ŞUM HABARYŇ TIZLIGI
Howlynyň öňüne gelip saklanan, üsti erkekdir-u aýal-ebtatdan doly köneje ýük awtoulagy görüp, ullakan legende mallaryna bermek üçin iým ezip oturan Näzik ejäniň ýüregi sarsyp gitdi: «Alla janlarym, saglyk bolubersin-dä hernä» diýip, özi bilmezden elini ýakasyna ýetirdi. Birbada ýüreginiň urmasy güýçlenip, birhili galpyldy gurşap aldy: «Ýa-da Hesene... Toba, toba, agzymdan al kakawersin! Beýle däldir-le. Düýnjük özüm görüp gaýtdym-a ony. Tüweleme, allanäme aýak üstüne-de galypdyr indi». Ol birneme ýüregine basalyk berip, hyk-çoklap ýerinden galdy-da, elini gözüniň üstüne kölegeledip, eýýäm açyk derwezeden girip ugran aýallara seretdi. Olaryň öňdäkisiniň şähere degip oturan obada ýaşaýan garyndaşydygyny tanansoň-a, gözüne ýaşam aýlady: «Wah, Hesen janyň keselhana düşendigini eşidip gaýdyberipdirler-ow bularam». Näzik eje içini hümledip durşuna, sary gaýdyşyp ugran gyňajynyň çowy bilen gözýaşyny sylyp, gapdalda ýatan esgä ellerini süpürişdirdi.
Onýança, ýüzlerini aşak salşyp gelýän daýzalaryň öňlerine düşen aýal — Näzik ejäniň garyndaşy ýetip geldi-de, eşidiler-eşidilmez salam berdi. Soňam, gözlerini balkyldadyp durşuna:
— Wah, wah, Hesen janam beýle bolaýan eken-ow. Biz-ä eşitjegem däl ekenik, häli bir obadaşymyz aýtmadyk bolsa — diýdi.
Öz ýanyndan gürrüň Heseniň ýol hadysasyna uçrap, keselhana düşeni baradadyr öýdüp pikir öwrüp duran Näzik eje uludan bir dem aldy:
— Äý, kysmatdyr bi, Ogulmeňli. Biz-ä basym öýereli diýip toýuň aladasy bilendik. Olam... — Näzik eje ýene-de gyňajynyň çowuna ýapyşdy: — Nätjek-dä, maňlaýyna ýazylany şüdir ozaldan. Ýazgytdan bendesiniň gaçyp gutulan ýeri barmy näme?..
Aňyrdan gözýaş etmäge ýörite taýýarlanyp gelýän aýallar Näzik ejäniň sözlerini soňlaryna maý bermediler. Az salymdan olar ýokary taýýarlykly gelendiklerini subut etjek bolýana döndüler. Agy sesi howlyny göçürere getirdi. Ýek-tük ýuka ýürek erkeklerem aýallar bilen deň ses goşuşmasalar-da, «Häý, pahyr, ýigidiň gülüdi-le. Alaç ýok, Hudaýa-da ýagşysy gerek» diýşip, gapdal-gapdal bakyp, elýaglyklaryny gözlerine ýetirdiler. Şum habar Ogulmeňlä hasam erbet täsir eden bolarly. Ol, ilki-hä, oturyp ýer ýumruklap başlady, munam az görýän ýaly, soňundanam dyzlaryna şapbatlap ugrady. Ýörite ýolda, maşynyň üstünde gelýärkä düzüpmi ýa-da şol wagt ylhamy joşdumy, garaz, agysynyň soňuny goşga ýazdyrdy:
— Toý etjekdik, bu gün-erte,
Ýegenjigim Hesen-eý.
Wah, neýläýin, gül ömrün,
Ajal biwagt kesen-eý...
Ogulmeňliniň aýdan soňky sözlerini eşidende, häliden bu yzlaşyga aňk-taňk bolup duran Näzik ejäniň ýüregi üzülen ýaly boldy. «Adam pahyr kazasy dolmazyndan ozal bir gowulaşarmyş. Hesen janyň düýnki mazaly bolup ýörşem şonuň üçin eken-ow. Bular şähere ýakyn oturansoňlar, hökman bir habar eşidip gaýdandyrlar keselhanadan». Gyssagara aňyna gelip-geçen bu pikirler garryny düýbi çapylan agaja dönderdi: «Wah, balam-eý, körpe dikrarym-eý, neneň ejeňi taşlap gitmäge dözdüň-eý. Wah, saňa derek men gitsem bolmadym-eý...». Näzik ejäniň dyňzap gelen gözýaşy sil bolup akdy. Saçyny ýolmalap, ýakasyny ýyrtdy. Ony häli yzlaşyk başlaýan uçurlary üýşüşip ugran goňşularyndan iki sany oral aýal goltugyna girip, garry eşitse-eşitmese göwünlik bere-bere jaýa alyp girdiler.
Şum habar ýyldyrym çaltlygynda kiçeňräk obanyň eýlesinden girip, beýlesinden çykdy. Eşidenlerem: «Haý, bolmandyr-ow» diýşip, işli-işini taşlaşyp eňdiler bärligine. Az salymdan giň howlynyň içi mähelleden doldy. Ikiýana elewräp ýören ýaşul-a motorly ýetip gelen bir ýigdekçäni, heniz saklanyp-saklanmanka, iberdi Heseniň uly agasynyň yzyndan: «Tiz iş ýerine baryp alyp gel» diýip. Beýlekilerem ber-başagaý, keselhanadan jesedi dolap alyp gaýdar ýaly ýorgandyr, ony soňky ýoluna ugradar ýaly tabydyň ugruna çykdylar. Iki-üç oglan bolsa, howlynyň bir gyrasynda içi suwly gazanyň aşagyna ot ýakyp ugrady.
Onýança, yzyna ýel çaldyrman, hälki üigit ýetip geldi motoryny tarladyp. Gozagynda-da garaşylýan adam. Onuň gelerine mähetdel, gerek bolaýjak zatlary suw ýaly «Žigulä» ýükläp, üç bolup eňdiler keselhana.
Tizden olar uly alada bilen raýon keselhanasynyň derwezesinden girdiler. Sürüji ýigit «Nirä süreýin?» diýen manyda Heseniň agasynyň ýüzüne seretdi.
— Ýatan bölümine bir baryp göreli ilki. — Onuň sesi örän gussaly çykdy.
Sürüji ulagyny keselhananyň orta gürpünde ýerleşen bölüme garşy gönüledi. Birdenem...
Hawa, birdenem kellesi saralgy, sag eli hasa bilen boýnundan asylan Heseni görüp, olaryň hemmesi doňup galdylar. Sürüji ýigid-ä tas ulagyny urdurypdy diwara. Bu zatlardan bihabar Hesen bolsa, otyr bir gyz bilen çigit çigitlän bolup. Haçan-da, edil gapdalynda saklanan ýeňil awtoulagdan düşen, ýüzlerinde gan-pet galmadyk agasydyr daýysyna nazary kaklyşanda, ol tisginip gitdi. Salamy-da unudyp, tarsa ýerinden galdy-da:
— Ýeri, saglykmy beri? — diýip, agasyna seretdi. Heniz agasy agzyny açyp ýetişmänkä, oňa daýysy jogap berdi:
— Saglyk, saglyk. Ýöne çaltrak ulaga mün.
— Şu durşumamy, rugsatsyzmy?
— Şu durşuňa, rugsat alyp oturma, wagt ýok. Getireris tiz...
Öýlerine baransoňlar bar zat aýan boldy. Asyl Oulmeňli dagynyň obasyndan çala ker biri ýol-ulag hadysasyna uçrap, özüni bilmän ýatan Heseni görüpdir, «Tiz kömek» maşynyna ýükläp durkalar. Lukmanlaryň özara gürrüňlerini-de çala eşidip, ýogalypdyr diýip düşünse nätjek oňa! Heseni çalarak tanaýan birine-de aýdypdyr şeý diýip. Birki günden bu şum habar çyna berimsiz edilip Ogulmeňli daýzanyň gulagyna ýetirilipdir. Olaram näme, garyndaşy-da, habary eşiden batlaryna eňipdirler bärik, ýük ulagynyň nowasyny dolduryp.
Näme-de bolsa, şol gün Näzik eje ýygnanan mähelläni dagatman, toý berdi. Iki sany daýaw goçam öldürdiler, Heseniň başynyň sadakasy bolsun diýip. Adamlaram näme, «Uzak ýaşajagydyr bi, Heseniň» diýşip ýylgyryşaýdylar.
1989 ý.
Döwran AGALYÝEW.
Hekaýalar