolup barýar» diýdi. Bu sözleri Dusýa daýza özüne seredip aýdany üçin, Ýagmyr çopan eselip monça boldy. Çaý başynda gürrüňi dowam etdirip, ol ýene-de çyny bilen ýekelikden zeýrendi.
- Bäş gelniň, bäş ogluň bolsa-da, dost, bir heleýçe boljak däl eken. O pakyr bar wagty oba gidesim geler durardy - diýip, aýalyny ýatlady.
- Aý, näme-de bolsa oba-da aýlanmaly.
- Çagalary görüp gaýdýaň. Ýöne, dost, sen şuň bir bellisini bilseň!
Ol hyrydarlyk bilen, nahar bulap duran Dusýa daýza tarap göz gytagyny aýlap goýberdi.
- Menem-ä ugrunda öz-ä - diýip, Jepbar ussa burnuna salyp ynamsyz myňyrdady.
- Hä, dost, özüň-ä, ýöne soňy gelenok. Şuň ýaljak birini tapsam, men goýny zyňyp obada, ýakynynda-da boluberjek.
- Ýa, senem-ä, dost, ol näme iş tapman şu ýere gelendir öýdýäňmi. Ol bu ýerde çölüň howasy diýip gezýär. Seniň obaňy başyna ýapsynmy?
- Onda näme çopan-çoluk bolşup, bu ýerde bileje bolubermeli bor-da.
- Ine, munyň başga gürrüň. Şeýdip döwletli gürrüň tapaweri.
- Şeýderis ony. Bile bolsak, nirede bolsagam men razy. Wah, bir karara geläýedi-dä.
- Geler, howlukma. «Sabyrly gul dura-bara şat bolar» diýipdirler.
Möngözlüje iki dost gürrüňleşýän mahaly, köplenç, nahar stolunyň aşagynda ýatardy. Her gezegem ol Jepbar ussa bilen Ýagmyr çopanyň arasynda bolýan şuňa meňzeş Dusýa daýza bilen baglanyşykly gürrüňleri eşiderdi.
- Sered-ä oňa, seni görse öz haly bilen bolanok-how ol, saçyny düzedip, başyndaky ýaglygyny çözüp daňyberýär.
- Ýak, Jepbar, senem-ä, oýun etmesene, dost - diýip, Ýagmyr çopan, biraz oýnalýanyny çak etse-de, hoş bolup jykyrdap gülýär. Göz astyndan bolsa Dusýa daýza seredýär.
Ony törüne geçirse, bagtly günleriň başlanjagyny ýatlap, göwün ýüwürdýär.
Geologlar birlän-ikilän nahar stolunyň başyna gelşip ugransoňlar, Ýagmyr çopan aladasyny bahanalap turmak bilen boldy. Dusýa daýza onuň pekarnýada bişen çöregi halaýanyny ýatlap, düýnki getirilen çörekden iki sanysyny onuň horjunyna salyp uzatdy. Ýagmyr çopan gidende Dusýa daýzanyň özüni ýakymly zenan nazary bilen ugradanyna hoş bolup gitdi.
Tomus günlerinde garaňkyň gatlyşmagy, gijäniň gelip töweregi eýelemegi çöle serginligiň aralaşmagydy. Her gün giçden soň aşyrym-aşyrym depeleriň üstünden aşyp gelýän agşam şemaly öwsüp ugraýardy. Töwerekde ot-çöpleriň süňňünden göterilen ýakymly ys peýda bolýardy. Kükregiňi dolduryp arkaýyn dem almaga mümkinçilik döredýärdi. Bu gije hem şeýle gijeleriň birisidi. Her gün garaňky gatly¬şansoň, gijäniň sergin¬liginden peýdalanyp bir meýdan işleýän geologlar hem bu günlükçe işlerini boldum edişip, gaýdyp gelipdiler. Çöle birsydyrgyn ümsümlik aralaşypdy. Iş gutarýança ala-goh bolup işlän, töweregi çyra bolup ýagtyl¬dan dwi¬jok häzir bir gapdalda çommalyp ite çalym edip otyrdy. Töweregiň dünýäsine rahatlyk aralaşsa-da, kalby ünjüli Möngözlüje bu gün rahatlanyp bilmedi. Ol gorsawyň üstünde gezmeleýän ýaly zowzuldap, bir çadyrlyga abanyp duran depäniň üstüne göterilse, ýene birde şagallaryň ogryn-dogryn gelip gidýän, ol-bi galyndy atylýan ýerde peýda boldy. Kellesini howada gezdirip ysyrgandy. Howada tanyş ys bardy. Ony şemal bir ýerlerden öňüne salyp bu ýere getiripdi. Ol ys şol gara ganjygyň, Möngözlüjäniň ýadynda galan ýakymly ysydy. Möngözlüje töwerege aýlanyp ýörşüne hyýalynda onuň bilen duşuşyp, ýene-de telim gezek ysgaşdy.
...Her gezekde-de ol şol gezekdäki ýaly öwrülip ýoluna ugran wagty Möngözlüjäni täsirli synlady. Bu garaýyş Möngözlüjäniň ýüregini gopdurdy. Gara ganjygyň mähir bilen aýdan sözleri gulagynda ýaňlandy:
«Bizi gözle. Taparsyň. Biz şu töwerekde bardyrys»...
Gara ganjygy görmek höwesi soňabaka Möngöz¬lüjäniň has-da ýüregine düşdi.
Beýle ýagdaý onuň durmuşynda hiç mahal bolan zat däldi. Şonuň üçinem ol birbada tebigatyň özi bilen nähili oýun oýnaýanyna düşünip bilmedi. Birsalymdan bolsa ol höwesiniň öňüne düşenini-de, onuň özüni bir ýerlere alyp barýanyny hem duýmady. Diňe birsalym ýöränsoň yzda özüne ynanylan goşuň galany ýadyna düşdi. Möngözlüje çadyrly obajygy görmek üçin aýak çekip ýeňsesine seretdi. Çadyrlyk ýokdy. Ol iki-üç alaň arkada, gijäniň içinde galypdy. Goşy taşlap gitmegiň gelşikli däldigini onuň it duýgusy ýatlatsa-da, bu gezek Möngöz¬lüje beýtmezligi özünden talap edip bilmedi. Gara ganjy¬ga ilki «Seni başyma ýapaýynmy?» diýse-de, häzir ony hatda göz gytagy bilen bolsa-da göresi gelip, ýüregi özelenýärdi.
Bu höwesi Möngözlüjäni gijäniň içi bilen ýene-de aňyrlygyna äkitdi.
- Eý, ykmanda, bu senmäý? - Möngözlüjäni gapdal¬dan eşidilen gyryljyk ses saklady. Bu hüwüdi. Ol ýylgynyň üstünde, ýaýjykly stolda oturan ýaly hallan atyp otyrdy.
- Hä-ä, bu senmi petre-ýaňra! - Möngözlüje ony tanap aýak çekdi.
- Ýol bolsun, ýüzi garaňka tutupsyň ýa-da şol şagal¬laryň diýýäni ugrunda barmy?
- Aýt hany, şagallar näme gybat edýäler? - diýip, Möngözlüje özi hakynda edilýän gybat-gürrüňler bilen gyzyklandy.
- Aý, özüňem eşidensiň-le, gürrüň öňräkden bäri bar. Gara gaýyňyň saňa syny oturanmyş. Indi ol oturan-turan ýerinde seni ýatlaýarmyş. «Şoň ýaly ýoldaşyň bolaýsa» diýýämiş.
- Bu näme boldugy?
- Bu häzir seni gijäniň içinde çölde öňüne salyp kowalap ýören güýç-dä.
- Bilemok ol güýjüň nähili güýçlügin-ä welin, ýöne maňa bir zad-a bolýar, petre han - diýip, ugrap barşyna Möngözlüje ilkinji gezek özi bilen bir zatlaryň bolýanyny boýun aldy. Birazdan howada ýiti çör ysy bilen ýüňüň ajymtyk-dymyljyk ysy peýda boldy. Möngözlüje aýak çekip, ysyň habaryny aldy. Özi görünmese-de, garşydan bir bölek goýnuň ýetip gelýäni belli boldy. Birsalymdan gözýetimde süriniň özi-de peýda boldy. Ol keseribräk ýanyn duran baýryň ýüzi bilen çabrap gelýärdi. Süri häzir häli-şindi ýaz günleri dag eteklerinde peýda bolýan ümür toplumyna meňzeýärdi.
Möngözlüje sürini synlap, ony ümre meňzedensoň, ýene birazdan ol ümrüň baýryň depesine göterilip, ondanam aňyrlygyna - togalanyp asmana galyp barşyny göz öňüne getirdi. Onuň ümre gözi gitdi. Şol uçan gününden bäri Möngözlüjäniň uçup bilýänleriň hemme¬sine gözi gidýärdi. Ol hyýalynda sürini uçuryp, birsalym onuň yzyndan gözügidijilik bilen seredip durdy.
Diňe birsalymdan golaýlap gelýän iki köpegiň ysy Möngözlüjäni özüne getirdi. Ol bulara duşmaly däldi¬gine, eger duşsa, özüniň bet niýet bilen sürä aralaşmakçy bolýan garakçy hökmünde dalanjagyna gözi ýetdi. Tilki enesiniň akyly şeýle pursatlarda häli-şindi onuň gulagyn¬da eşidilerdi. Ol: «It görmesinem, üýrmesinem» diýip, wagyz ederdi. Möngözlüje süriniň gapdalyndan sowlup geçmek üçin duran ýerinden aşak indi.
Gyzylgurtlar ordasy aşagy uçut kert, ýokarsy ýazgyn depäniň üstünde şöwür çekişip ýatan ekenler. Möngöz¬lüje beýleräkde silkme telpege meňzäp oturan ketgeniň ýeňsesinde ornaşdy. Bu ýerden depäniň üsti elin aýasynda ýaly görünýärdi. Möngözlüjä geregi-de şoldy. Ol depäniň üstüni birlaý gözden geçirensoň, nazaryny gara gaýyňda saklady. Gara gaýyň çommalyp oturyşyna bir zadyň pikirine berlip, ordanyň üstaşyry uzaklara seredip otyrdy. Onuň gapdalynda garry köpek kiçiräk depe bolup güberçekläp ýatyrdy. Garry köpegiň bu bolup ýatyşy onuň garrylyga halys eňkini aldyranlygynyň alamatydy. Ýogsam, häzir möjek kanunyna görä, hüşgärligi gara gaýyň däl-de, onuň özi çekmelidi. Aňyrdan - ata-babadan gelýän däp şeýledi. Möngözlüje gara gaýyňyň boý-syraty bilen, öz göwün galybyny dolduryp synlap ugransoň, diňe bir özüniň niredeligini däl, asmandyr ýeriň hem barlygyny, ýyldyzlaryň ýokar¬dan özüni synlaýanyny, gaýdan ýeriniň alysda galanyny, hemme zady unutdy. Ol synlap-synlap gara gaýyňyň bu çölde ýeke-täk itdigine, ondan syratly, ondan ýakymly ysy bolan itiň ýoklugyna ynandy. Höwesi ony telim gezek «ýör» diýip, gara gaýyňyň ýanyna çagyrdy.
- Gideli, onuň ýanynda bolsaň, sen bagtly bolarsyň. Süriň guwanjy bolarsyň!
- Gerek däl, hiç bir halatda kelläni ýitirmeli däldir - diýip, başga bir pikir häli-şindi akyl berip, onuň tana¬pyndan çekdi. Howada bolsa şol aňyny alyp barýan ýakymly ys bardy. Möngözlüje aňynda gara gaýyň bilen duşuşyp, şol bir belendiň üstünde onuň bilen bagtly bolup oturdy. Ol çadyrlygy ýatlap yzyna öwrülen wagty daň saz berip ugrapdy. Gara gaýyňy daşdanam bolsa göreni üçin, Möngözlüjäniň ýüregine biraz arkaýynlyk aralaşypdy. Täsin, şeýle-de düşnüksiz bir derde uçranyny Möngözlüjäniň özi hem syzdy.
* * *
- Ýolbars!
- Ýolbars!
Erkek adamyň ýognas sesiniň yzysüre ýakymly aýal sesi Möngözlüjäniň adyny tutdy. Möngözlüje bu mahal iki çadyr aralygyndaky boşlukda töweregini diňşirgenip, öňe uzadan aýaklaryny ýassyk edinip ýatyrdy.
Nahar stolunyň töwereginde şowhun başlanypdy. Ol ýerde Dusýa daýzanyň tagamly bişiren naharyndan soň dem-dynç alýan geologlar gyzygyşyp domino oýnaýardylar. Domino bu ýerde iň ýörgünli oýundy. Ony geologlar her dynç alyşda höwes bilen, uly gyzyklanma bilen oýnardylar. Möngözlüje-de wagtal-wagtal baryp olary gapdaldan synlap, durup-durup gaýdardy. Ýöne adamlaryň ellerindäki domino kerpiçjiklerine seredip, nämüçin olary yzly-yzyna patda-patda stola goýuşlaryna düşünip bilmezdi. Jepbar ussa hem gyzygyp, bu oýny höwes bilen oýnardy.
Möngözlüje başyny göteren wagty sary saçly Lena bilen Ýusubyň bäş-alty ädimlikde özüne seredişip duranlaryny gördi. Ýusubyň elinde gitarasy bardy, ol penjegini egnine ýelbegeý alypdyr. Lena bolsa bili bogdakly özüne gelişýän gögüş köýnegini geýipdir.
- Ýör, senem biziň bilen. Gezelenç ederis!
Möngözlüje gezelenje barylýanyna düşündi-de, höwes bilen turup öňe düşdi.
Ýusup bilen Lena hem bu ýerde domino oýny bilen gyzyklanmaýan az sanly topara degişlidiler. Olar domino oýnanlaryndan töwerekde aýlanyp gezenlerini, çeträge çykyp gürleşip oturanlaryny kem görmeýärdiler. Şeýle-de olar gezelenje gidenlerinde Möngözlüjäniň hem hemişe öz ýanlarynda bolmagyny isleýärdiler. Her gezek tirkeşip ugramakçy bolanlarynda ony ýatlap töwerekden gözle¬ýärdiler.
Özüniň uzyn aýaklary bilen her ýerden bir basyp barýan Möngözlüje birsalymdan tanyş pişigiň yzyndan ýetdi. Bu pişik hem geologlaryň töwereginde ýaşaýan jandarlaryň biridi. Möngözlüje ondan habarlydy. Uzak¬danam bolsa, birküç ýola ony görüpdi. Has ýakyndan tanyşmaga-da mümkinçilik bolupdy, ýöne her gezek tanşaýmaly bolanda pişik ýeňsä çekilip ondan gaçypdy.
Birki günlükde Möngözlüje gyzylgurtlaryň ýanyn¬dan gelende özi bilen töwerege howsala getiripdi. Onuň gara gaýyňyň yşgyna ymykly düşeni belli bolupdy. Bu gowulygyň alamaty däldi. Söýgi däliligiň bir görnüşidi. Ol kime ýoluksa, şonuň häsiýetini mese-mälim üýtged¬ýärdi. Bu bolsa ýerde gezýäniňi köplenç unudyp, aýaklarynyň käte bir ýere galtaşýanyny duýup, asmanda gezýäniňe ynanmak diýmekdi.
Pişik «Çagalarymyň biri ýene-de bu başyny ýitire¬niň eline düşäýmäwersin» diýen gorky bilen ýurt salyp göçüp ýördi. Häzir onuň agzynda ýaňyrak dünýä inen çagajygy bardy. Ol çagalary bilen bir bolmasy işiň bolaýmagyndan howatyr edipdi. Eger şu howp bolmadyk bolanlygynda, geologlaryň töweregi ýaşamak üçin hiç neneň däldi. Ýuwundy dökülýän ýere gelseň, hemişe garyn talaby uly bolmadyk pişikler üçin garbanmaga bir zat tapylardy. Möngözlüje-de ony onda-munda görse kowalap ýörmeýärdi. Sebäbi heniz uçmanka «Itde-pişiklik kadasy» hakda ol ejesinden hiç zat eşitmändi. Şonuň üçinem ol pişiklere ata-baba duşmany hökmünde däl-de, adaty goňşularyň birisi hökmünde serederdi.
- Goňşy, nirä ugradyň?
Pişik ogurlykda tutulan ýaly, ýeňseden gelen duý¬dan¬syz sesi eşidip ziňk etdi. «Bu meniň çagamy almak üçin yzymdan gelýändir» diýip pikir etdi. Pişik ag¬zyndaky näzijek sesi bilen wagtal-wagtal mawlaýan çagasy¬ny ýerde goýdy-da, ony öň aýaklarynyň arasynda saklady. Özüniň güýçsüz¬ligini unudyp, çagasyny gora¬mak üçin gazaplanyp, Möngözlüje bilen garpyşmaga häzirlendi.
- Ts-s... näme, meni dalajak bolýarmyň?
- Aý, ýok.
- Onda näme, yzymy çalyp gelýäň?
- Aý, goýa, men-ä seniň yzyňam çalamok. Şular bilen gezelenç etmäge barýan. - Möngözlüje yzyna seretdi. Pişik hol yzdan degşip-gülşüp gelýän Ýusup bilen Lenany görensoň, Möngözlüjäniň öz yzyndan gel¬meýänine ynanyp, biraz arkaýynlandy.
- Şeýlemidi ýa? Onda, ýol bolsun!
Pişik şundan soň öň aýaklarynyň arasynda gapjap duran çagasyny agzyna dişläp, ýene-de öz ýoluna gitdi. Onuň bilen pişik ysy hem Möngözlüjeden daşlaşdy.
Lena bilen Ýusup gelip goýunguýruk bolup oturan depäniň üstünde aýak çekdiler. Depäniň üsti küpürsäp ýatan çägelikdi, arassady. Her gezek olar gelip depä göterilende gözýetimiň örüsi giňäp, töwerek özboluşly surata meňzärdi. Ýusup bilen Lenanyň häli-şindi gelip höwrügen ýeridi. Käte olar uzak gijäni-de şu depäniň üs¬tün¬de geçirerdiler. Olar gelensoň, töwerek ýene gowu¬lyga öwrüldi. Lena egin deňläp, Ýusubyň gapdalynda oturdy. Ýusup gitarasyny eline alyp, pessaý çalyp baş¬lady. Soňundanam olar ýene-de özleriniň ürç edip aýdýan deňiz hakdaky aýdymlaryny aýtdylar. Olaryň aýdymy şeýle bir ýakymlydy welin, Möngözlüjäniň özüniň hem üçünji ses bolup gapdaldan olara goşulasy gelýärdi. Şeýtse, ol aýdymyň has-da ýakymly boljagyna ynanardy. Şeýle pursatda hemişe Ýusup bilen Lena onuň gözi gidýärdi.
Deňiz ýüzmek üçin jadyly gujak,
Islän bilen paýlaşýar ol hyjuwyn.
Ony görseň aşyk bolasyň gelýär,
Ýene köp gowlugy küýseýär göwün.
Tolkunlar owsunşyp asmana galýar,
Deňiz agyn tolkun, kän olaň sany.
Çarlaklaram tolkun bolsalar gerek,
Tolkunyňam juda uçmak isläni.
Olar bu aýdymy asmana seredişip, äpet uly deňzi göz öňüne getirişip, şol ýerde bir gaýykda özleriniň ikiçäk ýüzüp ýörenlerine ynanyşyp aýdýardylar. Mön¬gözlüje hem bu aýdymy diňlese hemişe özüniň asmana göterilip, bulutlaryň arasy bilen uçup barýanyna yna¬nardy. Şonuň üçinem ol hemişe Ýusup bilen Lenanyň öz adyny tutup: «Ýör, senem biziň bilen!» diýerine gara¬şardy. Bu günem olar gijäň birwagtyna çenli şol depäniň üstünde şöwür çekişip oturdylar.
Powestler