18:08 Gerodot | |
GERODOT ![]() Amazonkalylaryñ leşgerin gören, Oguz han ýurdunyñ esgerin gören. Magrup diýmän, Maşryk diýmän, Ýakyn-alys ýollar söken Gerodot, Paý-pyýada çöller söken Gerodot, Sarmatlar, skifler, ahamenidleñ, Dünýäñ ýaşytdaşy gadymy hindileñ... Ýazyp taryhynu taryha girdi. Taryhyñ gatyna siñdi Gerodot, Ýañadan jahana indi Gerodot. Uçmahyñ atlary diýip at alan Gözel Nusaý atlaruna atlanan Göçüp serden Gerodot, Batyr, merdem Gerodot. Ýagşylygyñ nusgasy, Ölmez ýitmezligiñ baky nusgasy Gepiñ gysgasy. Niçe heññamlar ötüpdir, Deñizleri gara çäge örtüpdir. Daglar mäjum bolup, Ýumrulypdyr şäherler. Emma Gerodotyñ ady ýaşaýar. Ýewropaly Gerodot, Aziýaly Gerodot. Müñýyllykdan müñýyllyga aşyp ýör, Añymyzda, alnymyzda ýaşap ýör. Gerodot, beýik Gerodot. Gördüm onuñ aýak yzyn Nusaýda, Manamanda, Hasarda. Ýok diýip bilmez Hasar-da... Gerodot ~ bakylygyñ nusgasy, Gepiñ gysgasy. 23.12.2002 ý. Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ Gynanç / Goşgular - 20.01.2023 |
√ Käbir göz ýetirenlerim / Goşgular - 01.01.2023 |
√ Самоуверенность / Goşgular - 10.02.2023 |
√ «К озеру вышла. Крут берег…» / Goşgular - 06.02.2023 |
√ Стихи, сочиненные в день моего рождения / Goşgular - 27.01.2023 |
√ «В исканьи истины и бога…» / Goşgular - 14.01.2023 |
√ Kalbyň ýaz, läläm / Goşgular - 01.01.2023 |
√ «Когда придётся как-нибудь…» / Goşgular - 15.02.2023 |
√ Maňa-da düşün! / Goşgular - 05.02.2023 |
√ «За то, что ходит он в фуражке…» / Goşgular - 04.01.2023 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |