22:52 Surnugan möjek hekaýaty | |
SURNUGAN MÖJEK HEKAÝATY
Goşgular
Bilip bolmaýar-da alna geljegi, Bir gün açlyk surnukdyrdy Möjegi. Ol siňkildäp sökdi tutuş jeňňeli, Garaz şeýdip, bu günü-de jemledi. Jelegaýda ýok hasap edip taýyn, Özüni akylly-paýhasly saýan. Hasaplardy özün jeňňeliň şiri, Öňünden çykany goýmazdy diri. “Her bir işde paýhasly men” diýerdi, Awuny-da saýlap-seçip iýerdi. “Güýçde hem kuwwatda, akyl-paýhasda, Men ähli haýwandan arşda-alysda!” Diýýän, bu Möjege ne döw çalypdyr?!. Ahyry bir Kirpä gabat gelipdir. Öň ençeme ýola awunan Möjek, Ýene-de bir ýola synanyp görjek. “Bu ýerde akylyň kömegi deger, Muny hile bilen iýerin meger.” Diýip, öz ýanyndan pikir ýüwürden. (Ynsa-jynsa süýji zat ýok ömürden.) Garaz, Möjek mähriban bolan Kirpä. “Maňa senden gowy dost boljak kimkä... Bu gün seni gözledim uzak günläp!” Diýip, al salmakçy bolupdyr gürläp. Ýene diýen: “Seniň bilen dost boljak, Saňa gelýän howpuň öňünde durjak! Biz bile çekeris durmuş keşigni, Aýyr-da zyň bu tikenli eşigňi!” Bu sözlere Kirpi çala ýylgyran. (Tejribesi bardy onda ýyllaryň.) Kirpi diýen: “Mende gorky-hatar bar, Möjek dogan, teklibiňe minnetdar! Hergiz bilip bolmaz pelek işini, Tikenim aýraýyn, sogurt dişiňi! Bu şertime razy bolmarsyň senem, Dost, tikenlem aýyrmaýyn-la menem!” Diýip, öz hinine siňipdir Kirpi. Surnugan Möjegiň çaşypdyr eňki. Özüňe artykmaç baha bermeklik – Ol bir jebir-jepa, sütem görmeklik. Kämil eken durmuşyň öz tälimi, Akyl bilen tap her işiň tärini. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |