«TÜRKMEN HALYSY – TÜRKMEN KALBY» / edebi-filosofik söhbet
Türkmeniň döreden iň gadymy medeni-ruhy gymmatlyklarynyň biri-de halydyr. Türkmen halylarynyň şöhraty gaty gadymy döwürlerde hem dünýä belli bolupdyr. Şonuň üçin hem bizde türkmen halylary hakynda örän baý maglumatlar bar. Alymlaryň eserleri bir zada – türkmen halysynyň ýaşynyň juda gadymylygyna doly şaýatlyk edýär.
Bedew hem haly – ine, türkmeniň halk, millet hökmündäki juda gadymylygyna güwä geçýän miraslar.
Haly – türkmeniň şu gününi onuň gadymyýeti bilen baglanyşdyrýan köprüdir.
Türkmen halylary milletimiziň köp müňýyllyklaryň dowamynda üýtgemezden biziň günlerimize ýetip gelen sungatydyr. Onuň gadymylygyny nämeler bilen delillendirip bolar we näme üçin türkmen halysy şonça döwrüň içinde uly üýtgeşmä sezewar bolmandyr?
Türkmen topragynyň gadymyýeti bilen gyzyklanýan islendik adam baryp biziň eýýamymyzdan öňki IV – V müňýyllyklara degişli arheologik ýadygärlikleriň üstünden barýar. Şol döwürden bolsa bize diňe wagtyň zarbasyna döz gelip bilýän medeni ýadygärlikler gelip ýetipdir. Bu ýadygärlikler toýundan hem beýleki çig maldan ýasalan dürli gap-gaçlar, heýkeljikler, tumarlar hem şaý-seplerdir. Hut şol gap-gaçlaryň ýüzünde-de biz häzirki türkmen halysynyň dürli elementlerini görýäris. Bu şekiller öz döwründe, megerem, uly hem çuňňur ideologiki manyly aňlatmalar bolupdyr. Ylaýta-da, türkmen halysynyň esasy elementi bolan göllere meňzeş şekiller IV – V müňýyllyga degişli gap-çanaklarda köp duş gelýär. Degişli döwürde adamzat aňynyň bitewülik häsiýeti mese-mälim görünýär. Ýagny ol döwürlerde zähmet bölünişiginiň haýal amala aşandygy, şoňa laýyklykda-da dürli maddy hem ruhy gymmatlyklaryň bitewi ýaşandygy, sungatyň dürli görnüşleriniň entek biri-birinden aýrylyşmandygy düşnüklidir. Biziň üçin häzir gap-çanak, esasan, gündelik maddy hajatlara hyzmat edýän zatdyr. Emma şol döwürde gap-çanak ýöne bir maddy hajatlary ýerine ýetirmän, eýsem hem sungat, hem ylym, hem filosofiýa bolupdyr. Sungat – sebäbi ol adamlaryň estetiki isleglerini kanagatlandyrypdyr, ylym – sebäbi gap-çanagyň ýüzündäki şekiller hat-petegiň ilkinji ýüze çykmasy bolupdyr. Siňe seretseň, olaryň ýüzündäki şekilleriň orta asyr türkmenleriň ulanan harplaryna, tagmalaryna juda meňzeşdigini görüp bolýar. Elbetde, özüniň lingwistik-aňladyjylyk aýratynlyklary boýunça olar bütinleý başga hatdyr. Munuň özi hatyň, ýazuwyň bütinleý başga derejesidir we başga görnüşidir. Şol dereje we görnüş döwrüň adamlarynyň daşky dünýäni ýazga geçirmek ukybyna we endiklerine laýyk gelýär.
Bu ýerde dürli sesleri, hatda sözi ýa-da sözlemleri aňladýan belgileriň bolmajakdygy düşnüklidir. Mundaky her bir şekil giden bir pikiri, temany, gürrüňi aňladýar. Beýle aýratynlyk degişli belgilere simwoliki häsiýeti we mazmuny berýär. Bu ýerde gadymyýetiň – ata-babalarymyzyň simwoliki aňynyň özboluşlylygyny synlaýarys. Simwoliki häsiýet bolsa gadymkylaryň ylmyna filosofiki äheň çaýýar. Bular gadymy döwrüň sungatynyň iň ösen derejesini aňladýar. Şonuň üçinem olar döwrüniň iň ussat döredijilerine başardan eserlerdir. Ruhuň iň ýokary derejesi bolany üçin hem bu eserlerde gadymy adamlaryň dünýägaraýşy beýan bolupdyr. Diýmek, olarda şol dünýägaraýyşda iň esasy orun eýelän zatlaryň we temalaryň şekillenmegi tebigy zatdyr.
Mysal üçin, eger oňat synlasaň, olarda Günüň, Aýyň hem Ýyldyzlaryň şekillenýändigini görmek bolýar. Bu düşnüklidir, sebäbi biziň gadymy ata-babalarymyz otrapazçylyga uýupdyrlar we dürli asman jisimlerine hudaýyň şekilleri hökmünde garapdyrlar. Türkmenistanyň territoriýasyndaky ýadygärliklerde tapylýan guş şekillerini hem şu hatara goşmak mümkin. Oguz han ýigrimi dört agtygynyň her birine bir guşy oňon berýär. Munuň hem simwoliki manysy bar. Mälim bolşy ýaly, guşlar asman ýaşaýjylarydyr. Dürli arheologik tapyndylaryň arasynda köp duş gelýän möhürler, esasan, guşlary şekillendirýär.
Möhür – häkimligiň simwoly. Diýmek, onuň eýesi özüniň hudaýlara – Güne, Aýa ýakynlygyny tekrarlaýar. Şu ýerde häzirki zaman türkmen halysynyň hem köp elementleriniň guş ady bilen atlandyrylandygyny aýtmak gerek. «Gazaýak», «Durna hatar» ýaly nagyşlar, gürrüňsiz, 5-6 müň ýyl mundan ozalky döwürden galan zatlardyr. Tapyndylardaky ýönekeýje hem häzir gödek görünýän figuralar we şekiller döwrüň adamlarynyň dünýägaraýşyny we ruhuny oňat beýan edýärler. Aýdaly, dürli baldaklaryň we çybyklaryň şekilleri ösümlik bilen baglanyşykly hudaýyň, tolkuny ýada salýan şekiller suw bilen baglanyşykly hudaýlaryň simwoly bolmaly.
Ýene bir aýtmaly zat – haç formasyndaky, atanak şekildäki tapyndylar bar. Olaryň magiki manysy bolup, dürli bela-beteriň öňüni almak, olara atanak çekmek üçin edilen bolsa gerek.
Örän gadymy döwürlere degişli tapyndylaryň esasy aýratynlygy – olar mazmun we forma, stil taýdan türkmen halysynyň gönezligidir.
Birinjiden, dürli küýzeleriň we gap-çanaklaryň reňkleri hem türkmen halysynyň reňkleri bütinleý kybapdaşdyr. Alymlar şol gaplaryň esasy reňki gyzyl-gyrmyzy bolup, şeýle reňkiň üstünden gara ýa ak çyzyklaryň geçirilýändigini aňladýarlar. Elbetde, islendik adam türkmen halysynyň hem şeýle suratda «reňklenýändigini» tassyklap biler. Biziň halymyz özüniň klassyky görnüşinde diňe şu üç reňki – gyzyly, garany we agy bilýär. Meniňçe, reňkleriň saýlap alynmagy asla-da tötänlik däl we bu şol döwrüň ruhuny hem dünýägaraýşyny görkezýär. Gadymy oguzlarda dünýäniň üçe bölünendigini bilýäris. Üç reňk – türkmeniň üç dünýäsini alamatlandyrýar.
Gyzyl reňk – toprak;
gara reňk – ýerasty dünýä;
ak reňk – bu ýagty jahany aňladypdyr.
Ikinjiden, özüniň stili boýunça gadymy miras we häzirki haly şol bir aň hem sungat hadysasydyr. Bularyň ikisinde-de dünýäni şekillendirmegiň geometriki usuly – dürli çyzyklar, üçburçluklar, altyburçluklar ulanylýar. Hut şu aýratynlyk türkmen halysynyň milliligini hasyl edýär we ony beýleki gadymy hem häzirki halklaryň sungatyndan düýpgöter tapawutlandyrýar. Türkmen halysy beýleki halklaryňky ýaly, güli hem aýlaw-aýlaw, egrem-bugram şekilleri bilmeýär. Bu ýerde islendik zat, hatda haýsydyr bir ösümlik ýa-da haýwan şekili diýip okalýan zat berk deň ölçegli geometriki elementlerdir. Bu ýerde ähli zatlar dürli ölçeglerdäki çyzyklardan we burçlardan ybaratdyr.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Türkmen halysy – türkmeniň kalbydyr» diýdi. Diňe türkmen halysynyň stil aýratynlygyna äňedeniňde, bu sözleriň aýratyn manysyna akyl ýetirýärsiň. Çünki türkmen halysynda özgeleriňki ýaly göz gamaşdyryjy al-elwanlyk, reňkleriň sanýetmezligi hem aýlaw-aýlawlyk ýokdur. Munda reňkleriň sany-da türkmen ruhunyň ýörelgeleri ýaly çäklije, emma berk hem-de üýtgewsiz. Munda reňkler we çyzyklar türkmen häsiýeti ýaly agras, arkaly we üýtgewsiz.
Türkmen halysynyň gözelligi kaşaňlyga däl-de, döredijilik prinsipleriniň üýtgewsizligine esaslanýar. Onuň sazlaşygy reňkleriň hem çyzyklaryň utgaşmasynyň aç-açanlygyndan we ýowuz, berk üýtgewsizliginden gelip çykýar.
Biziň gadymy ata-babalarymyzyň ruhy dünýägaraýşynda totemizm uly orun tutupdyr. Totemizm – tebigat bilen ruhy aýrylykda, gapma-garşylykda däl-de, onuň bilen ruhy sazlaşykda ýaşaýan, sözüň ruhy manysynda tebigatyň içinde ýaşaýan adamlaryň ruhyýetidir. Çünki şeýle ruhyýetli adamlar özlerini tebigatdan, onuň ýaşaýjylaryndan hiç bir tarapdan ýokarda goýmandyrlar. Tersine, olar tebigaty öz asly, özlerini bolsa onuň bir bölegi hasaplapdyrlar. Şonuň üçinem gadymy adamlaryň aň aýratynlyklaryny beýan edýän sungatda haýwan şekilleriniň duşýandygy tebigy zatdyr. Biziň eramyzdan öňki döwürlerde ýaşalan ýerlerden tapylýan tapyndylaryň içinde dürli haýwan şekilleri bar. Günorta Türkmenistanyň arheologik ýadygärliklerinde, esasanam, tekäniň, öküziň, goýunlaryň şekillerini görmek bolýar. Türkmeniň etnografiýasynda, ynançlarynda, ruhy hem maddy medeniýetinde bu jandarlaryň nähili orun eýeleýändigini aýdyp hem oturmaly däl. Taryhçy alymlaryň birnäçesi «Oguz» adyny-da «öküz» sözi bilen baglanyşdyrýarlar. Türkmen etnonimiýasynda we etnikasynda «öküziň» tötänlik däl-de, ulgamlaýynlyk häsiýeti bar. S.P.Tolstow Amyderýanyň iň gadymy döwürlerde «Oks» diýip atlandyrylandygyny ýatlaýar. Tekäniň hem, goçuň hem türkmen taryhy bilen edil şonuň ýaly içgin we çuňňur baglanyşygy bardyr. Iň täsin galdyrýan ýeri, şu mukaddes haýwanlary, ylaýta-da goçy şekillendirmek türkmen halyçylarynyň gowy görýän döredijilik işidir. Özem bular özge halklaryň sungatyndaky ýaly, tebigatda bolşy ýaly suratlandyrylanok. Eýsem türkmen haly, nagyş hem zergärçilik sungatynyň milli däplerine laýyklykda, stilleşdirilip alynýar. Ýagny dürli burçly çyzyklar, şekiller, nagyşlar görnüşinde, nagyş stiline salnyp şekillendirilýär. Şonuň üçinem gözüň öwrenişen, türkmen halysynyň diline düşünýän bolaýmasaň, birbada haýwan şekillerini halyda tanamak hem aňsat däl.
Arheologik tapyndylar, ylaýta-da gap-çanaklar we olaryň ýüzlerindäki nagyşlar bilen baglanyşyklylykda bir zady bellemeli. Biziň käbir alymlarymyz türkmen halysynyň olara gatnaşygyny şeýle göz öňüne getirýärler: orta asyrlarda ýa ondan öňräkler türkmenler gadymy harabalardan nagyşly gap-gaçlar tapypdyrlar we ol nagyşlary hala geçiripdirler. Meniňçe, bu ýalňyşlykdyr. Türkmen haly sungaty edil türkmen bedewi, iti ýaly juda gadymydyr. Haly şol gap-çanaklar bilen tas ýaşytdaşdyr. Ýöne ýüňden dokalýan haly wagtyň weýran ediji täsirine döz gelip bilmeýär. Hut şonuň üçinem iň gadymy döwrüň halylary bize gelip ýetmändir.
Türkmen bedewiniň gadymylygy hemmä belli. Türkmen itiniň gadymylygy hakynda W.M.Masson «Ilkinji siwilizasiýalar» kitabynda şeýle ýazýar: «Terrakot şekiller inedördül göwreli, çala görünýän gulakly we dikgerip duran guýrugynyň ujy kesilen iri itleri janlandyrýar. N.M.Ýermolowa bular gulagy, guýrugy kesilen, özlerem häzirki türkmen itlerine ýakyn itlerdir diýip doly esasly netijä gelýär. Jeýtun neolitinde göwresi şagalyňkydan az tapawutlanan kiçijik eldeki it bolupdyr. Munuň özi şol arada geçen 3000 ýylyň dowamynda Altyn depäniň seleksonerleriniň möjeklere garşy duran it tohumyny döredip bilendiklerini görkezýär. Megerem, seleksiýa öý haýwanlarynyňam esasy tohumlaryny kemala getiripdir». W. M. Massonyň şol kitabynda dünýäde ilkinji ýedi siwilizasiýanyň biri diýlip Türkmenistanyň arheologiki ýadygärlikleri ylmy taýdan doly derňew edilipdir.
Türkmen halysynyň gadymylygy hakynda gürrüň edilende, ýene bir meseläni agzaman geçmek bolmaz. Änew medeniýetiniň galyndylarynyň içinde aýal hudaýlaryň şekilleri köp duş gelýär. Ol döwürde aýallar adamzat jemgyýetinde hem, adamzat aňynda hem aýratyn orun tutupdyrlar. Saçynyň örülişi, eşikleri boýunça häzirki türkmen zenanlaryna çalymdaş şekiller döwrüň ruhyýetini, ynançlaryny we sungatyny oňat görkezýär. Aýallaryň şeýle şekillerine men türkmen zergärlik sungatynyň nusgalarynda köp gabat geldim. Olar, megerem, biziň häzirlikçe doly okap bilmeýän, haly nagyşlarymyzda hem gizlenip galan bolmaly. Ýöne, elbetde, olar häzir başgaça atlandyrylýandyr we biz onda şol ada laýyklykda, bütinleý başga bir zady görýändiris. Çünki her nesliň aňy öz döwrüne, dünýägaraýşyna laýyklykda, gadymy zatlarda olary döreden adamlaryň zatlaryny däl-de, öz aňyna sygýan zatlary, hakykatlary görýär. Yslamyň, adamy şekillendirmegi gadagan eden täsirinde bekän beýnä nagyşlarda aýal keşbi, onda-da aýal hudaýyň keşbi kes-kelläm görünmese gerek.
Ine, aýal-gyzlarymyzyň «saçlyk» diýip atlandyrýan bezegi bar. Saç nire, zat nire, gowy synlasaň, bu arassa aýal hudaýyň keşbi ahyryn. Aňyň tebigaty üýtgäpdir, indi türkmen onda şekillendirilen zady «görmediksireýär-de», şaý-sepi onuň funksiýasyna görä atlandyrýar. Emma aňyň tebigaty üýtgese-de, sungat eseri öňküligine galýar. Men näme üçin aýallar meselesini ara saldym? Men bu meseläni ýene bir pikiri öňe sürmek üçin esas hökmünde ulanýaryn:
Näme üçin türkmenlerde halyny diňe zenanlar dokaýar? Elbetde, siziň myssa ýylgyrýanyňyzy duýup otyryn. «Düşnükli ahyryn» diýip siz aýdarsyňyz. Bu aýallaryň türkmen jemgyýetindäki, gün-güzeranyndaky, durmuş ukladyndaky orny bilen baglanyşykly diýip hasaplaýarsyňyz. Men bolsam idealist. Men – ruhuň düýpli hadysalarynyň sebäbini gün-güzerana baglamagy nädogry hasaplaýaryn. Men ruhuň ýaşaýşyny, mehanizmini ýeriň ýüzünde däl-de, ýeriň bir gez üstünde – howalalylykda gözleýärin. Ine, onsoň, meniň pikirimçe, örän gadymy döwürlerde – hudaýlar aýal şekilinde bolýar diýip ynanylýan döwürlerde ýüze çykan haly sungaty bilen iş salyşmak diňe aýallaryň hukugy hasaplanan bolmaly. Megerem, şol döwürde taryhy ösüşiň aýratynlyklaryna görä, jemgyýetiň esasy intellektual we ruhy kuwwaty-da häzirkiniň tersine, aýallaryň elinde jemlenen bolmaly. Emma soň-soňlar bu meselede erkekler aýallardan öňe geçipdirler. Ýöne olar halyny aýallaryň elinden aljak bolubam oturmandyrlar. Çünki indi haly täze nesilleriň ruhy hem aň kuwwatyny öz içine alardan has köne zada öwrülipdir. Erkekler sungatyň başga görnüşlerini döredipdirler. Haly bolsa öz düşnüksiz dili bilen, öten nesilleriň ruhuny şekillendirýändigi bilen özüne erkekleriň döredijilik manysyndaky biperwaý gatnaşygyna sebäp bolupdyr.
Soňky nesiller üçin haly sungat bolmasyny bes etdi, haly senede öwrüldi. Men «Haly sungat bolmasyny bes etdi» diýenimde, türkmeniň beýik milli guwanjyna dil ýetiremok-da, bütinleý düşnükli aşakdaky zatlary göz öňüne tutýaryn. Birinjiden, halynyň ruhy dili bize, dogrusyny aýtmaly, düşnüksiz. Şonuň üçinem alymlaryň hersi onuň manysyny özüçe düşündirýär, özem, megerem, hijisiniňem öz aýdýanynyň dogrulygyna doly ynamy ýok. Şonuň üçin hem men öz anyk düşünmeýän zadymy sungat hasaplamak birhiliräk bolýar diýmekçi bolýaryn. Çünki sungat bilen many düşnüksizligi bir ýere sygyşmaýar. Düşünmeseň, sungatdygyny nireden bilýäň? Düşünmeseň, lezzet alyp bilmersiň. Ikinjiden, sungat diňe döredijilik erkiň dowam edýän ýerinde sungatdyr. Döredijiliksiz öňki nusgalary gaýtalamak bolsa eýýäm senetçilikdir. Garaz, bolmanda, bu eýýäm janly däl-de, doňan sungatdyr. Has dogrusy, şeýle diýmeli: Bu biziň sungatymyz däl. Bu biziň ata-babalarymyzyň sungatydyr. Çünki muňa biziň döredijilikli dahylymyz juda azdyr. Altyndepäniň gap-çanaklaryny gaýtalap, XX asyryň beýik sungatyny döredip bolmaýşy ýaly, halyny-da häzirki zamanyň dilindäki sungata öwrüp bolmaýar. Haly biziň ata-babalarymyzyň beýikligini görkezýär we, eger olara mynasyp nesiller bolmak islesek, biziňem öz sungatymyzy döretmelidigimizi ýatladýar.
«Näme üçin türkmen halysy şunça geçen wagtyň içinde üýtgemä sezewar edilmändir?!» Onuň sebäbi şudur: haly öz çäklerinde kämilligiň iň ýokary derejesine ýetirilen. Şonuň üçinem ony üýtgetmek mümkin däl. Ine, älemi alyp göreliň. Günüň dogup-ýaşmagyny, Allatagalanyň tebigaty ýaradyşyny üýtgetmek, kämilleşdirmek mümkinmi? Asla-da mümkin däl. Sebäbi Allatagala älemi kämilligiň ýokary derejesine ýetiripdir. Onsoň ony üýtgetmek, «gowulandyrmak», «ösdürmek» iş ýüzünde barlygy ýoýmak, ýok etmek bolýar. Haly babatda-da edil şeýledir. Haly edil türkmen klassyky şygry, klassyky dessany we klassyky mukamlary ýaly gutarnykly hadysadyr. Bulary täzeden döretmek mümkin däl. Sebäbi olary döretmeli we kabul etmeli türkmen ruhunyň özi indi başga ruh. Ruhuň küýsegleri we hajatlary başga. Olary täzeden döretmek – araba bäşinji tigri goýmakdyr. Olaryň öz çäklerindäki çeperçilik mümkinçilikleri doly amal edilen. Şonuň üçinem bulary diňe tas şo durkuna gaýtalap bolar, gaýtalamak bolsa, sungatyň duşmanydyr.
Haçan-da ýadaw gözleriň hala düşende, ilki gözleriňe, soň beýniňe, soňam bütin göwräňe dynçlyk aralaşýar. Haly saňa ata-babalarymyzyň ýaşaýşy barada ýazyp giden beýik akylnamasy bolup görünýär.
Bu akylnamanyň manysyny doly açmak geljegiň işi. Häzirlikçe bolsa biz hala çaga bakyşy bilen bakýarys:
Owadanlygyny görýäris-de, manysyny tirip bilemzok.
Köplenç many bardyram öýdemzok.
Işleýän otagymda gözüňe söweýin türkmen halysy ýazylgy ýatyr. Men mahal-mahal oňa gözümi aýlaýaryn. Nähili beýiklik! Heý, ýekeje-de artyk ýa kem zady barmy? Özboluşly, özbaşyna bitewi hem gutarnykly dünýä. Nähili sazlaşyk, nähili deňölçeglilik! Beýle sungat bir ýa iki müň ýylyň içinde döremeýär. Hak aýdylan söz: Türkmen halysy – türkmeniň kalby. Haly bize ata-babalarymyzdan galan beýik sungat.
■ SÖZSOŇY
Biz türkmen milletiniň gaýtadan döreýän, onuň millet hökmündäki ikinji ömrüniň açylýan döwründe ýaşaýarys. Bu döwür «geçiş döwrüdir». Bir jemgyýetden başgasyna, bir ruhdan beýlekisine geçmegiň döwri. Täze ruha barmagyňam öz şertleri, talaplary bar. Şol möhüm talaplaryň biri-de türkmeniň öňki ruhy gymmatlyklaryny şu döwrüň nazaryýetinden umumylaşdyrmakdyr. Olaryň içinde indiki taryhy öwrüme gereklilerini özümiz üçin aýdyňlaşdyrmakdyr. Türkmen milleti diýilýän ruhy hadysa şonça geçen döwrüň dowamynda haýsy gymmatlyklara daýandy, ol gymmatlyklaryň nähili taryhy manysy boldy, olaryň haýsylarynyň indiki taryhy ýaşaýyşda-da ömür paýy bar – ine, şu kitabyň umumy mazmuny şu soraglary öz içine aldy. Men türkmen ruhy gymmatlyklaryny özbaşdak ahlak-ruhy kategoriýalar görnüşinde tapawutlandyrmaga we olary filosofiki-edebi tarapdan häsiýetlendirmäge synanyşdym.
Türkmen milli ruhy gymmatlyklary – bu bir giden umman. Şonuň üçinem meniň ýazanlarymyň bu meselede ilkinji synanyşyklaryň biri bolup galjakdygyna ynanýaryn. Ýöne bu synanyşygyň şowlulygy bolsa kitabyň ilkinjileriň biridigine ýa-da göwresine däl-de, gürrüňsiz hiline, meniň akyl pilimiň näçeräk çuňňur depim alýandygyna baglydyr.
Häzirki wagtda gündelik metbugatda bu meseleler hakynda häli-şindi çykyş edilýär. Milli ruh temasynyň metbugatyň esasy ugruna öwrülmegi türkmen ruhy gymmatlyklaryna degişli ägirt köp materialyň çap bolmagyna ýol açdy. Maglumatlar, rowaýatlar, hekaýalar – näme diýseň we näçe diýseň bar. Biz indi-indiler türkmen ruhy baradaky filosofiki oýlanmalar, esaslar we deliller ýygnap başlaýarys. Indiki wezipe olary akyl süzgüjinden geçirmek, ulgamlaşdyrmak.
Osman ÖDÄÝEW.
Filosofiýa