ÝOLDAŞ GOTUROW ATASY KÄBIL BARADA GÜRRÜÑ BERÝÄR
■ Käbil galany halas edýär
Ellinji ýyllaryň ortalarynda “Baron Mýunhauzeniň başdan geçirenleri ýa-da dünýädäki iň dogruçyl adam” atly kitabyň çykmagy ýoldaş Goturowyň Mýunhauzene bolan bäsdeşligini hasam artdyrdy. Öňler onuň gürrüňini eşidip daşyndan gyjynyp ýören bolsa, indi: “Şular ýaly kitaby çykarýanda akyl ýok” diýip, otursa-tursa jibrindi ýördi.
― Ah-ow, inim-ä, sen bir bak-a myň-a! Hiý, topuň okuna minibem bir o ýan, bu ýan gatnap bormy? O nä saňa Gylyçjanyň pyrgunymy ol, tykyr-tykyr iki ýana gatnap duraryň ýaly? Haý senem-ä!.. Ýöne ine, atam pahyryň gürrüňlerini aýdyp bersem welin, “hä” diýäýersiňiz özüňizem – diýerdi-de, öler ýaly gürrüň beresiniň gelip, içiniň byjyklap barýandygyna garamazdan, her-hal gürrüňi has süýjütmek üçin: - Aý, on-a bilýänsiňizem-le.. – diýip, gaýra gaýşan bolardy. Jübüsinden temmäki haltasyny çykarardy-da, içinden iki barmak inliliginde, eplengi gazet bölejiklerini sogrup alardy. Bir gatyny ýyrtyp, gyrajygyny edil, galam goýaýar ýaly ululykda eplärdi. Gödeňsi barmaklaryny sandyradyp içine temmäki guýardy. Orarady. Dili bilen ölläp ýelmärdi. Bir ujuny pürçükläpjik, beýleki ujuny agzyna salardy. Otlanda çiliminiň ujundaky pürçügi tä temmäkä ýetýänçä ýalynlap ýanardy. Şonda ýaşulynyň ýygyrt-ýygyrt bolup duran maňlaýyna, süňkleri somalyşyp duran duluklaryna, gözüniň üstüni örtüp duran ösgün gaşlaryna, ep-esli sallanyp duran aşaky dodagyna, köseleç sakgalyna, uzyn burnuna sargylt yşyk düşüp, ony ertekili kinodaky döwe çalym etdirerdi. Çilimini sorup üç-dört ýola “kühhä-kühhä” edýänçä hiç kimden ses çykmazdy. Özem sesini çykarmazdy. Bu onuň diňleýjileriniň sabyr-takatlylygyny synap gördügidi. Onuň käte tä, çilimini bolýança synagyny dowam etdiräýmesem bardy, ýöne barybir diňleýjiler onuň islendik synagyndan geçip bilýän, diýseň ähtibarly diňleýjilerdiler. Synag möhleti gutarandan soň ol ýene-de birlaý töweregindäkilere göz aýlardy-da:
―Aýdybereýinmi ýa onda-da!... – diýen bolardy. “Weý, howwa-la, aýdyber, aýdyber” diýensoňlar birazajyk kentlewügi bilen owurdyny owup oturar-oturardy-da: – Haýsysyndan başlasamkam? – diýip, diň-gögüne bakardy. Töwerek-daşdan: “Toplusyndan başlasana bolmasa” diýip gygyryşyberdiklerem bir “Hä-ä...” diýerdi-de: –Ir wagtlar bolan zat bi-i ... – diýip, iki dyzyny mäkäm gujaklardy we şondan soň gürrüňe ymykly başlardy. – Atam pahyryň has oglanrak wagtlary türkmenleriň üstüne daşardan toply-tophanaly agyr goşun gelipdir-de, galanyň dört tarapynam gabapdyr. Iýmit, suw ýagdaýy kynlaşypdyr. Ýigitlerem käte bir galanyň gerşine çykyp duşmana haýbat atan bolýamyşlar welin, näme topuň oky ýagyp durka haýbatyň näme seň. ..Ine, onsoň ýaşulylar üýşýärler-de: “Her zat etmeli welin, şularyň ellerinden toplaryny almaly” diýen netijä gelýärler. Ýöne näme emel etmeli? Nädip topy duşmanyň elinden almaly? Ine, onsoň obanyň hany uludan soraýa, kiçiden soraýa, hiç emelini tapýan ýok diýýä myň. Ahyr gezek atam pahyra ýetýä. Ol aýdýa: “Han aga, oglan görmeseňiz men tapaýyn şoň emelini” diýýä. Hana-da näme, galasyna top gelse bolýa, “Bor inim tap, hiç oň nemesi bolmaz” diýýä. Nähili emel etjegini soraýa. Atam hem: “Iki adamyň bilýän zady syr däldir, han aga, işiň bolmasyn, ertir günortana çenli galaňa top gelenini bil... Ýöne ok gamyny soň özüň iýersiň” diýýä. Şeý diýibem zym-zyýat bolýa. Ertesi guşluk wagtlary duşmanlar hemişekileri ýaly galany topa tutup ugrapdyrlar welin, ähli toplary edil garasar sürüsi ýaly gala tarap uçup gaýdyberipdir. Oklar-a bir gulaç, ýarym gulaç öňlerinde, topuň özem yzynda. Gelibem “jalka-da- jalka” galanyň gyrasynda gonupdyrlar-da, yzlaryna öwrülişip, nillerini özleriniňkilere tarap gezeşip duruberipdirler. Atam pahyram oturmyşyn, bir çetde ýylgyryp. Han ylgap gelýä-de muny gujaklaýa: “Inim seň adyň näme?” diýýä. Atamam “Käbil” diýýä. Han ony tutaklap öýüne salýa. Çaý, nahar berýä. “Inim Käbil, agam Käbil, ata-babaňdan aýlanaýyn, bi nä gudrat boldy bi, bir aýt eşideli” diýýä. Atamam gülýä-de: “Bi ýerde hiç hili gudrat ýok han aga, pähim-paýhas ba – diýýä. –Gije gitdim-de – diýýä –duşmanyň ordasyna aralaşdym, toplaryny goýan ýerlerine bildirmän bardym, irkiljiräp ýatan garawullarynyň agzyna letde dykaga-da, el-aýaklaryny daňdym – diýýä. – Soňam arkaýyn toplaryň okuny çykaryp mumyýalanan uşlyp bilen ýeke-ýeke torladym, çöpürden işilen bir gulaçlyk, gulaç ýarymlyk ýüplerimiňem bir ujyny oka, bir ujunam topuň niline berk daňdym-da, oklary ýene-de ýerli-ýerine sürdüm gaýdyberdim, diýýä. Galan wakanam özüňiz gördüňiz, irden turup zatdan bihabar toplaryny atdylar, toplaram oklaryň yzy bilen gala tarap gaýdyberdiler. Ine, bolan zat, nesip etsin han aga, ýeňiş ýar bolsun” diýýär-de gaýdyberýär. Hanyň “näme bereýinine-de” gulak asanok. “Ýurdumy del ädigiň ökjesi basgylamasa bolýa, maňa şondan başga sylag-serpaý gerek-gä” diýýä.
Ana, onsoň biziňkiler şeýdip topl-a bolýalar welin, ýöne oksuz kösenýäler. Obada çoýun gap bolsa eredýäler-de, toplary yzyna tirkäp gelen oklara meňzedip ok guýalar. Ýöne onça ýagy üçin ojagaz okjagazlar näme bolýa. Ýasanjalaram därisi az bolýamy, nämemi, topuň agzyndan çykyşy ýaly “pat-pat” edişip, galaň daşky düýbüne gaçyşyp dur diýýä. Duşmanlaram gülüşýämişinler myňa. Oklaryny zyňyp-gapyp, güjeňleşýämişinler. “Ýarpasyna çalyşaýaly bolmasa” diýip gygyryşýanam ba diýýä, aralarynda. Biziňkileriňem gahary gelýä-de, gara keçe atyp ugraýarlar...
Gürrüň şu ýere ýetende kimdir biri hökman:
–Beh, gara keçänem atyp bolýarmy-aý –diýip soramaly.
–Elbet-de onda-da nähili atyp bolýa –diýip, Goturow oturan ýerinde galkyjaklap başlaýa.–Tüsseden mäkäm doýan köne gara keçäni ýaga batyrýalar-da düýrläp-düýrläp dykýalar diýýä, topuň agzyna. Birdenem ot degiräge-de atyp goýberýärler welin gyzyl ot bolup bir gidýämişin. Edil asmandan ýyldyrym ýagýan ýaly diýýä. Gara keçe bilen ýag gutaransoň köne-küşül telpek atyp ugrapdyrlar. Silkmelerini seçelendirip, gögüň ýüzünden düşdüş inen ýaly bolup bir barýamyşyn welin, duşman leşgerleri nirä girjeklerini bilenoklarmyşyn diýýä. Asyl garasy görnenden duw-dagyn bolaýamyşynlar. Iň ýamanam gelýän zadyň nämedigini bilenoklar diýýä. Her gaçan telpek ýatan ýerinde güne çüýräp gidýä welin, golaýyna baryp bilýän ýok diýýä. Ýöne näme, türkmeniň bol çöpi telpekdir welin, ine, şo-da gutaraýypdyr-da! Gyssançlaryna tas, atam pahyryň azap edip alan toplarynyň ýarysyny duşman bilen oka çalşan ekenler. Hernä, edil şol wagt hanyň ýadyna atam pahyr düşýä-de, “hany, şol nazarkerde ogul nirede, şony tapsaňyzlaň” diýip, töweregine ýaltaklaberýä. Ine, onsoň eltýäler atamy hanyň ýanyna. Han aýdýa, “Inim Käbil, agam Käbil, ata-babaňdan aýlanaýyn, önüp-ösjekleriňe gurban bolaýyn, aýt, bi birgiden topy getirdiň, oksuz nädeýin men indi bulary” diýýä. Atam pahyram: “Näme emel etseňem bujagaz galanyň içinde gutarmajak zat bolmaz, han aga. Muňa bir gutarmaz ýaly, tükeniksiz zat tapmaly” diýýä. Hanam: “Wah, şo-da meňňem aýdýanym, ýöne aýt, näme etmeli?” diýýä. Atam pahyram ýylgyrýa-da: “Obada pişik bolsa bir ýere toplaň” diýýä. Ýygnaýarlar. “Toplaryň duran ýerinde bulary bir hepde gowy edip bakyň, diýýä. Bakýalar. Soňam: “Ine, indi şu pişikleri ajykdyryňda yzly-yzyna atyberiň, galanynyň öz-özi düzeler” diýýä-de, turýa gaýdyberýä. Ana, şondan soň bir pişik atyşlyk bolýar-o-ow... baý-ba-a... galyň-galyň bakyda duran pişikler obanyň üsti bilen germesatan bolşup duşmanyň ordasyna tarap bir ugraýalar welin diýýä, tamdyra ot goýberşip duran aýallar asmana seredişip: Hiý, şu belanyň öňünde ýagy durar öýtýäňizmi, jan doganlar” diýşip, ýakalaryny tutuşýamyşynlar. Ahow, yzly-yzyna atyberseň asyl, şu, sewediň katýuşasyndan kem däl diýýär-ä... Özlerem telpek ýaly düşen ýerinde ýatyberenoklar-da, aýaklary ýer tutdygy ýaltaklaşyp yzyna, ýal iýýän ýerine gaýtmak bilen bolýalar diýýä. Asyl, asmanda barýakalaram yzlaryna gaňrylyşyp gözleri galada diýýä. Görgüliler şeýdişip itiň görüminde yzlaryna barýamyşynlar welin, agyzlaryna aşyk ýaly gaýmak tutduraga-da ýene atýalarmyşyn. Soňabaka-ha pişikleriň özlerem öwrendikli bolupdyrlar diýýä. Atanyňa bir käse çaý üçim salym geçmänkä öwrülip gelýämişinler-de, topuň niline münüp, hekgerişip otyrmyşynlar. Gelşi ýaly göni niliň içine girip gidýänlerem bar diýýä. Hersiniň öz üşügine görä-dä. Özlerem baryp düşenlerinde-de ýöne-möne düşäýenoklar diýýä. Asmandan inişleri ýaly penjelerini bir ülňände hersi bir duşmanyň ýa garagyny köwläp bäbenegini maňlaýyna çyrşaýa diýýä, ýa-da ýüzüniň ugruna gulagyny goparyp alyp gaýdýa diýýä. Aý, diýseň söweş pişigine öwrülip gidenler-dä, garaz!.. Başyňyzy agyrdyp nädeýin, köşekler, asyl şondan soň duşman çadyrlaryny ýygnap gaýtmak bilen boluberipdir. – Gotur aga şu ýerde sözüni soňlardy-da, oturanlara seredip: —Ine, gördüňizmi, şular ýaly zatlar bolupdyr diýseň her kimem ynanar, ýöne o-ol, siziň Müýnühöwzeniňiziňki patarraky – diýerdi. Az-kem böwrüni diňläp oturansoňam: —Onuň o-ol, “ýarsy kesilen aty suwa ýakyp durupdyryn, ähli içen suwunyň syrtyndan çykanyny bilmändirin” diýmesäm düýbünden bolmajak zat. Bolmajak zady ýazmaly däl-ä... –diýerdi-de, Mýinhauzeniň şol hekaýatyny ret ediji, başga bir hekaýat aýdyp bererdi. Gör-bak, näme diýýä.
■ Käbiliň işi şowuna
— Ýaňky bolan uruşdan soňrak, atam pahyryň indi jahyl çykyp ýören döwürleri şeýle bir waka bolupdyr. Ýagny, ýaz aýlary gelipdir-de, obanyň ähli adamsy alahasyrdy bolşyp, ekin ekmäge başlapdyr. Atamyň garryja enesinden başga hossary ýok ekeni, şo wagtlar. Enesiniň, adyna-da Kiş diýer ekenler. Meň Kiş mamam-da! Asyl şo-ol, uruş döwüründe-de hojalykda diňe Kiş mamam ikisi ekeni. “Şuňa şo zatlaryň barysyny garry enesi öwredýä, özüniň bilýän zady ýok” diýip, şonda käbir bahyl adamlar atam pahyry hana ýamanlapdyrlaram-a... Ýöne, hanam akylly ekeni. Hiç kime gulak asmandyr. “Enesi öwretsin, özünden bilsin, meň üçin tapawudy ýok, galany halas etdi dämi? Baryň, gaýratyňyz bolsa sizem eneňizden öwrenip geliň” diýipdir. Enem pahyr bolsa zat öwretmekden geçen, gaýtam, atamyň maňlaýyna ýumrugy çenäp: “Ýokman geçen, han “näme bereýin” diýende-de, gurplanar ýaly harjy alaýmadyň-da” diýip, otursa – tursa iňirdär ýörer ekeni. Atamam hernä: “Ene gaýgy etme, biz hökman baýarys. Özem zähmetimiz bilen baýarys. Şuny süňňüm syzýa, sen ýöne howlukma” diýer ekeni. Edil aýdyşy ýalam bolupdyr. Ýaňky diýşim ýaly ekin ekişlik başlanypdyr welin, Käbil atamam ylgap gelýä, Kiş mamamyň ýanyna. “Ene, hiý, galan-gaçan tohumjagaz dagy ýokmyka, uly il ekin ekýä, bizem bagtymyzy synap göräýsek nädýä” diýýä. Kiş mamamam kim näme diýse-de gaty ýygnakly aýal ekeni. Köneje sandygyny dörüp-dörüp içinden ýekeje garpyz çigidini tapypdyr-da, “Al, oglum, şüý-ä bar” diýipdir. “Bolýa şo” diýipdir-de, atam pahyram ylgap gidipdir. Barybam ekipdir suwly ýabyň boýuna. Ertesi gün doguberende welin näme, biri şeýle bir gapyny kakýa diýýä. Açyp görseler bir gyr atly gamçysyny bulap, agzyna gelenini atalap dur diýýä, “sen garpyzlaryňy ýygnajakmy ýa ýokmy...” diýip. Görüp otursalar, asyl atam pahyryň düýnki eken garpyzy gögerip, gollary bir gijede bütin obany tutaýsa nätjek! Käbir gollary bolsa goňşy oba ýetipdir. Asyl ýöräre ýol-ýosuk ýok diýýä. Ýaňky atlam goňşy obadan gelen ekeni. Oň gykylygy galmanka oba adamlaram çozuşyp gelipdirler. Aýallar-a: “Siziň garpyzlaryňyz zerarly ärimiz bazardan galdy” diýip heňkirýärmişinler, erkeklerem: “Aýallarymyz degirmenden, gyzlarymyz ümeden galdy” diýip dübleýärmişinler. Kiş mamam bilen Käbil atam ikisi höre-köşe bilen ýaňkylary ýaňy bir yzyna gaýtarypdyrlar welin, has uzagyrakdaky obalardanam atlylar geliberipdir. Hemmesem: “Ahow, inim! Seň garpyzlaryň biziň ähli ekinlerimiziň üstüni basdy, eýelik etseň-ä et, bolmasa-da kaza arz edip diwanlaşjak” diýýämişinler. Şondan soň mamam: “Garpyzlary ýygnaly-da dynaly, oglum” diýipdirem welin, atam etmändir. “Entek çigdir, ene, degmäli, “ýarym güne ýaryş ýok” diýipdirler, şunça çydapdyrlar ýene bir azajyk çydarlar” diýipdir.
Şol wagtam mamam pahyr hemişeki işiginden aýrylman ýören ýekeje towugynyň ýokluguny duýupdyr-da, ony gözlemäge çykypdyr. Atamam çykypdyr. Görseler, dünýä-älemi tutup duran garpyz pazylynyň içi ýöne, ýumurtga bolup ýatyr diýýä. “Garyp aş tapsa gap tapmaz” diýleni, mamam-a: “Muny nätsekäk, janlarym” diýip aljyrajagam bolupdyr. Ýöne, atam pahyr syr bildirmändir. Goňşularynyň arabasyny diläp alypdyr-da, ýumurtgalary işigine daşaberipdir. Ine, onsoň ýaňky ýumurtgalardan şeýle bir uly harman emele gelipdir welin, beýikligi tamdanam ýokarda diýýä!.. Atam başga bir goňşusyndan iki sany öküz alypdyr-da, harmany döwüberipdir. Ýatan ýerleri ýagty bolsun, pahyrlaryň, döwek gutaransoň Kiş mamam bilen Käbil atam ikisi iki ýerden harmany atyp ugraýarlar. Bagtlaryna bir şemally günem bolupdyr-da, şemalyň ugruna harmanyň horazy bir ýana, mäkisi bir ýana pasyrda-ap dökülip dur diýýä. Ine, onsoň mamam: “Oglum, ahyr seň diýeniň geldi, rysgymyz ýöräp ugrady” diýipdir. Şondan soň, - gulaklary görden ýaňa, - atam bilen mamam ikisi bir jüýje horazdan başgasyny bazara eltip satypdyrlar. Eslije pul gazanypdyrlar. Bazardan gelselerem diýýä, - aý how, boljak bolsa özi ugruna boluberýär ekeni, - ýaňky goýup giden jüýje horazlaram eýýäm kepbe ýaly bolupdyr diýýä. Garpyzlaram mazaly bişipdir. Şondan soň-a başga ulag gözlejegem bolmandyrlar-da, garpyzlaryny şol horaz bilen daşaberipdirler, bazara. Her günde telim horaz ýüki dagy garpyz satypdyrlar. Ine, şeýdip ep-eslije pul toplaýarlar-da, araba kireýini töleýärler. Üstesine bir bogaz sygyram satyn alýalar. Olam işiklerine gelşine guzlaýa. Ýöne, bir keçje ýeri sygyrlarynyň üç emjegi kör ekeni. Birinden welin şeýle bir süýt akýa diýýä, hiç bor ýaly däl diýýä. Ahyredi abat bolsun, mamam pahyr şol emjegi göläniň agzyna gysdyryp goýberýä. Bir görseler süýt göläniň içine sygman syrtyndan zogdurylyberipdir. Mamamam: “ Halal zat ýere dökülip zaýalanmasyn, oglum, göläniň yzyndan kiçiräk haraz gur” diýipdir. Atamam mamamyň aýdyşy ýaly edipdir. Göläniň syrtyndan çykýan süýt, harazy wazladyberipdir. Şondan soň asyl obanyň heleýleri degirmen üwemeden dynaýypdyrlar... – Gürrüň şu ýere ýetende Gotur aga buduna şapladyp urardy: —Ine, gördüňizmi?! Boljak zat bilen bolmajak zat bir başgadyr.
Şeý dierdi-de, ol ýene-de howlukman çilim oranardy. Çekip oturşyna assyrynlyk bilen diňleýjileriň sabyr-takadyny däl-de, beren gürrüňleriniň olara täsir ediş derejesini barlap görerdi.
Eger-de oturanlar biri-birileriniň ýüzlerine seredişip pyňkyryşyberseler-ä: “Howwa-da, siziň şol, murty aran ýaly arryk nemisiňiziňki dogrudyr, biziňki ýalandyr” diýerdi-de, öýkeläp turup giderdi. Şonda ol daşyndan “garryja” çaga meňzärdi. Nebsiň agyrardy. Şol gije onsoň hemmeler bolup “pyňkyryşanlara” igenerdiler, ýene-de nädip Gotur aganyň göwnüni tapyp boljakdygy barada oýlanşardylar.
Ýöne, beýle ýagdaý örän seýrek bolýardy. Gotur aganyň ýagdaýyna belet bolansoňlar, oba adamlarynyň hemesem, onuň gürrüňlerini gülmän-yşman diňlärdiler. Gyzykdyrmak üçin gaýtam ýerli-ýerden: “Ine, bu dogry. Baronyňky ýalňyş. Onuň diýýänleriniň birem durmuşda bolup biljek zat däl” diýşerdiler. Käbirlerem: “Hany, bi Mýunhauzen diýýänleri kitiň içine girdim beýlekem-ä diýýämişin, Gotur kaka, o gürrüňiň ugrundaly-gy nähilikä?” diýip hasam öjükdirip goýbererdi. Şonda Gotur aga endigine görä buduna şapladyp urardy-da:
—Wah-he-e-eý... – diýip, garysyna galardy. – Men asyl ýaňy size atam pahyryň garpyza gaçyşyny gürrüň bermändirin-ä!. Ana, şony eşitseňiz bilersiňiz Müýnühöwzeniň şo gürrüňiniň ýalandygyny... – diýerdi we aýynyňky ýaly mähnet penjelerini galgadyp, üýtgeşik bit hyjuw bilen gürrüňini dowam etdirerdi.
■ Käbiliň garpyza gaçyşy
— Iki dünýälerem abat bolsun, pahyrlaryň, bu berjek bolýan gürrüňim – atam bilen mamam pahyr ikisiniň şo-ol, kepbe ýaly horaz bilen bazara garpyz çekip ýören döwürleri bolan bolmaly. Ýaňy gabadyna gelende aýtmak ýadymdan çykypdyr. Ine, onsoň bir gün günortanaralar: “Gel-aý, bir çaý içeli, hemem dem-dynç alaly” diýip, Kiş mamam bilen Käbil atam ikisi horazlaryny işiklerindäki teläre iltäge-de öýe girýärler. Çykýalaram welin, horaz küje, zat küje diýýä. Eýläk ylgaýarlar, beýläk ylgaýarlar, ýok! Goňşy-golamlardan soraýarlar, olaram: “bilemzok, göremizok” diýýäler. Birdenem atam bilen mamam gözi mellekleriniň içindäki tam ýaly güberip duran pazyla düşýä. Siňe syn etseler pazyl gymyldaýanam ýaly, eýläk-beýläk süýşýänem ýaly diýýä. Golaýrak baryp görýäler, pazylyň aşagynda hälki horaz, pazyl nirä gyşarsa şol tarapa gyşaryp ent-ment bolup ýör diýýä. Atam pahyram pazylyň gollaryny galdyraga-da aşagyna girip sermeleşdirýä welin, görse düýbi horazyň gerşinde diýýä . Gepiň gysgasy bazara garpyz çekip ýörkäler öň gaňňa werziş bolmadyk horazyň gerşi ýagyr bolupdyr-da, ona-da bir çigit düşüpdir. Olam ýaňy mamam bilen atam pahyr ikisi çaý içip otyrkalar gögeripdir-de, ösüp ulalyp eýýäm şo derejä ýetipdir diýýä. Ýöne ol beýleki, ýap boýunda ekilen garpyz ýaly gollaryny ýaýradyp ösmändir-de, dik ýokary ösüp ugrapdyr. Galyň-galyň golça ýaly garpyzlar sallanyşyp dur diýýä, ho-o, al-asmanda. Ýykylaýmasyn diýip gijesine dagy pazyla agaç diräp goýýan ekenler. Bir günem atam pahyr garpyzlaryň bişenini, bişmänini biljek bolup, merduwan bilen çykaga-da, birini çakmaklap görýä welin, çakgysy elinden sypyp, garpyzyň içine gaçýa. Aljak bolup içine girýärem welin, görse bir semiz baýtally gyrçuw kişi garpyzyň o çünkünden bu çünküne “daz” ýasaýa diýýä. Ol atama gözi düşenden: “Ýeri-ow, ýagşy ýigit, sen nädip ýörsüň bu ýerlerde?” diýýä. Atamam: “Aý çakgymy gaçyrdym ýaňyja şuň içine, şony gözläp ýörün” diýýär. Onda ýaňky baýtally: “Päheý, men üç gün bäri düýämi gözläp tapabilemok bu ýerden, sen bolsaň çakgynyň gürrüňini edýäň” diýipdir-de, atyny ýüzün saldyryp gidiberipdir. Atam pahyryň özem şondan soň giren deşigini zordan gözläp tapypdyr. Dyrjaşa-dyrjaşa ölümiň öýünde daş çykypdyr... – Gürrüň şu ýere ýetende Gotur aga: —Gördüňüzmi? Öz göwnüňe-de jaýdyr. Ýüregiňize jüp-jüňkdir. Emma o-ol, kitiň içine girdim, pilän, pismidä-än, diýlenine ynansaň nadan boldugyň bor” diýer-de ýene-de, hasyr-husur temmäki haltasyna ýapyşar. Ýaraly bürgüdiň ganaty ýaly sallanyň duran gaşlarynyň galgap-galgap gidişinden, içinden nämedir bir zadyň ejirini çekýändigi, nämedir bir zadyň göwnüne jaý däldigi bildirer. Şol wagtam biri ýüzüni-gözüni çynlakaý sypata getirer-de:
— Gotur kaka, düýn şol, dogruçyl adam diýýäniň kitabyny çagalar okap otur ekeni welin, şoň bir ýerinde: birgiden ördegi diriligine bir ýüpe düzüp öýe getirdim diýýän ýerem-ä bar ýalydy – diýen bolar.
Başga birem ony has gyjyklamak üçin:
— Asyl tilki hamyndan sogruldy-da ötägitdi, diýýän ýerem bar how, şon-a meň özümem okap gördüm, - diýer.
Goturow aşak bakyp oturar-oturar-da, birdenem jaýryk-jaýryk bolup duran tos-togalak ökjesi bilen ýer depip:
— Ýalan! – diýip, gygyrar. – Elbetde, durmuşda her-hili zat bolýa, ýöne olar ýaly hadysanyň bolmajagy çyn. Ol bir aw garasyny görmedik adamyň tapýan gürrüňi. Emma ine, ýatan ýeri ýagty bolsun, atam pahyryň maňa aýdyp beren başga bir wakasyny gürrüň bersem...
Şondan soň jaýyň içi ýene-de durşy bilen gulaga öwrüler. O burçda siňek uçsa-da ganatynyň sesi bu burçda eşidiler durar.Ol ümsümligi diňe Goturowyň çilimden ýaňa “war-war” edip duran ýogyn, “arryldawuk” sesi bozar.
■ Käbil hany dertden gutarýar
— Garpyz satyp, towuk satyp, haraz gurup mazaly baýansoň, - imany hemra bolsun – atam pahyr öýlenýä, çaga-çugaly bolýa, eklenç başyna düşýä. Mamam pahyram – ahyreti abat bolsun. – ýogalýa. Ine onsoň atam pahyr söwda baş goşýa-da, Türkistanyň iň uly şäherlerine gatnap ugraýa. Gulagy görden ýaňa, pahyr Hindistanadam-a gitdim diýýädi welin, ýöne men onsuna-ha güwä geçip biljek däl. Ýöne Çyn-Maçyn ýurduna gidip gelýädim diýýänine welin ynanýan. Sebäbi ýaňy-ýaňylaram öýümizde çyn käseleri çaşyşar ýatardy. Eliň aýasy ýaly uly-uly tylla teňňeleri dagy oglanlar bilen aşyk oýnanymyzda leper edip ulanardym. Ýüpek çymylganlar, her-hili parçalar, kümüş tabaklar sandygymyza sygmazdy. Hemmesinem men uruşdakam Amantäç daýzaňyz “pronta kömek” diýip höküwmede tabşyrypdyr. Ýöne gep onda däl. Men bu wagt başga bir zat barada gürrüň berjek bolýan. Ýagny, atam pahyr şol, söwda-satyg diýip, gatnap ýören wagty haýsy şäheriň hanydygyny biljek däl, bir uly han bilen-ä arasyny sazlapdyr. Aý, o bir tap bilen adam bolan-da! Bir ýurtdan – bir ýurda gatnajak bolsaň, ýurt eýesi bilen araňy sazlamasaň bolmajakdygyny bilip dur-a! Hanam muny diýseň gowy görýän ekeni. Bardygy: “Aşnam geldi” diýip, toý şaýyny tutberýän ekeni. Ine, onsoň günlerde bir gün atam pahyr nesibesi çekip ýene-de barýa welin, görse hanyň gabaklaryndan gar ýagýa diýýä. Asyl saga-da meşzänok diýýä. Ýüz-ä duw ak, gözlerem içine çöküp gidipdir diýýä. Salam-helikleriniňem ugry bolmandyr. Atam pahyram: “Allajanlarym, biri meni muňa ýamanlap dagy edäýdimikä! Bir ýerde menden göwni galdymyka?” diýip, gidipdir iňkise. Ahyram çekine-çekine: “ Han aga, eýgilikmidir? Näme, syrkawlap dagy etdiňizmi?” diýip sorapdyr. Şeý diýenden han towsup turupdyr-da, aýasyny dyzyna urup: “Wah, syrkawlan bolsam mundan müň paý gowy boljak-la, men täzeden bäri başga bir bela ýolukdym...” diýipdir. Atam pahyr görüp otursa hanyň Hindistana gatnap ýören bir söwdegär aşnasy bar ekeni. Bir gün ana şol gelipdir-de:”Han hezretleri, Hindistanyň Dil diýen şäherinde gepleýän towuk gördüm. Bahasy pylança ekeni, getir diýseň getirip bereýin, diýipdir. O-da: “Hiç bolmanda pylan hanyň gepleýän towugy bar ekeni” diýip, il içine gürrüňä ýaýrar-da, diýip oýlanypdyr-da, “getir” diýipdir. O-da getiripdir. Getiripdir welin, görseň edil, gözüň ýagyny alyp barýan şeýle bir owadan towuk diýýä. Dyrnaklary kümüşden ýasalan ýaly ýalpyldap durmuşyn. Özem totyguş ýaly bir diýenini gaýtalap duranokmyş-da, hakyt, näme hakda gürleşseň adam ýaly gürleşip otyrmyşyn. Hindistanyňam näme, dogasy, tilsimi ýetik-dä! Hanam: Muň aňyrsynda jadylyk ýatandyr diýip gorkmanam durmandyr. Ýöne abraýyna gyzyp saklapdyr. Özünem gözüniň göreji ýaly edip saklapdyr. Ine, onsoň çak edişi ýalam bolupdyr. Dabarasy dag aşypdyr. Eýran, Turan, Häzirbeýjan illerinden, Rum welaýatyndan, Saklaplar ýurdundan hanyň towugyny görmäge gelenleriň sany-sajagy galmandyr. Birdenem göz bolupdyrmy, dil bolupdyrmy, hanyň towujagynyň gepi-sözi azalyp ugrapdyr. Gözi süzülip suslanan ýalam boluberipdir. Hanam: birden bir zat bolaýsa dagy tohumy ýitmesin diýip oňa öz horazlaryndan birini goýberäýmezmi! Şondan soň-a towugyň hijem ugry bolmandyr. Ýekeje ýumurtga guzlabam ölüpdir. Hanam şeýle bir gynanmak gynanypdyr welin, heý goýaý! Bolsa-da ondan galan ýekeje ýumurtga umyt baglap köşeşipdir. Kürk towuk tapypdyr-da, şojagaz ýumurtgany basdyrypdyr. Mundanam çykypdyr bir görende iniňi üýşendirip barýan betgelşik, çap-çal jüýje! Şol owadan towugyň tohumy diýseň adam ynanar ýaly däl diýýä. Özem horaz ekeni. Ýumurtgadan çykyşy ýalam: “Ýatyrmadyňyz... Galmagal edýäňiz, pilän, pismidän” diýip, hoňňuldap ugrapdyr. Özem gün-günden ulalypdyr. Ulaldygysaýam bujurrugy artypdyr “Wazzyk-wuzzuk” edip asyl alybilmez awy han bolaýypdyr. “Hanyň bäş aýaly bar, mende birem ýok”, “Hanyň puly köp-de, men jüllikköten...” Ine hut, şular ýalymyşyn edýän gürrüňleri. Özem gapyňda durjak gümany ýok diýýä. Baran ýerinde-de hanyň gybatyny edýämişin. Hanam: “Aý, ýaş horazdyr-da, akyllanar-da, asylam bular başda şular ýalyrak bolýan bolsalar bildiňmi” diýip, öz-özüne teselli beren bolýamyşyn. Bir günem çaý içip otyr ekeni welin, hälki horaz çat maňlaýyna geçipdir-de: “Gapy-gapy syrmyşam, birje şaýy tapmyşam üý-ü-üý-ü-ü-ü-..” diýip gygyryberipdir. Seretse dogrudanam, penjesinde bir şaýylyk bar diýýä. Hanyňam muňa girre gahary gelipdir-de, hyzmatkärlerine: “Baryň şoň şaýysynam alyň-da, özünem kowuň, ýok edip, maňa şolar ýaly horaz gerekgä” diýipdir. Olaram kowalaý-kowalaý ahyry tutup şaýysyny alypdyrlar welin: “Dat, han meniň ýekeje şaýyma-da zar eken-eý, üý-ü-üý-ü-ü-ü...diýip öňküsindenem beter gygyryberipdir. Hanam hyzmatkärlerine: “Beriň how, şoň şo şaýysyny! Bir şaýy üçin ile masgara etjek o meni” diýipdir. Şaýysyny beripdirlerem welin, haýatyň üstüne çykypdyr-da: “Ehe-he-e-eý ... Han menden gorkujyna şaýymy gaýtaryp beräýdi-le, ho-ow... Oho –ho-ho- -o-ow, üý –ü- üý- ü-ü...” diýip galmagal baryny turuzyberipdir. Hanam syçrap ýerinden turupdyr-da: “Baryň şo peläketi soýuň, etinem palawa düşek ediň, geçdim men şondan” diýipdir. Hyzmatkärleri horazy tutupdyrlar-da hasyr-husur soýupdyrlar. Soýupdyrlar welin, gör onuň netikazalygyny – damagyndan akýan gandan: “Gyrmyzy ganym dökmüşem, üý-ü-üý- ü-ü..” diýen ses çykýa diýýä. Etinden palaw bişirip başlapdyrlaram welin, “lark-lark-lark” edip her gaýnanda gazanyň içinden: “Palawa müçe bolmuşam üý- ý- üý-ü-ü...” diýýä-de, ala-zenzele turuzýa diýýä. Ine, onsoň ähli etini palawyň üstünde goýup orta äberipdirler welin, hanam näme, içiniň ýangyjyna syhnap-syhnap iýmäge başlapdyr. Çeýnäp ýuwutjak bolýaram welin, görse bokurdagyndan: “Dar köçeden geçmişem, üý-ý-üý-ý-ý...” diýen ses çykýa diýýä. Aşgazanyna ýetiberende bolsa: “Garaňky jaýa düşmüşem, üý-ü- üý-ü-ü..” diýip şowhun turuzýa diýýä. Han görgüli galypdyr bir alada. Birdenem syrtynyň agzy müňküldäp ugrapdyr. Hä diýmänem şo ýerinden hälki horaz pasyrdap çykypdyr-da edil hanyň gapdalyna gonupdyr. Hanam gylyjyny gynyndan sograga-da aýlap salypdyr welin, gylyç horaza degmändir-de, öz syrtynyň ýarsyny gyltyzraga-da çapyp goýberiberipdir. Horaz bolsa böküp haýatyň üstüne çykypdyr-da: “Hanyň syrty çapyldy, meniň göwnüm tapyldy, üý-ý-üý-ü-ü...” diýip, bütin şähere goh beripdir. Han ýarasyndan-a bireýýäm gutulypdyr welin, şo peläketiň özünden dynybilmändir. Atama şu zatlary gürrüň berip bolansoňam: Häzirem şu töwerekde bir ýerde bardyr şol. Bimahal wagt gelerem-de meni seň ýanyňda-da masgara eder. Men ine şony sangy edip otyryn...” diýipdir.
Han gürrüňini gutaryp-gutarmanka dogrudanam şol çal horaz bir ýerden peýda bolupdyr. —Gelşi ýalam bir ýerlerden tapan zyňyndy golasyny başyna ildiripdir-de: “Hanyň başy gyzyldan, meniň başym kümüşden, üý-ü-üý-ü-ü...” diýip, gygyryberipdir. Hanam hasyr-husur atam pahyryň arkasyna geçipdir-de: “Ana, aşna, gördüňmi? Ýene başlady şo heňine. Özüň bir alaç tapaýmasaň men-ä nätjegimi bilýän däldirin” diýip kemiş-kemiş edipdir. Atam pahyram: “Päheý, han aga, bar aladaňyzam şumy? Bela ýolukdym diýseňiz menem başga bir derdiňiz bardyr öýdüpdirin. Muň işi aňsat. Bular ýaly ýagdaý öň, Çyn-Maçyn ýurdunyň şasy bilenem boldy. Şonam halas eden men” diýipdir-de, hanyň hyzmatkärlerine horazy tutup soýmaklygy buýrupdyr. Olaram soýupdyrlar. Onsoň onuň etinden öňküsi ýaly palaw etdiripdir-de hanyň öňünde goýup: “Ýekeje süňküni iýiň, han aga” diýipdir. Hanam: “Ýog-eý, jan aşna, men-ä ölýänem bolsam şoň etinden ýekeje agyzam datjak däl” diýip arkan-arkan süýşüpdir. Atamam: “Ýo-ok, iý, ýekejesini iý” diýip, goýman iýdiripdir. Özem bir süňküni iýipdir. Galan süňkleriniňem hersini hyzmatkärleriniň birine iýdiripdir welin, horazyň sesem çykmandyr. Ýogsam soýulandan tä, tabaga guýýançalar şol, öňküje nadaralyklaryny gaýtalapdyr, diýýä. Şonda atam pahyr hana garap: “Süýek-süýekden aýrylansoň göwre seýik tutýan däldir, han aga. Onsoňam siz başda ýalňyşypsyňyz. Hiç haçan çyn tohum saýry tohum bilen alyşýan däldir” diýipdir. Han atamyň akylyna haýran galypdyr. “Sen meniň halasgärim” diýip oňa üç günläp hyzmat edipdir. Sylag berjek bolsa bolsanym atam pahyr almandyr. Allanyň beren üşügi üçin onuň ömürem muzd almaýanyny siz bilýäňiz ahyry... Howwa, iniler, ine şular ýaly zady-ha men atam pahyrdan eşidipdim. Özem ýaňky horazyň hanyň içinden geçip, diriligine çykyp durmagy durmuşda bolup biljek zat. Ýöne o-ol, Müýnühowzeniň tilki öz hamyndan çykyp gitdi diýmesi welin patarraky...
■ “Bildir urdy başyma...”
— Bir günem atam pahyr daga, keýik awlamana gidipdir – diýip, Goturow şondan soň düýbünden başga bir gürrüňe başlar. —Birnäçe gün dagyň içinde bolýa, ýatýa, turýa, aw awlaýa, göwün açýa. Agyr söwdadan, kyn-kyn başdan geçirmelerden ýaňa ýadan beýnisine dynç berýär.
Ýöne adamyň maňlaýyna her belany görmeklik ýazylan bolsa, ondan gaçyp gutulyp bolýamy. Adam oglunyň başyna düşmejek geň waka atam pahyra ine, şu ýerde-de gabat gelýä duruberýä.
Ýagny, üçünji gün diýlende, oduň başynda endam-jany durşuna tüý bolup duran, adam şekilli bir bela peýda boldy diýýä. Atam pahyr: “Hä, arwah diýýänleri şudur-ow. Ýöne, barybir, Aýuwdan gorkunç däldir, şondan sypdym, mundanam syparyn-la...” diýip içini gepletýä. Azyrak gorkýaram welin, ýöne, syr bildirmeýä. Ýüzüne-de seretmeýä. Ünsem bermeýä-de öz işi bilen boluberýä. Sebäbi jyn-arwah duşsa ýüzüne seretmeli däldigini öň atam pahyr eşiden-dä, ondan-mundan. O mahlugam bu nähili hereket etse şoňňaly hereket edýä diýýä. Çaý içse – çaý içýä diýýä, nan iýse – nan iýýä diýýä, elini ýuwsa – elini ýuwýa diýýä, çöpleme çöpläp çaý gaýnatsa o-da şeýtýä diýýä. Tüýs, “öýkünjeň arwah” diýleni-dä! Daň agaryberendenem ol atam pahyrdan adyny sorapdyr. Olam, näme, Käbil diýer öýtýäňizmi?Ýok!Diýmeýä. Sebäbi bilip dur ol, oň nämüçin soraýanyny!, Şonuň üçinem: “Adym Bildir” diýýä. Muny eşidip arwah-a gidýä, atamam uzyn gije ýatmansoň guşluga çenli ýatyp gözüniň awusyny alýa-da, keýik awlap gelýä. Ot ýakýa. Çişlik edýä. Şara bişirýä. Etiň ähli ýagyny eredibem aýratyn gaba guýýa. Adam boýam çukur gazýa. Gün ýaşyp garaňky düşýärem welin, agşamky mahluk ýene-de geldi diýýä, elem-tas bolup. “Bildir nämejik bişirdiň bu gün” diýip, edil köne garyndaş ýaly. Atamam hälki ýagly käsäni orta goýupdyr-da, barmaklaryny käte bir ýaga batyryp o ýerine, bu ýerine çalyberipdir. Olam şeýdipdir. Arwahyň ähli ýeri somalama ýag bolansoň, üşügiňden aýlanaýyn, atam pahyr ortadaky otdan ýanyp duran bir kesindini alypdyr-da, çalajadan üstüne degiren bolupdyr. O mahlugam şeýdipdir welin, “güp” edip, durşy bilen ýalyna öwrülipdir. Şo durşuna-da gyzyl ot bolup gözden ýitipdir. Atamam hasyr-husur hälki gazyp goýan çukurynyň içine giripdir-de, üstüne odur-budurlardan çekişdiripdir. Hä diýmänem hälki bela ala-burugsy bolup geldi diýýä. Yzynda-da bir giden sülsatmyşyn, özi ýaly. Olaram: “Kim urdy-da, kim urdy” bolşup daşynda ters aýlanýalar diýýä. Ahyreti abat bolsun, atam pahyryň nähili öňden görüji adam bolandygyny biliberiň, - hälki arwah: “Bildir urdy... Bildir urdy başyma...” diýip, hünibirýan aglaýarmyşyn welin, ýoldaşlary gaýtam onuň özüni ýençýämişinler, “sen bildirkini şu wagt aýdýarmyň bize” diýşip. Ahyram urup-urup surnukdyrypdyrlar-da, hersi bir ýerinden tutup, germesatan edip äkidipdirler. Atamam arkaýyn çukurdan çykypdyr-da, zatlaryny ýygnaşdyryberipdir. Gün dogup-dogmanka-da oba gaýdypdyr...
Gotur aga sözüne dyngy berip, bir käse çaý owurtlar welin, şol aralykda biri öňe omzar-da:
— Ýoldaş Goturow, ýaňy bir ýerde: atam pahyr “Aýuwdan sypdym, mundan sypman näme” diýipdir, diýdiň welin, o nä Aýuwyňam eline düşüpmi?...–diýer.
Goturowam:
— Howwa-a... Aýuwam ekiden ony bir wagtlar. Siz näme, bihabarmysyňyz o zatlardan? Eşideňzokmy näme?.. – diýer-de, oturan ýerinde oýkanjyrar. Ykjamlanar. Oturanlar: “Ýok, ýok. Eşidemzok. Ine, eşidip oturşymyz şü...” diýensoňlar uzyn-uzyn ardynar-da täze bir hekaýata başlar.
■ Käbil aganyň Aýuwdan sypyşy
— Howwa, ir döwürlerde, imany hemra bolsun, atam pahyr söwda-satyg bilen gaýry ýurtlardan gelýärkämi, ýa başga bir iş bilen bir ýere barýarkamy, garaz muny Aýuw alyp gaçýa. Urkaçy aýuw... – Şu ýerde Goturow gaşlaryny galgadyp, böwrüni diňläp oturar-oturar-da: —Ýok how! Ýalan sözledim men, bir ýerden gelýäkä ýa barýaka däl-de, hakyt işiginden alyp gidýä. Garaňky gijede daşaryk, buşukmaga çykýa welin, güpür-tapyr edýä-de, arkasyna alýa gidiberýä. Atam pahyram-a daýaw adam bolan welin, Aýuwam daýaw-da! Dagda-düzde gezip bedeni bekän-dä zaluwadyň! Onsoňam näme, oňa-da özi ýaly ýürekli, edermen adam gerek. Gowaga elteninden ýüregi ýarylyp öljegini bilse başyna ýapsynmy o seni. Ana, onsoň ýaňky Aýuw urkaçy ekenide atam pahyry gowaga eltenden: “Sen maňa är bol! Meniň edil sen ýaly edermen ogul dograsym gelýä” diýip özeleniberýä. Atam pahyram maşgalaly, çaga-çuwgaly, orta ýaşlaryndaky adam o wagt. Gaty kyn görýä. Ýöne, näme, janam süýjü-dä, Aýuw üstüne abanyp, “almasaň öldirin” diýip duransoň boýun bolmaly bolýa-da. Duşmanyň agyr leşgeriniň arasyna düşeninde ejizlemedik atam, şonda ejizleýä. Aşagyna çöp düşenip, başyna daş goýup, Aýuw bilen bile ýatýa, bile turýa. Çig et iýip güzeran görýä. Ýöne Aýuw ony gowakdan çykarmyýa. Awa gitjek wagty gowagyň agzyna ullakan daş goýup, çykmaz ýaly edip gidýä. Atam pahyryň bolsa göwni obany, çagajyklaryny, öýüni küýseýä. Ahyram onuň kellesine gowy bir pikir gelýä. Geläýmelem-dä! Ol adam hiç ýerde hor bolmaly adam däl-dä! Ol aýdýa, Aýuwa: “Sen-ä, diýýä, awa gidýäň, göwnüňi açýaň, men bolsam gowakdan çykamok. Içim gysýa. Hiç bolmanda maňa oturan ýerimde güýmener ýaly çöpür-söpür bir getirip ber, ýüpjagaz işen bolaýyn, aşagymyza düşejik dokaýyn” diýýä. Aýuwyňam şondan soň işi çöpür daşamak bolýä. Atamam aldygyndan ýüp işýämişin. Ind-ä şü oba ýetäýse gerek, diýen wagtam bir ujyny Aýuwyň eline tutdurýa-da: “Meni alyp gaýdan howlyň derwezesine daňyp gaýt şuny” diýýä. Aýuw diýlen bela-da her näçe mekgaram bolsa, juda sada bolarmyş diýýä. Ýogsam şo dagy prostoý zat welin, kellesine gelenok-da! Eltýä-de ýüpüň bir ujyny atam pahyryň howlusyna daňýa gaýdyberýä-dä! Ertesi guşluk wagtlary, Aýuw awa gidendenem oba adamlary güpürdeşip gelýäler ýüpi yzarlap. Daşy aýrybam atamy alyp gidýäler. Ine, şeýdibem ugurtapyjylygy bilen atam pahyr özüni halas edýä...Bolan zat bi. Siziň o-ol, nemäňiziňki ýaly neme däl,ýalan däl. Gadym döwürde hemme zat bolan. Aýuwam, döwem, jynam, arwaham bolan. Şumadam bardyr ýöne göze görünýän däldir... Sözüniň soňunda Goturow; —Aý iniler, şoň görünmeýänine şükür ediberseňiz-le siz gowusy – diýerdi-de, hezil edinip gülerdi.
Ýöne Gotur aganyň öz atasy baradaky gürrüňleri onuň bilen gutarmazdy. Ugruny tapyp aýtdyrybilseň şo-ol, gider oturardy. Emma gije bir çene baryberende, oturanlardan biri başyny götererdi-de:
― Gotur kaka, hany, bi, öz başyňdan geçirenleriňdenem gürrüň ber-ä, oglanlara – diýerdi.
Şondan soň gürrüňiň ugry düýbünden üýtgärdi. Käbil aga baradaky o-ol, ertekä meňzeş hekaýatlaryň ornuny Gotur aganyň geçen uruşda görkezen gahrymançylykly hereketlerini wasp edýän, geň-enaýy gürrüňler eýelärdi...
Hekaýalar