08:15 Akylly towşan / hekaýa | |
AKYLLY TOWŞAN
Çagalar edebiýaty
Bir seleň sährada ýaby, düýe, eşek hem-de maral towşan goňşy bolup aga ýana, bolçulykda, hiç zadyň aladasyny etmän ýaşap ýördi. Ýyllaryň birinde bu sähra öňler görlüp, eşidilmedik ýowuz bir gurakçylyk geldi. Jöwzaly yssy howa akyp duran bal ýaly suwly çeşmeleriň gözüni kör etdi. Meýdanlarda diş synçgara gök çöp galmady. Haýwanlaryň ählisi doýa garna iýmeden galyp, teşnelikden tapdan düşüp, diňe süňk bilen deri bolup galdy. Düýäniň örküji eredi. Ýabynyň gapyrgalaryny arkaýyn sanap oturmalydy. Eşek görgüli gury sulba bolup galdy. Horlugyndan ýaňa towşanyň hem tüýi düşüp başlady. – Sanalgyja günümiz galdy. Indi ajal bosaga geldi – diýip, ýaby hor başyny ýaýkady. Düýe sesini çykarmady. Eşek bolsa hynçgyryp-hynçgyryp aglagy. Şeýle hasrat telim güne çekdi. Bir gün çala jany galan ýaby burnuny sergin şemala tutup, täsin kişňedi. – Duýduňyzmy! – Nämäni? – diýip, maral towşan geňirgenip sorady. – Men bu sergin şemaldan gül-pürçek bolup oturan öleňleriň ysyny aldym. – Ah, ýandak güli! Senem bir ýerlerde barmykaň? – diýip, halys güýç-kuwwatdan düşen düýe gussaly ýuwdundy. Emma maral towşan sesini çykarmady. Säher bilen goňşular ýene-de meýdana üýşdüler. – Gitmek gerek – diýip, eşek gözýaş dökdi. – Bu gurap galan sähradan bize ýurt bolmaz. Basymrak ter maýsanyň, gök ýowşanyň bolrak ýerine ýetmeli. – Wah, gül-pürçek bolup oturan maýsadan doýup, soň suwdan bir gansadym – diýip, ýaby başyny silkeledi. Düýe-de armanly gepledi. – Öten agşam gülli ýandak düýşüme giripdir. Basymrak gitmek gerek. Emma maral towşan sesini çykarmady. Goňşular ýol şaýlaryny tutup, maral towşanyň süreniniň işiginde saklandylar. – Ýöri, goňşy, ir gözinden ugralyň! – Çaltyrak maýsalan ýowşanlyga bir ýetsedik. Emma maral towşan howlukmady. – Siz gidiberiň, eziz goňşular. Men gidip biljek däl. Goňşular ör-gökden geldiler. – Näme, how, bu gurak sährada sen aç öljek bolýaňmy? Onsuzam-a ýüzüňi görüp, halyňy sorabermeli bolduň... – diýip, eşek gaty geň galyp hynçgyrdy. – Aý, watan-da bu ýerler, bir ýyl gurak bolar, bir ýyl bolçulyk bolar... – Ýok, sen beýle diýme – diýip, ýaby burnuny pyrryldatdy. Haýsy ýer saňa gowy, rahat bolsa, haýsy ýerde garnyň doýsa, şol ýer saňa watandyr. – Hawa-a! – diýip, eşek bilen düýe-de, ýabynyň pikirini goldapdyrlar. Towşan welim, «beýle däl bolaýmasyn» diýen manyda başyny ýaýkapdyr. – Watan – mukaddesdir! Watan birdir. Onda doglup, şonda ölünýändir! – Ol seleň sähra tarap başyny atypdyr. – Ine, şu ýerlerde meniň ata-babalarym ömür sürüp ötüpdirler. Men öz ata-babalarymyň haýsy sürende ýaşandygyny bilip durun. Başga sähralara gitsem, olaryň ýörän ýollarynda galan yzlaryny, olar baradaky süýji ýatlamaklary nireden taparyn?! – Bu gurak ýerde açlygyňdan gatap galarsyň. Onsoň saňa geçen kowumdaşlaryň ýatlamagam gerek bolup durmaz. Sen akmak towşan, garnyň doýup, hezil edeniňi bil-dä! - diýip, eşek gaty gahary gelip, Towşana ajysyny pürküpdir. – Wah, ata-babalarym bolmadyk bolsa, menem bolmazdym.Bu watanam bolmazdy. Men gaýry sähralarda dok bolanymdan, ata-babalarymdan galan şu depelerde aç bolanymy gowy görýän. – Näme üçin edil ýola düşüljek wagty sen ýöne «watan» diýip dursuň. – diýip, düýe gaharly sorapdyr. Emma towşan özüni ýitirmändir. – Biziňkiler «Towşana dogduk depe»diýendirler. Ertir çebşeklerim menden:»Eje jan, hany ata-babalarymyzyň watany?» diýip sorasalar men olara näme jogap bererin. Ine, bahar geler. Şonda bu sährada müň dürli gül açylar. Men bu ýerden gitsem, olary görüp bilerinmi?!Öz dogduk depäň gülleri, kebelekleri nähili gözel! Şonuň üçin maňa «watandan gideliň!» diýmäň. Olar ellerini-aýaklaryny gaharly salgap gitdiler. Sähel günden bol ygal ýagyp, giden sähra güýzemekledi. Tutuş sähra eşretden doldy. Dury bulaklar çar ýandan şarlaşyp akyp, göçüp giden bilbiller ýene gaýdyp gelip, şirin-şirin saýraşmaga başladylar. Maral towşanyň ýaňy doglan çebşekleri erkana ýaýnap başladylar. Bir gün maral towşanyň gözi bir gara garantgy ýaly zada düşüpdir. Ýakyn baryp görse, ol bir wagt şu sähradan gaýry ýerlere giden şol düýe eken. Towşan köne goňşusyny görüp begenipdir. – Dostum, hany eşek, ýaby – diýip, sorapdyr. Halsyz ýatan düýe zordan başyny galdyryp, gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp: – Köp ýeri aýlandyk. Emma watandan eşretli ýeri görmedik Ýaby ýat sähralarda açlygyndan öldi. Eşegi bolsa ýat ýerleriň gurtlary iýdiler. Ine, menem ölmänkäm, watana zordan özümi atdym. – Düýe ýatan ýerinden maral towşana tagzym edipdir. – Sen akylly ekeniň. Watany kyn gününde taşlap gitmediň. Biz welin watanyň öňünde namart bolup galdyk. Düýe saňňyl-saňňyl edip, başyny ýere goýup, jan beripdir. Onuň açyk gözlerinde watanyň kiçijik didary doňup galypdyr. 19-20-nji oktýabr 2000 ý. Öwezdurdy NEPESOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |