09:20 Solan söýginiñ ahwaly | |
SOLAN SÖÝGINIÑ AHWALY
Edebiýaty öwreniş
Şahyr Annasoltan Kekilowanyñ goşgulary okyjylar tarapyndan söýlüp okalýar. Hususan-da onuñ "Ömrüzaýa ýyldyzym" atly soñky ýygyndysyna girizilen goşgulary okyjylary biparh goýmasa gerek. Şahyryñ her bir goşgusy içgin öwrenilmäge we düýpli analizlenmäge diýseñ mynasyp. Sebäbi onuñ goşgy döredende çeperçilik serişdelerinden ussatlyk bilen peýdalanyp bilşi awtorlar üçin nusga alarlyk diýip hasaplamak bolar. Biz A.Kekilowanyñ "Näme üçin?" goşgusy hakdaky söhbete okyjylaryñ ünsüni çekmek isleýäris. Bu goşgy awtoryñ şygyrlarynyñ naýbaşylarynyñ biri diýsek ýalñyş bolmasa gerek. Şahyryñ bu goşgusynda bir gyzyñ ykbaly hakynda gürrüñ edilip, onuñ gam-gussasynyñ näme üçündigine jogap agtarylýar. Ol kimden nägile? Alyp bukjasyn, Ýazdy epinlerin toý köýneginiñ. Başyn aşak salyp gamlandy birden, Diýdi, "Sen nirede, ýaşlygym meniñ?!" A.Kekilowanyñ aglaba goşgularynda hut birinji setirinden başlap, okyjy, dramatiki ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolýar. "Ol kimden nägile?" diýmek bilen şahyr ilkinji setirlerde özüne häsiýetli bolan şygyrlary dartgynlaşdyrmak usulyny peýdalanýar. Liriki gahrymanyn düşen ahwaly bada-bat üns merkezine geçýär. Özi hem şu dartgynlylygy şahyr ilkinji setirlerden başlap, goşgynyñ ahyrky setirlerine çenli alyp gitmegi başarýar. A.Kekilowa başky setirlerde pikirini gutarman, sözleri baglanyşdyryp, şol wagtyñ özünde içki sazlaşygy ýoýman indiki setire geçip gidýär. Bu ýerde-de "Alyp bukjasyn" sözleri "Ýazdy epinlerin toý köýneginiñ" sözleri bilen özara baglanyşyp gutarnykly many berýär. Durmuşa çykmazdan ozal gyzlaryñ öz bukjalaryny taýýarlaýandygy okyjylara mälimdir. Başyny aşak salyp, gamlanyp, "Sen nirede, ýaşlygym meniñ?!" diýip, sowal berýän gyzyñ arzuw-hyýallarynyñ paşmandygyna birinji bentde belli bir derejede göz ýetirse bolýar. Bu şeýle bolupdy: ýetişipdi ol, Ýatlady gyz juwanlygnyñ geljegin. Akyl goýalmandy, şonda-da päkdi. Kim bilýär geljegiñ näme boljagyn? Ikinji bentde şahyr liriki yzaçekilmeden peýdalanýar. "Bu şeýle bolupdy" diýmek bilen liriki gahrymanyń ykbaly hakda gürrüñ bermäge başlaýar. Ýöne bu bentde okyjy heniz ol gyz hakynda, onuñ ykbaly barada hiç zat bilenok. Diýmek, göräýmäge gyz hakda käbir zatlar gürrüñ berilse-de, onuñ heniz ýaş gyzdygy, aklynyñ goýalmandygy, päkligi barada aýdylyp; "Kim bilýär geljegiñ näme boljagyn?" diýip, geljegi hakda bir zatlar habar bermekden syrlylyk bilen saklanýar. Bu setir arkaly başky bentden gözbaşyny alyp gaýdýan dartgynlylyk güýçlendirilýär. Bir setirde iki sözlem düzmek A.Kekilowanyñ şahyrana edähetleriniñ biri. Ol bu ýerde-de "Akyl goýalmandy. Şonda-da päkdi" diýip, şol häsiýetine wepaly bolýar. Ol beýleki goşgularynyñ hem aglabasynda şeýle setirleri getirýär. "Bu şeýle bolupdy: ýetişipdi ol" diýen başky setirler hem şeýle özboluşlylygy görkezýär. Biz bu ýagdaýa şu goşgynyñ dowamynda-da duş geleris. Sözleriñ, sözlemleriñ şeýle gurluşy bu şygryñ bentleriniñ setirleriniñ içki kompozisiýasydyr. Solupdy ýürekde güllän söýgüsi, Rehimsizlik bilen taşlanypdy ol. Kalbyndaky söýgi zäherlense-de, Duýgular diýdiler gyza: "Belent bol" Bu bentde esasy bolup geçen zatlar gutarnykly gürrüñ berilýär. Goşgynyñ birinji setirinde "Güllän söýgüñ solandygy" obrazly aýdylýar we "rehimsizlik bilen taşlanmak" güllän söýgä-de, liriki gahrymanyñ özüne-de degişli bolup durýar. Üçünji setirde "söýginiñ zäherlenendigi" hakda gahar gatyşykda emosioal beýan edilýär. A.Kekilowada diñe ýeke gahryman gatnaşýan halatynda-da goşguda özara söhbetden peýdalanmak häsiýeti bar. Biz ýokarda gyzyñ öz ýaşlygyna ýüzlenişine seredip geçdik. "Diýdi: "Sen nirede ýaşlygym meniñ?" Bu ýerde duýgylar gyza ýüzlenýärler: "Duýgular diýdiler gyza: "Belent bol!" Şonuñ ýaly-da bu goşgy bendinde "gürlemek" we "solmak" özara gapma-garşylykda gelip, kompozision halkany emele getirýär. Netijede bu ýagdaý şygryñ emosionallygyny artdyrýar. Başarypdy giñ hem belent bolmagy; Gynasa-da solan söýgüsi ony. Ne gözel gijeler geçenin ýatlap, Az däldi ahmyrly geçiren güni. Adama adatça duýgulary däl-de, añy gowy zatlary maslahat berip bilýär. Ol duýgulary sebäpli hemişe azap çekýär. Elbetde, añyñ hem adama berýän güzaby az däl. Üçünji bentde duýgular tarapyndan belent bolmak hakda aýdylsa, dördünji bentde gyzyñ muña nähili garaýandygy, nähili kabul edýändigi beýan edilýär. Şeýlelikde, bu iki bendiñ arasyndan kompozisiýanyñ pikir baglanyşygy emele gelýär. "Solan söýgüsiniñ ony gynaýandygyna garamazdan ol giñ hem belent bolmagy başarýar". Şowsuzlyk sebäpli azap çekmeklik üçin, öz duýgularyna erk etmek, ol wakalary unutmak ýeñil iş däl. Şonuñ üçinem bu bent gyzyñ kalbynda gopýan harasaty açyk görkezýär. Sebäbi onuñ "Ne gözel gijeler geçenin ýatlap, Az däldi ahmyrly geçiren güni". Biz bu setirlerde näçe giñ hem belent bolmagy başarsa-da, heniz gyzyñ ezýet çekýändiginiñ şaýady bolýarys. Öldi söýgi. Ýandy söýgi, kül boldy, Ýatlamalar ýaşaýar ol ýürekde. Hawa, şol gözel gyz garrady bu gün, Ahmyrly şol köýen söýgüsi hakda. Biz ýokarda A.Kekilowanyñ bir setirde birnäçe sözlemi getirmäge ýykgyn edýändigini belläpdik. Bu bendiñ başky setirlerinde-de şeýle ýagdaýy synlaýarys. Sözleriñ, setirleriñ, bentleriñ özara baglanyşygyny berk hem çeper guramak bilen şahyr şygyrlaryñ kompozisiýasy babatda-da özüniñ örän ussatdygyny görkezýär. "Öldi söýgi. Ýandy söýgi, kül boldy" diýip, şahyr wakany tekrarlaýar. Şeýle hem bu setirde söýgi ahwalynyñ beýanyna yzygiderlilik berýär. Söýginiñ ölmegi, ýanmagy, kül bolmagy betbagtlylygyñ dowamy bolup ýañlanýar. "Kül bolmak" hiç zadyñ galmazlygy, netijesizlik. Awtor bizi şu ýagdaýa elendirip-elendirip getirýär. Onsoñam goşgynyñ birinji setirlerinden bäri dowam edip gelýän dramatiki ýagdaý dura-bara güýjeýär. Gyz näçe giñ bolsa-da öz ýatlamalaryndan aýñalyp bilenok. Setirlerdäki gürrüñ berilýän wakalardan görnüşi ýaly, awtor okyjyny belli bir waka alyp gelmek bilen, öz şygryny tutuşlygyna liriki yzaçekilmäniñ esasynda ýazypdyr. Biz bu setirlerde gyzyñ öz paşmadyk söýgüsiniñ dowamly ezýetini çekýändiginiñ, indi halys garrandygynyñ, şonda-da öz ýatlamalaryndan aýñalyp bilmeýändiginiñ şaýady bolýarys. Belki ol ömründe köp şatlyk görüp, Başarandyr ýene-de bir söýmäni. Bilemok onçasyn, bilýärin şuny, Ilkinji söýgi üçin köp çekdi gamy. Awtor bu goşgy bendinde liriki gahrymanyñ "köp şatlyk görüp belki ýene söýmäni başarandygyna" ünsi çekmek isleýär. Ýöne bu gümana. Şahyr okyjynyñ kalbynda döräp biläýjek pikiri, özi ilki añşyryp muny öz dili bilenem orta atýar. Bu babatda "Bilemok onçasyn" diýip, ýañky iki setirde aýdan pikirlerini tassyklardan, munuñ has çuññurdygyny, nämälimdigini ýüzugra aýdyp goýberýär. Bir zat welin belli. Ol gyz "Ilkinji söýgüsi üçin köp gam çekipdir". Bu setirleriñ üsti bilen liriki gahrymanyñ gam-gussasynyñ sebäbini aýdyñlaşdyrmaga çalyşýar. Antiteza işlik görnüşinde şahyrlar tarapyndan seýrek peýdalanylýar. Ýöne A.Kekilowa her bir sözi ýerlikli ulanýar we setirleriñ içki kompozisiýasynda antitezadan netijeli peýdalanmagy başarýar. Bu ýerde-de şahyr "bilemok" we "bilýärin" diýen ýönekeýleşdirilen gapma-garşylykly sözlere kompozisiýa hyzmatyny berýär: Käte şeýle bolýar. Ilçilik ahyr, Ýöne diýmäñ muña: "Pelek gerdişi" Aýdyñ siz nämüçin ol gözel gyzyñ, Toý köýnegin ýazyp aglap oturşy. Başky setirde öñki seredip geçişimiz ýaly, goşa sözlem döretmek ýagdaýy gaýtalanýar. Şygryñ bendiniñ tutuş özi bolsa, bize goşgynyñ başyndaky "Ol kimden nägile?" diýen sowalyna alyp gelýär. "Ol gözel gyzyñ toý köýnegini geýip aglap oturşynyñ näme üçindigi" hakdaky setirler ullakan sorag alamatyny keserdip goýýar. Göräýmäge hemme zat düşnükli. Ýöne bu ýerde adamyñ dünýäsiniñ göz ýetirip bolmajak çäksiz we gizlin söýgi syrlary ýatyr. Şahyr öñki bentde onuñ ýeke bir söýgüsiniñ bolan bolmagynyñ mümkindigini gaty bir aýan bolmadyk ýagdaýda aýdýar. Onuñ başga birine durmuşa çykyp öz hemrasy bilen bagtly ýaşamagy-da ähtimal. Ýöne şonda-da haçandyr bir wagt tötänden özüniñ bukjasyny açanda, şol toý köýnegine gözi düşäýse, belki, gözlerinde ýene gam-gussa peýda bolardy. Çünki ol bu toý köýnegini ilkinji söýgüsi üçin niýetläp tikinipdi. Ol köýnegi başga bir ýigit bilen bolan toýunda geýäýse-de mümkin özüni oduñ içinde deýin duýar. Ol köýnek ilkinji söýginiñ ýadygärligi. Ol ilkinji söýgüsinem, mümkin hiç wagt unudyp bilmez. Aýdyñ siz nämüçin ol gözel gyzyñ, Toý köýnegin ýazyp aglap oturşy. - diýende, okyjynyñ ýüregi jigläp gidýär. Goşgy gutarýar, ýöne seniñ beýniñi dolduryp duran pikirlere gutarma ýok. Goşguda haýsydyr bir ahwalaty köpmanyly beýan etmek şahyryñ öz şygrynyñ kompozisiýasyny guruş sungatyna bagly. "Nämeleri aýtmaly, nämeleri aýtman saklanmaly, nämeden başlamaly, nämede gutarmaly?" diýen ýaly dürli sowallaryñ çözgüdini her bir ussat şahyr özüçe eserlerine siñdirip bilýär. A.Kekilowa hem şeýle ussatlygy ele alan awtor. Ol aglaba goşgularyny syrly sowallar bilen başlap, şygryñ soñuny köpmanyly ýagdaýda gutarýar. Goşgynyñ birinji setirinden başlap, tä ahyrky setirine çenli dartgynlylygy saklap, okyjyny yzyna düşürmegi başarýar. Biz söhbetimiziñ ahyrynda goşgyny boýdan-başa, gaýtadan okyjylaryñ dykgatyna hödürleýäris. Ol kimden nägile? Alyp bukjasyn, Ýazdy epinlerin toý köýneginiñ. Başyn aşak salyp gamlandy birden, Diýdi, "Sen nirede, ýaşlygym meniñ?!" Bu şeýle bolupdy: ýetişipdi ol, Ýatlady gyz juwanlygnyñ geljegin. Akyl goýalmandy, şonda-da päkdi. Kim bilýär geljegiñ näme boljagyn? Solupdy ýürekde güllän söýgüsi, Rehimsizlik bilen taşlanypdy ol. Kalbyndaky söýgi zäherlense-de, Duýgular diýdiler gyza: "Belent bol" Başarypdy giñ hem belent bolmagy; Gynasa-da solan söýgüsi ony. Ne gözel gijeler geçenin ýatlap, Az däldi ahmyrly geçiren güni. Öldi söýgi. Ýandy söýgi, kül boldy, Ýatlamalar ýaşaýar ol ýürekde. Hawa, şol gözel gyz garrady bu gün, Ahmyrly şol köýen söýgüsi hakda. Belki ol ömründe köp şatlyk görüp, Başarandyr ýene-de bir söýmäni. Bilemok onçasyn, bilýärin şuny, Ilkinji söýgi üçin köp çekdi gamy. Käte şeýle bolýar. Ilçilik ahyr, Ýöne diýmäñ muña: "Pelek gerdişi" Aýdyñ siz nämüçin ol gözel gyzyñ, Toý köýnegin ýazyp aglap oturşy. Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 22.11.1996 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |