18:35 Zenan duýgularynyñ zehinli aýdymçysy | |
ZENAN DUÝGULARYNYÑ ZEHINLI AÝDYMÇYSY
Näzik Annatyýewa meşhur şahyrymyz Towşan Esenowadan soň edebiýatymyzda ymykly orun alan şahyrlarymyzyň biridir. Geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň başlarynda Gurbannazar Ezizow, Annaberdi Agabaýew, Halyl Kulyýew, Italmaz Nuryýew, Gowşut Şamyýew, Näzik Annatyýewa dagy, hersi özüniň çuňňur sowatlylygy, çeper beýan ediş usuly, pikirleriň goýazylygy, okyjyny oýlandyryş tärleri... bilen milli edebiýatymyza geldiler. Belli bir edebi akymlaryň edebiýata gelip, özlerinden öňkülere garanyňda şygryýete, kyssa täzeçillik getirýändigi dünýä halklarynyň milli edebiýatlarynyň tas hemmesinde häli-şindi bolup geçýän oňyn hadysadyr. Magtymguly atamyz bilen Mätäji aralygyndaky uly edebi şahsyýetlerimiziň bir asyryň dowamynda diýen ýaly ýaşap, döredip geçişi ýaly, bu edebi akym hem edebiýatymyzda öçmejek yz galdyrdy. Bu uly edebi akymyň oňyn täsiri täze Galkynyşlar zamanasynda uly joşgun bilen eser döredýän ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiliginde äşgär duýulýandyr. Näzigiň dury zehin bilen döreden goşgularyna inçe duýgular, zenan kalbynyň näzikligi, päk söýgi, ygrarlylyk, çagalaryna, boýdaşlaryna, umuman, adamlara bolan belent yhlas mahsusdy. Zenan kalbyna mahsus tebigylyk, pikirlerini şeýle erkin hem çeper beýan etmeklik onuň goşgularyny ýiti galamyň astyndan öz-özi çogup çykýan ýaly görkezse-de, (beýle belent dereje diňe çyn zehinlere mahsusdyr) Näzigiň her bir setire, beýde uly zähmet siňdirýänligi okyja belli bolar durardy. Näzik “Sümsüle”, “Ýadygär”, “Muhabbetli söhbetler”, “Güýz arzuwlary”, ”Mahmal bägüller”, ”Ömür kerweni”, “Täze dogan Aý” kitaplaryny okyjylara ebedilik ýadygärlik galdyrdy. Öz döwrüne, berkarar döwletine, bagtyýar halkyna egsimez guwanç, buýsanç Näzigiň Garaşsyzlyk, hormatly Prezidentimiziň Täze Galkynyşlar zamanasynda döreden ajaýyp goşgularynyň her bir setirinde, beýdinde äşgär görnüp durandyr. Näzik berkarar Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyny alan günlerinde Soçide, deňiz ýakasynda dynç alyşda eken. Ol Garaşsyzlygymyza bagyşlap döreden ilkinji goşgusyny şol ýerden Aşgabada ýollapdyr. Onuň manyly ömrüniň tas 16 ýyldan gowragyny (N.Annatyýewa 2008-nji ýylyň awgust aýynda aradan çykdy) belent derejeli çeper goşgulary döretmeklige sarp edendigine 1992-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňjileriniň hatarynda 6 gezek baýraga hem altyn zynjyra mynasyp bolandygy-da, “Gaýrat” medaly bilen sylaglanandygy-da güwä geçýändir. Biz guýmagursak zehinli şahyrymyz Näzik Annatyýewany bu ýagşy günlerimizde ýagşylykda ýatlap, onuň uly joşgun bilen döreden goşgularynyň birnäçesini okyjylarymyza hödürlemegi makul bildik. Hudaýberdi DIWANGULYÝEW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |