TILKIDENEM MEKIR KIMKÄ?
Heý-de, ertekini halamaýan barmyka? Meger, ýok bolsa gerek. Ertekini okamagam, diňlemegem giden bir hezillik. Ylla bir, täsin bir dünýä düşen ýaly bolýarsyň. Ertekileriň käbirini diýsene? Ol seni şeýle bir özüne imrindirýär welin, hatda ondaky gahrymanlar soň-soňlaram mydama ýanyňda gezişip ýören ýaly.
Parahad-a erteki diňlände ähli zady unudýar. Ol garry enesiniň parasatly ýylan hakynda gürrüň berýän gyzykly ertekisini gulak berip diňläp oturyşyna onuň göz atuwynda şol äpet ýylanyň keşbi, uşlyp ýaly bedenini uzaldyp-ýygnaldyp bilýän täsin hereketler bilen öňe omzaýşy janlanýar. Şonda Parahadyň endamy tikenekläp gidýär. Gör ertekileriň gudraty nirede?
Garry enesiniň mekir tilki hakynda aýdan ertekisi-hä Parahadyň hijem ýadyndan çykanok. Ol bu ertekini otursa-tursa ýadyndan çykaryp bilenok. Görsene ony, her hili çykgynsyz halda-da baş alyp çykmak tilkä başardypdyr.
Parahat şo-o tilkini göz öňüne getirip, onuň daş keşbini synlamak isläp, kakasynyň o günki getiren kitabyny eline alýar. Tilkiniň suratyny gözläp tapýar-da, esli wagtlap ondan gözlerini aýranok. Ana, şonda garry enesiniň gürrüňini beren ertekisi kinodaky ýaly göz öňünde görnüp ugraýar. Baý, hezil-ä!
Ýöne bir gün Parahadyň tilkiniň mekirligine bolan ynamyna ikirjiňlenme döredýän waka ýüze çykdy duruberdi. Ýogsa-da, tilkidenem mekir kimkä?
Ol şeýle boldy.
Kakasynyň goňşy obada barşyp-gelişýän dosty bardy. Oňa Gajar diýýärler. Gajar aganyň näme pişe edýän adamdygy barada Parahatjyk bilenokdy. Ýöne onuň elmydama atyň üstünde, egni aw tüpeňli gezýändigini görýärdi. Onuň göwnüne, ol adam hemişe guş-gumrulary, janly-jandarlary awlamak bilen meşgul bolup ýören ýalydy.
Bir günem Parahadyň kakasy näsaglady. Muny eşiden dosty Gajar aga-da geldi, ýanyndan aýrylmady, oňa göwünlik berdi.
Gajar aga gelende Parahat çetki otaglaryň birinde tamşanyp otyrdy.Ol Gajar aganyň atyny daňyp, içerik girenini gördi-de, howluda bir zatlara gümra bolup oturan garry enesiniň ýanyna ylgap bardy, özem demi-demine ýetmän, sojap-sojap gepledi:
--Ene, aý, ene. Ol adam, Gajar aga diýilýäni gowy adam däl-ä! Şeýle gerek!
Akgül eje agtyjagynyň düşbüjeligine, onuň aşa bilesigelijiligine beletdi. Ýöne onuň “Gajar aga gowy adam däl-ä?!” diýmesine serpmeden gaýdan ýaly boldy.
--Nämüçin oglum? Aýyp bor, uly adamlara beýle diýmek bolmaz-a!
Parahat egnini ýygyrdy.
--Munyň bolanok. Sen ony nämeden çen tutup aýtdyň, balam?
--O neme, onuň ho-ol atdan düşüren horjunynda nämedir bir zatlar bar. Onsoňam ol nämüçin mydama atly aýlanýa, tüpeňli gezýä?
--Horjunynda näme barlygyny-ha bilemok welin, atly hem tüpeňli gezmeginiň sebäbini-hä aýdyp biljek, guzym. Gajar agaň şu töweregiň otuna-çöpüne gözegçilik etmek üçin döwlet tarapyndan bellenilen adam, tokaý sakçysy. Onsoň näme, sakçy adama belki aw tüpeňiniň gerek ýerem bolsa bolýandyr.—Akgül ene gürrüň berip oturyşyna Parahadyň ýanyndan gideninem duýmady.—Onsoň ol kakaň bilenem bileje oýnap ulalypdyr. Kakaň-a mugallymçylykda galdy, Gajar bolsa başga pişä, tokaý sakçylygyna ýüz urdy. Ýöne il arasynda bir gürrüň bar, indi her kim öz gutaran okuwy,
alan hünäri boýunça işlemeli ediljekmişin. Ine, sen, özüň aýt, ulalsaň näme kär edinmekçi?
Akgül eje yza gaňrylyp seredende, bu zatlary kim üçin gürrüň berýänligine-de düşünmedi. ”Haý, garagol diýsänim” diýdi-de, çalaja ýylgyrdy, agtyjagynyň sanly salymda nirä ýitirim bolandygyna geňirgendi.
Golaýda Gajar aganyň aty daňylgy durdy. Parahat hem şol ýerdedi. Ol sygyr üçin agşamlyk ýyglyp goýlan otdan gujagyny dolduryp, atyň öňüne dökdi. At muňa minnetdarlyk bildirýän terzde, telim öwre kellesini aşak-ýokaryk hereketlendirdi. Soňam otdan güýürt-güýürt çeýnemäge durdy.
Parahat enesiniň ýanyna gaýdyp gelende, özi bilen Gajar aganyň içi zatdan dykylyp doldurylan horjunyny hem süýräp diýen ýaly getirdi.
--Ene, ine, bi horjuna bir seret, onda hakyt kitapdaka meňzeş tilki bar. Ony öldüripdirler. Aýtdym-a şul adam gowy däl diýip. Onsoňam indiden beýläk men tilkiniň ol ertekilerde aýdylyşy ýaly, mekirligine ynanasym gelenok. Ähli kynçylyklardan baş alyp çykýanlygy çyny bolsa, beýdip ele düşmezdi.
Akgül eje horjunyň ýanyna geldi. Börtük gabaklaryny galdyryp, mäzleşik gözleri bilen tokaýçynyň horjunyndaky “oljasyna” seretdi. Soňam ol horjundan bir däl, birnäçe tilki çagasynyň maslygyny çykardy.Şo dem ony başga birhili oý gelip basdy. Bu ahwalata gynanyp, aňyrsyna çykyp bilmedi. Özüne soragly garap duran agtyjagyna jogap berere güýç-gaýrat tapmady.
Onýança bu ýere Gajar aganyň özem geldi.
--Ine, ene jan, ýagdaýlar-a şeýle.Ýogsa-da, bu janawarlary şeýle bir içgin synlaýaňyz welin, näme, olaryň näzijek tüýjagaşlyja derileri size-de ýaradymy?
--Tilki derisiniň kime ýarap, kime ýaramanyny-ha senden sorajakdym, Gajar!? Neneň buşagazlara tüpeň çenäp bildiňiz. Nämä gerek boldy? Heý-de, olary öldüräýmek bormy? Sürä ýanaşan şagal-möjege degilse başga gep. Wah-wah-eý, ýüregim awady-da! Olar haýwanam bolsa, heniz balaja ahyryn.
Agtygym çöwjäp dursa, ýalandyr diýdim. Gajardan beýle zatlar çykmaz diýdim...
--Bir zadyň anygyna ýetmän gürlemäň ahyryn, ene? Aramyzda şular ýaly bet işlere baş goşýan iki-ýeke adamlarymyz hem bar. Dogrusy, heniz-ä yz tapmadym. Elime düşseler bolany, men olary etjegim belli.—Gajar aga tilki maslyklaryny ýygnaşdyryp oturyşyna soňam nämedir bir zatlary hümürdedi.
Bu jogap Akgül enäni hem biraz gurplandyran ýaly etdi. Ol Gajar aga-da günä ýoklugyny aňlany üçin:
--Bagyşla, Gajar, biz agtyjagymyz ikimiz saňa nähak ýerden günä ýöňkejek bolupdyrys—diýdi.
Gajar aga hoşlaşyp gitdi. Parahat garry enesiniň ýanyndan aýrylmady. Ol uzak wagtlap, bir zat diýmek islän ýaly, dymyp oturdy. Ony Akgül eje Parahadyň ýüzünden aňdy.
--Hawa, oglum. Gajar agaň dogry aýdýar. Şeýle betpäl adamlar hem bar. Olar tilkidenem mekir. Şeýle adamlar hiç bir işde-de hezil bermez.
Akgül eje agtyjagynyň aladaçyl ýüzüne seredip, onuň gaýga batan akylly başyny sypady.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Çagalar edebiýaty