07:56 Täze kitap: Kalbymyñ senasy | |
KALBYMYÑ SENASY
Edebiýat täzelikleri
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebowy diňe bir halypa şahyr däl-de, ussat dramaturg, kinodramaturg, zehinli ýazyjy, kämil terjimeçi hökmünde hem tanaýarys. Şahyryň 1978-nji ýylda neşir edilen «Topragyň tagamy» atly ilkinji şygyrlar kitaby okyjylaryň hemişelik söýgüsine eýe bolupdy. Dürli ýyllarda onuň «Ajaýyp dünýä», «Ýyldyz dagy», «Üç çemen», «Jemşidiň jamy» we başga-da birnäçe goşgular ýygyndysy — jemi ýigrimä golaý kitaby neşir edildi. Bu gün ol kitaplaryň üstüni Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen “Kalbymyň senasy” atly goşgular ýygyndysy ýetirdi. Dört bölümden ybarat bolan ýygyndyda şahyryň dürli ýyllarda ýazan Watan, gözel tebigatymyz hakdaky buýsançly oýlanma goşgulary, ýaşlyk ýyllarynda ýazan yşk-heserli şygyrlary, aýdymlary, dünýä, ýaşaýyş hakda pelsepewi eserleri bar. “Her bir şahyra, ýazyja, umuman, döredijilik adamyna dogduk mekanynyň tebigatynyň täsiriniň gaty uludygyny ylym tassyklaýar. Men Eýranyň Gülüstan (ozalky Türkmensähra) welaýatynyň uçmaha barabar ýerlerine, Magtymguly etrabyna, Sünt-Hasar daglaryna, Etregiň, Dehistanyň türkmeniň kalbyndanam giň düzlüklerine aýlanyp, “Magtymgulynyň Magtymguly bolmazlyga çäresi ýok eken!” diýen pikire geldim” diýýän şahyryň hut öz goşgulary-da çuňluklaryny Watandan, onuň gözel tebigatyndan susup alýar. Halypa şahyryň: Watan — sarsmaz galam, Ymaratymdyr! Bir gün başym goýsam seniň goýnuňda, Saňa seždäm, saňa ybadatymdyr! Jiger-bagrym ýaryp çykan şygyrlam — Derwüş bolup aýdýan mynajatymdyr! diýýän setirleri Watan hakdaky ýürek senasy bolup ýaňlanýar. Ussat şahyrymyz: “Uçmah ýaly ajap Diýaryma ýar, Görogly gaýratly Prezidentim bar!”, “Bu gün seniň ykbalyňy özgerdýän, Beýik syýasatly Prezidentim bar!” ýaly buýsançly setirlerinde bagtyýar zamanamyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň hem onuň adyl syýasatynyň waspyny ýetirýär. “Men asmandan ýanyp gaýdan ýyldyzyň” diýýän şahyr, hakykatdan hem, bu gün türkmen şygryýetinde ýyldyz kimin parlaýar. “Entek meniň ýazylmadyk şygrym bar, Entek meniň aýdylmadyk syrym bar” diýýän göwni ýaş, ýüregi joşgunly şahyryň entek-entek ylham gory egsilerli däl. Ol öz şygyrlary bilen “bakylygyň aýdymyny aýdyp” ýene köp kitaplaryny halkymyza bagyş eder. Eserleri bilen adamlara ruhy güýç, ylham paýlaýan halypa şahyra galamynyň ýiti, janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris! # «Edebiýat we sungat». | |
|
√ Tекст выступления Д.Язкулыева 25 июня 2024 г. в торжествах проведенной в рамках Дней культуры Туркменистана в Казахстане - 09.07.2024 |
√ Gadymy golýazmalaryň katalogy neşir edildi - 27.08.2024 |
√ Salman Rüşdiniñ münberde pyçaklanmagy barada aýdany - 15.06.2024 |
√ Halkara Buker baýragynyň sanawy yglan edildi - 01.08.2024 |
√ "Dežawýu": Menekşe Toprak Berlinde Suat Derwüşiñ yzyny yzlady - 30.03.2024 |
√ Nobel baýragyny almadyk ägirtler - 05.10.2024 |
√ Soner Ýalçyndan atgaýtarym öñe geçen ýene bir kitap... - 30.06.2024 |
√ Kitap arakesmesi - 14.05.2024 |
√ Halypa ýazyjymyzyň kitaby neşir edildi - 29.10.2024 |
√ Dünýäniň meşhur edebiýat baýraklary - 05.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |