ÝANGYN
Küren obanyň orta gürpünden burugsap göge göterilen goýry tüsse hataryň gyrak-bujagyndaky öýlerdäkileriňem inini düýrükdirdi. Bir ujy bulutlara diräp, eýýäm asman-zemini birleşdirip ýetişen burum-burum apadyň ojagyňky ýa tamdyryňky däldigini aňan adamlar, uly gorky bilen köçä ylgaşdylar. «Wah, bir bendäniň-ä öýi ýanýar öýdýän. Pylanyňky bir bolmabilseýdir» diýşip, her kim şol töwerekde ýaşaýan dogan-garyndaşlaryny ýatlap, elewreşip ugrady.
Onýança, orta boýly, ýüzleri güne gaýzygan hortap aýal aýakýalaň, başy açyk halda ýangyn dörän jaýdan okdurylyp köçä çykdy-da, uly ýoluň ortasynda butlaryna şapbatlap, sesiniň ýetdiginden gygyryp, iki ýana zowzanaklap ugrady:
— Waý, waý, iller-eý, kömek ediň-eý! Öýüm ýanandyr-uw, bagtym ýatandyr-uw...
Onuň sesine, jokrama tomsuň süýr günortany ýaňy bir ymyzganan goňşy-golamlar atylyp köçä çykdylar. Bedremidir legen, çarşakmydyr pil — gyssagara ellerine ilen zady alybam ýangyn dörän ýere tarap eňdiler. Sähel salymdan jaýyň töweregi mähelleden myg berdi. Mellegiň töründen geçýän okarykdan suw daşaýan haýsy, alňasaklyk bilen guýa bedre taşlaýan haýsy. Eýýäm, ähli ýerine ýalyn ýaýran jaýyň içine kürsäp urup, duman ýaly tüssäniň içinden eline ilen zady penjireden daşaryk oklaýan haýsy...
Adamlar hernäçe jan etseler-de, öňem garyp tünekden üýtgeşik goş-golam alyp ýetişmediler. Yzy üzülmän bedreläp sepilýän suwuňam, pildir kätmen bilen oklanylýan gumuňam ýylanyň dili ýaly bolup lowwa galan ýangyna nepi ýetmedi. Diňe boljak iş bolup, jaýyň depesindäki şiferler aýylganç ses bilen atylyp-atylyp düşensoň, ýangyn birneme pessaýlap ugrady. Ahyram, mundan bir sagat ozalam ap-ak bolup lowurdap duran dört otagly giň jaýyň hüýt gara bolan diwarlaryndan başga zat galmady. Adamlaram ellerinden oňly zat gelmedigine gynanyşyp, hoňkaryp galan diwarlara ahmyrly serede-serede bir gyra çekildiler. Galyň garry-gurtudyr aýal-ebtatlar bolsa, düýş ýaly bolup, dem salymda bir bendäniň maňlaýyny garaldan ot belasyndan heder edişip, toba etdiler. Öňem, ýangyn döräli bäri näçe gezek gaýtalandyklaryna garamazdan, «Ot belasyndan, suw belasyndan özüň goraweri, Ýaradan!» diýşip, ýakalaryny tutdular.
Edil şol wagtam uzyn-uzyn zoguny çalyp, köçäniň ileri çetinden bäriligine öwrülen gyzyl maşyn hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Eýýäm onuň ýangyn söndürijilerdigine göz ýetiren mähelläniň gowury köpelip ugrady.
— Wah, biraz irräk geläýseler bolmaýamy...
— Onda-ha goş-golamyň köpüsini alyp çyksa bolardy.
Bir çeträkde sesini çykarman duran şilliň pyýada bar gaharyny çiliminden çykarjak bolýan ýaly, ony köwşüniň burny bilen mäkäm mynjyratdy-da, gürrüňe goşuldy:
— Beýtseler alýan aýlyklaryny haklaýmazmy olar. Heý, şü obada ýangyn boldy-da, wagtynda gelen gezegi barmy şolaň?!
Köpçülik onuň diýenini baş atyp makullasa-da, şalpy-şaraň balagynyň suwuny sykyp duran ýaş ýigdekçe öz göwnüne gelenini oklap galdy:
— Senem bir zat diýip goýberäýýäň-ow. On bäş kilometrlik ýerden nädip gelsin olar wagtynda?
— Şony bilýän bolsaňyz, nämä çagyrýaňyz bir topar peýdasyz perişdäni? — Endam-jany palçyga bulaşyp duran şilliň pyýada janyýangynlyk bilen gürledi: — Gelibem ysprawka ýazmaly diýer, garagör diýer, bir topar dert bolarlar.
Onuň diýenlerini özüne çeken bolarly, ýaş ýigdekçe-de dazzaryldy:
— Men çagyrdymmy olary?
Häliden sesini çykarman, piliniň laýyny aýryp oturan ýaşuly oglanlaryň gep ýok ýerden dawa tapyşlaryna biparh seredip durup bilmedi:
— Goýuň-aýt, dawaňyzy. Siziňki artyk şu wagt. — Ol pilini ýere sünçdi-de, ýetip gelýän maşyna seredip dikeldi: — Näme sorag-jogaplary bolsa, gelensoň görübiýris.
Ýaşulynyň sözüni soňlaryna mähetdel, uly gykylyk turuzyp gelýän maşyn bularyň deňesine ýetip saklandy. Onuň öňünden zordan sowlup ýetişen adamlar elleri bilen daş-töweregi gurşap alan tozandan goranyşyp, «üf-de-üf» boluşdylar. Emma, goşa kabinaly gyzyl maşyndaky kişiler olara ähmiýetem bermän, urduryp maşyndan düşdüler. Hersiniň etmeli işleri öňünden belli borly, birisi ylgaşlap maşynyň gapdalyndaky gapyrjagy açsa, beýlekisi okdurylyp jaýa ýetip barýar. Onýança gapyrjagyň içinden tigir görnüşinde düýrlenen uzyn şlangany çykaran ýigit, onuň bir ujuny öz ýanynda galdyryp, şlanga tigrini öňe ylgan ýigidiň yzyndan batly tigirläp goýberdi. Göz açyp-ýumasy salymda şlanganyň beýleki ujy baryp, tüsseläp duran jaýyň gapdalyndaky ýigidiň eline gondy. Oňly bir iş etmese-de, alňasaklyk bilen iki ýana ylgaşlap ýören gysga boýly biri (megerem, komandiri bolsa gerek) «Gaz» diýip gygyrdy. Sürüji mähetdel etmän, gaza mündi. Maşyn üýtgeşik bir hyňňyldap, titredi. Emma...
Häliden olaryň şeýle çalasynlygyna gözügidijilik bilen seredişip duran adamlar, ýeri dälem bolsa, birden pakyrda berdiler. Maşyn hernäçe titräp eňrese-de, şlanganyň ujundan ýeke damja nemiňem dammaýanyna gahary gelen komandir bolsa paýyş sögünip, maşyna tarap ylgady. Haçan-da, onuň çeleginiň düýbünden boş, takyrap ýatandygyny görende-hä, hasam jyny atlandy. Misli, ähli zada diňe sürüji günäkär ýaly, onuň üstüne herreldi:
— Suwsuz maşyn bilen nä körüň bar. Hany suw, näme etdiň ony?
Olaryň bolşuna ähli hasraty undup, bir meýdan gülüp hezil eden adamlaryň arasyndan ýaňsyly gürrüňler eşidilip ugrady:
— Indi suw nämä gerek?
— Haý, pajarnik bolaýşyňyzy...
— Munça geleniňize görä, gaýraky ýapdap maşynyňyzy dolduryp, suw bir alyp gidiň.
Hernäçe gykylyklara üns bermediksirän bolsa-da, gysga boýly komandir soňky gürläniň sözlerini gulagynyň duşundan geçirmedi:
— Nirde ýap bar diýdiň?
— Anha, iki ýüz ädimlikde — diýip, adamlaryň biri gaýralygyna elini salgady.
Komandir ylgap baryp maşyna birikdirilen şlangany aýryp taşlady-da, sürüjä seredip, azmly gürledi:
— Ýet basym, gidişiňden gelşiň tiz bolsun.
Bolup geçen masgaraçylykly wakadan soň, adamlaryň gyjytly gürrüňlerini diňlemeli boljakdyklary ýatlaryna düşdümi ýa-da asylam öz borçlarymy, ýangyn söndüriji ýigitlerem birdenkä duran-duran ýerlerinden ylgaşyp, ýaňy gozganan maşyna baryp ýelmeşdiler. Özleri-de, edil kinolardaky ýaly kabinadan ýapyşyp, basgançakda dik durup gitdiler.
Köpçüligiň arasynda komandiriň ýeke özi galdy. Ol uludan bir dem aldy-da, ýeňi bilen maňlaýynyň çygyny süpürdi. Şondan soň ulumsylyk bilen adamlara nazar aýlady:
— Hany, bi öýüň eýesi kim?
Hemmeler Kuly agany gözläp, daş-töwerege ýaltaklaşdylar. Emma, bary netijesiz boldy. Ol ýokdy. Başagaýlykda onuň ýoklugyna şu wagta çenli üns berenem bolmandyr.
— Aýaly dagy bardyr-a, özi bolmasa? — diýip, komandir öýüň hojaýynynyň ýokdugyny aňansoň, biraz sesini peseltdi.
— Bar-uw, bar aýaly. Haly erbet görgüliniň. Çalam-çaş bolup oturansoň goňşulara eltip gaýtdyk — diýip, şaňňy sesli aýallaryň biri dillendi.
Özüniň ady tutulmansoň, häliden sesini çykarman, bolup geçýän zatlara bimany nazary bilen gussaly bakyp oturan ýaş ýigit, üst-başyny çalaja kakyşdyryp, onuň ýanyna bardy:
— Näme, agam?
— Sen kim borsuň?
— Ogullary...
— Kakaň nirede?
— Ertirki bazara gidişi.
Komandir ýansumkasyndan kagyzdyr ruçkasyny çykardy-da, onuň ýüzüne seretdi:
— Iň ulularymy sen?
— Ortanjy ogly.
— Adyň näme?
— Durdy.
— Familiýaň?
— Kulyýew.
— Ýagşy-y... — Komandir kagyzyna bir zatlar belleşdirdi-de, gaýtadan oglanyň ýüzüne seretdi: — Hany aýt, ýangyn nähili döredi?
Ýaş ýigit özi günäkärlenip barýan ýaly, ýaýdanmaçlyk bilen elini ýeňsesine ýetirdi:
— Äý, inim çilimini söndürmän, jaýyň düýbüne basylan ota tarap oklaýypdyr öýdýän...
— Ä-hä... — Komandir onuň sözlerini üns bilen diňläp, bir tagta kagyzyň ýüzüni garalady-da, ruçkasyny ýaş ýigidiň eline tutdurdy:
— Hany, şu ýere goluňy çek bakaly, pitiçka goýlan ýere...
Ol işlerini birýüzli edensoň, öňküsi ýaly ala-zenzele turuzmasa-da, suwa giden maşynam dolanyp geldi. Ýangyn söndürijiler tüsseläp duran ýere indi hiç hili suwuň zerur däldigini bilselerem, göwünli-göwünsiz çelegi boşatdylar. Şonuň bilenem özlerine degişli işleri bolduk edip, gelen yzyna şaýlandylar.
Maşyn uly ýola çykyp gözden gaýyp bolansoň, ýygnanan mähelle-de sabap ugrady. Diňe eli boşraklardyr garyndaş-kowumlar betbagt maşgalanyň wagtlaýyn ýaşary ýaly, bir gapdaldaky köne-küşül saklanýan jaýy tertipleşdirmäge girişdiler.
* * *
Obadaşlarynyň biri duşup aýdan bolarly, hä diýmän Kuly aga-da ýetip geldi. Ol, göýä haýsydyr bir hyýaly güýç bilen özi üçin düýbünden nätanyş dünýä oklanan ýaly, taksiden düşen ýerinde aňalyp galdy. Öň bir wagt «sklad jaý» adyny alan, laýdan galdyrylan ýeke gat tamy bejerip ýörenlerem, kileň Kuly agadan ýaş bolansoň, onuň ýanyna baraýmaga het edip bilmän, köwejekleşdiler. Aslynda, bu wagt oňa göwünlik berjek bolmagyň zerurlygam ýokdy. Eneden bolaly, ýekeje gezegem ýylgyryp bakmadyk ýowuz ykbalyň beterinden beter oýunlaryna şu güne çenli erkeklerçe döz gelenem bolsa, gözüniň görüp duran häzirki apady ony halys burup taşlady. Kellesine aýylgançdan-aýylganç hyýallar gelip gondy. Birdenem, adam-jennat ýaşamaýan çöl-beýewana çykyp, ümdüzine tutduryberesi geldi.
Edil şol wagtam Gül daýzanyň duýdansyz çykan çirkin sesi gojanyň oý-pikirlerini ürküzilen garasar sürüsine dönderdi.
— Waý-uw, çagalaryň atasy-uw, bagtymyz ýatandyr-uw. Indi nä alaç ederis-uw...
Kuly aga saçlaryny ýaýyp, suw-sil bolup ylgaşlap gelen aýalyna tarap gözleriniň agyny köpeldibräge seretdi-de, ýuwaşjadan azmly gürledi:
— Hany, uwlamaňy bes et. Boljak iş bolansoň...
Kuly aga birbada sözüni soňlap bilmedi. Altmyş agan ýaşynyň içinde köp-köp külpetleri gerdeninde göterip gören ýaşulynyň hykga bogazy doldy. Ol ahmyr bilen hyrçyny dişläp, göýä gandaryny gören kişi kimin ýowuz nazaryny aýalyna dikdi. Onuň bolşy ýarylarly görünse-de, az mahal dymyp duransoň dogabitdi sowukganlylygyny etdi:
— Kimiň işi bi?
Gül daýza henizem ýetişibildiginden ýeňi bilen gözüniň ýaşyny sylyp durşuna, ýaňy sekizinji klasy gutaran kiçi ogly Nazara gargynyp başlady:
— Döremän geçen çilimkeşiň barka kimiňki bolsun? Wa-ah, ýerýuwutmyş, bir zadyň-a üstünden eltjekdi, ahyr eltibem dyndy-da, ýerler çeken.
Ol janyýangynyna bir eliniň ýumruklaryny düwüp, beýleki eliniň aýasyna urup ugrady. Kuly aga aýalynyň ýene-de joşup ugranyny görüp, sesine bat berdi:
— Näçe gezek aýtmaly sen heleýe, kes sesiňi diýip. — Ol bir-ä işläp ýörenlere, birem goňşy-golamlara tarap göz gyýtagyny aýlap goýberdi: — Hany, özi nirede, deýýusyň?
— Men näbileýin nirä ýok bolanyny. Gizlenendir bir ýerde munça işleri gaýyransoň, ýerçeken.
Kuly aga garalyp ýatan ýere gaýtadan bir sowuklaç nazaryny aýlap goýberdi-de, köneje korzinkasyny goltuklap, işläp ýörenlere garşy mytdyldap ugrady. Oglanlaryň salam berşi ýaly, onuň salam alşam juda sowuklaç boldy. Hiç kime o diýen ähmiýetem bermän, barşyna ýarsy ýanan köne kilime özüni goýberdi. Bir elini maňlaýyna diräp, aşak bakyp oturşyna, arasyndan gyl geçmez dosty Seýit aganyň geleninem duýmady. Seýit aga bir salym nebsagyryjylykly bakyş bilen goňşusyna seredip durdy-da, onuň gapdalynda çommaldy. Näme diýende dostunyň para-para bolan ýüregine teselli boljagyny bilmeýän ýaly, içini hümledip, eline ilen çöpjagaz bilen ýer çyzyp ugrady. Az salymdan, ýuwaşja ardynjyrap, başyny galdyrdy-da:
— Kuly, «Müň gaýgy bir iş bitirmez» diýipdirler. Alada aldyryp oturanyň haýry ýok indi. Boljak iş boldy, ine, näme kömek gerek bolsa, il-gün, goňşy-golam taýýar. Senem biraz merdiräk bol! — diýdi.
Tükeniksiz oý-aladadyr gynançdan ýaňa ýangyn döräli bäri iki egninden dem alyp ýören Seýit aganyňam haly goňşusynyňkydan öwerlik däldi. Şonuň üçin, hernäçe janyksa-da, bu wagt onuň aýdýan sözleri, ol-a Kuly aga eken, özüniň aladasynam egsip bilenokdy. Ana, onsoň ýaşlarynyň birçene barandyklaryna garamazdan, hemişe henek atyşyp, degşip-gülşüp ýören goňşularyň ikisiniňem ýüzi as göreniňkiden enaýy däldi. Şu wagt birinji gezek gören adama olaryň şeýle wäşi kişilerdigini aýdaýsaň-a ömürem ynanmaz.
Goňşularyň ikisem aşak bakyp, bir meýdan dymşyp oturdylar. Esli salym ara düşen ümsümligi uludan bir demini alyp, Kuly aga bozdy:
— He-eý, Seýit, Seýit. Sen meniň mert bolarymy isleýäň. Mertlik galdymy mende. Bolan işi ýüregiňe alman geçirip goýberäýmek üçinem sagdyn jan gerek eken adama. Hany, o diýýänim barmy indi?
Ömür goňşy oturyp, bile tirkeşselerem, her egninde adam oturybermeli, pälwansypat dostunyň bir gezegem başynyň agyrap, baldyrynyň syzlanyny eşitmedik Seýit aga üçin onuň soňky sözleri geňräk eşidildi. Ol muny anyklamak, az wagtlygam bolsa heserdeşiniň ünsüni häzirki aladalaryndan sowmak niýeti bilen, ýeri dälem bolsa, bälçiklige salan boldy:
— Saglygyň gürrüňini edýäň welin, Kuly, garrylyga ýan berip ugraýan-a dälsiň-dä?
— Äý, Seýit, garrylyk däl bi. Saglygym ejizlejek bolýa, saglygym. — Ahyr Kuly aga-da garört bolan ýüzüni ýerden göterdi: — Meniň bi daşky sypatyma seretme, içinden ýanan tut ýalydyr ol. Owf-f... Seniň ýadyňa düşýändir-ä, ot belasynyň maňa görkezen ilki görgüdi. Ana, şo gezek ýüregime-de düşen eken bir uçgun. Anha, seret, hernäçe uludan tutaşsa-da sönüpdir-ä. Şol gezekki meniň ýüregime düşen uçgunjagaz bolsa tutaşaýmasa, peseliberenok. Ony bir söndürip biläýjegem çagalarymdy. Olar nätdiler... Wah, günäniň ulusy özümde-le, wagtynda towugyna tok diýmän, elijiretdim-dä. Özüm horluk ýamanyny göremsoň, şular bir ýaşasynlar diýdim ýaýnap. Olar nätdiler, iň hezil oýnuny ot etdiler. Her gezek ýüregimde ýaňy köräp ugran uçguna suw sepmäge derek nebit guýdular, nebit! Ana, Seýit, ynansaň şeýde-şeýde içi ýanyp, küle dönüp barýan göwredir bi.
Seýit aga dostunyň başyna düşen işlere bäş barmagy ýaly beledem bolsa, ýuwaşjadan başyny atyp oturşyna onuň sözüni böldi:
— O diýýänleriň-ä dogry welin, şu ömrüme seniň ejizläniňi görmändim. Göwnüme bolmasa...
Kuly aga korzinkasyny açyp, nepislik bilen bejerilen nas kädisini çykardy. Onuň düýbüni dyzyna urup durşuna-da, janyýangyn dillendi:
— A-how, Seýit goňşy, meniňem ýüregim daşdan däl-ä!..
* * *
Açyk meýdanda guralan peşehanada eýlesine-beýlesine agdarylyp, zol-zol ardynjyrap ýatan Kuly aganyň gözüne çiş kakylana döndi. Ahyram, ýatyp bilmejegine gözi ýeten borly, peşehanadan sogrulyp çykdy-da, ýassygynyň aşagynda goýan nas kädisine elini ýetirdi. Ýaltalyk bilen kädisiniň düýbüni birki ýola eliniň aýasyna urdy-da, Aý aýdyň gijede garalyp ýatan ýere tarap haýaljykdan ädimläp ugrady. Barybam, atam döwründen galan jynly haraba girjek deýin, birmeýdan kürtdürip durdy. Ahyram göwnüni bire baglap, göýä ýanman galan zat bar bolaýmasyn diýýän ýaly, Aýyň ýagtysyna ýekän-ýekän otaglara aýlanyp başlady. Ýöne, haýsy otaga girse-de, topugyna ýetip duran öljümek külden gaýry gözüne ilen zat bolmady. Iň soňunda ol, şu jaýa göçüp geleli bäri pir-kempir bolup, aýaly bilen ýaşan otagynyň hoňkaryp galan gapysyndan boýnuny uzatdy. Her elini gapy ýeriniň birýan diwaryna diräp, gussaly nazary bilen içerini birlaý göz eleginden geçirensoň, ýuwaşlyk bilen bosagadan ätledi. Ýaňy birki ädim ädip-ätmänkä-de, ýarsy ýanan agaç bölegine büdüräp, tüwdürilip gitdi. «Häýt, seniň bir...». Ol özi duýmazdan erbet sögünjiredi-de, aýagynyň sypjyrylan ýerini tutup, özüniň hemişeki oturýan ýerine baryp çökdi. Şol wagt oňa suw bary dökülen ýeriň yzgaram, külden dörän palçygam täsir etmedi. Tersine, peşehananyň içindäki düşegiň üstünden şu ýeri has rahat duýuldy. Meger, şonuň üçindir ýa-da kalbynda gopýan harasadyň juda çökderligindendir, basym aýagynyň agyrysyny-da unutdy. Uly il süýji ukudaka, bir özüniň gijäniň ýarynda bolup oturşyna haýran galýan ýaly, petreşip seredýän ýyldyzlara bakyp, pikire çümdi...
* * *
Gara zähmetiň bilen baýap bolýan bolsa, Kuly aganyň ol-a awtoulag eken, uçar almaga-da bir wagtlar gurby ýetmelidi. Çünki men diýen çaglary Berlinde dikilen ýeňiş baýdagyny gözi bilen görüp, sag-aman obasyna dolanyp gelen ýigidiň şondan soňky bar göreni diňe ekinzarlykly atyzlar boldy. Özi-de, partiýa agzasy bolmasa-da, partiýanyň häli-şindi çykarýan her bir kararyndan ruhlanyp işledi. Ertiriniň gowy boljagyna ynam edip, gijeler ýatmazdy. Panus çyranyň ölügsi ýylpyldysyna suw tutup, ençe gijeleriň ukusyny harama çykarypdy. Haşar-beýlekide dagy Kuly aga bolmasa gazylman galaýjak ýalydy ýaplar.
Barybir, ol deň-duşlary ýaly gaýşaryp ýeňil ulagam münmedi, kurort garasynam görmedi. Dogrusy, kurort diýlen ýere-hä pul berseňem gitmezdi ol. Ýylyň-ýylyna şol ýere gatnaýan oba aktiwistleridir käbir kolhozçylara-da çyny bilen nebsi agyrap, olardan biri ýolda-yzda gabatlaşaýsa-da: «Nähili, sag-aman gutulyp geldiňmi, onsoň?» diýerdi. Kuly aganyň pikiriçe, kurort diýilýäni-de keselhana kysmy bir zat bolmaly. Oňa diňe ýarawsyzlar gidýär.
Kuly aganyň ýene-de bir aýratynlygy, ol bütin ömrüne zähmet rugsadyny alan kişi däl. Käbir adamlaryň dereje bilip, häli-şindi alýan ýarawsyzlyk listi-hä düýbünden ýat oňa. Setanda-seýranda sowuklap dagy etse-de, kolhoz işinden galary bolmaz. Göýä, özi barmasa iş durup galaýjak ýaly, aýalyna burçluja unaş etdirerdi-de, jönäbererdi pilini egnine atyp.
Gara zähmetden gaçman hernäçe ylgasa-da, Kuly aganyň göreni görgi, edeni bergi boldy. Onuň çemçeläp ýygnanyny çagalary çanaklap dökdüler. Muňa-da, öň bir ähmiýetem bermän ýören Kuly aga şu gün göz ýetirip galdy. Göwnünde hiç kime jinnek ýaly-da ýamanlygy bolmadyk, rysgalyny diňe gara zähmetden gözlän ýaşuly, çaga terbiýesinde özüniň gödek ýalňyşandygyny, gelip-gelip şu günki wakadan soň — ýüp syrygyp toýnukdan geçensoň bilip galdy. Häk, adam diýeniň çig süýt emen bolýar, her kimiň bir gowşak ýeri bar-da...
* * *
O döwürde Kuly agalar kolhozyň gawunyna sakçylyk edensoň, jeňňelde oturardylar. Ýazylyp ýatan gawunly meýdanyň aňry çetem baryp gowaçalyga dirärdi. Tylla reňk gülaby gawunlary torlanyp başlan uçurlary, bir gün Metdi brigadir Kuly aganyňka geldi. Ol ertirden başlap ýygyma girişjekdiklerini aýdyp, Kuly aga-da gawunçylygyň gapdalyndaky boş ýerden oňardan harmanyna garawulçylyk edip bermegi teklip etdi. Kim bilýär, garawulsyz bolsa barja pagtany galyň ýaş-ýeleň bir gijede Artygyň harmanyna dönderäýse. Şeýle bolansoň, Kuly aga-da brigadiriň pikirini makullap, onuň bilen ylalaşdy. «Barybir, gawunlara seretmeli, harmana-da aýlanar duraryn» diýip, içini gepletdi.
Şol ýyl pagta-da, adamlaryň aýdyşy ýaly, başyna gördi. Kombaýnlar işe girişensoň-a brigada berkidilen ýekeje traktora ýyglan pagtany baza daşamak dert boldy. Aňyrsy bir hepdä-de ýetmän, harmanda dag döredi. Eýlede-beýlede tigirlerini şakyrdadyp aýlanyşyp ýören oglan göze ilip ugransoň, gijelerine Kuly aganyň özi harmanda ýatmaly boldy. Ýyglan pagta el urdurman saklamagyň aladasy, başdaky pikir edişinden köprägem bolsa, Kuly aga gündizlerine arkaýyndy. Harman doly adam-gara bolansoň, gawunçylykda işlärdi.
Bir günem kartalary gyzyl çöpe dönderen kombaýnlar hatar gurap gözden gaýyp boldular. Metdi brigadirem aňyrsy birki günden ähli pagtany daşajakdyklaryny, şoňa çenli harmany gözden salmaly däldigini aýdyp, maşynyna mündi. Az salymdan harman ýeri sowlan bazara meňzäp galdy. Muňa, günüň ýaňy öýlä agandygyna garamazdan, Kuly aga ynjalyp bilmedi. Özi işli bolansoň, bir gapdalda köw-söwläp ýören on üç-on dört ýaşlaryndaky uly ogly Geldimyrady çagyrdy:
— Geldimyrat, oglum, bar sen harmanyň töwereginde bol. Işlerimi birýüzli edemsoň, menem hä diýmän bararyn.
Kakasy bilen bada-bat razylaşan ýigdekçe, şol demde kepbe jaýlaryna tarap ylgady. Kuly aga onuň aýdylan ýere gitmän, öýlerine tarap ýüwrüp barşyny görüp, gaharlanjak boldy:
— Haý, nirä barýaň, ogul? Men saňa öýe git diýmedim-ä.
Hiç haçan kakasyndan garaw görmedik oglan saklanjagam bolmady. Ylgap barşyna çalarak bir yzyna gaňryldy-da:
— Çörek aljak — diýip, badyny ýazman gitdi.
Şondan soň Kuly aga-da ynjalyp, gawunlaryň joýa ýykylan baldajyklaryny galdyrmaga durdy.
Geçse ýarym sagat geçendir. Ýüregi bir zat syzan ýaly, bilini ýazmak üçin dikelen Kuly aganyň harman ýerden çabrap asmana galan ýalyny görüp, haýýaty göçdi. Ol sesiniň ýetdiginden, kepbede öz işi bilen gümra bolup ýören aýalyny kömege çagyryp, harmana tarap ylgady. Ýöne, eýýäm boljak iş bolupdy. Üýşmek pagtanyň bar ýerine ýaýrap ýetişen ýalyn söndürerli däldi.
Bu iş üçin ep-esli jerime tölese-de, Kuly aga ogluna gaty-gaýrym zat diýmedi. Şol gün agşam öýe girip bilmän, kepbäniň töwereginde köwejekläp ýören Geldimyrady ýalbar-ýakar edip öýe salansoňam, bar sorany «Nädip ýakdyň?» boldy. Geldimyrat kartoşka bişirip iýjek bolandygyny aýdanda bolsa, ýene özüne käýindi: «Belanyň körügi özümde-le, ýumruk ýaly çaga iş buýrup...».
Ýazy bilen diş-dyrnak bolup ýygnanlarynyň özlerine nesip etmejegine jany ýanan Gül daýza gaharyny saklap bilmedi. Ol gargyna-gargyna oglunyň gulagyna ýapyşdy. Muny gören Kuly aga ör-gökden gelip, aýalyna heňkirdi:
— Häýt, seniň bir... Goparaýsaň nätjek gulagyny. — Soňra ejesiniň elinden sypyp ýanyna ylgap gelen oglunyň öz yzyndan ýetip barýan boýuna guwanyp, başyny sypady: — Çagadyr-da, onça-munça bolman bolmaz.
Ogluny hernäçe eý görse-de, lükge puly kolhozyň kassasyna tölemek şo sapar Kuly aganyň özüne-de ýeňil düşmändi. Ýöne ol muny hiç kime duýdurmady.
Şol gezek mazaly suwuma degerler öýden Geldimyradyň garaşany çykmansoň, otluçöp onuň oýnagyna öwrüldi. Kuly aganyň gözi beýläk bolan mahaly Gül daýza abaý-syýasat bilen oglunyň elindäki otluçöpüni ýygşyrsa-da, basym ony özi tapyp bermeli bolýardy. Sebäbi kakasyndan ýüz tapýan ýigdekçe, şeýle ýagdaý ýüze çykdygy bes, onuň ýanyna ylgardy-da, köze kartoşka gömüp iýmäge ýol bermeýän ejesini ýamanlardy. Kuly aga-da oglunyň başyny sypap, aýalyna azm urar:
— Ber oglanyň otluçöpüni. Saňa azary ýetenok, goý, iýsin özi bişirip.
— Eýýäm unutdyňyzmy araky ýangyny. Ýa-da ýene-de bir belanyň üstünden elterini isleýäňizmi?
Gül daýza hernäçe janyksa-da nepi degmez. Barybir, Kuly aga ilkinji gören perzendiniň raýyny ýykmazdy:
— Indi hiç zadam etmez. Özüne-de sapak bolandyr onuň. Şeýle dälmi, oglum? — Geldimyrat epeý göwresine gelişmeýän halyna müzzerilip durşuna, başyny atardy. Şoňa-da kakasy monça bolar: — Ana, gördüňmi?
Gül daýza hüňürdeý-hüňürdeý bir gap otluçöpi ogluna tarap wazyrdadyp goýbererdi. Kuly aga-da, sözüni gögerden kişi-dä, loh-loh gülerdi-de, ogluna öwüt-nesihat eden bolardy:
— Bar oglum, bişir kartoşkaňy. Ýöne ot-çöpden daşrakda ýakgyn oduňy.
Gawun-garpyzyň esasy hasyly ýygnalyp, ekinahyr golaýlap ýördi. Kuly agadyr Gül daýza-da, sowuk kakaýmanka, bişip ýetişmedik terneleri ýygnamak bilen başagaýdylar. Şeýle günleriň birinde Geldimyrat ýene-de kartoşka bişirmek üçin kagyz böleklerini üýşürip ugrady. Kakasynyň aýdany ýadyna düşüp, kepbeden üç-dört ädim beýleräkdäki tekiz meýdana bardy-da, üýşüren kagyzlaryna ot degirdi. Soňam köz bolaýar ýaly odun çöplemäge girişdi. Edil şol wagtam, bir ýerden peýda bolan tüweleý ýanyp duran kagyz böleklerini dyr-pytrak etdi. Gamyş kepbä ot düşenini gören Geldimyrat, wägirip kakasyna tarap tutdurdy. Bolan waka gözi düşen Kuly aga özüne garşy ýetip gelýän ogluna garşy aýagaldygyna ylgady. Ala gykylyk edip yzyna düşen aýalyna-da: «Ýat, kepbede tüpeň bar» diýip gygyrdy-da, ogluny bagryna basyp, gawunly joýada ýüzin süýndi. Edil şol wagtam «gümp-gümp» edip ýarylýan ok sesleri eşidildi.
Kuly aga ömründe birinji gezek ogluna şarpyk çaldy.
Wagt geçdi, Geldimyradam ýigit ýetip öýli-işikli boldy. Tüweleme, hiç mahal betlik etmedik ýaly bolup, maşgalasynyň aladasy bilen ýaşap ýör.
* * *
Göräýmäge, bu öýe-de ahyr Taňry ýylgyryp seredäýen ýaly, Kuly aganyňam begenjiniň çägi ýok. Emma, süýnüp giden ýyldyz ýaly, ol begenjem uzaga çekmedi. Bir gün säheriň ümüş-tamşynda Gül daýza uly gopgun turzup, ony ukudan oýardy:
— Waý, kakasy-eý, turaweri-eý, uly janahtymyz-a ýüzümize gara çekendir-eý.
Bir bolmasy işiň bolanyny aňsa-da, oýaly-ukuly ýagdaýda oňly bir zada düşünmedik Kuly aga aýalyna azgyryldy:
— Hany, zörledip durma-da, düşnükliräk aýt näm bolanyny?
— Wah-wah, saçy kesilen, gyzymyz gaçypdyr.
— Haçan, kim bilen gidipdir ol?
— Agşam gidipdir. Men näbileýin kimiň syrtyna ýelmeşip ýok bolanyny, tulanyň.
— Heý, çak edýäniň-zadyň ýokmy seniň?
Gül daýza gyňajynyň çowy bilen gözüniň ýaşyny sylyp durşuna, sojap-sojap dillendi:
— Ho-ol, gaýraky obaly Babyşyň ogly bilen çatak-çutagy bar ýaly diýib-ä gulagyma ilipdi.
Kuly aga ýene-de uly aladanyň astyna galdy:
— Be-eý, edil beýle edäýmän, duýduraýan bolsa-da garşy çykjak ýog-a şoňa. Häk, edeniň bar bol-a.
Gül daýza-da ýer ýumruklady:
— Il ýaly gudaçylyga gelenem bolsalar bererdik, ärsiräp öleni.
Sähel salymda dünýäsi gapyşan Kuly aga nas kädisine ýapyşdy:
— Hany, kes sesiňi. Il-gün bir eşidäýmesin. Öň gelmedik bolsalaram, indi gelerler.
Hiç hili gaýa-gopuz ýok ýerden gyzynyň çykaran bu hokgasy oňa gaty agyr degdi. Ozaldanam ýaraly ýüregi, kesim-kesim edilip duz sepilene döndi. Ýöne welin, ony il-gün-ä beýlede dursun, ne aýaly, ne-de çagalary — hiçisi aňmady. Gaýtam, Gül daýza-ha adamsynyň şeýle giň göwrümlidigine oturyp-oturyp haýranlar galdy...
* * *
Daňyň etegi çyzylyp ugran uçurlary, oturan ýeriniň çygy gojanyň süňňüne ornap ugrady. Ol endamynda birhili galpyldy döräp başlanyny duýup, pikirlerinden aýňaldy. Soňra uludan bir demini aldy-da, içini gepletdi: «Hernäçe oýun görkezselerem çagalaryňdyr, kesip aýryp zyňjak gümanyň ýok. Ulalarlar, düşünerler baryna. Ümbilmezlikde nämeler bolmaýar. Gowusy, jahan ýagtylan dessine ketdeleriň ýanyna ugraýyn. Hä diýmän howa çigräp, aldajy gyş ýetip geler. Heý-de onsoň, çagalar beýdip meýdanda ýatsalar, mendenem bir ata bolarmy?!».
Ýaşuly aýdyşy ýaly-da etdi. Il-günem, ýolbaşçylaram onuň üçin ellerinden gelen goldawy gaýgyrmadylar. Tiz wagtdan öňki kaddyna ýetirilen jaýa göçülip baryldy. Emma... Şondan soň Kuly aganyň özi welin, ýan beräýdi. Ýöne hassa bolup düşekde süýnüp ýatmaga endik etmedik gojanyň halynyň ebgarlap barşyna ne-hä aýaly ynandy, ne-de çagalary. Lukman gelip göze görnüp duran keseliniň ýokdugyny aýdansoň-a, Kuly aganyň ysgynsyzlygynam, başynyň aýlanyp, gözüniň garaňkyramasynam ýadawlykdandyr öýdüp, ynjalaýdylar.
* * *
Şol agşam çyra söndi. Beýle ýagdaý häli-şindi ýüze çykyp duransoň, oňa aýratyn ähmiýetem bermän, el çyranyň gözlegine çykdylar. Öňki çyralar jaý ýananda zaýalanansoň, Gül daýza bir ýerden tozan basan panusy tapyp getirdi. Daşyny syryp-süpürensoň, gulagyna ýakyn eltip silterläp görübem gargynmaga başlady:
— Artyp galmyş, takyrap galan ýaly-la muň içi.
Edil şol wagt, çilimini kükedip bir ýerden peýda bolan kiçi ogly ejesine kömege ýetişdi:
— Çyranyň ýoguny bilip, ýörite şem getirdim.
Ol jübüsinden ýarsy ýanan şemi çykardy-da, otluçöpüni çyzdy. Häliden tirsek urup, içini hümledip ýatan Kuly aganyň ýüregi jigläp gitdi. Ol ölügsije ýagty saçyp, barha kiçelip barýan şemi öz ýüregine meňzetdi: «Şeýde-şeýde ahyr ýanyp gutarar bi». Göwnüne getiren aýylganç pikirine özi tisginip gitdi. Ýöne alagaraňkyda oňa üns berenem, aňşyranam bolmady. Gojanyň özi-de şoňa şükür edip, basyrylgy duran çäýnege elini uzatdy...
* * *
Ertesi öýlänlik garaşylmadyk ýagdaýda Kuly agalardan çykan agy sesleri hemmeleriň depe saçlaryny üşertdi. Heniz näme bolanynam aňyp ýetişmedik goňşy-golamlar, bu saparam ala basgy bolup ylgaşdylar. Çirkin sese zähreleri ýarylan adamlaryň aglabasynyň gyssagarada pikir edişleriniň tersine, bu gezek hiç hili ýangyn ýokdy. Gaýtam, onuň iň soňky uçgunjagazam sönüpdi. Diňe, näçe ýyldyr şol otjagaza döz geljek bolup, garaört bolan göwre galypdy. Gül daýzadyr çagalary bolsa, dünýäniň ähli azabyndan dynyp, ortarada süýnüp ýatan şol göwräniň daşyna egele bolşup, aldygyna ses edýärdiler:
— Öýmüziň sütüni süýndi-leý, bagtymyz ýatdy-leý. Çagalaryňy ýetim goýmaga neneň dözdüň-eý...
— Ýap-ýaňam gezip ýören kakam-eý, näme üçin birden beýtdiň-eý...
Hawa, uly-uly ýangynlardan galan ýalynjagaz, lypyrdap-lypyrdap, ýaňyja sönüpdi...
1990 ý.
Döwran AGALYÝEW.
Hekaýalar