ÝÜZ ÝAGŞYLYK
Biz bir topar adam bolup, uly ýoluň gyrasynda ulaga garaşyp durduk. Howa juda petişdi. Ulag welin gelenokdy.
Şol wagt on-on iki ýaşlaryndaky bir oglan ýanymyza gelip saklandy. Salam berdi-de,ählimiz bilen elleşip çykdy.
– Yssyda ýola çykypsyňyz, ýöriň, bize baralyň. Öýmüz şu ýakynjakda. Çaý gaýnadyp bereýin – diýip, ýaşularygymyza ýüzlenip, özelenip, ýalbaryp başlady. Biz geň galyp, biri-birlerimiziň ýüzümize seredişdik. Men bolsa: «Bujagaz oglan haýsy birimiziň tanyşymyzka?!» diýip oýlandym.
– Sagja bol, köşek! – diýip, ýerli-ýerden minnetdarlyk bildirdik.Ol oglan şol bada gürüm-jürüm boldy. Sähel salymdanam bir eli sowuk suwly bedreli, beýleki eli kürüşgeli gaýdyp geldi.
– Çaý içmäge gitmeseňizem, sowuk suw bir içiň! Çeşme suwudyr. Ýöne «Taňyrýalkasyn» aýtsaňyz bolýar.
Suw dogrudan hem sowuk eken. Bu yssy howada içip, janymyz gönenen ýaly boldy. Biz örän minnetdar bolduk. Oňa çenli garaşyp oturan ulagymyz hem geldi.
– Edeplije oglan eken – diýip, men begenjimi daşyma çykardym. Ýoldaşym ýylgyrdy.
– Şol Akmyrat-da, şol!
– Haýsy Akmyrat?! – diýip, mem hiç zada düşünmän soradym.
– Men saňa gürrüň berdim-ä – diýip, ýoldaşym beren gürrüňini ýadyma saldy. Bu wakanyň şeýleräk kyssasy bardy.
...Akmyrat Meret hasapçynyň ogly eken. Olar etrap merkezinde ýaşaýardylar. Olaryň gelim-gidimi kändi. Gelenler Akmyradyň dillijeligini halaýardylar. Oňa obadan ýörite paý getirenleri bilenem oňman, pul, kemput berip halys ýaman öwredipdiler. Olaryň köpüsi: «Men saňa ony alyp bererin, muny alyp bererin» diýip, boş, ýalan wadalar bilen oglanjygy aldabam goýberýärdi. Akmyrat kiçijik wagty olaryň gepine ynansa-da, soň-soňlar ol wadalara ynanman başlady.
Ol bir gün oba baryp, öýlerine gelip ýören adamlardan: «Kakam sorady» diýip, ep-esli pulam alyp, etrap merkezine gelibem, ol pula welesipet alypdyr. Ejesine, kakasyna-da: «Gerek däl diýsemem, pylan kakam satyn alyp berdi!» diýip, ýalan sözläpdir. Şondan soň, heniz çaga bolsa-da, Akmyradyň kezzapçylygy baradaky gürrüň oba ýaýrapdy.
Ine, bir günem Akga aga öz bagynda bişen almalary ýygnap, çeleklere gaplap durdy. Şonda onuň ýanyna on üç-on dört ýaşlaryndaky bir oglanjyk geldi.
– Sakaldaş! – diýip, ol alma ýygyp ýören ýaşula ýüzledi.– Hany, bäri gel-de, dyz epsen-e!
Ýaşuly alma agajyndan düşdi-de, onuň ýanyna geldi.
– Köşegim, gurgunmyň!
– Gurgun-la! Hany bir çilimleşeli-le.
Akga aga ol oglana haýran galmak bilen garady. Soňam bu oglanyň şol Akmyratdygyny güman etdi. Ol oba ýaýran gürrüňlerden, birwagt obadan göçüp giden inisiniň başyna giden ogly barada: «Şol Akmyradyny menem bir göräýsedim..» diýip, içini gaharly hümledip ýördi.
– Çilim-ä ýokdur, han ogul!
– Onda bir atasy nas bir ber hany!
Akga aga elini jübüsine sokan boldy-da, oglana bakan ýöneldi.
– Bo-ow, sakaldaş, geregiň nas bolsun!
Akmyrat täzeje tigirini ýoluň gyrasyndaky uly ýabyň raýyşyna ýaplady-da, ýaşulynyň ýanyna bardy. Akga aga oňa elini uzadan boldy-da, oglanyň golundan şapba tutdy.Soň ýaş oglanyň gulagynyň düýbüne bir şarpyk çaldy.
– Me, saňa, sakaldaş, çilim! Me saňa nas! Seniň ataňa nälet bolsun, at ýitiren!
Akmyrat Akga agadan beýle-beýle zalymlyga garaşmaýardy.Ýaşuly ony edil, guzy gujaklan ýaly etdi-de, göterdi,soň ony getiribem gyşyna gawun-garpyz, miwe saklaýan, hemme ýeri petik tamçasyna salyp, daşyndan gulplady.
Soňra mekdebe baryp, etrap merkezine, Akmyradyň kakasyna jaň etdi.
– Akmyrat jan meniň ýanymdadyr. Birküç gün bolubersin. Soň özümjik alyp bararyn... – diýdi. Muňa Meret hasapçy agasyndan öz garagol ogluna howandar çykýany üçin, agasyndan gaty razy boldy. Ol minnetdarlyk bilen razylaşdy.
Akmyrat bu ýagdaýy şeýle bir gaty görüp, uly ili bilen iki sagat aglady. Özüçe gargady, sögündi. Emma ýaşuly oňa ünsem bermedi.
Akga aga şol gün Akmyrada suwam bermedi. Diňe ertesi bir kürüşge suw bilen el ýaly gaty çöregi, tamça eltip goýdy. Soňky günem almasyny satmaga bazara gidip, gün batan aralary gaýdyp geldi-de, gijäniň bir wagty oňa az-owlak nahar bilen suw berdi. Dördünji gün onuň bilen bile oturyp, halyny sorady.
– Ýöri, sakaldaş, ýagdaýlaryň nähili, çilimleşelimi, ýa-da nas atarysmy?!
Häzir Akmyradyň ýadyna çilim, nas düşer ýaly däldi. Ol bu zalym adamdan sypyp bilse, müňdebir razydy. Ýöne, onuň henizem ýeli ýatmandy.
– Meni şeýle horlanyňy kakama aýdaryn. Ata daýym milisionerdir. Ol seniň gözüňi gazamatda açdyrar, duruber bakaly!.. Seniň näme hakyň bar, ýaş çagany urup-horlap türmede saklamaga...
Akga aga Akmyrady şol tamçasynda ýene iki gün saklap goýdy. Diňe şondan soň ol Akmyradyň ýeliniň ýatyşandygyna düşündi.
– Indi düşündiňmi, edip ýören masgaraçylygyňa.
– Düşündim. Ýöne indi meni goýber, welosipedimem berersiň.. Men gaýdyp beýle-beýle masgaraçylyk etmen. Eden işlerime gaty utanýan.
– Ýok! – diýip, Akga aga razy bolmady. – Sen ogurlyk edip, ili aldap, ulyny-kiçini äsgermän biziň ata-baba abraýymyza şek baryny ýetirdiň. Bir topar günä gazandyň. Ýagşylyk baryny edip, şol günäleriňi ýuwmasaň, menden sypmarsyň. Bolmasa etrap merkez-ä däl, edil, guş bolup asmana uçsaňam seni taparynam, hälkije oturan tamçaňa getirip dykarynam... Akmyrat garaňky jaýda syçanlaryň, alakalaryň arasynda ýene oturmaly boljagyna düşündi-de, gaty gorkdy. Ol tisginip, ýaşulynyň ýüzüne gorka-gorka seretdi.
– Näme edip günämi ýuwmaly?
– Ýüz sany ýagşylyk edip, ilden ýüz sany «taňyrýalkasyn» almaly. Özünem ýalan sözläp syparyn öýtme. Barysyny bir depdere ýazarsyň-da, getirip, maňa görkezersiň. Men ony çynmy, ýalanmy, yzarlap, derrew bilerin. Eger ýekejesi dagy ýalan bolaýsa, ýene gelip garaňky tamça girersiň. Düşündiňmi?!
– Düşündim!
– Düşünen bolsaň, tigiriňi goýdajyk, gidiber.
Akmyradyň gözleri tas hanasyndan çykypdy.
– Tigirimi? Tigirimi näme üçin goýaýyn? Men ony Yslam diýen oglandan sagadyna on bäş teňňe bereýin diýip, karzyna aldyn-a.
– Men seniň karzyňam, teňňäňem bilmen. Sen gowja bol-da, diýleni et, ýa-da...
Akmyrat Akga aga özüni ýene garaňky tamça salyp barýan ýaly gorky bilen tisgindi-de, sesini çykarmagy.
– Ile ýüz ýagşylyk edeniňden soň gelip, hasabatyňy berersiň, şondan soň gepiňe ynanylsa, diňe şondan soň tigiriňi alarsyň. Bolmasa saňa tigir ýok. Seniň ýaly il masgarasynyň gül ýaly tigire münmäge-de haky ýok... Akmyrat öýlerine paý-pyýada gaýdypdyr. Ol bolan wakany ejesine-kakasyna aglaý-aglaý gürrüň beripdir.
– Ony milisä, Ata daýyma aýdyň. Özüni gazamata saldyryň. Tigirimi derrew yzyna bersin... Edil, öläýse-de, ýüz ýagşylyga däl, ýekeje ýagşylygam etjek däl.
Meret hasapçy bolan ýagdaýa bada-bat düşündi-de,oglunay:.
– Sen, ol Akga aga diýen adamy ýöne goýaýgyn. Ol oglan wagtymyz betçlik edenimizde, bizem şol tamçasyna salyp, gulplap goýupdy. Ol bir tutan bolsa, indi gaýdyp sypdyrmaz. Iň gowusy, sen onuň diýenini edäýgin... Bolmasa, ol gelip sen-ä beýlede dur, asyl şeýle edepsiz ogly terbiýeläniň üçin diýip, menm äkider-de, şol garaňky tamçasyna salar. Men-ä ondan gaty gorkýan. Gör, diýmäýin diýsem, sen öz masgaraçylygyň bilen bize-de bir topar ýamanlyk getirýäň... – diýip, pugta ynandyrdy.
Ine, indi Akmyradyň ýene-de ýigirmi sogaby galypdy. Ýoldaşym şoňa gülýän eken. Menem oba adamlaryň terbiýesiniň şeýle usulyna buýsandym-da, ýylgyrdym.
28-nji maý, 2000 ý.
Öwezdurdy NEPESOW.
Çagalar edebiýaty