11:13

Türkmene haýyşnama

Категория: Goşgular | Просмотров: 1437 | Добавил: Nurdan | Теги: Kerim Hally | Рейтинг: 4.1/7
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024
Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024
Konfusiý / Goşgular - 13.05.2024
"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024
Siziñki / Goşgular - 30.01.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Sendedir sende / Goşgular - 17.07.2024
Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024
Ýasama gül / Goşgular - 15.05.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 341 2 3 »
1
1 Wanessa  
367
Owazyň çirkin diýdigi näme diýdigi bolýaka

0
2 Gurgencli  
324
Menem başardygymdan türkçe öwrenip ýörün, seň garaýyşyň boýunça diýmek menem türkçe öwrenip ýalňyşýanda, hä? Seret gardaşym (belki gardaşam türkçe sözdir?:D) bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam üç dil bilen üç adam diýýär.
Goşgyda ýene-de bir ünsimi çeken zat: Elif, Emir, Emine atlaryna türk at diýilmegi. Bu atlar diňe türk atlarymy? Belki melekde türkçe sözdir?:)

0
3 Gurgencli  
324
Nurdan, Kerim bu ýere girýämi?

0
4 gadambez1986  
335
Ajap goşgy. Gowy şahyr.
Gamalyn egsilmesin!

0
5 gadambez1986  
335
Oran jupine dusen kapiyalar bar. Meselem Kemine Eminem, rusda yurtda, owadan yer yuwudan, bagsyny sycaklan hini, nesilsin nasilsin.
Turk dilinin enesini wuladypdyr

0
6 Hаwеrаn  
245
Awtor şu goşgyny ýazanda ilki bilen öz adyna üns berdimikä? Öñe sürýän yrga pikirlerine gulak gabartjak bolsak, onda başga medeniýetlerden geçýän adam atlarydyr adalgalary ulanmaly däl, ýüz döndermeli. Geliñ bu pikiriñ yalñyşlygyna bilelikde seredip geçeliñ. Ilki bilen Kerim adynyñ manysyna üns beriñ:
Allatagalanyñ 99 adynyñ biri bolan "El-Kerim" halkymyz yslam dinine girenden soñ adam ady hökmünde arap dilinden biziñ türkmen dilimize geçipdir.
Kerim - 1) Kerem sahyby (eýesi), jomart, 2) uly, beýik, 3) lutfy-yhsany çäksiz, 4) asylzada diýmekligi añladýar.
Başga ýurtlary hasaba almanymyzda-da, statistiki maglumatlar diñe Türkiýede Kerim atly 42 müñ 146, diñe Stambulda 7 müñ 351 adamyñ bardygyny habar berýär.
Eger bu maglumatlardan ugur almaly bolsa, türkmeniñ uly şahyry Kerim Gurbannepesowyñ ata-enesi-de ir mahallar türk medeniýetiniñ täsirine düşdümikä ýa-da araplara öýkündimikä diýen pikire gelmeli bolýar.

* * *

Çirkin sözi türk dilinde şu manylary beýär: - 1) gözellik duýgusyna ters gelýän, göze ýa-da gulaga ýakymsyz eşdilýän, owadan däl, 2) adamyñ hereketlerinde we sözlerinde halanylmajak, gelşiksiz, ýerliksiz, göwnüñe ýaramajak zatlar. Meselem: "Onun bu çirkin sözlerini dinleyecek değiliz" (Ýagny, "Biz onuñ bu çirkin sözlerini diñläp durjak däl") ýa-da "Ne çirkin sesli adamsın be-e..." ("Sen nähili ýakymsyz sesli adam-aý..")
Eger türk diliniñ täsirinden daşda durmaga çalyşýany we bizi-de şeýtmäge çagyrýany çyn bolsa, awtor näme üçin goşguda çirkin sözüniñ türk dilinde berýän manylaryna agram berdikä? Çünki "Ene dilim bu gün owazyñ çirkin" diýen setiriñ türkmen dilinde berýän manysyndan türk dilinde berýän manysy has agyr basýar.

* * *

"Beýnim "mizemedik nesilsiň" diýýär.
Inim "Neneň" diýmän, "Nasilsin" diýýär".

Beýni näme? Onuñ ýerine ýetirýän işi näme?
Beýni bize haýsydyr bir zady "diýip", "çawuş çakyp" bilermi? Aslynda beýni adamyñ syzma, dadyp görme, eşitme, ys alma ýaly duýgularyna hyzmat edýän synalara ýakyn ýerde ýerleşip, adamyñ we beýleki oñurgaly jandarlaryñ iñ çylşyrymly organydyr. Biziñ gepleýän ("diýýän") synamyz bolan dili herekete getirýän esasy faktorlaryñ biridigine garamazdan, beýniniñ nämedir bir zady "diýmek" ýaly häsiýetlu aýratynlygy ýok. Şonuñ üçin bu setiriñ goşgudaky beýleki setirler añyrda dursun, öz setirindäki "mizemedik nesil" jümlesi bilenem ne logiki, ne semantiki baglanyşygyny tapmak mümkin däl.
Mizemez sözi beýni üçin ulanylyp bilinmez. Sözümizi delillendirmek üçin etimologik sözlüklere seredip geçeliñ:

Köne etimologik sözlükde:

Mizemez [mi:zemez] - sarsmaz, gowşamaz, poslamaz, zaýalanmaýan. "Delegatlar bilen kö sanly duşuşyklardaen Sowet Soýuzynyñ halklarynyñ mizemez dostlugynyñ barha kämilleşýändigime ýene-de bir gezek göz ýetirdim". ("Pioner" žurnaly).

Soñky etimologik sözlükde mizemez sözi:

Mizemez - 1) sarsmaz, berk, pugta. (Mysal üçin: "Bu gün halkymyz Türkmenistanyñ Konstitusiýasynda kesgitlenen mizemez hukuklara daýanyp, Magtymguly Pyragynyñ agzybir, parahat, oñşukly ýaşamak baradaky ündewlerine ygrarlydygyny subut etdi". Seret: G.Berdimuhamedow "Garaşsyzluga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr").
2) göçme manyda: Egsilmez, ummasyz, örän köp, depseñ deprenmez. (Meselem: "mizemez baýlyk"

0
7 gadambez1986  
335
Baaa, Haweran halypan sozlerinden son gosgy hakda pikirim uytgap barya. Pkiri aytmaga howlukaymaly dal eken

0
8 gadambez1986  
335
Hallydaky hal sozem arapca kakyan yalymy? Hal, ahwal

0
9 gadambez1986  
335
Emma awtorda
uly zehinin uc
gunjugy bardygyny
boyun almaly

0
10 Hаwеrаn  
245
Eger awtoryñ hut öz inisi "Neneñ?" diýmän, "Nasyl?" diýýän bolsa, bu türküñem, türkmeniñem günäsi däl. Eger onuñ ýazýan "janagyryly" goşgulary özünden ötri, öz ýakynyndakylara täsir edip bilmeýän bolsa, onda bu goşgynyñam hemişeki parlañküş, şol sanda içi boş goşgularyñ hataryna ýene kyrk bir setiri goşmakdan başga zat däl bolsa gerek.

"Arada çykyşda ýaş alymsumak,
Kä sözleri bilen doldurdy damak"

Haýsydyr bir alym ýa-da "alymsumak" nirede çykyş nirde edýär? Köpçülikleýin-medeni çärelerde, ylmy konferensiýalarda, leksiýalarda we ş.m jemgyýetçilik ýerlerinde. Bular ýaly ýerde "çykyş" etjek derejä gelenleriñ bolsa, iñ azyndan awtor bilen akyl taýdanam, gözýetimdir ylym taýdanam güýç synanyşdyrmaga ýeterlik gory bardyr diýip pikir edýärin. Dogry, "alym diýgeç hemme alym deñ bolmaz". Olaryñ yzyna "sumak" goşulmasyny goşaýmalylar hemişe bolupdy, häzirem bar we ýene-de bolar. Şeýle sumaklar ýazyjy-şahyrlaryñ içinde azmy näme?! Ýöne pylankesiñ orta atan pikiriniñ agramyna baha bermezden, "açyklaýyn" diýen ýeke sözi sebäpli, sumak kelimesini ýelmejek bolsa, biz bu ne-hä çeper eser derejesine çykarylan, ne-de ylmy tutarygy bolan bu goşgy üçin awtoryñ yzyna haýsy sözi sugşurmaly bolarkak? Ýok, biziñ awtoryñ degnasyna degmek, ony kemsitmek ýaly pikirimiz asla ýok. Makalanyñ bar maksady onuñ diñe goşguda orta atan yrga pikirleriniñ ýalñyşdygyna we edebi pikirleniş ukyby çäkli okyjylary öz yzyna tirkeýändigine ünsi çekmekden ybarat.
Awtor munuñ bilenem çäklenmeýär. Ol sözüni "açyklaýan" alyma "terne" diýmek bilen näme diýmek isledikä? Bişmedikmi? Eýlenmedikmi? Hammy? Ýa ýaşmy? Onuñ diñe "diýen bolýar ol "terne" diýen jümlesindäki "diýen bolýar" diýen sözüniñ özem garşyñdakyñ pikirini äsgermezlik bolmaýarmy eýse?

* * *

Kemine - kemli, kem-köstli, nogsanly, pakyr, ejiz, biçäre manylaryny berýär. Bu sözüñ berýän manysy osmanly we häzirki zaman türk dillerinde-de üýtgemändir. Sözümizi delillendirmek üçin ýene etimologik sözlüge ýüzleneliñ:
Kemine - 1) Garyp, pukara, ejiz - "Bu kemine hyzmatkäriñize ne emriñiz bar? - diýdi". ("Zöhre-Tahyr") "Peseldip, özüñi tutgul kemine"....

Başga mysallara ýüzleneliñ:

"Nadanam zat bilmenem,
Bir kemine gul menem".
(Magtymguly).

Ýa-da:

"Sipihre başy erer iñ kemine bendesiniñ, Matafym olsa ne ola dergähi pelek-saýy". (Nedim).

Türkmen klassyky şahyrlarynda Kemineden başga-da ejizligi we özüñi pes görmekligi añladýan edebi tahalluslary ulananlar başga-da bar. Gul Gedaýy, Pyragy, Zelili, Mätäji ýaly şahyrlarymyzyñ göteren atlary muña mysaldyr.

0
11 Hаwеrаn  
245
Elif (ýa-da Elip) adynyñ manysy - 1) arap elipbiýiniñ birinji harpy, 2) inçemik uzyn boýly gyz, 3) öwrenşen, werziş edinen
Elif - dost, tanyş, ýagty saçan gözel gyz manylaryny hem berýär. Şeýle-de elif Anadoly türkmenleriniñ arasynda näzik, göze gelüwli, inçe we uzyn manylarynda ulanylýar.

Eminäniñ manysy: 1) ynamdar, 2) ygtybarly, howpsuz.

Emir - diýip, musulman arap ýurtlarynda bege, harby ýolbaşça, häkime ýa-da wezipeli serkerdä diýilýär. Wagtal-wagtal harby ýolbaşçylar üçin ulanylan "Emiral-möminin" ("Möminleriñ emiri") ünwanyny ilkinji bolup, megerem, "Allaha, pygamberlere we arañyzda ýolbaşçylyk ygtyýarlygy bolanlara ytagat et" ("Nisa" süresi, 59) emrine esaslanyp, ikinji halyf Hezreti Omar (r.a) ulanypdyr.
Emir adynyñ birnäçe manysy bar, olar - 1) bir kowumyñ baştutany, 2) uly hanedanyñ agzasy, 3) pygamber neslinden gelýän, 4) serkerde, 5) Abbasy döwletinde serkerdebaşy, 6) Osmanly türkmen döwletinde beglerbegi we XIX asyryñ ikinji ýarymyndan soñ raýat paşalygynyñ birinji çini.
Özüni hiç haçan patyşa hasaplamadyk we bir harby ýolbaşçy, ýagny emir hökmünde gören Teýmirleñ adynyñ öñüne bu sözi goşdurypdyr. Teýmirleñiñ öz döwründe Osmanly türkmen imperiýasynyñ iñ esasy garşydaşy bolandygyna seretsek, onda "Emir" sözüne-de türk ýokundysyny bermegiñ hiç hili geregi ýok.

Arap dilinden gelip çykan we gyz ady bolan Emine "emin" diýen sözden gelip çykyp - "ynamly kişi" diýen manyny berýär.
Her kesiñem bilşi ýaly, Emine Hezreti Muhammet pygamberimiziñ ejesiniñ adydyr we halkymyzyñ arasynda Emine adyny çagalaryna kim dakýan bolsa, şoña ýanap dakýar. Şonuñ üçin bu adyñ türk täsiri sebäpli aralaşýan atlaryñ biri ýaly görkezmegiñ hiç bir jähtden tutarygy-da ýok, manysy-da.

Elip - arap we köne türkmen elipbiýiniñ birinii harpydyr. Ol ýokardan aşaklygyna çekilen bir çyzyk, ýagny "I" görnüşinde ýazylypdyr.

"Elip - Allanyñ ýoludyr, dogry tutup gitmek gerek..."
(Magtymguly)

"Muhibbiniñ elip kaddyn dal eýlär,
Agladyban gözýaşyny sil eýlär".
(Muhibbi).

Görşüñiz ýaly goşgyda türkden geçdi diýilýän adam atlarynyñ hiç birisem türkden geçenok. Olaryñ hemmesi-de öñdenem halkymyzyñ ulanyp gelýän adalgalary.

* * *

Hemme halklarda, şol sanda biziñ halkymyzyñam ýygy-ýygydan ulanýan pygamber adam atlaryna seredip geçeliñ:

Ybraýym (Awraam), Ysmaýyl (Samuel), Yshak (Isaak), Ýusup (Iosif), Dawut (Dawid), Süleýman (Solomon), Musa (Moiseý), Harun (Aaron), Ýahýa (Ýоhаnаn), Ibniýemin (Benýamin), Merýem (Mariýa), Sara we ş.m..

Türkmen adam atlary bolan Mämmet, Mommat, Hommat ýaly atlaryñ hemmesininem düýbi Muhammet adynyñ özgerişe sezewr bolan görnüşdir. Ýa bolmasa: Äşe (Aýşa), Patma (Fatima).

Halys bolmasa goşgynyñ formasyna üns berip göreliñ. Goşgy mesnewi formasynda ýazylan. Mesnewi irki we orta asyr arap poeziýasyndan türki halklaryñ poeziýasyna aralaşan goşgy formasy. Eger awtor pikirlerine halys millilik çaýasy gelýäni çyn bolsa mesnewi däl-de biziñ irki edebiýatymyzyñ önümi bolan koşuk formasyny ulanaýmaly ekeni. Mesnewi esasan arap, pars, osmanly edebiýatynda ulanylýan we aruz ölçeginde ýazylýan diwan edebiýatynyñ şygyr formasydyr.

0
12 gadambez1986  
335
Bay bow, isini gordun, Haweran. Indi yazmaz yaly etdin.
Ol taraplaryna uns berman okasan, hemme zat duzuw yala welin, icgin seretsen, beylede dal eken.
Kemine diyip turkmende adyn yoklugy indi kellame gelyar. Ol lakam ahyry. Beyle manydaky ady hic bir ene-ata cagasyna hodurlemez. Goy gowsy Enime bolsun, Mustafa bolsun

0
13 gadambez1986  
335
Tankytlar seydip dokazateltswo bilen getirilmeli. Gonumel yazyjyn sahsyyetine degibermeli dal.
Sag bol Haweran

0
14 Hаwеrаn  
245
Adam atlaryny goýmakda başga medeniýetlerden täsirlenmezlik asla mümkin däl. Bu onlarça asyrlaryñ dowamynda halklaryñ arasynda bolup geçýän medeni integrasiýanyñ miwesidir. Rus adam atlaryna üns berip göreliñmi?

1). Alekseý (ɐlʲɪkˈsʲej) — häzirki zaman rus jemgyýetinde iñ köp ulanylýan adam atlarynyñ biri hökmünde öz köküni gadymy grek sözünden alyp gaýdýar. Onuñ "goramak" («защищать», «отражать», «предотвращать») diýen manylary bar. Bu at buthana leksikonynda tä 1708-nji ýyla çenli Aleksiý (Алеѯі́й) görnüşinde ulanylypdyr. 1708-nji ýyldan 1918-nji ýylyñ rus orfografiýasy boýunça geçirilen reformasyna çenli "Алексѣй" görnüşinde ulanylypdyr.
(Ýewropa we Amerika ýurtlarynda Aleks [Alex] görnüşinde).

2). Aleksandr - bu adyñ gelip çykyşy Alekseý ady bilen baglanyşyklydyr. Aleksandryñ yzyna "a" harpy goşulyp Aleksandra görnüşinde aýal-gyzlara hem dakylýar.
Aleksandr - bu at hem beýleki halklar bilen bir hatarda türkmenleriñ arasynda ýaýran at. Aleksandr ady bizde we beýleki musulman halklarda Isgender görnüşinde aralaşypdyr.
(mys. ü.n.: Aleksandr Makedonskiý - Isgender Zülkarnaýn)

3). Boris - bu adyñ gelip çykyşy boýunça dürli pikirler öñe sürülýär. Ilkibaşda türki kowumlaryñ biridigine garamazdan, Idil-Bulgar döwletinden soñ hristianlygy saýlan alan we Dunaý derýasynyñ boýunda Birinji Bolgar döwletini esaslandyran hökümdaryñ ady Bogoris han (Boris I) bolupdyr. Türki ady göterýän Bogoris han hristian dinini kabul edensoñ, han titulynyñ ýerine knýaz tutulyny almak bilen çäklenmän, adyny hem Mihail diýip üýtgedipdir.
Maks Farmer bu adyñ gelip çykyşy boýunça iki çaklamany öñe sürýär: Mongol dilindäki "bogori" ("kiçi") sözi irki slawýan diline geçipdir. Şeýle-de "...." manysyny berýän «бороться», Borislaw diýen goşma at döräpdir.
(seret: «бороться», «побороть») we [слав] («слава»).
A.W.Superanskaýa bolsa Borisi gadymy pars dilindäki "wares" (warys [türk diline "varis" görnüşinde geçipdir] - mirasdüşer) sözüne baglanyşdyrýar.
Professor Weselin Beşewliýew gadymy bulgar dilinde gar leopardyna bars diýlendigini we Boris (şol sanda Bogoris) sözüniñ hem şondan gelip çykandygyny öñe sürýär. Türkmen dilinde-de gaplañyñ bir görnüşine bars diýilmegi W.Beşewliýewiñ pikiriniñ esassyz däldigini görkezýär.
Dosent Iwan Taneýew Iwanow bolsa Bogoris adynyñ gadymy eýran dilinde «помазанник божий» diýmekligi añladýandygyny we irki bulgar diline-de pers dilinden geçen bolmalydygyny aýdýar.
Gepiñ keltesi, ýokardakylardan hem görnüşi ýaly Borisiñ ýa-ha pers, ýa-da türki kökli sözdügi orta çykýar.

3). Wladimir («владеющий миром») - hernäçe slawýan sözünden ýasalan adam adydyr öýdülse-de, bu adyñam köki grek sözlerine baryp direýär. Wladimiriñ birinji bölegindäki "wlad" sözi grek dilinde "belli", "tanymal" diýmekdir, buthana leksikonynda bolsa - "şan-şöhrat" diýmekligi añladýar. "Wlad" sözüniñ yzyna rus dilindäki "-мар" (gadymy irland dilindäki "-mor", nemesçedäki "-mari", got dilindäki "-mers") goşulmasy goşulyp, Wolodimr ("Володимѣръ") diýen adam ady döräpdir. Teodemir, Widimir, Walamir ýaly adam atlaryny hem Wladimir bilen baglanyşdyrmak mümkin. Wladimir nemeslere we şwedlere Waldemar görnüşinde geçipdir.
Häzirki wagtda Wladimir rus, bolgar we beýleki slawýan halklarynda ýörgünli.
Şeýle-de bu at Wladimira görnüşinde aýal-gyzlara-da dakylýar.

0
15 Hаwеrаn  
245
4). Wadim (Wadimka, Dima, Wadýa, Wadýuşa, Wadişa) - etimologiki taýdan обвинять, клеветать, сеять смуту diýmekligi añladýan bu at slawýan adam ady Wadimiriñ gysgaldylan görnüşidir.
IV asyrda Persiýada ýaşap geçen prawoslaw ruhanysy Wadim Persidskiniñ adynyñ gadymy wizantiýa senenamalarynda Bademus görnüşinde geçýändigini nazara alsak, onda bu adam adynyñ pers ýa-da wizantiýa medeniýetine degişli atdygyny görmek mümkin.

5). Georgiý — gadymy grek dilinde («Георгиос») — «земледелец».
Grek mifologiýasynda "Georgos" Zewsiñ bir epitetleriniñ biridir, почитавшегося основным покровителем земледелия.
Bu atdan gelip çykan atlar — Ýuriý we Ýegor.
(Amerikanlara we ýewropalylara Jorj [George] görnüşinde geçipdir.)

6). Dmitriý - bu hem grek sözünden gelip çykan adam adydyr.
Demetra - grek mifologiýasynda - связано с именем древнегреческой богини земли и плодородия Деметры.
Grek mifleriniñ we hudaýlarynyñ pers mifologiýasyndan ýetdik paýyny alandygyny nazara alsak, onda Demetranyñ döreýşinde gadymy eýran medeniýetiniñ zoroastrizmden öñki dininiñ hudaýy Mitranyñ ornunyñ bardygyny unutmazlyk gerek.
Dmitriý adam ady Dimitriý, Demetriý, Mitrofan görnüşinde hem ulanylýar.
Значение имени — «посвящённый богине Деметре» (Митре).

7). Dawyd - ruslarda ýörgünli atlaryñ biri bolan bu adyñ köküni ibrany (gadymy ýewreý dili) atlaryna baglanyşdyryp bileris. Hemmäñize-de mälim bolşy ýaly, bu at Dawut pygamberiñ adydyr. Dawydyñ ibrany dilinde - eý görülen, söýgüli ýaly manylary bar. (ibr.: ‏חָבִיב‏‎ ḥaviv).
Rus adam ady Dawyd ýewropalaryñ arasyna Dawid, Dewid, musulmanlaryñ arasyna Dawut görnüşinde ýaýrapdyr.

8). Stepan— gadymy grek sözünden (Στέφανος [stefanos] — «венок, венец, корона, диадема».
В древнегреческой мифологии венец или диадема — традиционный атрибут богини Геры (реже — других богинь)
Stepan Ýewropanyñ beýleki halklaryna Stefan, Ştefan, Etýen, Esteban, Iştwan, Stiwen görnüşlerinde geçipdir.

9). Iwan (ibrany dilinde ‏יוחנן‏‎ Ýohanan) - terjimesi: «Ýahwe (Hudaý) пожалел», «Ýahwe смилостивился», «Ýahwe - помиловал», «Ýahwe - да будет милостлив», «Благодать Божия»[2])
Slawýan halklary bolan ruslarda, serblerde, slowenlerde, beloruslarda, ukrainlerde, horwatlarda, hatda gadymy oguz kowumlaryndan bolan gagauzlarda (gök oguzlar), başga-da birnäçe halklarda Iwan ady ürç edilip dakylýar.
Ruslara bu at greklerden geçipdir. Ispan, portugal, iñlis dillerinde gepleýän ýurtlara bolsa Ewan we Aýwen, görnüşinde geçipdir.
Iwan seýregrägem bolsa Iwanna ýa-da Iwanka görnüşinde aýal-gyzlara-da dakylýar.
Şeýle-de Jon, Jonni, Žan, Žoan, Hoan, Ýana ýaly atlaryñ Iwan ady bilen bir kökli atdygyny belläp geçmek gerek.

10). Mihail (ibrany dilinde: ‏מִיכָאֵל‏‎, Mihael) — ruslara ýewreýlerden geçen at. Mihail ibrany dilinde ‏‎ - "mi kmo elohim" sözüniñ gysgaldylan "mi-ka-el" görnüşidir.
Буквально «Кто как Бог», или «Тот, Кто как Бог».
Gepleşik dilinde Mişa, Mihaýlo ýaly görnüşleri-de bar.
Aslynda Allatagalanyñ dört uly perişdesiniñ biriniñ ady Mikaýyldyr. Mikaýyl älemiñ tebigy hadysalaryna jogapkär perişde bolupdyr. Ýel, gar-ýagyş, pasyllara mahsus tebigy öwrülişikler Mikaýyl perişdäniñ gözegçiliginde amala aşypdyr. Bu perişdäniñ ady Gurhanyñ "Bakara" süresiniñ 98-nji aýatynda agzalýar.
Seljuk beg Türkmen ogluna Mikaýyl dakanda kimden täsirlendikä? Orslardanmy? Araplardanmy? Türklerdenmi ýa ýewreýlerden?)

Sergeý — ruslara rimlilerden (Sergiý) geçen (latynça Sergius) bu sözüñ köki has irki türki kowumlardandygy çaklanylýan etrusklere baryp direýär.
Etruskler häzirki Italiýanyñ çäklerinde Aziýa sähralyklaryndan göçüp baran kowumdyr. Gündogar Türküstanly alym Kazim Mirşan etruskleriñ diliniñ prototürk dialektleriniñ biridigini aýdýar. Şeýle-de türkmenistanly belli taryhçy Öwez Gündogdyýew hem etruskleriñ gadymy türki taýpalaryñ biridigi barada gyzykly pikirleri orta atypdy. Diýmek, Sergeý ilki etrusklerden (türkilerden) rimlilere, rimlilerdenem ruslara geçen adam adydyr.

Görşüñiz ýaly rus adam atlarynyñ hiç biri-de arassa slawýan kökli atlar däl. Olaryñ haýsysyny alsañ alaý: ýa türkilerden, ýa ýewreýlerden, ýa greklerden, ýa skandinawlardan geçendir. Diñe şunyñ özem halklaryñ arasynda medeni integrasiýanyñ gutulgysyzdygyny görkezýän iñ aýdyñ subutnama dälmi näme?

1-15 16-30 31-34
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]