■ BEREKET NIREDE?
Soltan Mahmyt zamanynda Hasan Meýmendi bir hazyna tapdy. Ýer astyndaky ol hazynanyň gupbasynda hyýara meňzeş bir bugdaý dänesi asylgydy. Hasan Meýmendi soltanyň huzuryna baryp, bu ýagdaýy mälim etdi we ol ýerdäki bugdaý dänesini soltana aýan etdi. Soltan bu waka örän geň galdy we aýtdy:
– Sen bu gün ýurda wezirlik edýärsiň. Sen örän akylly we bilimli kişisiň. Bu ýagdaýyň hekaýatyny seniň bilmegiň we habar bermegiň gerek. Ol bugdaý haýsy patyşanyň eýýamynda bitipdir we ony näme sebäpden ol gupbadan asypdyrlar. Bu soragy bilmäge saňa bu gün bilen ertir möhlet bolsun. Eger jogabyny bilmeseň, seni öldürerin.
Wezir Hasan Meýmendi soltana garap:
– Eý, şahym! Bu ýagdaýyň haýsy eýýamda bitendigini we näme sebäpden asylyp goýlandygyny bilmegiň näme zerurlygy bar? – diýip sorapdyr.
Soltan Mahmyt oňa:
– Seniň muny bilmegiň gerek ýa-da dara çekilmegiň gerek. Men başga hiç zady bilmeýärin – diýip, gazaply jogap beripdir.
Garaz, wezir ol gün köp sanly kitaplar , hekaýatlar we taryhlar agtaryp, onuň jogabyny tapyp bilmändir. Daň bilen Hasan Meýmendini dara çekmek barada perman bolupdyr. Ony dar agajynyň düýbüne alyp barypdyrlar. Köşk emeldarlary we dara tomaşa etmäge baran gaýry adamlar weziri halas etmek üçin soltanyň ýanyna arza barypdyrlar.
Şol döwürde üç ýüz ýaşy arka atan bir goja bar eken. Bu goja ol kowmuň adamlaryna ýüzlenip:
– Bu gowga nämedir? – diýip sorapdyr.
Adamlar ol gojanyň ýanyna ylgap baryp:
– Eý, eziz goja! Soltan Mahmyt öz weziri Hasan Meýmendini dardan asmak barada perman berdi – diýipdirler.
Goja:
– Näme sebäpden? – diýip sorapdyr.
Adamlar:
– Hasan Meýmendiniň köşgünde ýeriň aşagynda bir bugdaý dänesi bar eken. Soltan ol bugdaýyň neneňsi gelip çykandygy baradaky hekaýaty wezirden sorapdyr. Wezir oňa jogap bermekden ejiz gelipdir. Şonuň üçin soltan Mahmyt ony dardan asmak barada buýruk beripdir.
Dana goja:
– Tizräk baryp soltana aýdyň. Hasan Meýmendiniň jogabyny men bereýin – diýipdir.
Adamlar şol demde ylgap barypdyrlar we bu habary müwekkillere ýetiripdirler. Şol pursatda Hasan Meýmendini gojanyň ýanyna alyp bardylar.
Goja:
– Eý, Hasan Meýmendi! Bilseň, bir gün atam maňa bir hekaýat aýdyp berdi. Irki döwürde bir adyl patyşa bar eken. Onuň eýýamynda iki dogan bolupdyr. Olaryň biri bezirgen eken, beýlekisi bolsa şäherde ýaşapdyr. Bir gün deňizde ýüzüp barýarka, ol täjiriň gämisi näsazlyk tapypdyr. Şol wagt gäminiň garşysyndan ýel öwsüp, ony bölek-bölek edipdir. Onuň ähli baýlygy ummanyň düýbüne gidipdir. Lagl, pöwrize, ýakut, dür we zeberjet kimin daşlar ummana çümüpdir. Täjiriň özi bolsa bir tagta böleginiň üstüne münüp, kenara çykypdyr. Ol öz öýüne geleninde, öý goşlaryndan hiç zat galmandyr. Soňra ol bir bölek ýer satyn alypdyr . Ol ýene doganyndan müň akja, iki öküz hem-de tohum alypdyr. Ol bu zatlary guluň eline berip, ýerini sürdüripdir. Bir gezek ol gul öküzler bilen ýer sürüp ýörkä, tötänden bir çukuryň agzy açylypdyr. Gul aşak düşüp, ol çukuryň içine giripdir. Görse, onuň içinde bir uly patyşalygyň genji-hazynasy bar eken. Ol ýeriň içi lagl, pöwrize, ýakut, zümerret we zeberjet ýaly gymmatbaha daşlardan doly eken. Ondaky her bir harmanyň agzynda bir şamçyrag goýlup, her bujakda altyn çäçler görnüşinde ýakylypdyr. Şol pursat gul çukurdan çykyp, gören zatlaryny hojaýynyna habar beripdir.
Hojaýyn şeýle diýipdir:
– Ol hazyna meniňki däldir. Bar, ony doganyma habar ber. Bu hazyna onuňkydyr. Çünki ol bu ýeri maňa hazyna bilen bile satmandy.
Gul hojaýynyň doganynyň ýanyna baryp, ähli zady habar beripdir. Ol hem bu baýlygy kabul etmekden boýun gaçyryp, şeýle diýipdir:
– Ol hazyna meniňki däldir. Öň men ony görmedim. Men ol ýeri tutuşlygyna doganyma satdym. Ol ýeriň çägindäki ähli zat doganymyň ygtyýaryndadyr.
Elkyssa, olar soltanyň huzuryna barypdyrlar. Soltan ýokary derejedäki adyl we ynsap eýesidi. Ol hem bu hazynany kabul etmekden saklanyp, şeýle diýipdir:
– Ol siziň emlägiňiz bolmasa, maňa hem degişli ýeri ýokdur.
Emma soltan bularyň meselelerini çözmek üçin ol täjire şeýle diýipdir:
– Sen öz gyzyňy ol şäherli doganyň ogluna ber we ol hazynany bolsa gyzyň galyňy hökmünde al.
Soňra olar öz işlerini soltanyň beren maslahaty esasynda ýola goýupdyrlar we täjir ol rysgaly kabul edipdir. Şunlukda, täjiriň gyzyny şäherli doganynyň ogluna alyp beripdirler, ol hazynany bolsa galyň hökmünde oňa bagyşlapdyrlar.
Şol ýylda ýer eýesiniň bugdaýynyň baş tutandygyny we onuň ähli däneleriniň şol bugdaý ýaly bolandygyny aýdypdyrlar. Bir gün soltan seýle çykanda, ýoly ol bugdaý meýdanynyň üstünden düşüpdir we ol bugdaýy görüpdir. Ol:
– Bu bugdaý kimiňki? – diýip, emeldarlaryndan sorapdyr.
Olar:
– Şahy-äleme, mälim bolsun. Bu bugdaý ýer eýesiniňkidir. Onuň içinde hem genji-hazyna bardyr – diýipdirler.
Patyşanyň adyllygynyň bereketine görä ekinzarlygyň bu ekini şu bugdaý ýaly bitipdir. Bu hem şol bugdaýyň dänesidir.
Şol pursadyň özünde Hasan Meýmendi bilen gojany soltan Mahmydyň huzuryna getiripdirler. Bu hekaýaty eşideninden soňra soltanyň göwni hoş bolupdyr we şol wagtyň özünde Hasan Meýmendi bilen goja halat ýapmak barada perman beripdir.
Eý, akylly kişi, sen şol zamanda adalatyň täsiri astynda bugdaýyň şu hili bitendigini bilgin.
Nirede adyllyk, ynsaplylyk bolsa, şol ýerde bereket bolar.
Aýtmaklaryna görä, soltan Mahmyt bir gün seýle çykypdyr. Ol ýol ugrunda iki sany sözleşip duran kişä gabat gelipdir. Olaryň biri:
– Soltan hat ýazyp bilýär.
Beýlekisi bolsa:
– Soltan hat ýazmagy başarmaýar – diýýän eken.
Şol dem soltan olaryň sözlerini eşidipdir we olara ýüzlenip:
– Eý, ýigitler, siz ne sebäpden meniň hat ýazyp bilýändigimi soraýarsyňyz? – diýip sorapdyr.
Ol ýigit:
– Eý, patyşa, men «patyşa ýazyp bilýär» diýip aýtdym. Bu dostum bolsa, «patyşa hat ýazmagy başarmaýar» diýip aýdýar – diýipdir.
Soltan bulara kerem bilen aýtdy:
– Näme isleseňiz aýdyň, men ýazaýyn. Eger şeýtsem, siz meniň hat ýazyp bilýändigimi ýa bilmeýändigimi görersiňiz.
Ol ýigit:
– Soltanyň kereminden bu gullaryna ýardam bermegi üçin bir perman ýazmagyny dileýäris. Goý, hazynaçy bize on müň altyn bersin we bizi garyplykdan çykarsyn – diýipdir.
Bu ýigidiň sözi soltana diýseň ýarapdyr. Ol şol wagtyň özünde bulara on müň altyn bermek barada bir bölek kagyzyň ýüzüne perman ýazyp, ol ýigitlere beripdir. Ol ýigitler hazynadaryň ýanyna barypdyrlar. Hazynaçy bu kişileri göreninde, olaryň on müň altyn bermäge mynasyp kişiler däldigini bilipdirler. Emma olaryň ellerinde patyşanyň eli bilen ýazylan perman bardy. Soňra hazynaçy:
– Allanyň ady bilen, bu puly bereris. Ýöne soltan bilen geňeş etmegimiz üçin bu gün sabyr ediň. Ýogsa-da ýaryny bereýin – diýipdir.
Soňra hazynaçy soltanyň huzuryna barypdyr we oňa:
– Şahym, bu gün iki sany kişi on müň altyn bermek barada patyşanyň çykaran buýruk haty bilen geldi. Emma olar bu sylaga mynasyp däldirler. Şonuň üçin men bu gün möhlet alyp, olara «Eger bu altyny bermeli bolsa, ony soltan biler» diýdim – diýipdir.
Soltan öz hatyny görüp, şeýle diýipdir:
– Men bu on müň altyny olara bermän, öz buýruk hatymdan dönsem, ol rowa bolmaz. Çünki ähli halaýyk meniň gybatymy eder we «Soltan Mahmydyň galamynyň hümmeti öz hümmetinden ýagşymyş» diýerler. Beren wadaňa biwepalyk etmek är kişileriň käri däldir.
Soltan Mahmydyň öz hatyny üýtgetmekligi rowa görmezligi geň waka boldy. Çünki Haktagala öz mertebesinden we rehmetinden musulmanlaryň köňlüne: «Haçan siziň alnyňyza Biziň aýatlarymyza iman getirenler gelseler: «Size dynçlyk bolsun, Perwerdigäriňiz öz borjuna rehmet etmegi ýazandyr. Sizden kim bilmezden bir ýamanlyk (günä) etse, soňra şol ýamanlygynyň yzyndan toba edip, özüni düzetse, onda (günäsi geçilýär, elbetde, (Alla) Özi magrypetli mähribandyr» diýip aýdyň diýip ýazandyr.
Adyllygyň sekizinji kadasy budur: Ol kişiler ulama söhbetine teşne bolarlar we ol ulamalary ýürekden söýerler. Olar ulamalaryň wagyz-nesihaty bilen elden geldigiçe ýaman işlerden daşda durarlar.
Ulamalardan uzakda bolan taýpa patyşalara azap bererler. Olar hemişe hökümdarlary taryplap, olara öwgi-senalar aýdarlar we şonuň üçin olar patyşadan köp peýda görerler. Ol taýpanyň adamlary dini dünýäni satan adamlardyr. Şeýle işlerden aman saklamagy üçin Alla sygynýaryn.
Adyllygyň dokuzunjy kadasy budur: Elden geldigiçe gaharlanmagy we tekepbirligi terk etmek patyşalara wajypdyr. Patyşalaryň hökümdarlygynyň tamam bolmagyna hem olaryň gahar etmekleri sebäp bolar. Aýratyn hem olar raýatlaryna gahar ederler. Çünki gahar akylyň duşmanydyr.
Adyllygyň onunjy kadasy budur: Patyşanyň zulum etmezligi we onuň golastyndaky raýatlaryň rahat bolmagy gerek. Patyşanyň özüniň welaýatyndaky we memleketindäki emeldarlary we naýyplary halka zulum etmez. Onuň gullary, hadymlary hem hiç kime duşmançylyk etmez.
Aýtmaklaryna görä, bir gün Nowşirwan Adyl öz ýaranlary bilen awa gidipdir. Bu gezekki şikarda onuň awuna bir keýik duşupdyr. Patyşa derrew ondan kebap bişirmegi buýrupdyr. Şol wagt ol ýerde duz tapylmandyr. Ol bir guluny bir welaýata duz üçin iberipdir. Şol wagt Nowşirwan Adyl oňa:
– Zulum bolmazlygy we il harap bolmazlygy üçin, sen duzy bahasy bilen satyn algyn – diýipdir.
Esgerler oňa:
– Munuň ýaly kebapda duzdan halal näme bolar? – diýipdirler.
Nowşirwan Adyl:
– Bu jahanda zulumyň binýady ilki bilen azajyk zatdan başlanýandyr. Bu dünýä gelen her bir kişi öz maksadyna ýetýänçä, haramlygy birazdan ediberse, ýer püzündäki adamlara näme galar? – diýipdir.
■ ÝAZGYT
Iki uly nebere hakynda dilden eşiden geň-taň habarlarym hakynda birküç keleme beýan edilsin. Bu hekaýaty şeýle eşitdik. Merhum Soltan Mahmyt bin Söbükteginiň atasy Gazna şäherine beg bolan wagtynda patyşa däldiler. Hindistanda Sumnat şäherinden butparazlaryň ýyldyz ylmyny gowy bilýän ruhanylary on iki ýylyň kalendaryny çykarypdyrlar. Kalendarlarynda şeýle görnüpmiş, ýagny Gaznada Söbüktegin atly begiň Mahmyt atly bir ogly bolup, ähli Ajam yklymlaryna patyşa bolar. Hindistan ýurtlaryny hem gazawat edip, basyp alar.
Soň olar köp mal we nygmat göterip, Gazna gelipdirler. Söbükteginiň öýüni sorap barypdyrlar. Soltan Mahmyt oglanjykdy. Oglanjyklar bilen meýdanda oýnardy. Olar aýtdylar:
– Seniň Mahmyt atly bir ogluň barmyş. Ol ähli Ajam yklymyna patyşa bolup, Hindistan yklymyna hem höküm eder. Biz bäş ýüz altyn, bäş ýüz kümüş we otuz ýük parça getirdik. Alyň, bize Hindistany basyp alan wagtynda, biziň buthanamyzy ýykmaz ýaly, gapylary, köçeleri, dukanlary almaz ýaly bir höküm bersin.
Olar Menat atly butlaryny döwmesin diýmegi unutdylar. Söbüktegin ol gadar mal görüp, hoş habar eşidende, örän şatlanyp, ogly Soltan Mahmydy häzir etdi. Soltan Mahmydyň eline galam berip görkezdiler. Ol adyny we nyşany kagyz ýüzüne ýazdy. Nyşan astynda «Eger sahawatly patyşa çäksiz we perwerdigär we rehimli bolan Haktagala meni ejiz guluna patyşalyk berip, Hindistan ýurtlaryna hem höküm etmegimi buýursa, bularyň Sumnat şäherindäki buthanalaryny ýykmaryn, gulplaryny almaryn, öz hallarynda goýaryn. Aýdanlaryma Allatagala wekil bolsun, ol häkimleriňem häkimidir» diýip ýazdy.
Soňra patyşa bolup, Hindistan yklymyna gazawata bardy. Birküç gezek söweş etdi. Iki gezek Deli sebitine çenli bardy. Rawpatura atlandyrylýan Deli patyşasy goşuny bilen garşy gelip, Soltan Mahmydy ýeňdi we tutdy. Soň mürewwet edip, halatlap goýberdi. Bir gezek Delä baryp ýeňildi we tutulman gaçdy. Goşundan aýry düşüp gaçyp gelýärdi. Hindistan kapyrlarynyň resim we adatlary boýunça gaçýan goşuny öldürmezdiler, ynjytmazdylar. Tersine azyk berip ibererdiler. Soltan Mahmyt ýalňyzlykda bir oba ýetdi. Garny açdy. Biri öňünden çykdy. Soltan ondan hindi dilinde iýmit sorady. Hindistan kapyrlary et iýmezdiler, süýt, şeker, çörek, ýag we iýmiş iýerdiler. Ol obadan bir garry çykyp, süýtli tüwi bişirmişdi. Bir okara süýtli tüwi çykaryp, oňa berdi. Soltan Mahmyt örän açdy. Çalt-çalt iýip, ortasyndan hem alardy. Aş gyzgyndy. Agzy bişdi. Garry aýtdy:
– Bu türkler däli bolýarmyşlar. Ne olduň, ne iýer sen. Okara gyrasyndan gäde-gäde iýseň, sowuk bolar. Sen hem ol däli begiňiz Soltan Mahmyt ýaly gowy uçlaryny goýup, ortasyna çozup, synýarsyň.
Garrynyň bu sözi Soltan Mahmyda temmi boldy. Soňra uçlaryndan döwe-döwe, ala-ala Deli şäherine çenli basyp aldy. Rawpatura goşuny bilen gelip, Soltan Mahmydyň garşysyna çykdy we ýeňildi. Hindistan patyşasy Rawpaturany Soltan Mahmydyň ýanyna getirdiler. Soltan Mahmyt jellatlara daşary eltip, heläk etmeklerini buýurdy.
Rawpatura aýtdy:
– Türklerde mürewwet bolmazmyş. Men seni iki gezek tutup, mürewwet we merhemet edip goýberdim. Sen bir gezek mürewwet edip bilmezmiň.
Soltan Mahmyt:
– Kapyrlarda akyl bolmazmyş. Ýogsa bir kişi duşmana pursat boljak zady, deňinden geçirermi? – diýdi.
Öldürip, heläk etdi. Hindistany basyp aldy.
Elkyssa, Sumnat şäherini basyp almaga bardy. Basyp aldy. Ol buthanany ýykmady we gapylaryny almady. Emma ady Menat atly uly butlaryny daşary çykaryp owratdy. Kapyrlar perýat we zary kyldylar. Ol buty döwme diýip, mallar berdiler. Soltan Mahmydyň begleri aýtdylar:
– Muny döwmekden ne peýda? Köp mal bererler, algyl. Goşuna paýla.
Soltan Mahmyt kabul etmedi we aýtdy:
– Ýaryn kyýamat gününde meni Azer bilen magşara eltip, Azer but ýonujy we Mahmyt satyjydyr, ikisini hem Jähenneme eltiň diýerler – diýdi.
Buty döwdürdi. Içinden şol gadar jöwherler we gymmatly daşlar çykdy welin, kapyrlaryň berjek malyndan ýüz müň esse köpdi. Ählisini alyp, kä birini goşuna, kä birisini pakyrlara, kä birisini bolsa hazynasyna ugratdy. Bu hekaýata mynasyp ýene bir hekaýat bu mübärek nebere hakynda eşitdim. Mesiruz obasynda dagda Margarid atly monastyryň galuýurisleri kalendarda Anadolyda merhum Osman beg atly begiň nesliniň kyýamat gününe çenli Anadoly we Rum iline patyşa boljakdygyny gördüler. Olar mal göterip, anadola geçdiler we Söwüde ýetdiler. Ol maly olara berip, keliselerine degişli obalaryna zyýan etmeris we almarys diýen olardan ýazgyly höküm aldylar. Häzir hem ol höküm ýerine ýetirilýändir. Wessalam.
■ ALTYN GAPJYK
Soltan Mahmydyň durmuşynda-da şeýle waka bolup geçipdir: bir adam gelip oňa:
– Men şäher kazysyna gowy ýapylýan gapjyga salyp, iki müň dinar pul saklamaga berdim, özümem syýahat etmäge gitdim. Ýanym bilen alanjamy Hindistana barýarkam ýolda garakçylar talap aldylar, kaza berenimi hem yzyna aldym. Ýöne öýe gelip, gapjygy açyp görsem, ondakylar mis dirhemler bolsa nätjek! Yzyma, kazynyň ýanyna bardym: «Men saňa içi altynly gapjyk goýup gidipdim welin, munuň içindäkiler mis bolup çykdy-la, bu näme beýle bolýar?» diýip soradym.
Olam: «Sen tabşyrýan zadyňy maňa görkezmändiň. Eýsem sen maňa böwrüne möhür urlan ýapyk gapjyk goýup gitmänmidiň näme? Men ony saňa alşym ýalam berdim. Men senden: «Seniň gapjygyň şumy?» diýip soradym. Senem: «Şu» diýip jogap berdiň. Indi bolsa sen meni aldajak bolýaň» diýdi.
Men: «Eý toba, eý toba, «Hudaý jan, bendäňe kömege özüň ýetişeweri! Meniň bir çörekligem pulum ýok» diýip gygyrdym» diýipdir.
Soltanyň nebsi agyryp:
– Arkaýyn bol, men seniň altynyň barada bir çäre görjek bolaryn. Ýöne, maňa şol gapjygyňy getirip ber – diýipdir. Ol adam gidip, gapjygyny alyp gelipdir. Mahmyt gapjygyň eýlesine-beýlesine seredişdiripdir we deşik yzyny tapmandyr, şondan soň ol:
– Gapjygyňy maňa goýup git, özüňem altynly meseläňi birýüzli edýänçäň meniň iş dolandyryjymdan her gün üç man çörek, bir man et, her aýda-da bir dinar pul alyp durarsyň – diýipdir.
Günortanlar dynç alyp otyrka Mahmyt şol gapjygy öňünde goýup, bu zatlaryň nähili-neneňsi bolandygy barada böwrüne diň salypdyr. Ahyr soňunda-da ol şeýle bolan bolaýmasyn diýen netijä gelipdir: bu gapjygyň tikinlerini sökendir, altyny alybam ýene öňküsi ýaly edip tikendir.
Soltanyň düşekçäniň üstüne atylýan örän owadan zerli örtgüsi bar eken. Ol ýarygijeler ýerinden turup, pyçagyny alypdyr-da şol örtgüden bir gez töwerekleri bölüp alypdyr, soňam ýerine geçip ýatypdyr.
Ol ertesi ir bilen awa-şikara çykypdyr, üç günläbem yzyna dolanmandyr.
Oňa hyzmat edýän ýakyn perraşy ertir ir bilen gelip, düşekçäni kakjak bolanynda, örtginiň parçalananlygyna gözi düşüpdir, ýüregi awap, allaniçiksi bolupdyr, zar-zar aglapdyr.
Perraşhanada bir goja perraş bar eken. Ol şol perraşy görüp:
– Saňa näme boldy? – diýip sorapdyr.
Şol perraş:
– Diýmäge dilim baranok – diýip jogap beripdir.
Goja perraş:
– Hapa bolma-da, maňa gürrüň ber – diýipdir.
Ol:
– Kimdir biri maňa ýamanlyk etjek bolup, tomus ýatylýan otaga giripdir we soltanyň örtgüsiniň bir gezini bölüp alypdyr. Soltan muny göräýse, meni öldir – diýipdir. Goja perraş:
– Özüňden başga gören kişi boldumy? – diýip sorapdyr. Şol perraş:
– Ýok – diýip jogap beripdir. Goja perraş:
– Onda gaýgy etme, men saňa kömek etmegiň tärini bilýän, ony men saňa öwrederin. Soltan awdan gelýänçä, bu meseläni düzederis. Bir ussat ýamaçy bar, adyna Ahmet diýýärler, juda ökde tikinçi. Şäherdäki ýamaçylaryň bary onuň şägirtleridir. Sen örtgiňi şonuň ýanyna elt-de, soran puluny ber, onsoň onuň ýaman ýerini iň ussat ýamaçyň-da tapjak gümany bolmaz – diýipdir.
Perraş şol ýeriň özünde örtgini alypdyr-da, Ahmet ýamaçynyň ýanyna ugrapdyr, barybam:
– Halypa, şuny ýamamak üçin näçe alarsyň? – diýip sorapdyr. – Ýöne ýamanyňy adam ogly bilmez ýaly ýamamalydyr.
Ahmet ýamaçy:
– Ýarym dinar – diýipdir.
Perraş:
– Bir dinar al welin, bir ýerde zehiniň bolsa, muňa siňdir– diýipdir. Ahmet ýamaçy:
– Taňryýalkasyn, ýasy ýanyň ýerde bolsun – diýipdir.
Perraş bir dinar beripdir-de:
– Ýöne çaltyrak ýamawer – diýip, haýyş edipdir.
Ahmet ýamaçy:
– Ertir öýle namazy wagty gel-de, äkidäý – diýipdir.
Perraş ertesi diýlen wagt barypdyr. Ussa örtgini perraşyň öňünde ýazyp goýupdyr welin, perraş onuň haýsy ýeriniň ýamalanlygyny hem aňmandyr. Perraş begenip, ony öýlerine alyp gaýdypdyr we ony öňküje ýerinde, öňküsi ýaly edip ýazyp goýupdyr.
Soltan Mahmyt awdan dolanyp gelipdir. Günortanlar dynç alýan otagyna girip görse, örtgi öňküsi ýaly bitin eken. Ol:
– Perraşy çagyryň! – diýipdir. Perraş geleninde ol:
– Bu örtgi ýyrtykdy, muny kim ýamady? – diýip sorapdyr.
Perraş:
– Eý agaýy, ol hiç haçan ýyrtyk däldi, «Ýyrtykdy» diýseler, ýalan aýdýandyrlar – diýipdir. Soltan:
– Eý, akmak, sen simap ýaly galpyldap durma, ony özüm parçaladym, muny ýörite bir maksat üçin şeýtdim. Sen gowusy, maňa muny haýsy ýamaçynyň ýamanyny aýt, kimdir beýle nepis işleýän? – diýipdir.
Perraş:
– Eý, agaýy, ony pylan ýamaçy ýamady, seniň sadyk guluň ýyrtygy gören dessine zähresi ýarylyp, haýýaty göçdi, onsoň pylan perraş: «Muny pylan ýamaça ýamadaý» diýip, maňa maslahat berdi – diýipdir.
Soltan Mahmyt:
– Ony häziriň özünde meniň ýanyma alyp gel. Seni soltan çagyrýar» diý. Geldigi hem bärik getir – diýipdir. Perraş gidip, ýamaçyny alyp gelipdir. Soltan bilen ikiçäk bolansoň, ýamaçy gaty gorkupdyr. Soltan ondan:
– Eý, ussa, sen gorkma, bärräk gel-de, aýt: bu örtgini sen ýamadyňmy? – diýip sorapdyr.
Ýamaçy:
– Hawa – diýip jogap beripdir.
Soltan:
– Örän nepis ýamapsyň – diýipdir.
Ýamaçy:
– Şahyälemiň eçilen bagtynyň saýasynda ýagdaýlam hiç neneň däl – diýipdir.
Soltan:
– Bu şäherde senden başga-da şeýle ussat barmy? – diýip sorapdyr.
Ussa:
– Ýok – diýip jogap beripdir.
Soltan:
– Onda biz senden bir zady sorajakdyrys welin, dogryňy aýtgyn – diýipdir.
Ussa:
– Hökümdara dogryňy aýdandan gowy zat ýokdur – diýip jogap beripdir.
Soltan:
– Sen şu ýylyň dowamynda atly-abraýly biriniň öýünde ýaşyl dibadan tikilen gapjygy-ha ýaman dälsiň? – diýip sorapdyr.
Ussa:
– Ýamadym – diýip jogap beripdir.
Soltan:
– Kimiň öýünde? – diýip sorapdyr.
Ussa:
– Şäher kazysynyň öýünde, özem maňa iki dinar töledi – diýip jogap beripdir.
Soltan:
– Eger şol gapjygy görseň, tanarmyň? – diýip sorapdyr.
Ýamaçy:
– Tanaryn – diýip jogap beripdir.
Mahmyt düşegiň aşagyna elini sokup, gapjygy çykarypdyr we ony ýamaçynyň eline berip:
– Şu gapjykmy? – diýip sorapdyr.
Ahmet ýamaçy:
– Hawa – diýip jogap beripdir.
Mahmyt:
– Haýsy ýerini ýamadyň? – diýip sorapdyr.
Ussa barmagy bilen görkezip:
– Ine, şu ýerini ýamadym – diýip jogap beripdir.
Mahmyt:
– Eger zerurlyk çyksa, şu aýdanlaryňy kazynyň ýanynda-da aýdyp bilermiň? – diýip sorapdyr.
Ahmet ýamaçy:
– Näme aýtman! – diýip jogap beripdir.
Mahmyt şobada kazyny çagyrmagy buýrupdyr we gapjygyň eýesiniň yzyndan adam iberipdir.
Kazy gelip salamlaşypdyr we adat boýunça geçip oturypdyr. Mahmyt oňa garap:
– Sen ýaşy birçene baran, okuwly-bilimli adam, men saňa kazylyk wezipesini berdim, saňa musulmanlaryň emlägini, ykbalyny tabşyrdym, uly ynam bildirdim, sebäbi bu şäherde, bu ýurtda senden has ylymly-bilimli iki müň adam bar, özlerem meňki bolsun diýen wezipelerden mahrum. Şondan soň seniň şeýdip, musulmanlaryň mal-mülküni ellerinden almagyň, olary gedaý goýmagyň görlüp-eşidilen zatmydyr? – diýipdir.
Kazy:
– Eý, agaýy! Beýle diýmäweriň, muny kim aýtsa-da, ýalan aýdypdyr – diýipdir.
Soltan:
– Sen hut şeýdipsiň, ikiýüzli köpek – diýipdir. Soňra ol oňa gapjygy görkezipdir-de: – Ynha saňa ynanylan zat, sen onuň tikinini söküpsiň-de, içindäki gyzyly alypsyň, ýerine-de mis salypsyň, gapjygy ýamamaga beribem, pul eýesine gulply gapjygy gowşuran kişi bolupsyň. Ynha, seniň bolşuň, ynha, seniň päkligiň! – diýipdir.
Kazy:
– Men hiç haçan hiç hili gapjyk göremok, bu iş barada-da bilýän zadym ýok –diýip nadaralyk edipdir.
Mahmyt:
– Gidiň-de, şol ikisini alyp geliň – diýip buýrupdyr.
Hyzmatkärleriň biri gidip, pul eýesini we ýamaçyny alyp gelipdir.
Mahmyt:
– Eý, kezzap, ynha-ha pul eýesi, hanha-da ýamaçy. Ol bu gapjygyň, ine, şu ýerini ýamapdyr – diýipdir.
Kazy çym-gyzyl bolup, gorkusyna galpyldap ugrapdyr, dili tutulypdyr.
Mahmyt:
– Bu köpegi alyp gidiň-de, şu adama puly berýänini-bermeýänini görüň, ol oňa puly häziriň özünde bermese, kellesini aldyrýan – diýipdir.
Ýarym öli-ýarym diri kazyny soltanyň köşgünden göterip diýen ýaly çykarypdyrlar, garawulhana ýerleşdirip, puly eýesine bermegini talap edipdirler.
Kazy:
– Iş dolandyryjymy çagyryň – diýipdir, iş dolandyryjy gelipdir. Kazy oňa pul alyp gelmegi tabşyrypdyr, ol hem Nyşapuryň iki müň sany gözüňe söweýin altyn dinaryny alyp gelipdir.
Ertesi Mahmyt arza-şikaýatlara garalyp durka kazynyň bihaýalygyny märekäniň öňünde jar edipdir. Soň ony göterip, köşgüň diwarynyň kertiklerinden başaşak asmagy buýrupdyr.
Buýruk ýerine ýetirilipdir.
Eli bilen eden egni bilen çekmelidir!
■ GOŞUNYŇ DÜZÜMI
Soltan Mahmydyň goşuny dürli taýpalardan, mysal üçin, türklerden, horasanlylardan, araplardan, hindilerden, deýlemilerden, gurilerden düzmek edähedi bar eken. Ýöriş wagty her gije her taýpadan birnäçe adam garawul durmaly edilýär eken. Her taýpanyň bolýan ýeri hem öňünden kesgitlenýän eken. Bir taýpanyň adamlary beýleki taýpanyň adamlaryndan gorkularyna daň atýança ýerlerinden gozganyp bilmeýär eken.
Söweş güni geleninde bolsa ähli taýpalar bir-birinden kem galmajak, atlaryna-abraýlaryna ysnat getirmejek bolup, şir kimin söweşýär ekenler, şonda hiç kim: «Pylan taýpa-ha söweşde namartlyk etdi» diýip bilmeýän eken.
Harby adamlaryň arasynda şeýle edähet saklanylanynda, taýpalaryň bary birew-birewden pes oturmajak, şan-şöhrata eýe boljak bolýar. Elbetde, ýaraga ýapyşanlaryndan soň olar tä nägehanyň leşgerini ýer bilen ýegsan edýänçäler yzlaryna dönmezler. Goşun rüstem çykyp, duşmany bir-iki gezek paýhynlanyndan, onuň ýüz atlysynyň duşmanlaryň müň atlysyna taý geleninden soň, bu ýeňiji goşuna garşylyk görkezip biljek goşun tapylmaz, goňşy ýurtlaryň ähli goşunlary şol patyşanyň goşunyndan heder eder, mydam onuň tabynlygynda bolar ekenler.
■ BERGI
Bir täjir myhmany Soltan Mahmydyň ýanyna arza gelipdir we onuň ogly Masutdan dat edipdir. Ol:
– Men täjirdirin. Men esli wagtdan bäri şu ýerde ýörün, öz şäherime gidesim gelse-de, eger-eger gidip bilýän däldirin, sebäp diýseň, seniň ogluň menden altmyş müň dinarlyk haryt aldy, emma puluny bolsa henize çenli tölänok. Men şanyň Masudy meniň bilen kaza ugratmagyny haýyş edýärin – diýipdir.
Täjiriň sözlerini eşidip, hapa bolan Mahmyt Masuda gahardan doly şeýle sözleri eşitdirmekligi buýrupdyr:
– Men seniň täjiriň ähli hukuklaryny kanagatlandyrmagyňy talap edýärin, ýogsa-da, sen onuň bilen kazyň ýanyna ugra, goý, ol şerigatyň kada-kanuny esasynda talap edilmeli zady talap etsin.
Täjir kazynyň öýüne tarap ýola düşüpdir, çapar bolsa Masudyň ýanyna baryp, oňa eşitdirmeli habary eşitdiripdir. Masut utanjyna hazynaça:
– Hazynany gör, ol ýerde näçeräk nagt pul bar? – diýipdir.
Hazynaçy hasaplap görüp:
– Ýigrimi müň dinar – diýip, jogap beripdir.
Masut:
– Sen olary al-da, täjir myhmanymyza eltip ber, galan pullar üçinem üç gün puryja sora – diýipdir, çapara bolsa:
– Sen soltana: «Ýigrimi müň dinary ol bada-bat berdi, üç günüň dowamynda hem täjir myhmanyň talabyny doly kanagatlandyraryn diýýär» diý. Görýän bolsaň, men kabamy geýip, bilimi berk guşandyryn, ädigimi geýip, buýruga garaşyp durandyryn, özümem şerigatyň aýratyn mejlisine gitjegimi-gitmejegimi bilýän däldirin – diýipdir.
Mahmyt ogluna:
– Ile bermeli bergiňi doly hem tutuşlygy bilen üzýänçäň, men seniň ýüzüňi görmejegimi ymykly bilip goýgun – diýipdir.
Masut ýeke agyz hem jogap gaýtaryp bilmändir, ol karz pul sorap, dumly-duşa çapar gönderipdir. Öýle namazy bolanda hem täjir altmyş müň dinar puluny nagt alypdyr.
Täjir bu wakany dünýäniň ähli künjeginde gürrüň beripdir. Çyn-Maçynly, müsürli, magryply täjirler Gazna dökülip ugrapdyrlar. Olar ol şäherlere dünýäniň ähli künjeklerinden seýrek duş gelýän täsin zatlary alyp gelipdirler. Şol wagtlar iň kiçijik perraşdyr attutar barada-da: «Şerigatyň öňünde olaryň bary Horasanyň raýysy we Yspyhanyň amidi bilen deňdir» diýip, gürrüň ediler eken.
Soñy.
Osman ÖDE.
Halk döredijiligi we rowaýatlar