23:52 Ymam Ryzanyñ guburhana kümmeti we ony çarçuwalaýan köşk arhitektura toplumy | |
YMAM RYZANYŇ GUBURHANA KÜMMETI WE ONY ÇARÇUWALAÝAN KÖŞK ARHITEKTURA TOPLUMY
Taryhy ýerler
Makalamyň, Maşat şäherine we ymam Ryzanyň guburhana kümmetiniň ýadygärlikler toplumyna bagyşlanan esasy bölegine başlamagymdan öň, bu halkara ylmy maslahatyň Merwiň gadymy topragynda geçýändiginiň Türkmenistan we Eyran halklarynyň dostlukly gatnaşyklarynda wajyp ýeri eýelejekdigini nygtamak isleýärin. Bütün dünýä öz täsirini ýetiren Gündogardaky ähmiýetli taryhy wakalaryň bolan ýerleriniň biri, «Horasan şäherleriniň enesi» adyny göteren we musulmanlaryň, şonuň ýaly-da musulman türkmenleriň guran beýik döwletleriniň merkezi bolan Merw şäheriniň Yslam taryhynda möhüm orny eýeleýändigini-de agzamagymyz gerek. Merw – yslamyýetiň köp sanly beýik şahslarynyň guburlaryna mesgen beren mukaddes ýerdir. Bu beýik kişileriň hatarynda: Seýit Muhammet ibn Zeýd ibn Aly-Zeýn-al-Abyddin ibn al-Hüseýin ibn Aly ibn Abu Talyp, Seýit Japar Şäer Reýis ibn Muhammet ibn Zeýd ibn Aly-Zeýn-al-Abyddin, Seýit Aly ibn Abulhasan Aly al-Hady ibn Muhammet al-Jawad ibn Aly al-Ryza, Seýit Zeýd al-Nar ibn Musa Kazym, Seýit Musa ibn Abdylla ibn Musa Kazym ýaly seýitleri, Abu Abdylla Bureýda ibn al-Huseýbe ibn Abdylla ibn al-Harisa al-Eslemi we al-Hakam ibn Amr ibn Menje ibn Huzeýma ibn al-Haris al-Gifari ýaly sahabalary, Merwezilerdir Hoja Ýusup Hemedany ýaly alymlary, Çagry beg, Alp Arslan, Sanjar ýaly Beýik Seljuklar döwletiniň hökümdarlaryny we beýlekileri görkezmek bolar. Tusdyr Maşat şäherleri-de taryhyň belli-belli döwürlerinde yslam dünýäsiniň ähmiýetli şäherleri bolupdyrlar. Tus – häzirki Eýran Yslam Respublikasynyň çäklerinde ýerleşen köne taryhy ýeriň adydyr. Irki döwürlerde Tusuň ilkinji mesgeni Kaşfrud derýasynyň kenarynda ýerleşen kiçeňräk şäher bolupdyr we ol wagtyň geçmegi bilen giňelip bu sebitiň uly şäherleriniň birine öwrülipdir. Soltan Söbükteginiň hem-de ogly Mahmydyň öňbaşçylygyndaky Gaznalylar döwletiniň goşuny, tanymal goşunbaşylar Abu Alynyň we Faikiň serkerdeligindäki Samanylar döwletiniň goşunyny Tusuň ýanynda, miladynyň 995-nji ýylynyň iýul aýynyň 22-sinde bolan söweşde derbi-dagyn edipdirler. Soltan Mahmyt miladynyň 999-njy ýylynyň maýyndan soň Gaznaly serkerdesi Arslan Jazyba Tus şäheriniň edara edilişini beripdir. Soltan Mahmydyň 1006-njy milady ýylynda Multana harby hereketi amala aşyrmak niýeti bilen Hindistana gitmeginden peýdalanan Garahanylar döwletiniň hökümdary Nasr ibn Aly Horasana döwletiň harby güýçlerini iberipdir we Sübaşy Teginiň serkerdeligindäki Garahanylaryň goşuny Tusy eýeläpdir. Güýçleriniň deň däldigini duýan Tusuň walisi Arslan Jazyb esgerleri bilen Gazna tarap çekilipdir. Tus soňra, ýene, soltan Mahmyt Gaznalynyň Hindistandan tyzdan-tyz gaýdyp gelmegi bilen yzyna alnypdyr. 1028-nji milady ýylynyň başynda Ýagmyr, Buga, Gökdaş hem-de Gyzyl ýaly begleriň yolbaşçylygyndaky Oguz türkmenleri Nusaýyň, Abywerdiň we Parawyň (Ferawanyň) üsti bilen Horasana gelipdirler. Hassa hem bolsa bu hadysalaryň öňüni almak islän soltan Mahmyt, şol ýyl Tusa tarap herekete geçipdir we soltanyň güýçleriniň kömegi bilen Arslan Jazyb Paraw ribatynyň ýanynda bu oguzlardan üstün çykypdyr. Bu maglumatlarda ady agzalýan Gaznalylaryň tanymal serkerdesi Arslan Jazybyň gubury hem Eýranyň Horasan welaýatynda ýerleşýär. Gaznalylardan soňra Tus Beýik Seljuklar döwletiniň serhediniň çäklerine girizilipdir. Senenamaçy ýazar Ýakuby baryp-ha miladynyň IX asyrynda Tusuň Horasanyň uly bir etraby bolandygyny belläpdir. Apbasy halypalarynyň zamanynda Homaýd ibn Gahtabe Tusda häkimlik edipdir. Ol Tusuň Senabad obasynyň ýakynynda kaşaň bir köşki-saraý gurdurypdyr. Hijriniň 193-nji (miladynyň 810-njy) ýylynda bu köşki-saraýda, Merwe gidip barýan Apbasy halypasy Harun ar-Reşit aradan çykypdyr we ol bu köşküň bagynda jaýlanypdyr, Hijriniň 203-nji (m. 818 ýa-da 819-njy) ýylynda, bu ýerde Ymam Ryza hezretleri jaýlanypdyr. Irki döwürlerde uly taryhy şäher bolan Tus, Timurylar döwletiniň hökümdary Miranşanyň ony weýran etmegi bilen ilat Maşada göçüpdir. Maşat şäheri taryh menzilleri içinde dürli hökümdarlar nebereleriniň guran döwletleriniň düzüminde bolmak bilen, wajyp syýasy, medeni we dini merkezligini saklap gelipdir. Ýokarda agzap geçişimiz ýaly, IX asyryň başlarynda, Tusyň golaýynda ýerleşen Senabat obasynda Apbasy halypasy al-Ma’munyň giýewisi bolan ymam Aly ibn Musa ar-Ryza tarpa-taýyn aradan çykypdyr we ony öň köşk bagy bolan, meşhur Apbasy halypasynyň adyny göterýän «Harun ar-Raşid» gonamçylygynda jaýlapdyrlar. Bu 8-nji ymamyň dünýeten öten ýeri («maşhad-ar-Ryza») musulmanlaryň, esasan hem şygalaryň köpçülikleýin zyýarat edýän ýerine öwrülipdir we az wagtdan Senabad obasynyň bolan ýerinde şäher emele gelipdir. Bu şäher «Maşhad Tus» we «Maşhad-ar-Ryza» atlandyrylyp başlanypdyr. Tanymal jugrafiýaçy al-Mukaddasy «maşhad» sözüni ilkinji bolup toponomik at hökmünde X asyrda ulanypdyr. Maşat şäheri giňäpdir, pajarlap ösüpdir. Ibn Batuta hem, XIV asyrda «Maşhad-ar-Ryza» şäheri barada ýazyp gidipdir. Häzirki döwürde, Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky Horasan welaýatynda ýerleşen Maşatda Ymam Ryzanyň, Nedir şa Awşaryň (1739-njy ýylda dünýeden öten), Hoja Rabiniň, Hoja Aba Saltyň, Hoja Muradyň, şahyr Firdöwsiniň (908-990 ýý.), Häkim Omar Haýýamyň (1018-1096 ýý.), Şeýh Attaryň (1119-1197 ýý.) hem-de Kemalalmülkiň, Horasan welaýatynda bulardan başga-da, Şeýh Ahmet Jamynyň, Kutbeddin Haýdaryň, Şeýh Haýdaryň, Möwlana Zeýneddin Abu Bekriň, Arslan Jazybyň we beýlekileriň guburhana kümmetleriniň binalary, Nedir şa Awşar tarapyndan gurlan gala diwarlary «Kalat-e Naderi», onuň içinde şanyň «Horşid» («Güneşli») köşgüniň binasy, söwda merkezleriniň binalary we beýleki migmarlyk eserleri ýerleşýär. Maşatdaky şol binagärlik eserleriniň içinde zyýaratçylar üçin iň ähmiýetli we üns çekiji binagärlik eseri ymam Aly ibn Musa ar-Ryzanyň guburhana kümmetini, ýagny, («Astan-i kuds-i Razawi») («Ryzanyň mukaddes bosagasyny») gurşap alýan ýadygärlikler toplumydyr. Apbasylar döwründe kaşaň Haruniýe binasy gurlupdyr, şol ýerde-de Ymam Ryza hezretleri jaýlanypdyr. Deýlemilerdir Büweýhileriň hökümdarlary bu ýerde dikeldişdir rejeleýiş işlerini amala aşyrypdyrlar. Gaznalylar döwletiniň hökümdary soltan Söbükteginiň döwründe bu ýer ünsden düşürilip, binanyň gümmezine we diwarynyň belli bir bölegine zeper ýetirilende bolsa, onuň ogly soltan Mahmydyň zamanynda üns merkezinde bolup, bu zyýaratgähiň esasy ýadrosy döredilipdir. Soltan Mahmydyň düýşüne hezreti Muhammet pygamber girip we barmagy bilen Ymam Ryzanyň guburhana kümmetiniň gümmezini gökezip «Haçhana çenli şeýle bolup durjak?!» diýip ýüzlenendigi barada gürrüňler bar. Soltanyň düýşüne giren keramatly kişiniň hezreti Alydygy barada hem pikirler bar. Soltan Mahmyt Gaznaly şol günüň ertesi ýanyna migmaryny çagyryp, Tusa tarap ýola düşüpdir. Çeşmelere görä soltanyň emri bilen, 400-nji hijri (m. 1010-nji) ýylynda Abubekr Şahmert ymamyň guburhana kümmetiniň gümmezini dikeldipdir, laýdan edilen diwarlarynyň ýüzüni kerpiçler bilen örtüpdir we minara gurupdyr. Hijriniň 516-njy (m. 1023-nji) ýylynda hezreti Ymam Ryzanyň guburhana kümmetine 40 x 30 x 5 cantimetr ölçegli ilkinji ýazgyly daş goýulypdyr. Bu daşda arapça «Bu Maşhad-ar-Ryza Aly ibn Musanyň kümmetiniň binasy meniň – Allatagallanyň ýalkamagyny isleýän, Onuň günäli we sadyk hyzmatkäri Abulkasym Ahmet ibn Aly ibn Ahmet Alewi Hüseýniniň buýrugy bilen guruldy» görnüşli ýazgy ýazylypdyr. Ymam Ryzanyň guburhanasynyň bu binagärlik toplumy Beýik Seljuklaryň hem-de Horezmşalarynyň (Anuşteginogullarynyň) hökümdarlygy döwründe-de gurlup rejelenipdir. Ymam Ryzanyň guburhana kümmetinde, musulman türkmenleriň beýik patyşalarynyň biri Beýik Seljuklar döwletiniň soňky soltany Sanjaryň hökümdarlygy döwründe (milady 1118-1157 ýý.) Merwiň häkimi Şerefeddin Abutahyr ibn Sagd ibn Aly Gumy tarapyndan doly dikeldiliş abatlaýyş işleri geçirilipdir we syrçaly lowhalar bilen örtülen ilkinji gümmez bilen örtülipdir. Horezmşalarynyň döwründe hem bu keramat eýesi bolan ymamyň kümmetiniň rejeleýiş işleri amala aşyrylypdyr. 612-nji hijri (1216-njy milady) ýylynda, zyýaratgähiň Darulhafez girişinde hezreti Ymam Ryzanyň Möminleriň emiri hezreti Ala çenli nesil şejeresini görkezýän we goýulan senesini belli edýän gabardylan owadan ýazgy ýazylypdyr. Ýazgynyň iki ýanynda kiçi harplar bilen arap şahyry Abu Nawwasyň Ymam Ryzany wasp edýän şygyrlaryndan iki bölek ýerleşdirilipdir. Mongollar ilki gelende Tusudyr Maşady ýykan-ýumran edip, talan bolsalarda, Ilhanylaryň döwründe Gazan hanyň (m. 1295-1304 ýý.) buýrugy bilen gurluşyk işleri geçirilip, zyýaratgäh rejelenipdir, ýetirilen zyýan düzeldilipdir. Ondan soňra soltan Muhammet Hudabende (m. 1304-1317 ýý.) guburhana kümmetini giňeldipdir, täze binany gurupdyr. Köpleriň pikirine görä ymamyň kümmetiniň häzirki gümmezi Seljuklaryň ýa-da Ilhanylaryň döwründen saklanyp galypdyr. Binalar toplumynyň belli-belli bölekleri bolsa Timurylaryň, Sefewileriň we Nedir şa Awşaryň zamanynda binýat edilipdir. Hijriniň 821-nji (m.1410-njy) ýylynda Timurylar hökümdary soltan Şaruh Maşat şäherini abadanlaşdyrmakda we onuň gülläp ösmeginde köp işleri geçiripdir. Onuň hatyny Göwherşat Aga Begimiň tagallasy bilen bu ýerde uly juma metjidi gurlupdyr, günorta çäkde gurlan şol mejit häzirem bu asylzada hatynyň adyny göterýär. Göwherşat metjidiniň ýerleşen ýeri günorta howlyny emele getirýär. Soltan Şaruh keramatly zyýaratgäh bilen bu metjidiň arasynda gurlan «Dar al Hefaz» binasynyň gündogar böleginde kabulhana bilen kaznany ýerleşdiripdir. Bu hökümdar zyýarathananyň daşyny gurşap alan howluda, häzirki zamana çenli ýokarky bezegi we iki derwezesi öňki durkunda gelip ýeten «Perizat» medresesini hem gurdurypdyr. Timurylar döwründe «Timury» (Atig) howlusy binýat edilipdir hem-de soltan Hüseýin Baýgaranyň weziri Mir Alyşir Nowaýy tarapyndan gurdurulan altyn dalan-eýwanynyň esasy goýlupdyr. Soňra şa Apbas Sefewiniň döwründe terrasa giňeldilipdir we Nedir şa Awşar tarapyndan altyn çaýdyrylypdyr. Sefewiler neberesiniň döwründe bu keramatly zyýaratgähe uly üns berlipdir, guburhana kümmetiniň owadanlygy we ululygy üýtgäpdir. Şa Tahmaspyň buýrugy bilen, Gaznalylaryň döwründe gurlan minara abatlaşdyrylyp, altynlaşdyrma işleri geçirilipdir. Hijriniň 932-nji (m.1526-njy) ýylynda kümmetiň gümmeziniň owadan syrçaly lowhalary aýrylyp, altyn kerpiçler bilen çalşyrylypdyr. Hijriniň 1010-njy (m. 1902-nji) ýylynda, özüne ejir berip Maşada piýada gelen şa Apbas kümmetde düýpli dikeldiş işlerini geçiripdir. Nedir şa Awşaryň hökümdarlygy döwründe Agig howlusynyň (häzirki döwürde Ynkylap howlusy) eýwany, minarasy we demirgazyk dalanyň minarasy altynlanypdyr. Agig howlusynda altynlanan suwhana «Saggahane-i Ismaili» gurulypdyr. Bu binagärlik toplumyndaky Nediriň Altyn derwezeleri gören kişilerde ýatdan çykmajak täsiri galdyrýar. Gajarlaryň hökümdarlygy döwründe; Fethaly şanyň buýrugy bilen onuň ogly Aly Nagy Mürzäniň ýardam etmeginde, Meşhur Maşat bazarynyň eýesi-binagär Hajy Agajan tarapyndan guburhana kümmetiniň gündogarynda täze Azady howlusy gurlupdyr. Al Haýarhan Asef al Doleniň buýrugy bilen, «Dar al Saode» binasy hijriniň 1251-nji (m. 1836-njy) ýylynda gurlupdyr. «Rawag Dar Ol Zaife» binasy bolsa 1320-nji hijri (m. 1902-nji) ýylynda gurlupdyr. Pehlewileriň döwründe, hijri 1307-nji (m. 1929-njy) ýylda guburhana kümmetiniň daşynda 30 metrlik giňişlikde gümmeziň merkezi hokadyndan 100 metr radius aralykda tegelek meýdan döredilipdir. Soňra binalar toplumyna muzeýiň, kitaphananyň, we dini dessurlar zalynyň binalary goşulypdyr. Ymamyň guburhana kümmeti arhitektura bakymyndan örän ajaýyp bolan bu binagärlik toplumynyň merkezinde ýerleşýär. Ymamyň gubury «harami-i mutahhar» («päk ýer»), «haram-i şarif» («şerapatly ýer»), «haram-i mukaddes» («mukaddes ýer») we beýleki atlar bilen tutulýan we 20 metrlik altyn çaýylan gümmezi bolan binada ýerleşýär. Howlusy iki gat aýlaw kemerli arkalardan düzülen eýwanlardan emele gelýär. «Astan-i kuds-i Razawi» atlandyrylýan bu zyýaratgähdäki howlular ajaýyp binagärlik eserleridir. Bu ýerdäki iň köne howly hijriniň 912-nji (m. 1507-nji) ýylynda Soltan Hüseýin Baýgaranyň weziri Mir Alyşir Nowaýynyň tagallasy bilen gurlan we «Sahne Atig» ýa-da «Sahne Kuhne» atlandyrylýan howludyr. Sefewileriň, Awşaryň we Gajarlaryň döwründe howlular kämilleşdirilipdir we giňeldilipdir. Belli howlularyň biri Feth Aly şanyň buýrugy bilen gurlan we kümmetiň gündogar böleginde ýerleşýän «Sahne Azadydyr» («Azatlyk howlusydyr»). Wagtyň geçmegi bilen «Ymam Homeýniniň howlusy», «Yslam Respublikasynyň howlusy» binýat edilipdir. 57 müň inedördül metrlik meýdany tutýan Ymam Ryzanyň uly howlusy toplumyň iň giňiş howlusydyr. Ýadygärlikler toplumynda 8 minara, 20 dalan eýwanlar bar. Keramatly ymamyň guburynyň töwereginde gurlan bu eýwanlaryň atlary: «Dar al Saýade, Gonbad Hatam Hani, Dar al Saade, Dar al Şokr, Dar al Feýz, Touhidhana, Gümmez Alla Werdi han, Dar al Zaife, Dar al Şaraf, Dar al Ahlas, Dar al Yslam, Dar al Azzeh, Dar al Sarwar, Dar al Zekr, Dar al Zahd, Şeýh Bahai, Dar al Abbade, Dar al Welaýat, Dar al Raham» görnüşdedir we olar syrçaly lowhalardan, aýna böleklerinden, gipsden edilen musulman binagärçiliginiň haşamlary bilen bezelendir. Binagärçilik toplumynyň günortasynda iki sany 43 metrlik minaraly, mawy gümmezli Göwherşat metjidi ýerleşýär. Bu metjit Eýranyň we yslam dünýäsiniň iň meşhur metjitleriniň biridir. Ol dört eýwanly metjitleriň äheňinde gurulypdyr we Eýrandaky timurylar döwrüniň ilkinji hem-de iň uly binasydyr. Bina Şa Ruh Mürzäniň hökümdarlyk eden zamanynda binýat edilipdir. Metjidiň binasy, Emir Giaseddin Tarhanyň gyzy we Şa Ruh ibn Timuryň aýaly hanym Göwherşat Aga Begimiň buýrugy bilen gurlupdyr. Şol döwürde onuň ogly Baýsuhgur Horasanyň häkimidi. Miladynyň 1416-njy ýylynda Timurylar döwrüniň tanymal migmary Gawameddin Zeýneddin ibn Taýan Şirazy gündogara mahsus äheňde binanyň esasyny goýupdyr. Binanyň gurluşygy m. 1419-njy ýylda tamamlanypdyr. Göwherşat metjidinde beýik peştakly girişi bolan dört eýwan gurulypdyr. Olaryň iň ulusy howlunyň günorta burçunda ýerleşýän «Eýwan Magsure» atlandyrylýan eýwandyr. Bu eýwan «Eýwan Darulsiade» atlandyrylýan demirgazyk eýwanyň garşysyndaky gümmez bilen baglanyşýar. Timurylar döwrüniň tanymal zenanlarynyň biri bolan Göwherşat hanymyň ady metjidiň iki ýerinde ýazylypdyr, Baýsungur Mürzäniň ady metjidiň diwarynda bar. Ymam Ryzanyň guburhanasynyň binagärlik toplumy dünýäniň iň owadan guburhana kümmetleriniň biridir we onda yslamyýet arhitekturasynyň hijriniň üçünji asyryndan başlap şu günlerimize çenli ulanylan nusgalaryny, usullaryny görmek bolýar. Şol ýerdäki binalarda binagärçilige, syrçaly keramika böleklerine, aýna bilen diwary örtmä, suratkeşlige, daş oýmurlap bejermeklige degişli sungat eserlerini görmek mümkindir. Ymam Ryzanyň guburyny zyýarat etmeklik we bu binagärçilikdir sungat ajaýyplyklaryny görmeklik maksady bilen bu ýere gelýän zyýaratçylar diňe bir musulman ýurtlaryndan däl, eýsem beýleki ülkelerden hem gelýärler. Şu ýazgylaryň awtoryna-da, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazanyndan soňra türkmenistanlylaryň «Gyzyl Ymam» atlandyrýan bu keramatly ýerinde zyýaratda bolup görmek miýesser etdi. Kakajan BAÝRAMOW, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň uly ylmy işgäri. _____________________________________ Труды Южно-Туркменистанской Археологической Комплексной Экспедиции (ЮТАКЭ). Том XIV. – Ашхабад, «Ылым», 1969, 202 стр. Мавзолеи потомков пророка в Центральной Азии и на Кавказе. // журнал «ЗАЕР», ISSN1561-2511. – Машат, 13-14 стр. Древности Закаспiйскаго Края. Жуковский В.А. Развалины СтарагоМерва. – С.-Петербургь, Императорскiй С.-Петербургьскiй университет, 1894. 128-130 стр. Merçil, Erdoğan. Gaznalılar Devleti Tarihi. – Ankara, 1989. 10, 15, 32, 38 sah. Город Мешхед в течении истории. // журнал «ЗАЕР», ISSN1561-2511. – Машат, 14 стр. От Медины до Мерва. // журнал «ЗАЕР», ISSN1561-2511. – Машат, 24 стр. Город Мешхед в течении истории. // журнал «ЗАЕР», ISSN1561-2511. – Машат, 14 стр. Ислам. Энциклопедический словарь. – Москва, «Наука», 1991. 164 стр. Гуламхусейнзаде Г. Ирановедение. – Машат, 2003. 165-178 стр. История святой гробницы с самого начала и до сегодняшнего дня. // журнал «ЗАЕР», ISSN1561-2511. – Машат, 16-17 стр. История святой гробницы с самого начала и до сегодняшнего дня. 17 стр.; Первый купол. 39 стр. // журнал «ЗАЕР», ISSN1561-2511. – Машат, 17 стр. История святой гробницы с самого начала и до сегодняшнего дня. // журнал «ЗАЕР», ISSN1561-2511. – Машат, 17 стр. История святой гробницы с самого начала и до сегодняшнего дня. // журнал «ЗАЕР», ISSN1561-2511. – Машат, 17 стр. История святой гробницы с самого начала и до сегодняшнего дня. // журнал «ЗАЕР», ISSN1561-2511. – Машат, 17-18 стр. История святой гробницы с самого начала и до сегодняшнего дня. // журнал «ЗАЕР», ISSN1561-2511. – Машат, 18 стр. Своды и дворы священного нрама. // журнал «ЗАЕР», ISSN1561-2511. – Машат, 39-40 стр. Своды и дворы священного нрама. // журнал «ЗАЕР», ISSN1561-2511. – Машат, 39-40 стр. Соборная мечеть «Гоухаршад». // журнал «ЗАЕР», ISSN1561-2511. – Машат, 40 стр. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |