2. XIX asyryň birinji ýarymynda türkmenleriň
Hywa hanlaryna garşy söweşleri
Üç döwletiň – Eýranyň, Hywanyň, Buharanyň harby hereketleriniň türkmenlere garşy gönükdirilmegi türkmenleriň mundan beýläk hersi aýratynlykda hereket etmeginiň mümkin däldigini görkezdi. Diňe 1816-njy ýylyň 4 aýynda (aprel aýyndan awgust aýyna çenli) Ahalyň türkmenlerine garşy Hywa hanynyň leşgerleri bäş gezek ýöriş geçirdi, netijede köp obadyr şäherler harabalyklara öwrüldi, aman galan ilat bolsa sähralyklara çekilmäge mejbur boldy.
1819-njy ýylda Myrat Serdar we Aimbeg Ahalyň tekeleriniň ähli tirelerinden bolan goşuny jemlediler hem-de Yzgant deresinde Muhammet Rahym hanyň öç almak üçin gelen goşunyny gabap, gylyçdan geçirdiler. Hywa hany öz leşgerlerini has-da güýçlendirip, parahat oturan obalary talamaga, mallary sürüp alyp gitmäge, ekinleri zaýalamaga başlady. Hut şol ýylyň tomsuna golaý Irdad deresinde örän aldym-berdimli söweş boldy, şondan soň, Myrat Serdar çöle çekilmeli boldy. Ýylyň ahyryna çenli hywalylar Ahal sebitine ýene-de ýedi gezek ýöriş guradylar. Diňe Muhammet Rahym han öz permany bilen Myrat Serdara we Aimbege hanlyk ýarlyklaryny bereninden soň olar uruşlardan we talaňçylyklardan halys bolan halka özüni tutmaga, demini dürsemäge pursat bermek üçin Hywanyň raýatyna wagtlaýyn geçmek hakynda karar kabul etdiler.
Şol bir wagtda Mary sebitinde hem söweşler dowam edýärdi, ýokarda ady agzalan döwletleriň üçüsi-de bu sahawatly topraklary basyp almak isleýärdi. Merwli türkmenler Buhara dikmelerini şäherden kowup çykaranlaryndan soň Hywanyň raýatlygyny kabul etmegi karar etdiler. Halk arasynda ady meşhur bolan Myrat Serdara ähli tekeleriň hany diýen ýarlygyň berilmegi hem muňa öz täsirini ýetirdi.
Türkmenler başga ugurlarda hem basybalyjylara garşy gaýduwsyz söweşýärdi, olar ýeňlişe sezewar bolýardy.
Eýranlylaryň we hywalylaryň Hazarýaka türkmenleriniň garşylygyny syndyrmagy, 1832-nji ýylda Eýranyň hemişelik goşunynyň zarbalary astynda Sarahs galasynyň synmagy, salyrlaryň şol ýerde örän köp ýitgi çekmegi türkmenleriň ýanbermezligini syndyryp bilmedi. Şeýle şowsuzlyklara garamazdan, halkyň ruhunda ozaldan garaşylýan öwrülişik pursaty gelip ýetdi. Türkmenler basybalyjylara garşy gaýduwsyz hereketlerini bes etmeýärdiler. Öz güýçleriniň örän azdygyna düşünýän türkmenler dürli sebitlerde wagşylar ýaly topulýan üç döwletiň raýatlygyny diňe sözde ykrar edýärdiler.
Türkmenleriň basybalyjylara garşy uzak döwrüň dowamynda alyp barýan uruşlary kem-kemden bolsa-da, türkmen taýpalarynyň barha jebisleşmegine alyp barýardy.
XIX asyryň 40-njy ýyllarynyň başynda örän möhüm harby we söwda sebiti bolan Merw ugrunda Hywanyň, Buharanyň we Eýranyň arasyndaky söweş ýene-de täzeden tutaşdy. Ýöne olar şol ýerleriň hakyky eýeleri bolan türkmenleriň eýýäm tijenip, güýç toplap başlandygyny asla nazara almandylar. 1843-nji ýylda tekeleriň, salyrlaryň we saryklaryň bilelikdäki goşuny hywa hany Rahymgulynyň dogany Muhammet Emin Inagyň baştutanlygyndaky goşunlary Merwiň eteginde derbi-dagyn etdiler. Şeýlelikde, türkmenler daşary ýurtlulara garşy uruş hereketlerine başladylar.
1844-nji ýylda Hywadan çykan leşger Ýolöteniň salyrlarynyň üstünden döküldi. Sebitiň ilaty Ýolöten galasyna özüni atdy. Goşunlara hut özi ýolbaşçylyk edýän Rahymguly han galany bir aýdan köp wagtyň dowamynda gabap, toplary we süsňeçleri ulanýardy. Emma türkmenleriň merdanalygy we gahrymançylygy netijesinde Hywa hany galany almagy hiç başarmady. Şonda ol töwerekdäki obalaryň ilatyndan öç alyp başlady. Ine, şu pursatda Sarahsdan gelen tekeleriň goşun bölümi salyrlara uly kömek berdi. Türkmenler Ýolöteniň eteginde aýgytly söweş guradylar, şondan soň hywalylar sag-aman gaçyp gutulsalar razy bolup, yza çekildi.
1845-nji ýylda saryklar, tekeler, salyrlar we Buhara tarapyndan gelen ärsarylar Hywa tarap ýöriş guradylar. Türkmenler bitewüligiň, agzybir hereket etmegiň gadyryna indi hakykatda hem düşündiler.
1846-njy ýylyň ahyrynda hywa goşuny Baýramalynyň töweregindäki obalary talap, derbi-dagyn etdi. Ýöne olara garaşylmadyk ýagdaýda şol sebitiň ýönekeý daýhanlary görlüp-eşidilmedik garşylyk görkezdiler. Hywa taryhçysy Agehi şeýle ýazýar: «Atlylar we pyýadalar, aýallar we erkekler, gojalar we ýaş-ýeleňler – ähli ilat bir adam ýaly bolup elleri taýakly we gylyçly, topar-topar bolup öz galalaryndan çykdylar hem-de hinine suw giden garynjalar ýa-da şemalyň öwüsgini bilen gozganan çekirtgeler ýaly bolup, goşunyň yzyndan kowup ýetdiler». Elbetde, harby tälim görüp ýören hemişelik goşun ýönekeý daýhanlara erbet gaýtawul berdi, ýöne şeýle bolsa-da, özi hem yza çekilmäge mejbur boldy. 1847-nji ýylda tomsuň başynda hywa hany Muhammet Emin leşger çekip, Merwe ýörişe gelýär. Saryklar özlerini Baýramaly galasyna atýarlar. Saryklara Sarahsdan kömege gelen tekeler we salyrlar hem olara kömek edip bilmedi. Gala basylyp alyndy we hywalylar soltanbent desgasyny weýran etdiler.
1848-nji ýylda Muhammet Emin Merwe garşy ýene-de bir ýöriş gurady hem-de türkmenleriň goşun toparlaryny derbi-dagyn edip, şäherdir obalary wagşylyk bilen weýran etdi, mallary sürüp äkitdi we ekin meýdanlaryny zaýalady.
Ol özüniň bu wagşyçylyklary bilen çäklenmedi. Hywa hany türkmenleri hiç özüni dürsäp bilmez ýaly ýagdaýa getirmegi ýüregine düwdi. Hut şol ýylyň özünde ol Merwe tarap ýene-de goşun sürdi. Ýolunyň ugrunda ol ähli obalary talaýardy, ýakyp-ýandyrýardy. Şol gezek hana garşy tekeleriň, saryklaryň we salyrlaryň bilelikdäki güýçleri çykyş etdi. Maglumat çeşmelerinde söweş hakynda hiç zat aýdylmaýar, ýöne hywa hanynyň örän gyssanmaç ýagdaýda yza çekilendigi onuň goşunlarynyň uly ýeňlişe sezewar bolandygy hakynda şaýatlyk hökmünde kabul edilip biler.
Hywalylaryň Merwdäki türkmenlere garşy harby hereketleri bes edilmeýärdi. Gysga wagtyň içinde – 1851-55-nji ýyllarda uly ýörişleriň 5-si amala aşyryldy, olara hywa hanynyň hut özi ýolbaşçylyk edýärdi. Ol zarbalaryny hemişe iki ugurda – Merwe tarap we Tejene garşy gönükdirýärdi. Emma Murgap derýasynyň iki kenarynda ýerleşýän, köpri arkaly birleşdirilen Merw galasyny basyp almak oňa hiç haçan başartmandy.
Muhammet Eminiň 1854-nji ýylyň ahyrynda Merwe garşy guran ýörişi Merw sebitini gutarnykly tabyn etmäge gönükdirilipdi. Ägirt uly leşgeri toplap gelen hywa hany Merwe zarba urdy, soňra bolsa goşunlaryny Sarahsa tarap sürdi. Sarahsly tekeleriň baştutany Gowşut han meseläni sypaýyçylyk ýoly bilen çözmäge synanyşdy. Hywalylar Sarahsyň daşyny gabanyndan soň, ol hywalylaryň ilçisiniň gepleşikleri geçirmäge gelmegini talap etdi hem-de eýranly gajarlaryň elinde tekeleriň girewde saklanylýandygyny, şonuň üçin türkmenleriň öz syýasatyny şol ýagdaýy nazara alman amala aşyryp bilmeýändigini hywa hanynyň wekiline düşündirdi.
Gowşut han tekeleriň geçen uruşda basyp alan toplaryny hywalylara gaýtaryp bermegi teklip etdi. Ýöne munuň öwezine duşman goşunynyň Sarahsyň eteginden gitmegini talap etdi. Ýagdaýyň örän kyndygyna garamazdan, Gowşut han hakyky ýanbermezlik görkezdi we hywa hanynyň hiç hili talaplary bilen ylalaşmaýardy. Hywa hany bolsa girewine adamlary bermegi, uly paç tölemegi, soňra bolsa tutuş Sarahsyň Hywanyň raýatyna geçmegini talap edýärdi.
Gepleşikleriň islenilýän netije bermändigi sebäpli harby hereketler täzeden dowam etdi. Aýgytly söweş güni Gowşut han diňe bir esgerlere däl, eýsem Sarahsda ýaşaýan ähli ilata kimdir biriniň kömege gelmegine garaşmaly däldigini hem-de ähli güýjüňi we kuwwatyňy jemläp, aýgytly zarba urmalydygyny aýdyp ýüzlendi.
Agehi şeýle ýazýar: «Galanyň uludan kiçä ähli ilaty, erkekler we aýallar, atlylar we pyýadalar howp-hatyra garaman galadan çykdylar we jem bolup, biziň rowaçly goşunymyzyň hatarlaryna tarap topuldylar».
1855-nji ýylyň mart aýynyň 12-sinde hywa goşuny doly derbi-dagyn edildi, Muhammet Eminiň özi bolsa ähli emeldarlary bilen şol söweşde öldürildi. Hywa goşunynyň galan bölekleri Garaýaba özüni atdy. Ýöne olar Merwiň üstünden geçmegi başarmadylar, şonuň üçin täze hywa hany Abdyllanyň doganoglany ýörite Merwe gelip, türkmenlere hywalylaryň Merwiň üstünden geçmegine rugsat bermegi üçin 150 müň tümen töledi.
Hywa goşunynyň düzüminde hemişe esasy zarbalary urýan türkmen ýomutlaryndan bolan atly toparlaryň bolandygyny aýtmak gerek. Ýöne Merwe garşy ýörişler guralan mahaly ýomutlar öz gandüşer garyndaşlaryna garşy söweşlere gatnaşmak islemändir.
Mundan-da başga, Muhammet Eminiň goşuny derbi-dagyn edileninden soň ýomutlar Hywada gozgalaň turzupdyr. Olar gysga döwrüň içinde (1855 – 1856-njy ýyllar) hywa hanlarynyň ikisini – Abdylla hany we Gutluk Myrady öldürdiler. Indi hywaly türkmenler Hywada aýgytly orun eýeläp başladylar, olar özlerine ýaramaýan hanlary tagtdan agdarýardylar hem-de şäheriň artykmaç hukuklardan peýdalanýan harby toparlaryny düzüp we olara ýolbaşçylyk edip başladylar.
Sarahsyň eteginde gazanylan şol şöhratly ýeňiş Türkmenistandaky ähli syýasy ýagdaýy doly üýtgetdi. Hywa indi Merwiň, Sarahsyň, Ahalyň, Hazarýaka sebitleriň türkmenlerine garşy ýörişlerini hemişelik bes etdi. Muhammet Eminiň öldürilmegi aslynda türkmenleriň gadymdan gelýän ganym duşmany bolan Hywanyň ýok edilmegini aňladýardy. Türkmenler öz garaşsyzlygy ugrundaky göreşde ýeňiji bolup çykdylar. Taýpalaryň hereketleriniň jebis bolmagy, ýaşaýan sebitlerine garamazdan, Günorta Türkmenistanyň türkmenleriniň we Hywadaky hem-de Buharadaky türkmenleriň arasyndaky gatnaşyklaryň has ýygjamlaşmagy we ysnyşykly bolmagy muňa ýardam etdi. Gökleňler Hywadan gaýtdylar we özleriniň öňki mekanlaryna gaýdyp bardylar. Hut Sarahsyň etegindäki şol söweşden soň türkmenleriň aňynda uzak garaşylan özgerişlik başlandy, ol türkmenleriň ruhunyň «tug deýin belent bolmagyny» üpjün etdi hem-de olaryň milli buýsanjynyň täzeden we hemişelik dikeldilmegine ýardam etdi.
Taryhy makalalar