10:11 Topraga sygmaýan jeset / hekaýa | |
TOPRAGA SYGMAÝAN JESET
Hekaýalar
Hekaýanyň ideýasyny salgy beren Has Türkmene aýratyn minnetdarlyk bildirýän. Elli ýyldan gowrak bir obanyň başlygy, bir iliň kethudasy bolan Aşyr Atabaý ahyr amanadyny tabşyrdy. Adamlar birbada ynanmadylar, nädip ynanjak. Aşyr Atabaý entek-entek ölmeli adammy?! Asyl ölmejek ýaly, ölmeli däl ýaly. Bu dünýä baky gelen ýalydy ol kişi. Merhumy soňky ýoluna ugratmaga gaty kän märeke ýygnandy. Paýtagtdan gelenleriň özem ep-esli bar eken. Abraýly, mertebeli adamdygy hemmä belli, hemme onuň nähili adamdygyna belet. Ol şeýle bir abraýlydy welin, hatda ölenden soňam onuň adyndan eýmenip durdylar. Beýle azy ýaran kişilere il içinde eki-köki özüne ýetik diýýärler. Öz wagtynda arkasynda duran adamlaram, ezeneginden çeken kişilerem ýetik bolandan soň, onuň abraý-mertebesi özünden öň ülke geziberdi. Öz döwründe Aşyr Atabaýyň edenine däl diýen adamyň özi ýok bolup, ýitip gidýärdi. Öz deň-duş başlyklarynyň içinde ilkinjileriň hatarynda Sosialistik zähmetiň gahrymany bolup, adynyň bütin soýuza meşhur bolmagy aňsat zatmy eýse?! Aňsat däl, munuň üçin bütin ili bir agza garadyp başarmaly, ol agyzam öz agzyň bolmaly. Onuň üçinem ilkinji nobatda her göreniňe agzyňy tanatmaly däl. Özüňi tanatmaly. Emma özüňi tanatmak üçin gylyjyňdan gan dammaly. Şeýle diýdimzor düzgünden habarly bolsaň häkimlik seniňki. Onsaň demiňde degirmen aýlanyberer. Aşyr Atabaý ine şunuň hötdesinden geldi. Bütin kolhozyň halkyny bir ýumruga düwler ýaly şert döretdi, çünki halky penjesine gysyp başardy, soňam hiç sypdyrmady. Bu günem ynha Aşyr Atabaý dünýesini täzeledi. Bütin dünýäni elinde saklaýan ýaly hondanbärsi bolup, edenini edip, towguna tok diýilmän şory depesine çykan, SSSR döwrüniň eýýämhaçan möwriti geçen esgi başlygy. Häzir esgi ýaly bolup ýatyr, bende. Merhum merhum bolýar. Merhum barada diňe gowy zatlar aýtmaly, bolmasa-da dymmaly diýlen “paýhasa” wepaly halkymyz her bir her bir haramy, orramsy gurrumsagy hem sesini-üýnüni çykaraman mele topraga tabşyryp bilýär, bu onuň belki mertligi, belki hem nadanlygy bolup biler. Hatda molla aganyň “Adamlar, merhum nähili adamdy” diýip hetjikläp berýän sowalyna hem biragyzdan, özem üç kere “Gowy adamdy” diýip gaýtalamaga hem ýaltanmaz. Aşyr Atabaý hem il deňinde öňki düzgün-tertip bilen jaýlandy. Köne başlykdan gowluk gören, minnetdar adamlaram az däl eken. Emma nämüçindir hiç zat geplemän, dymyp, dişini gysyp ýören adamlaram-a tapyldy. Bir ýa iki, bäş ýa on hem däl, sanardan köp. Bir wagtky demi degirmen ýöreden merhum başlygyň ediberen işleri hakda ol ölenden soňam aýdyldy. Özüni obanyň, iliň ýolbaşçysy däl, hudaýy saýyp ýören wagty Aşyr Atabaý asyl ýeriň ýüzünde ýören dirije şeýtana öwrüläýen eken. Emma tä ölýänçä oň garşysyna çykyp bilenem bolmandyr, ýa bir ondan şikaýat edenem tapylmandyr. Merhumyň üçi sowulmanka oba gaty mojuk habar ýaýrady: - Eşitdiňizmi, Aşyr Atabaýy gabyr almandyr. - Gabyr almandyr diýmäň näme? - Şeýle-dä şol. Eden haram işlerinden ýaňa indi ölenden soň ýerem göterenok haramy. Gabyr atyp daşyna çykarypdyr. Ynanmasaňyz baryň göräýiň, mazaryndan çykyp, kepenine çolaşyp ýatyr diýýä göz-gülban bolup. Eşidenler ynanmadylar. Görenler ýakasyny tutdular. Adam ölmese her zat göräýjek eken. Öliniň gabryna sygmaýandygyny, gabryň jesedi daşa atýandygyny är ömründe birinji gezek gördük. Aşyr Atabaýyň jesedini dogan-garyndaşlary özli-özi bolup sessiz-üýnsüzje ýene öňki gabryna ýerlediler. Bu ýagdaýda ýagny Aşyr Atabaýyň gabryndan çykmasynda adam eli bar bolaýmasyn diýip güman eden garyndaşlaryndan biri-ikisi müjewüri gyra çekip, oňatja sorag-idegem etdiler. Ak sakgaly ýeliň ugruna ykjap, bir ýerde durman heläk edýän müjewür: - Köşekler, beýle zady adam balasy oňarmaz. Bu bolan zat Alladandyr – diýdi. – Onsaňam gonamçylygyň golaýynda ýat-ýala görünse, meniň alty oglum bar, hemmesem şu töwerekde ýaşaýar. Biri görmese biri göräýmeli. Şübhe etmäň, bu peläket iş Alla tarapyn bolandyr. Men näme diýeýin başga?! Aşyr Atabaýy ýaňadan jaýlan garyndaş jemagaty öýli-öýüne dagady. Emma hemmesiniň kalbynda bir heder, bir ünji, gizlin gorky galdy. Ertir guşluk çaglary öwlüýäniň ak sakgal müjewüri köne başlygyň inisi Kadyr Atabaýyň gapysyna gelip, içeri girmän habaryny aýtdy. Müjewüriň ýöne gelmändigini eýýäm duýan Kadyr Atabaý agyr ýuwdundy. Müjewür: - Merhumyňyzy başga bir ýere duwlaýmasaňyz... - diýip başyny ýaýkady. – Gurbany gitdigim Gyr öwlüýä göterenok. Irden çagalar ylgaşlap geldiler, mazar açylyp ýatyr, bir zad-a bolupdyr diýýäler. Hiç zat bilenoklar çagalar-da. Kadyr Atabaý ýenemi diýip sorajak boldy. Müjewür başyny atyp, onuň entek berip ýetişmedik soragyna jogap gaýtardy: - Gaty aýbygadym bolup dur, öwlüýäde muň ýaly zat entek är ömründe, asyl il ömründe görlen zat däl. Bir zat edeweriň merhumyňyzy. Bolmasa bize-de gowy däl, size-hä asylam. Kadyr Atabaý inilerini gonamçylyga ugradyp, özi Mämmetjan piriň ýanyna gitdi. Ömrüne kitap agtaran, köneden sowatly bu takwa kişi obanyň gyrak-bujagynda ýaşaýar. Kän bir köpçülige goşulybam ýörenok. Mämmetjan pir hüjresinde kitapdanyň üstünde Kurany-Kerimi goýup, labyzly sesi bilen aýat okap oturan eken. Kadyr Atabaý bosagada aýak çekip, tä ol aýat okap bolýança tagapyl etdi, asyl alajy hem ýokdy. Kuran okap bolup, biraz demini dürsän Mämmetjan pir, kimdir biriniň bosagada garaşyp duranyny duýdy: - Taňry bendesi, işikde durma, giriber içeri. Kadyr Atabaý tamam ak lybasly, ak sakgaly döşüni ýapyp duran piriň ýanyna iki bükülip baryp, ikelläp salamlaşdy. Hal-ahwal soraşyp-soraşman sakyna-sakyna, aljyrap, gara-suw bolup ýagdaýy aýtdy: - Tagsyr, agam Aşyr Atabaýyň jesedini toprak alanok. Indi ikinji sapar gömmeli bolup durus. Nädeli. Biz gömýäs, toprak atyp daşyna zyňýar. Biz gömýäs, toprak... Mämmetjan pir Kadyr Atabaýyň ýüzüne seretmän agyr gepledi: - Dünýä haýatynda ýaşap ýörkä agaň edip boljak, edip bolmajak ýaman iş bolsa etdi. Musulmançylyg-a beýlede dursun, adamçylyga sygmaýan pist-u fujur işlerem elinden geldi. Iki elini gana boýap gezdi. Şeýdibem iki dünýäsini hem gömdi, ýüzügara. Ana şol wagt ony ýer göterip ýörüpdi ahyr. Indi ölenden soň, Indi ölük halynda toprak ony näme üçin öz bagrynda saklamasyn. Bu gepiňde mantyk ýok. Kadyr Atabaý Mämmetjan piriň ýüzüne bakyp bilmän otyrdy. Ýöne onuň aýdyp oturan zadyna hem düşünip bilenokdy. Şonuň üçin bir zat aňşyrjak ýaly garry piriň ýüzüne ýalt-ýult garaýardy, ýene başyny aşak salýardy. Piriň gepine garasaň, bu ýerde topragyň dahyly ýokdy. Onda nädip beýle bolýarka? Mämmetjan pir bolsa, mundan otuz ýyl öň Aşyr Atabaýyň eden ýowuzluklaryny ýatlap oturşyna dişlerini gysyp, ýüzüni kese sowdy. Şeýtanyň peşewini içen ýaly arak-çakyrdan gaýtmaýan, doňuzyň etinden doýup doňuzlap ýören deýýus, näçe-näçe men diýen kişileri ýok günä ýöňkäp, GPU-çylaryň eli bilen Sibirden çykardy. Halky şeýle bir ejiz, nalajedeýin hala sokup bilen o haram iliň-günüň gül ýaly gyz-gelnini gözüniň alnynda basgylap bilýärdi ahyr. Durmuşa çykýan gelinler ilkinji gijäni Aşyr Atabaý bilen geçirýärmiş, bolmasa başlyk nikalaşmaga rugsat bermeýämiş diýen gürrüňi eşidip Mämmetjan işan ýakasyny tutupdy, dogrusy ynanmandy. Ýöne bir gün bu ýowuz işiň çyndygyna gözlüje şaýady boldy. ... Kolhoz prawleniýasynyň öňünde papirosyny tütedip duran başy stalin papakly Aşyr Atabaý aňyrdan gowuşgynsyz gelip, eglibiräk salamlaşjak bolan ýigdekçäniň salamyny barmagynyň ujunda aldy: - Howwa, aýdyberýeň arzyňy Solty han! Ýaş ýigit sazanaklap durşuna: - Başlyk, Gara aganyň gyzy bilen, Annagül bilen, neme, nikadan geçjek bolýas... Elindäki papirosyň düýbüni pitikläp goýberen Aşyr Atabaý: - Öýlenäýsem diýýäňmi onsaň – diýip, agzyny gyşartdy. – Haçan nikadan geçmekçi? Ýaş ýigit bilemok diýen manyda egnini gysdy: - Başyk, özüňiz haçan diýseňiz, bize şol bolar. Aşyr Atabaý bir zady içinden hasaplaýan ýaly gözlerini süzüp durşuna: - Bu gün agşam gelniň öýe barsyn. Bir gije gelnejeň ýanynda bolsun – diýip, biperwaý aýtdy. – Ertir ýa birigün nikadan geçiberiň onsaň arkaýyn. Mämmetjan pir agyr ýatlamadan saplanyp bilmän oturşyna: - Estagfirullah! – diýip, gözlerini ýumdy. Aşyr Atabaý bilen bir almany iki bölen ýaly meňzeş inisiniň tiziräk gitmegini isledi. Kadyr Atabaý egnini gysyp oturşyna: - Tagsyr, indi biz näme edeli. Ile-güne çykar ýaly-ha bolmadyk –diýip, boýnuny hasam aşak egdi. - Tagsyr, bize bir ýol görkeziň. Mämmetjan pir ýüzüni keseräk sowup oturşyna: - Ölüňizi ýer kabul etmeýän bolsa, bir ýoly bar – diýdi. – Siz ol murdaňyzyň üstüne itiñki-eşegiñki ýa adamyñky diýmän bir ýerde poh-püsül bolsa atyñ, agzyna-da doňzuň tezegini dykyp depin ediň. Şondan soň toprak ony ýokary atmaz. Kadyr Atabaý Mämmetjan piriň aýdyşy ýaly etdi, hatda ondanam beterräk etdi. Şol gije hem asmanda Aý ýokdy. Howa hem bulutlaşyp durdy biraz. Ýarygijäniň tümüne duwlanyp, gonamçylygyň içi bilen seresap ädimläp gelýän gara pyýada entek çygy guramadyk guburyň gyrasyna gelip aýak çekdi. Biraz çommalyp oturyp, töweregi gözden geçirdi. Mertlik üçin goltugyndan çykaran çüýşesinden owurtlap oturşyna “Şu çüýşänem boşadyp, har-ramyň götüne dykaýsam näderkä” diýip, ýakymsyz ýylgyrdy. Soňam agyr eşiklerini çykaryp gubury gazmaga başady. Her gezek pilini ýumşak topraga batyrgaý urup, alan gumunam çar tarapa pyzgydyp duran pyýada yzyny üzmän sögünýärdi: - Haý, seň ejeňi ... oýnaşdan bolan har-ramy. Sen-ä diri wagtyň edeniňi etmeli, soňam gabryňda arkaýyn ýatmaly. Ah, seň ejeňi .... S...mi ýatarsyň. Entek seni ýene ýedi gezek gabryňdan çykaryp, sekiz gezek maslygyňy sermesem meniňem Soltanmyrat bolmadygym. Şeýdip weresa etsemem içim sowamaz. Birhaýukdan soň ol burnuna haplap uran erbet ysdan çirkinip sägindi. Temegini göge tutup arassa howa agtardy. Töwerek-daş nejasat ysyndan gark bolupdy. Soňra nejis ysyň nirden gelýändigini aňşyrdy. Goýy nejasat süýgeşip piline hem ýapyşan eken. Pilini bir gapdala zyňyp goýberen gara pyýada: - Haý, gabryňa ...ikeýin – diýip erbet sögündi. – Gabryny tuwalet edäýen ekenler-ä. Aý, indi myny poha bulap gömen bolsalar, haý-ý, ejeň... seň yzyňda galanlaram özüňden ötüren har-ramy ahyr. Ol içini sowatmak üçin näm etjegini bilmän ýary açylan guburyň başujunda durup uzynugruna şarryldadyp buşukdy. Sylapberdi MUHAMOW, 03.10.2022 ý Daşoguz - Garagaç obasy. | |
|
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||