3. Türkmenleriň eýranly gajarlaryň
çozuşyna gaýtawul bermegi
(XIX asyryň ortasy)
Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň Mukaddes Ruhnamasynda şeýle ýazýar:
«Türkmen mydama-da erkanalygy, namys-aryny gorap geldi, bu oňa ýeňil düşmedi, hut geçen asyryň özünde ol iki ýola Garrygala urşuny, Merw, Sarahs, Balkan, Ýolöten uruşlaryny başdan geçirdi. Türkmenabat bilen Daşoguzda bolan sansyz uruşlar sowet eýýamynda halkdan ýygşyryldy. Umuman, türkmen halky ýaly sansyz urşy başdan geçiren başga halk ýokdur, men muňa gaty ynanýaryn! Ylahym, indi hiç mahal uruş bolmasyn!
Erkanalygy goran türkmen ýurdunda uruş adaty ýagdaýdy. Şol sebäplem türkmen edebiýatynyň genji-hazynalary bolan «Gokrut atanyň kitaby», «Görögly», «Döwletýar» eposlary, «Ýusup-Ahmet» dessany, Ýunus Emräniň, Garajaoglanyň, Burhaneddin Siwaslynyň, Baýram hanyň, Abdyrahym hanyň, Şabendäniň, Andalybyň, Magrupynyň, Magtymgulynyň, Seýdiniň, Zeliliniň, Mollanepesiň, Keminäniň, Mätäjiniň ähli eserleri türkmeniň ýanyp duran watanparazlygy, merdi-merdanalygy, edermenligi, gahrymançylygy baradaky eserlerdir. Haýran galmaly ýeri, men olaryň ýekejesinde-de dönük diýen söze duşmadym, dönügiň köteklenilişine-de duşmadym. Ýok, dönük hakda ýeke söz hem ýok. Ol eserlerde namartlyk taňkytlanylýar, gorkaklyk köteklenilýär, emma dönüklik barada weli, ýeke setir ýok! Ýene bir bellemeli zat: ýaňky sanan edebiýatymyz kitaphanalarda duran edebiýat däl, olar janly edebiýat. Bagşylar her toýda-üýşmeşleglerde şol eserleri aýdyma öwrüp, halkyň arasynda ýaşadypdyr.
Biziň edebiýatymyz janly edebiýat, ganatly edebiýat, ol gije-gündiz aýdym bolup, dessan bolup halkyň gulagynda ýaňlanyp duran edebiýat, beýle edebiýaty bolan halkdan dönük çykmaly däl!
Dönük ýasama söz, özem türkmende ýeke-täk manydaş sözi bolmadyk söz!» (188-189-njy sahypalar).
Dogrudan-da, XIX asyr türkmenler üçin uly söweşleriň asyry boldy, emma türkmenler dürli taraplardan açgözlik bilen leşger toplap gelýän duşmanlara mertlerçe gaýtawul berip, hiç haçan ejizlemän, öz taryhyna geljekki nesiller tarapyndan hemişe uly buýsanç bilen okaljak şöhratly sahypalary altyn harplar bilen ýazmagy edermenlik bilen başardylar. Eger Hywa hanlygy Günorta Türkmenistana garşy özüniň talaňçylykly ýörişlerini türkmenleriň gahrymançylygy, ýanbermezligi we merdanalygy netijesinde hemişelik bes eden bolsa-da, günortada heniz pälinden gaýtmadyk, zandyýaman matlaplary üçin oba-kentleri harabalyklara öwürmäge, bala-çagalary, gojalary rehimsizlik bilen gylyçdan geçijmäge häzirlenýän elhenç duşman bardy, ol hem gajarlar Eýranydy. Bir wagt Eýranda häkimiýeti basyp alan gajar türkmenleri wagtyň geçmegi netijesinde gadymy däp-dessurlaryna geregiçe ähmiýet bermän, pars ilaty bilen doly diýen ýaly garyşyp gitdi. Olar Türkmenistany Eýrana doly birleşdirmek isläp, weýran ediji harby ýörişleri amala aşyrýardy.
Hywa hanlarynyň leşgerleri gutarnykly derbi-dagyn edilenden soň, Eýran özüniň zandyýaman hereketlerini güýçlendirip başlaýar. Şunuň bilen baglanyşykly 1858-nji ýylda Garrygalanyň eteginde bolan aldym-berdimli söweş hakynda, dürli türkmen taýpalaryndan bolan gerçekleriň merdanalygy hakynda has jikme-jik gürrüň bermek zerur bolsa gerek.
Büjnürdiň hany kürt ilhany Japarguly Eýranyň merkezi hökümetine garşy gozgalaňa gatnaşyp, gözden düşenden soň, ol Ahalyň tekeleriniň ýanyna gaçyp geldi. Göwni açyk, boýnuny burup gelene ynanjaň, ýuka ýürek halk bolan türkmenler bolsa onuň düşen gününe gynanyp, ony güler ýüz bilen garşylady. Belli bir wagt geçip, Eýranda Nasreddin şa tagta çykandan soň Japarguly hanyň öň eden haýynlyklary geçildi we ol teke atlylarynyň 40-syna baş bolup Tährana geldi. Oňa şanyň köşgünde ýer-jaý berdiler, hormat-hezzet etdiler. Tekeler bolsa onuň şeýle uly abraýdan peýdalanýandygyny eşidip, «ýagşylyk ýerde ýatmaz» diýen nakyl ýönelige aýdylan däldir diýip pikir edip, halk arasynda gepi geçýän we hormatlanylýan abraýly türkmen ýaşuly-kethudalaryndan 60 adamyny onuň ýanyna gutlag-serpaýlar bilen iberdiler. Aralarynda ýaşandan soň, özleri bilen duz-nemek bolandan soň, ýagdaýy has gowy bilýändir we ara düşen kynçylykly ýagdaýlarda çözlüşmäge, iki tarapa-da bähbitli çözgütleri tapmaga kömek eder diýip umyt edipdirler. Emma öz iline haýynlyk eden näkesiň başga bir millete hiç haçan haýyr getirmeýändigi barada ata-baba aýdylýan sözler ýene bir gezek subut boldy. Garaşylmadyk ýagdaýda Japarguly han sowgat-serpaýlaryny alyp, dert-aladalary hakynda maslahatlaşmak işläp baran adamlary haýynlyk bilen tussag etdi hem-de Büjnürdiň zyndanyna taşlady, soňra bolsa Arçmana çozdy we ony talap weýran etdi.
Ahalyň tekeleri şeýle ähtiýalanlyk edendigi üçin özlerini namysyna deglen adamlar diýip hasap etdiler. Iňlisler tarapyndan goldanylýan Nasreddin şa bolsa türkmenlere garşy tutumly harby hereketlere girişdi. Japarguly hana Garrygalany basyp almak, ilaty talamak, garşylyk görkezenleri gylyçdan geçirmek, aýal-ebtat, çaga-ýeginjekleri bolsa boýnuna ýüp salşyp, eýranyň gul bazarlaryna getirmek hakynda, soňra bolsa Ahala zarba urup, tutuş Etegiň ilatyny dyza çökermek, olary Eýranyň raýatlygyny kabul etmäge merbur etmek barada buýruk berildi. Abanyp gelýän howp hakyndaky habary alan gökleň türkmenler gara bulut ýaly bolup gelýän leşgeriň öňünde bir özlerine durmagyň kyn düşjekdigine göz ýetirip, Ahalyň tekelerine we Günbatar Türkmenistanyň ýomutlaryna çaparlary ýollap, esger kömegini sorap ýüzlendiler.
Monjuklydepe diýen ýerde Nurberdi hanyň baştutanlygynda 10 müň teke, Durdy hanyň we Ýagşy mergeniň baştutanlygynda 8 müň gökleň, Mahmyt işanyň, Tuwakmyrat taraşyň we Pena Tuwakmyradyň baştutanlygynda 7 müň ýomut bir ýere jemlendi. Sebäbi türkmen taýpalary günbatardan abanyp gelýän gara güýjüň bir sebitiň oba-kentlerini talap, ilatyny gyryp we gul ýesir edip oňmajakdygyna, dişinde et galsa, barha gündogara we beýleki sebitlere süsňejekdigine düşünip, göz ýetirip başlapdylar. 1858-nji ýylyň fewral aýynyň ortasynda (takyk güni belli däl) Garrygalanyň eteginde öz ata Watanyny, erkinligini, ar-namysyny, maşgala ojaklaryny goramagy berk ýüregine düwen türkmenler bilen aňsat oljany aňtaýan şagal sürüsi ýaly bolup, ýalmanyp gelýän eýran leşgerleriniň arasynda aýgytly söweş boldy. Şol söweşde türkmenler şöhraty äleme dolan ejdatlarynyň at-abraýynyň çyn mirasdarlarydygyny, gylyjyny ýyldyrym ýaly lowurdadyp, duşmany paýhynlamak ukybyny asla ýitirmändigini subut etdiler hem-de Japargulynyň tälim görüp, ýörite ýarag-esbaplar bilen kemsiz üpjünlenen bolsa-da, injigi gowşak pöwhe esgersumaklaryny doly derbi-dagyn etmegi başardy.
Şeýlelikde, adam sany has köp, örnän ýerleri has giňiş we şonuň üçin has gaýratly we güýçli bolan türkmen taýpalary öz mümkinçiliklerini birleşdirip, basybalyja aýgytly gaýtawul bermegi başarjakdygyna ýene bir gezek aýdyň göz ýetirdi. Goşun toplap, söweş guramagy, jeň meýdanynda haçan we nireden aýgytly zarbany urmalydygyny bilýän serkerdeleriň pähim-parasady, merdana gerçekleriň gylyç oýnadyp, naýza sünçmekde duşmandan üstin bolmagy netijesinde gazanylan bu örän uly ähmiýetli ýeňiş Günorta we Günorta-Günbatar Türkmenistanda ýaşaýan ähli türkmenleriň harby-syýasy ýagdaýyny ep-ýesli pugtalandyrdy. Ahaly basyp almaga umydyny doly ýitiren eýranlylar indi Merw türkmenlerine garşy örän tutumly harby ýörişi guradylar. Şeýle ýörişiň amala aşyrylmagy eýranlylary ot gorjalýan kesewi hökmünde ulanyp, Merkezi Aziýada ruslardan kem galmajak bolýan kümsük we açgöz, ähtiýalan we birehim iňlisleriň öjükdirmeleriniň netijesidi.
1861-nji ýylda Hemze Mürze Eşmet Döwleniň baştutanlygynda eýranlylaryň 35 müň adamdan ybarat goşuny Mary sebitiniň ýerlerine geldi. Toplar bilen üpjün edilen ägirt uly leşger türkmenler tarapyndan azat edilen Merw galasynyň ýanyna geldi. Türkmenler şeýle üpjün we köp sanly goşunyň açyk söweşde aldyrmajakdygyna oňat göz ýetirdiler hem-de Murgabyň sag kenaryna geçdiler, Garaýapda berkitmeleri gurdular. Sebitiň ähli ilaty şol ýere jemlenipdi. Örän uly üpjünçilik kerwenleri bolan Eýranyň goşunlary Porsygalanyň harabalyklarynda goş ýazdyrdy hem-de şol ýeri özlerine esasy daýanç menzili diýip saýlady. Şol ýerden hem olar Garaýaba tarap hereket etdiler hem-de onuň garşysynda Murgabyň çep tarapynda jemlenip, tekeleriň berkitmelerini toplardan oka tutup başlady. Uly toplardan oka tutulan türkmenler köp pidalary çekdi. Emma olar duşmandan aman dilemek, galany bermek hakynda pikir hem etmeýärdi. Garymlaryny we seňňerlerini has-da pugtalandyryp, olaryň özi pursat el beren mahaly garşylyklaýyn hüjümleri geçirip başlady. Türkmenler Murgap derýasynyň üstünden köpri gurnap, duýdansyz zarba bilen çozdular hem-de birnäçe topy olja aldylar. Bu rowaçlyk galanyň goraýjylaryny ruhlandyrdy, özlerine bolan ynamyny berkitdi. Öz güýç-kuwwatynyň artandygyny duýan tekeler şanyň goşunlaryna barha erjellik bilen çozýardylar, arynyň öýjügini gorjalap, indi gaçmagyň ebeteýini tapmaýan adama dönen eýranlylar bolsa goranyş hereketlerine geçmäge mejbur boldy. Ahyr soňy eýranlylar urulýan zarbalara döz gelip bilmän, Porsygala tarap çekilip başladylar. Türkmenler olaryň söbügine münüp, zarba urmagy dowam edýärdiler. Türkmenlerde 20 müňe golaý jigit bardy, olaryň bary-ýogy 3 müňüsi tüpeňler we gylyçlar bilen ýaraglanandy, beýlekileriniň ellerinde bolsa diňe gylyçdyr naýzalar, gürzi ýaly agyr taýaklar bardy.
Atly türkmenleriň birnäçe müňüsi Seýit Nasyr galasynyň harabalarynyň golaýynda duşmana garşy aýgytly söweş başlady hem-de Eýrandan goş-golamy, top-tophanasy bilen gelen, tälim görüp, hak-heşdek alýan 35 müň adamdan ybarat goşuny doly derbi-dagyn etmegi başardy. Soňra eýranlylaryň Porsygalada we Sarahsda guran üpjünçilik menzilleri hem derbi-dagyn edildi. Örän köp sanly eýranly ýesir alyndy. Türkmenler harby enjamlardan hem örän köp oljany ele saldylar.
Hywa taryhçysy Agehi şeýle ýazýar: «Sany-sajagy bolmadyk gajar goşuny ýeňlişe sezewar boldy we doly derbi-dagyn edildi. Örän agyr ýagdaýa düşen eýranlylar ýarag-ýenjamlaryny, çadyrlaryny, toplaryny we ok-därilerini, gaznalaryny taşlap, gaçmak bilen boldular. Garaňkylykda ugruny ýitirip we aljyrap, haýsy ugra gitjegini bilmän, çar ýana urunýardylar. Olaryň köp bölegi Sarahsa tarap çöle çekildi. Ýöne bir menzil ýoly hem geçmäge ýetişmänkä, teşnelikden we açlykdan halys güýçden düşüp, ýykylyp başladylar. Tekeler barada aýdylanda bolsa, onda olaryň uludan-kiçä ählisi, şol sanda aýallar we çagalar janyny gutarjak bolup gaçyp barýan eýran basybalyjylaryny tutmak hem-de ýesir almak bilen meşgullanýardy. Eýran goşunlarynyň umumy sanyndan bir bölegi merdana tekeleriň gylyçlaryndan wepat boldy, bir bölegi bolsa çölde suwsuzlykdan öldi, köp sanlysy ýesir alyndy. Şeýlelikde, teke halky şeýle uly hem-de üpjün goşunyň ähli toplaryny, ok-därilerini we ýaraglaryny, üpjünçilik kerwenlerini we hazynalaryny ele saldy».
Uludan-kiçä ähli halkyň zalymlaryň süteminden halys bolup aýaga galmagy, ölmeli weli, ýöne ganymlara bakna-tabyn bolmaly däl diýen pikir kalplarynda berk ornan külli ilatyň gaýduwsyz we gahrymanlarça garşylyk görkezmegi bilen gazanylan şu uly ýeňiş, şeýle hem türkmenleriň Garrygalanyň eteginde gazanan şöhratly ýeňşi netijesinde olar Merw we Ahal sebitleriniň doly eýelerine öwrüldi. Indi hiç bir ganym duşman Günorta Türkmenistana we Günorta-Günbatar Türkmenistana aralaşmaga milt edip bilmeýärdi, bu sebitler indi erkin türkmenleriň topraklaryna öwrüldi.
Şeýlelikde, dürli taýpalaryň birleşmegi hem-de özbaşdak döwletiň döredilmegi üçin başlangyç şertler döreýärdi. Ýöne Türkmenistanyň üstünde täze hupbatlaryň gara bulutlary eýýäm toplanyp başlady.
Patyşalyk Russiýasy iňlislerden galmajak bolup, Merkezi Aziýa tarap öz çozuşyny başlady.
Taryhy makalalar