08:10 Akja kebelek / hekaýa | |
AKJA KEBELEK
Çagalar edebiýaty
Ýaz günleri älem-jahan durşuna gül-günça bürenip otyrdy. Dürli gülleriň hoşboý, ýakymly ysy tutuş töweregi gaplap alypdy. Mylaýym ýaz howasy, gülleriň bu ýakymly ysy janly-jandarlaryň ählisiniň keýpini göteripdi. Bu dünýäde ýaşamak, ömür sürmek diýseň ýakymlydy. Şeýle hezil günleriň birinde, akja kebelek dünýä indi. Ony näzijek günçalaryň, ýumşajyk perdejigi bilen gundadylar. Oňa ter güllerden düşejik edip, ýakymly yslyja gülleriň balyny iýdirdiler. Onsoň, Akja kebelek Gün dogup, dünýä ýylylyk paýlan badyna ganat baglap, uçup başlady. Akja kebelegiň akja ganaty şeýle bir näzijekdi, owadanjady, asyl, oňa şu töweregiň janly-jandarynyň gözi gidýärdi. Ene kebelek bolsa öz balajygyny şeýle bir söýdi, oňa güni bilen gadym ata-babalaryndan miras galan joşgunly hüwdüleri aýdyp bermekden ýadamady. Ol hüwdülerde bolsa, kebelejikleriň öz balalaryna bolan buýsanjy, mähribanlygy çyrpynyp ýatyrdy. Şeýle hüwdini eşiden çaga kebelejikleriň barysy paşyrdap duran gülleriň gujagynda meýmiräp galýardylar. Emma, Akja kebelek welin gülden güle gonup, ýadamanam, meýmiremänem bilmeýärdi. Ol uçup-gonup, gonup-uçup, älemiň gülleriniň ählisini bir özi ysgap çykaýjak bolýardy. Ol gülleriň gujagyna özüni urup, olaryň şirin balyndan emip-emip doýmany bilenokdy. Arman, agşam juda ir düşdi. Mör-möjejikleriň ählisi öýlerine ýygnandylar. Akja kebelegiň ejesi, kakasy, doganjyklary öýlerine gaýtdy. Olaryň öýi garaňkydy. Şonuň üçin içerde şem ýakyldy... Içeri gündizlyk ýaly boldy. Akja kebelek şemi ilkinji sapar görýärdi. Şemiň otjagazy ýüz dürli gülüň reňki ýaly bolup, täsinden täsin ýalkym saçýardy. Akja kebelek bu täsin «çemeni» görüp, özüni unutdy. Şol ýalkymly «çemene» özüni urmak üçin näzijek ganatjyklaryny parladyp gygyrdy. – Eje, eje jan, görsene, gül! Eje jan, bu güle seretsen-e! Ene kebelek tisgindi-de, körpejesine gorky bilen garady. Ol nätjegini bilmedi. Akja kebelegiň begençli sesine beýleki körpeje kebelekler hem galkynyşyp, ganatlaryny parladyşyp başladylar. Ene kebelegiň gorkusy artdy. – Dur, barmaň, balam, balajygym, bar-ma! Ol ot! Köýdürer. Jan balam, dur!... Emma akja kebelejik ejesiniň zarynlap aýdýan sesini eşidenokdy. Onuň bar ünsi, pikiri, yhlasy müň gülden bogulan ýalkymly «çemen» bolup görünýän şemiň odundady. Ene kebelek indi öz balasyny saklap bilmejegine göz ýetirdi. Ýöne onuň öz balasyny ýanyp duran oda köýdüresi gelmedi. Emma akja kebelek bolsa ol jadyly «çemene» ýetip barýardy. Ene kebelek batly uçdy-da, şemiň alawyna ýetip barýan balasyny gapdala garşy batly itip goýberdi. Özi welin «Balajygym özüni oda uraýmasyn» diýip, ýanyp duran şemiň gyzgyn demine ganatlaryny gerdi. – Gel-me-e!... Bu çirkin sese akja kebelek tisginip gitdi-de, öz öňünde ganatlaryny lowurdadyp ýakyp duran ejesine garap doňup galdy. Balasyny otdan goranda ganatlary, murtjagazlary, tutuş teni ýanan ene kebelek şemiň düýbüne patylap gaçdy. Ol iň soňky deminde, zordan balalaryna: – Balam, balajygym, oda golaý barma. Ot bilen oýun etmäň! – diýmäge ýetişdi. Akja kebelek ejesiniň gam-hasratly, şeýle gorkunç sesini indi eşitdi. Ol oda köýen ejesiniň üstüne özüni oklady-da, zaryn ses bilen: – Eje, eje jan, bagyşla! Indi beýle etmen – diýip, zaryn aglady. Onuň hasratly sesini doganjyklary eşitse-de, ene kebelek indi eşitmeýärdi. 18-nji sentýabr, 1999 ý. Öwezdurdy NEPESOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |