YNAMA GIREN OGLAN
Ýaşlaryň ýangyna garşy göreş družina toparynyň işi ýygym döwründe hasam adygyp ugrady. Oba adamlarynyň dilinden düşmedi. Bu topara Mekan ýolbaşçylyk edýärdi. Ol mekdepde bäşlik bahalar bilen okaýardy. Mekan toparyň düzümine uly üns berip, ony wagtal-wagtal gözden geçirýärdi. Soňabaka, oňa girmäge isleg bildirýän okuwçylaryň sany-da köpelip ugrady.
Toparyň her bir agzasy diňe ýaş ýygymçylaryň däl, uly ýaşly adamlaryň arasynda hem ýygy-ýygydan bolýardy. Pagta hasylynyň saklanýan ýerinde ot ýakmagyň bolmaýandygy hakynda düşündiriş işlerini geçirýärdi.
Owal-owallar bu toparyň işini mekdebiň ýaş tebigaty söýüjiler otrýady alyp barmaly bolýardy. Şeýle bolansoň ähli iş olara hemişe başardybam duranokdy.
Ine, gürrüňini etjek bolýan bu wakam hem şo günleriň birinde, işiň gyzgalaňly wagtynda bolupdy.
Şol gün pagta harmanynda nobatçylyk etmäge Döwran gelipdi. Ol indi köpden bäri ýaş tebigaty söýüjiler otrýadynyň agzasy bolmak arzuwyndady. Bu gün özüniň nobatçylyk etmegini oglanlardan haýyş edipdi. Muňa garşylyk görkezen bolmandy.
Şeýdibem Döwranyň nobatçylygy başlandy. Begenjinden ýaňa onuň bir ýerde oturasy, daýanasy gelenokdy. Şol bir iki-baka aýak üstünde gezmeläp ýörşüdi.Ýöne haçanda pagta harmanyna golaý gelende, gözlerine ynanmajak boldy.O ýerde hakyt oduň tüssesi köwsarlaýardy. Ot göz açyp-ýumasy salymda şatyrdyly ses edip, tutaşyp ugrady. Döwran ýagdaýy bada-bat aňdy. Golaýda ýatan çarşagy alyp, tüssäniň çykýan ýerindäki pagtany agdaryşdyryp gördi. “Näme etmeli? Ynha, sen topara agza ekeniňem-dä!”. Ol aljyrap durmady, derhal işe girişdi. Emma ýangyn öçerli däldi. Ol şu ýerde ot söndürmäge güýjüniň ejiz gelýänine namys etdi.
Wagt garaşmaýar. Ak gar ýaly ýüpek pagta bolsa gözüniň alnynda ýanyp durdy. Ol adamlara habar bermelidi. Şeýle-de etdi.
Oba pagta harmanyndan sesýetim uzaklykdady. Döwran her näçe ylgasa-da, entek o diýen bir ýol geçmändi. Yza gaňrylyp seretse, oňa oduň ýanýan ýeri has golaý bolup göründi.
Döwran bar güýji bilen ylgaýardy. Ol şol barşyna golaýdaky güjüm agajynyň aşagynda saýalap oturan gojany-da görmedi. Ol daýhan birleşiginiň baýry suwçusy Aşyr agady.
- Döwran, hany saklan, näme, eýgilikmi?—diýip, Aşyr aga ellerini kelemenledip gygyrdy.
- Aşyr aga, Aşyr aga, pagta ýanýa, men häzir...—diýdi-de, demini sojap-sojap aldy. –Men häzir adamlara habar bermeli.
Döwran şol gelşine badyny gowşatman gojanyň deňinden geçip gitdi.
Onuň hassyldysy has uzakdan hem eşidilýärdi.
Aşyr aga baranda ýangyn has-da güýjäpdi. Birinji harmandan tas ikinjä ýeteňkirläpdi. Ol haýdan-haý işe girişdi. Oduň üstüne gum sepip gördi. Birki sapar golaýdaky ýapdan suw daşady. Onýança Döwran hem özi bilen ýoldaşlaryny, ýygymçylary alyp gelipdi. Basym ot söndürildi. Aşyr aga-da, onuň ýanyndaky epeý pyýadalar-da ýüzlerini sallaşyp otyrdylar. Ara birsalym böwşeňlik düşdi. Diňe Aşyr aga ýadaw göwresini ýerinden gozgajak ýaly edip, gözlerini ýaltalyk bilen töweregine gezdirdi. Olaryň ählisiniň-de ýüz-gözleri gara tegmilden doludy. Hatda, Aşyr aganyň börteşip ugran galyň gabaklary-da garalypdy, mydamky dodakmanlygy-da duýulmaýardy. Ol silkme telpegini çykardy-da, eline aldy. Onuň içinden çykaran akja ýaglygyna derini syldy, ýüzündäki tegmiller kem-käsleýin aýrylanam bolsa, iki-ýekesi bulaşyp gitdi. Ol muny duýmaýan borly. Özüne golaý ýerde tüsseläp duran bir übtük pagtany ädiginiň ujy bilen basyşdyrdy. Pagta bölegi çym-pytrak boldy. Hälki, burugsap duran tüsse-de ýitip gitdi. Goja gürlek gaşlaryny börtdürdi-de, birki öwre jytyladyp tüýkürdi. Ol ýanyndaky oturanlara ýüzlenende, başyny ahmyrly ýaýkady, ysgynsyz gepledi:
- Ogullarym, odam belanyň biri bormuşyn. Ýöne entek-enteklerem aramyzda onuň bilen oýun edýän iki-ýeke adam tapylýar-da. Serediň, ýanan pagta az-küjem däl. Ilki-ilkiler-ä goňşy harmana-da ot düşer öýdüp, umydy üzeňkirläpdik. Berekella, Döwran jan, berekella, sen-ä tüýs är işini bitirdiň. Wagtynda habar etmedik bolsaň...—diýip, Aşyr aga Döwranyň ýüzüne söýünçli seretdi.
Aşyr aganyň bu sözleri Döwrana oglanlaryň ynamyna girenligini tassyklan ýaly bolup duýuldy.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Çagalar edebiýaty