05:37 Watan küýsegi | |
■ Watan küýsegi (rowaýat)
Goşgular
Atasy ogluna berip ak pata, Okuwa ýollapdyr alys diýara. Özi ugradypdyr, bolsada bitap, Bir agyz söz tapman oňa diýmäge. Gidip özün urup ylym ojagna, Oglan taplanypdyr, sünnälenipdir. Köwser suwy degen deýin dodagna, Ol misli täzeden dünýä gelipdir. Yzlarynda garap galan pederniň, Gataňsy hem mährem elleri deýin, Kä mahal oň ýarym göwnün göterdi, Dogduk depäň öwsen ýelleri gelip. Bir günem äleme şan edip adyn, Oglan ylym okap, alym çykypdyr. Gözler okamakdan bolsada batyl, Ýürek ata ýurduň ýolun tapypdyr. Dogduk depäň didarna zar göz-dide, Ýürek hem ejizläp üzlere geldi. Watan taýa öwrülip bar ýol-ýoda, Ol gözlerin açan düzlere geldi. Şu wagt onuň yssy mährin duýsadyň, Dyz epdi, dogulan topragyn öpdi, Ýat illerde eziz watan küýsegi, Onuň üçin bir ulakan mekdepdi. ■ Ýapraklar we güller Başy göge ýeten, Bir bagdyr Watan, Pudagynda ýapragy kän, güli kän. Ýapraklar daragtyň synasyn tutsa, Gülleriniň söýgüsi bar ulakan. Bir gün güller pida edip özüni, Watan pudagyndan gaýyşyp gaýdar. Bir ajaýyp bahar güni, ýaz güni, Ýelli säher gamly aýdymyn aýdar. Ak patrak gülleri tänip büs-bütin, Ýaşyl ýapraklary goýanda ýetim. Dökülipdi olar şaha-pudaklaň, Miwe-mertebeli bolmagy üçin. Watan bir bag, başy asmana ýeten, Pudagynda ýapragy kän, güli kän. Ýapraklar şahalaň synasyn tutar, A güllerniň söýgüsi bar ulakan ■ Watan hüwdüsi Bahry Hazar kenaryndan getirlen, Enaýy görünýän balykgulagyň, Agzyna birsellem tutsaň gulagyň, Eşidersiň deňziň güwwüldisini. Deňziň sesi seniň üçin geň şowhun, Balykgulak üçin hüwdi sesidir. Watan sesi kalba dolup, ulalyp, Giň jahana ýaýar mähir-söýgüsin, Adamlar däl hatda balykgulagam, Kalbynda göterýär watan hüwdüsi. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Toba / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Arzuwlar / Goşgular - 07.08.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Rep goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Öýke / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Bolsa eder / Goşgular - 21.05.2024 |
√ Heýkeltaraş Saragt Babaýewe / Goşgular - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |