WATAN KÜÝSEGI
Goňşy obadaky Abdyleziz ýeke dikrarynyň toýuny uludan tutdy. Bir aý öňünden diňe bir Hamýaba däl, eýsem beýleki obalara-da çawy dolan bu toýuň heniz başlanmanka dabarasy dag aşdy. «Abdyleziz baý bir hepdeläp bagşy aýtdyryp toý tutjakmyş, göreş, at çapyşyk boljakmyş, «Owlakgapdy» oýnaljakmyş». Garaz, iki adamyň başy çatylsa, bu toýuň gürrüňi edildi. Her kim oňa gün sanap garaşdy. Ýöne garaşmagam däl, sähel hünäri bolan ýa-da baldyryna bil baglan ol toýdan baýraga-da hantama boldy. Şonuň üçin-de, toý habary eşidileli bäri atlylar atyny, pälwanlar özüni seýislediler. Elinden hiç zat gelmeýän, ýagty ýalança jägildäp ineli bäri bar gaýgysy gara garny bolan Palta palawa näme diýersiň, şolam garnyny seýislemek bilen başagaý: «Aý, menem Abdyleziziň toýunda palawdan bir hepdeligimi edinerim ýaly, häzirden öýden iýip-içmegimi azaldyp, taýýarlyk görüp ýörün» diýip, loh-loh gülen bolýar zaluwat.
Bu töwereklerde ýagyrnysy ýer ysgamadyk pälwanlaryň hatarynda tanalsa-da, Salyham özünden talaby artdyrdy. Öýüniň gapdalyndaky kiçeňräk haly dükanyny-da, köplenç, ogluna ynanyp, ähli ünsüni türgenleşige berdi. Ol her gün çöpleme çöplejek bahanasy bilen, ýaşlykdan bile göreş tuta-tuta ulalan ýegre dosty Gurbanam ýanyna alyp, obadan mazaly saýlanardy. Şol ýerde-de onuň bilen «Çopanbadak», «Ýanbaşdangaýtarmak», «Içdenilmek» ýaly emelleri irginsiz gaýtalardy.
Ine, öňünden gepleşişleri ýaly, ertir toý diýlen güni Gurban Salyhlara geldi. Salyh hemişeki endigine görä, rugsat almak üçin enesiniň bolýan kiçijik tamynyň işik ornundan asylan şaly bir gyra serpdi:
— Ene, aý, ene!
Içerden ses-selem çykmady. Jaýyň içini birlaý göz eleginden geçiren Salyh, enesine nazary kaklyşmansoň, «Haý, ýene gaýraky depä gidendir-ow?!» diýip, içini gepletdi-de, dostuna seretdi:
— Gurban, sen maňa şu ýerde biraz garaş. Men derrew enemi tapyp, ony habardar edip geleýin.
Ol şeý diýdi-de, dostunyň jogabyna-da garaşman, gaty-gaty ädimläp ugrady.
Salyh ýalňyşmandy. Obadan sesýetim uzaklykdaky gum depesiniň üstünde, hakykatdanam, ejesi Gülbahar mamanyň ýalňyz özi gaýra tarapa seredip, agy gatyşykly sesi bilen zaryn aýdymyna hiňlenjiräp otyrdy:
Bagtly çykmady bijäm,
Ömrüm — tümüdir gijäň.
Aglaplar goşa didäm
Sokur boldy, Watan-ow!..
Ejesiniň ýagdaýyna beledem bolsa, Salyhyň ýüregi gyýym-gyýym boldy. Birsalym sesini çykarman, haýpygelijilik bilen ejesine seredip duran dag ýaly ýigidiň göz owasy ýaşa doldy: «Käbäm enem, jan enem, seniň üçin men gara başymy goýmaga taýýar ahyry! Wah, bolýan bolsady, şu mahal men seni arkama hopba edip obaňa äkiderdim, jan käbäm! Emma bolanok, düşün, käbäm, bolanok! Aramyzy guş bolubam geçip bolmajak tikenli simler bölüpdir...».
Salyh mundan artyk çydap durup bilmedi-de, ýuwaşlyk bilen «Ene!» diýdi. Garry hiňlenjiremesini kesip, ýeňsesine gaňryldy:
— Salyh, bi senmi, balam?
— Hawa, ene, men. Ýadan bolsaň, öýe gidäýeli...
— Wah, jan balam, aýdýanyň näme seniň? Hiý, Watana seredip oturybam, ýadap bolarmy?
— Ene, aralyk alys, barybir, Watan görnenog-a. Sen-ä, neme... — Salyh diline gelen sözleri birbada aýdyp bilmän ýuwdunjyrady — Sen-ä bir batyl adam, ony bizem görüp bilemzok ahyry.
— Häý, oglum, iki çaganyň atasy bolsaňam, henizem akylyň ýaşawa gelýär seniň. Bolmasa, kämahal gözlüleriň görüp bilmeýän zatlaryny gözsüzleriň görüp bilýändigini biläýmel-ä sen. Watana gezek gelende, gaýdyp maňa hiç mahal «batyl» diýäýmegin. Men şu oturşyma obamam, onuň bag-bakjalarynam, akar ýaplarynam görüp otyryn.
— Bolýa, ene, bolýa, men ýalňyşypdyryn. Gaýdyp beýle sözi dilime almaryn. — Salyh gaýralygyna seredende, eliň aýasy ýaly giden boş meýdanda ygyp ýören äpet tüweleýiň tozanyndan başga zady görmänsoň: — Men-ä gözli bolubam gaýrada tüweleýiň tozanyndan başga zady göremok, ene — diýdi.
— Tüweleýiň tozany syrylyp, açyk Gün bolan wagty ata Watany senem görersiň, oglum.
Salyh käbesiniň aýlawly sözlerine dessine düşünip:
— Agzyňdan Hudaý eşitsin, ene! — diýdi. Onuň sözlerine ejesi-de monça boldy:
— Ine, munyň bolýa, balam. Indi näme habaryň bolsa aýdyber.
— Aýtsam, Gurban bilen toýa gidäýeli diýýäris.
— Toýa?! — Häliden bir gysym bolup ýere siňip oturan garry, niredendir güýç gelen ýaly, gobsunjyrady. — Toý gaýrada bolýarmy?
— Nesip bolsa, gaýrada-da bolar, ene. Bu gezek goňşy obadaky Abdylezizlerde bolýar. Ana, Gurban bilen şoňa gidäýeli diýýäris.
— Oň ýaly bolsa, sag gidip, aman gel, oglum. Ýöne göreşe gyzyp, bir ýeriňi agyrdaýmagyn. — Soňra Gülbahar mama guran çeşmä dönen göreçlerini ogluna dikip, ýalbaryjy äheňde sözüniň üstüni ýetirdi. — Birdenkä, gaýradan toý habary geläýse, meni goýup gidäýmegin, oglum!
— Arkaýyn bol, ene.
Salyh ejesi bilen hoşlaşdy-da, yzyna dolandy. Bäş-alty ädim ýöräp-ýöremänkä, onuň gulagyna ýene-de ejesiniň zaryn hiňlenmesi eşidilip ugrady. Ol haýpygelijilik bilen ejesine seretdi-de, säginjek ýaly etdi. Emma özi öýe barýança ony bu ýerden äkitmek üçin ýalbarmalarynyň biderekligini bilensoň, ahmyr bilen başyny ýaýkady-da, ädimini gataltdy.
***
Ogly gideli bäri Gülbahar mama öýüne ozalkylardan has giç gelmegi çykardy. Bu Ogulgeldini az alada goýanokdy. Batyl adam, gurruklaryň birine düňderilip galjakmy ýa-da it-guş aslyşjakmy, garaz, ol tä gaýynenesi gelýänçä ynjalyp bilmezdi. Çagalaryny yzyndan ýollaýyn diýse, heniz olar ýaş. Özem naçar halyna gije-girimde ýola çykmaga çekinýär. Onsoňam, ol gaýynenesiniň häsiýetine belet, yzarlap ýöreniňi biläýse, garrynyň jyny atlanýar: «Men çaga däl, yzyma düşüp ýöreriňiz ýaly» diýip, sesine bat beriberýär. Onsoň, nätsin görgüli, diňe Hudaýdan dileg edip, ýola bakyp oturaýmasa?! Emma ahyr ol içki howsalasyny sypaýylyk bilen gaýynenesine duýdurdy. Ýeri, duýduranda näme, Gülbahar mama: «Meni alada etme, gelin, ite-de gerek däl-ä men. Garry ülhidi kim başyna ýapsyn?» diýdi-de, gürrüňe nokat goýdy.
Hut düýnjik şeý diýen gaýynenesiniň bu gün garaňky gatlyşmanka öýe dolanmasy Ogulgeldini biraz iňkise goýman durmady. Şonuň üçin-de ol:
— Irläpsiňiz welin, ýaraman-dagy edäýen-ä dälsiňiz-dä, enesi? — diýdi.
— Ýok, gelin, goňşy obadaky toý gutaransoň, Salyh janam gelendir diýip gaýdyberdim.
— Toýuň gutaranyny nireden eşitdiňiz, enesi?
— Aýdym-sazyň sesi kesilse, toý gutardygydyr-da. — Gülbahar mama şeý diýdi-de, Salyhy sorady. Oglunyň heniz gelmändigini eşidibem, öz tamyna girip gitdi.
Garry ýalňyşmandy, hepdä çeken toý tamamlanypdy. Ýöne Salyh dagy, şol obaly bir dosty özelenip duransoň, duz dadyp geçmek üçin onuňka sowlupdylar. Ana, şol ýerde-de agzyýelli ýaňralaryň biri Salyhyň bar keýpine sogan dogrady oturyberdi. Onsoň, ýolboýy Gurbanyň göwünlik bermesem, güldürjek bolup her hili gürrüň tapmasam peýda bermedi.
Hemişeler toýdan soň keýpikök halda öýe dolanýan adamsynyň bu saparky gamaşyp duran ýüzüni görende, Ogulgeldi «Hiýh!» edip elini agzyna ýetirenini-de duýman galdy. «Ýüzünden gar ýagýar welin, garşydaşyndan ýykylaýdymyka?!» diýip içini gepletdi. Şu mahal oňa gep goşmakdan hernäçe çekinse-de, barybir, aýal bilesigelijiligi rüstem çykdy:
— Her gezek baýrakly gelmeli diýen zat ýok, onuň üçin beýle özüňizi horlamaň...
Salyh gahar bilen aýalynyň sözüni böldi:
— Kim aýdypdyr meniň ýykylanymy?
— Wiý, hiç kimem aýdanok. Men-ä hälki bir keýpsiz, üstesine-de eliboş dolanaňyzsoň diýäýdim.
— Wah, zat alsyn janyňy. Bar aladaň baýrak bolýan bolsa, alada etme, ertir Gurban getirer baryny. Keýpim bolmansoň, şolarda goýup gaýtdym. — Soňra ol biraz sesini ýuwaşatdy: — Enem ýatdymyka?
— Ýaňyja ýanyndan gaýtdym, ýatan däldir entek.
— Hany, onda beýleki çyrany otla, men enem bilen salamlaşyp gaýdaýyn.
— Ertir salamlaşaýsaňyz bolmazmyka?
— Bolmaz, uklamadyk bolsa, häzir salamlaşjak.
Şondan soň Ogulgeldi haly dokanda ulanýan onluk çyrasyny ýakyp, adamsynyň eline tutdurdy.
Oglunyň salam berip girmegi Gülbahar mamany diýseň begendirdi: «Aman-esen geldiňmi, oglum?» diýip, dag ýaly göwräni bagryna basdy. Soňra eneli-ogluň arasynda toýuň geçişi barada mesawy gürrüň başlandy. Emma duýgur garry oglunyň öz sowallaryna jogap berşinden, onuň öňküliginiň ýokdugyny bada-bat aňdy. Şonuň üçin-de ol:
— Oglum, saňa bir zad-a bolupdyr, näme keýpiňi gaçyrdy? — diýip sorady.
Salyh birbada «Aý, hiç zadam keýpimi gaçyranok-la» diýse-de, ejesini aldap bilmedi, ýüregini bire baglap, göwnündäkini dile getirdi:
— Ene, jan ene, gel şu hütdügi ýykaly-da, saňa başga bir jaý galdyraýaly.
— Ýene-de köne heňiňe başladyň-ow, oglum. Men saňa: «Bolmaz!» diýip näçe gezekler aýtdym.
— Onda şu tamyňa işik-aýna oturdaly? Jan ene, senem maňa düşün ahyry, menem iliň gepinden çekinýän. Ine, ýaňam dili duzlynyň biri, birtopar adamyň içinde: «Salyh pälwan bu toýdan ep-esli baýrak alaýdy öýdýän. Indi-hä, enesiniň tamyna işik-aýna oturdyp bermäge-de gurby çatsa gerek?!» diýdi. Ynan, ene, şo mahal ýer ýarylmady, menem girmedim. Sen maňa «Keýpiň ýok» diýýärsiň, özüňçe bar-ýokdan şeýle gyjytly sözleri eşidersiň-de, keýpiň bolarmy?
Emma garry sähelçe-de ylalaşyga geler ýaly däldi:
— Kim näme diýse, diýipler geçsin, oglum! Men bu ýurda ömürlik ýaşamaga gelemok, besdir şü. Nähili gaýratyň bolsa, Alla ýol berip Watana dolansak, ana, şonda görkezersiň... — Gülbahar mama mundan artyk gürläp bilmän dymdy. Salyh ejesiniň hiç mahal bitmejek ýarasyna ýene-de duz sepenini duýdy hem-de onluk çyranyň öçügsi ýagtysyna onuň horaşaja eginleriniň silkinip-silkinip gidýänini gördi. Basym garrynyň sessiz ýürek agysy zaryn iňňildä öwrüldi:
— Wa-ah, men gaýtmajak bolup tamdyra girip gizlendim, tapdylar. Aglaplar çabalandym, näler ýalbardym, etmediler. «On-on iki ýaşly çaga halyňa nädip ýeke özüňi goýup gideli?» diýdiler, «Bizem keýpine gidemzok, owgana! Ynha, basym ýurt düzeler welin, yzymyza dolanarys» diýdiler. — Garry janyýangynlyk bilen köne keçäni ýumruklady: — Wah, şo mahal özümi aryga oklan bolsam, jesedim-ä Watanyň goýnunda rahat ýatardy.
Salyhyň gözlerinden syrygan goşa damja çyranyň yşygyna ýylpyldap gitdi. Bogazy hykga dolup, ýumruklary ahmyrly düwüldi. Emma elinden hiç bir zadyň gelmejegine göz ýetirip, hemişekileri ýaly, ýene-de ejesine göwünlik bermäge çalyşdy:
— Goý, beý diýme, ene! Nesip bolsa, obaňa gidersiň, özem ählijämiz bileje gideris.
Garry bir gobsunjyrady-da, ynamsyz dillendi:
— Äý, näbileýin-dä, oglum. Garaşa-garaşa ýaşym ýetmişi sermedi, aglaý-aglaý goşa didäm sokur boldy. Kalbymda gopýan harasatdan bihabar, ýaş-ýeleňler maňa «däli mama» adyny dakdylar. Goý, dakybersinler, bolmanda-da men Watanyň dälisi! Onuň üçin hiç kimden hiç zady gaty göremok, ahyrynda öz obamyň posalak gumuna ýeke sapar bagrymy oýkasam bolýar. — Gülbahar mama biraz sägindi-de, ýüzüni ogluna tarap öwürdi. — Iň bolmanda, jesedim Watan topragyna dulansa-da, Hudaýdan müň-de bir razydyryn...
Häliden agzyýelli biriniň gyjalatyna galyp bar keýpi uçan Salyhyň ýolboýy «Şu sapar-a enemiň haý-waýyna seretmän, tamyna işik-aýna oturdaryn» diýen pikiri ýene başa barmady. Garry kes-kelläm ylalaşmady:
— Tama işik-aýna oturdyp, sen meni ýat ýurtda hemişelik ýaşamaga yrjak bolýaň. Bu pikiriň hiç mahalam başa barmaz, ondan ýaňa ýasy ýanyň ýerde bolup, tamaňy tala daňaý, oglum — diýdi.
***
Eginlerini gysyşyp oturan pagsa jaýlaryň arasyndan hasasyny tyrkyldadyp gelýän Gülbahar mamany görenlerinde kiçijik çagalar: «Däli mama gelýär» diýşip dowul tapsalar-da, garrynyň olar bilen işi-derdi ýokdy. Ol haçan görseň özbaşyna hiňlenjiräp, agy gatyşykly zaryn aýdymlaryny aýdar ýörerdi. Aýdýan sözleri diline gelip duransoň, çagalaryň tersine, ulular oňa «şahyr mama» diýerdiler hem-de oňa hökman salam bererdiler. Aýallar bolsa çaýlaşyp gitmegi mürähet ederdiler. Şonda ol: «Sag bol, janym. Men häzir obamyzy görüp gaýtjak. Ol ýerde bagly-bakjaly howlymyz bar, şony bir arassalap gaýdaýyn, soň ähliňizi özüm çaýa äkiderin» diýerdi. «Watan-ow, Watan-ow!» diýip, biraz ýeldirgänini bilýän adamlar onuň sözlerini geňlemezdiler. Gaýtam, onuň aýdymlaryny diňlän pursatlary, hemmeleriň gözlerinde nem görnerdi.
Haýran galaýmaly, dert beren Alla oňa derdini egsere zehinem beripdi. Gülbahar mama, bir aýdanyny gaýtalaman, uzakly gün aýdym aýdardy, şeýdibem, azajygam bolsa, gussa goruny egserdi. Ine, häzirem ol obanyň içinden tükeniksiz aýdymyna hiňlenip barýardy. Ony diňlänler başlaryny ahmyr bilen ýaýkaýardylar. Emma Gülbahar mama olary görmeýärdi, ol diňe bir zady — gür baglyga bürenip oturan dogduk Diýaryny görýärdi hemem şonuň agysyny aglaýardy:
Bereýin herne barym,
Bir görsem gül Diýarym.
Depä çyksam çarbagyň,
Görermikäm, Watan-ow?!
Allam rehm etse bize,
Topragny sürtsem ýüze.
Gysym gumuň kör göze,
Derman bolar, Watan-ow!
Gözýaşymça ýok sil-de,
Kuwwat galmady bilde.
Indi şeýdip ýat ilde
Ölermikäm, Watan-ow?!.
Gülbahar mama gaýraky depä golaýlaşanda, çaga gowurdylary eşidilýän ýaly boldy. Ol tapba aýdymyny kesip, birsalym kürtdürip durdy-da, ýüzüni keseräk sowdy. «Wah, garrylyk gursun, gulaklaram könelişip başlapdyr indi» diýip, diňşirgenmäge durdy. Bu onuň gulaklaryna agram berdigidi. «Çagalar oýnamaga gelipdirler öýdýän. Goý, oýnasynlar!». Garry şeý diýip içini gepletdi-de, ýuwaşjadan ýöräp başlady.
Onuň ýetip gelýänini gören on-on iki ýaşly çagalaryň biri howsalaly gygyrdy: «Oglanlar, däli mama gelýär-eý, ýörüň gaçalyň». Emma ekabyrrak biri oňa garşy çykdy: «Gaçmalyň-eý, hiç kime zat degenog-a ol. Men-ä gaýtam onuň aýdymlaryny diňlejek». Garaz, çagalar ýüreklerini bire baglap, gaçmazlygy karar etdiler.
Gülbahar mama ýetip geldi. Ol oglanlaryň salamyny alyp, ýeke-ýekeden olaryň kimiň dogmasydygyny sorady. Şeýdip, sähel salymda çagalar garra öwrenişip gitdiler. Onuň obasy hakdaky ertekä çalymdaş gürrüňlerini demini alman diýen ýaly diňlediler. Häliden doňan ýaly bolup oturan oglanlaryň biri özi aňmazdan garrynyň sözüni boldi:
— Gülbahar mama, eger araçäkden geçirip goýberseler, batyl halyňa obaňy tapjakmy onsoň?
Bu sözleri eşidip, garrynyň ýüzi nurlanyp gitdi. Göýä diýersiň, biri serhetden geçmäge kömek edäýjek ýaly begendi:
— Wah, şol simden geçsem bolýar, gözlerim görmese-de, obamy ysgap taparyn.
Oglanlaryň biri geňirgenmesini gizläp durmady:
— Obanyňam ysy bolýar-maý?
Gülbahar mama onuň jogabyny nagt etdi:
— Eneňiziň gujagynyň ysy bar gerek? Bar bolsa, dogduk mekanyňam ene gujagynyňky ýaly ysy bolýandyr. Özem ol yslar biri-birinden düýpli parhlanýar. — Garry elindäki taýagyny oba tarap uzatdy. — Siz şu obanyň ysyny duýýaňyzmy?
Çagalar agşamlaryna peşe kowmak üçin edilýän tüssäniň hem-de çyra ýagynyň ajy ysyny ýatlap kikirdeşdiler. Gülbahar mama ony duýdy-da:
— Meniň obamda welin, gök otlaryň, jeňňeliň jigirdek-petdesiniň, ýylgyndyr bozaganyň ysy bark urardy. Derýanyň üstünden öwüsýän salkynjak şemal janyňa şypa bererdi. Men her säher sülgünleriň «jok-jokuna», bedeneleriň «byt-byldyk, byt-byldyk» edip saýraşýan seslerine oýanardym. Wah, arman, ýat ilde ömrüm köýdi-le, kül boldy-la!..
Garrynyň sähel bolsa bahana arap duran derdi ýene-de gozgady. Ol agy gatyşykly zaryn aýdymyna başlady. Çagalar gözlerini mölerdip ony diňlediler hemem Watan diýen zadyň şeýle gymmat ekenligine haýranlar galdylar. Öň hiç mahal görmedigem bolsa, olarda-da ertekä meňzeş şol ýurdy görmek höwesi döredi.
Ahyr garry aýdymyna dyngy berdi. Şol mahal oglanlaryň biri göwnüne getiren sowaly morta oklady:
— Gülbahar mama, siz häzir näçe ýaşyňyzda?
Taýagyna agram berip oturan garry ses gelen tarapa çiňerildi:
— Men siziň bilen deň-duşdyryn!
Onuň sözlerine oglanlar pakyrda berdiler. Ine, şu-da häliden çagalar bilen äbede-jüýje bolşup oturan garrynyň gaharyny getirdi. Ol taýagyny bulaýlap, çagalara haýbat atdy:
— Nämä gülüşýäňiz, ýerçekenler! Heý, ýat ilde ýaşap bolýarmy? Meniň diňe öz Watanymda ýaşan ýaşym ýaşdyr, Watandan jyda düşelim bäri gury göwre men!
Emma garrynyň bu janykmasyna şo mahal çagalaryň köpüsi düşünmedi...
***
«Dert ýamany garrylykdyr» diýlişi ýaly, Gülbahar mamanyňam haly gün-günden ebgarlaýardy. Üç aýyň içidir, oňa gaýraky depe ýat bolupdy. Soňky döwürler-ä halys içeri-daşary girip-çykmasam galdy. Kä özüni bilse, kä özüni bilmän samramany-da çykardy. Şeýle günleriň birinde ol ertiriň iri bilen Salyhy sorady. Ony derrew çagyrdylar. Garry oglunyň ellerini aýasyna mäkäm gysyp, begençli pyşyrdady.
— Oglum, geçen agşam düýş görüpdirin, basym gaýrada toý bolýar, özem uly toý! Sen hökman oňa gitgin!
Salyh şonda ejesiniň sözlerini ýöne bir samrama hasap edenem bolsa, onuň göwnüni götermek isläp:
— Nesip bolsa, ol toýa senem alyp giderin, ene! — diýdi.
Garry ahmyr bilen demini goýberdi:
— He-eý, men ol toýa gidip bolaýdym öýdýän, balam. — Ol ysgynsyzja baş atyp gapa ümledi. — Hanha, göreňokmy, işikde Ezraýyl garaşyp otyr. Ol siziň bilen hoşlaşaryma, iň soňky sargytlarymy aýdaryma garaşýar.
Salyh biygtyýar gapa seretdi-de, ejesiniň ýüzünden sypady:
— Ene, ol ýerde hiç zadam ýok, sen alada etme.
— Wah, jan balam, men nämäni alada edeýin? Ýöne meni jaýlanyňyzda, hökman Watana bakdyryp jaýlaň! Onsoňam, Hudaý halap, haçandyr bir wagt ata Watana ýol açylaýsa, hökman ol ýeriniň gumundan getirip mazarymyň üstüne sepgin! Iň soňky wesýetim..., meniň gözlerimi ýumdurjak bolup azara galmaň, barybir, olar ýumulmaz. Goý, gaýtam, olar açyk dursun! Bu gözlerim häzir görmese-de, o dünýäde görerler. O dünýäde-de obama seredip ýatsam, rahat ýataryn...
...Salyh ejesiniň iň soňky deminde eden wesýetini berjaý edip, ony ata Watana bakdyryp jaýlady. Emma ýaşulular: «Gözleri açyk gitmesin!» diýip duransoňlar, olary ýumdurjak boldular, ýöne, haýran galaýmaly, hernäçe çytraşsalar-da, Gülbahar mamanyň gözlerini ýumdurmak hiç kime başartmady...
***
Türkmenistan Garaşsyzlygyny alan gününden kalby guş bolup ata Watan sary atygsaýan Salyh bu gün şatlykdan ýaňa näme edip, näme goýanyny bilenokdy. Çünki oňa, ejesiniň aýdyşy ýaly, ata Watandan toý çakylygy gelipdi. Onsoň, bu wagt ol ýol şaýyny tutup ýörşüne, hyýalynda onuň bilen gürleşýärdi: «Käbäm enem, buşluk, ata Watanda toý bolýar, özem has uly toý! Gör-ä, şol toýa menem çagyrdylar. Nesip bolsa, indi men seniň iň soňky wesýetiňem berjaý ederin, Watanyň topragyndan getirip, seniň guburyňa seperin. Megerem, şonda-ha seniň ruhuň biraz ynjalsa gerek?!».
Birdenkä Salyh bir zat ýadyna düşen ýaly, ýektaýyny gyssanmaç egnine atdy-da, öýden çykdy. Hiç kime hiç zat diýmän, hiç ýerde säginmän ýöräp barşyna, göni ejesiniň uzakly gününi Watan sary seredip geçiren depesine çykdy-da, elini gözüniň üstüne kölegeledip, gaýra tarapa seretdi. Emma hiç hili tüweleýe-de, tozana-da, hatda dogan-doganyň arasynda demir diwara öwrülen serhede-de nazary kaklyşmady. Onuň gözleri diňe göm-gök asmanyň aşagyndaky arassa giňişlikde erkana gaýyp ýören äpet guşy gördi. Onuň ganatlary bolsa, ata Watana çagyryp el bulaýan doganyň gollaryny ýatladýardy...
2008 ý.
Döwran AGALYÝEW.
Hekaýalar