17:28 Altmyş başly ak öýüm | |
ALTMYŞ BAŞLY AK ÖÝÜM
Halk döredijiligi we rowaýatlar
■ türkmen öýleri hakynda taryhy we çeper maglumatlar Gyzylarbatly mirasgär Atda Gurbangeldiýewiñ edep-terbiýe bilen baglanyşykly ýazan birnäçe gowy makalalary bar. Öz bütin ömrüni çagalara bilim-terbiýe bermäge bagyş eden Atda aganyñ ýiti, synçy nazaryndan, durmuş tejribesinden çykan dür-dänelerine çalymdaş makalalarydyr şygyrlaryny gelejekde www.kitapcylar.ga saýty okyjylarymyza dowamly ýetirer durar. Atda aganyñ ýaşlygy çarwalaryñ arasynda geçensoñ, türkmeniñ edim-gylymlaryndan gowy baş çykarýar. Onuñ şu makalasynda türkmen öýüniñ gurluşy, bezegleri barada söz aýdylýar. * * * "Pederlerimiziñ agzybirlik bilen üýşüp, öý dikmek däbi bolupdyr. Dünýewi, demokratik döwletiñ binýady gurulýan şu zamanda şol asylly däbe dolanyp gelip, tutuş halk bolup, ägirt uly täze bir öý tutmaga girişdik. Täze türkmen öýüniñ gurluşygyna işeññir gatnaşyp, dünýä şugla saçjak şol öýi bezemek, onuñ ähli türkmeniñ öýi bolmagy üçin şu günlerden çynlakaý alada etmek ýaşlaryñ jana-jan wezipesidir". Saparmyrat TÜRKMENBAŞY. ■ Türkmen öýüniñ çeper keşbi Altmyş başly ak öýüñ Töründe guba gelin. Bu görnüş dünýä bilen, Deñelen telim-telim. Türkmen öýüniñ süññi, Adamky deý on iki. Şol öýde kämil bolan Türkmeniñ eki-köki. I. ÖÝÜÑ 12 SÜÑÑI 1. Tüýnük. 2. Serpik (tüýnügiñ örtügi). 3. Tüýnük ýüpi. 4. Tärimler - 4 ganat ýa-da 6 ganat. 5. Uklar (4 ganatly öýe 60 uk, 6 ganatly öýe 90 uk). 6. Uk baglar (her ukda bir bag). 7. Düzi ýüpi. 8. Golañ (tärimiñ bil guşagy). 9. Durluk (tärimleriñ eşikleri). 10. Üzük (uklaryñ eşikleri). 11. Öý gapysy. 12. Öý gamyşy (guşagy bilen). II. 12 SÜÑÑE 12 NAKYL 1. Gün hem öýüñ içinde Aý hem öýüñ içinde. Tüýnüge bak, Güne bak, Meñzeşligi çakma-çak. 2. Öý agzasam başky gepim Çagarykda tüýnük ýüpüm. Şonuñ bilen öýüm gaýym Misli täze dogan Aýym. 3. Çagarygymda hüýt gurýa Täze gelnim kirpigi. Ak gelnimiñ kürtesi Ak öýümiñ serpigi. 4. Öýümiñ ugy, Başymyñ tugy. 5. Uzak baglam sähelçe ýüpdür, Şolar bilen öýüm dikdir. 6. Aýlanaýyn tärimim, Abyraýy törümiñ. 7. Öýümi öý edýän üzük-durlugym Size meñzäwersin agzybirligim. 8. Gyzym sensiz günün görer Öýüm ýüpsüz neneñ bolar. 9. Öý gelşigi gamyş Gyz gelşigi kümüş. 10. Öý gapysy goşa bolar, Myhman goşa-goşa geler. 11. Içinde ilik ýok, Gapyda gulp. Bu, türkmeniñ öýi, Giriber gelip. 12. Ojak köwlümli gerek, Gujak göwrümli. III. ÖÝ HAKDAKY PÄHIMLER Gara öýüm - ojagym Ýagly meşik bujagym. Toýuñ ýaraşygy öý, Öý tutulman, tutulmaz toý. Täze wagty öýe "ak öý" diýerler, Garrandan soñ oña "gara öý" diýerler. Öý gara däl, garrydyr, Gojalar deý syrlydyr. Öý howasy açyk, Tam howasy gaçyk. Tama geldim, tama geldim, Öýde wagtym, ýüwrük ýeldim. Türkmeniñ öýi ýitse, Oguzyñ teýi ýiter. Tam öý ýerini tutmaz, Sadaka toý ýerini. Tamda ulalan çomry Öýde ulalan çarwa. On çomry ogla, Bir çarwa dogma. Çarwa gelni çapyp gezer, Çarwa gyzy çalganak, Çarwa ýigdi çepekli Döşi galkan gapakly. Çomryñ bir ýylyndan Çarwañ bir güni gyzyk. Çarwañ örüsi uzak, Çomryñky bagly duzak. Çarwa göçse ýurdundan Diýrler "Göçdi bir oba" Çomry göçse ýurdundan, Ýurdy bolar haraba. Ýazlagda oturan gara öýleriñ, Sähra gelşik berişine dönüler. Gelinleñ hödürlän ap-ak aýranyn Bir içeni, bir ýaş ömür sanylar. Baharda sähramyñ güllerniñ görki Kürteli gelinleñ gabagna ogşar. Seleñläp oturan guba öýler hem Bu ene topragyñ göbegne ogşar. IV. TÄZE ÖÝ Täze öýi ilkinji gezek guranyñda süññüni tutup, eşiklemän, çagarykdan uzyn tanap ýa-da urgan asyp, uçar ýalu hiññildik gurmaly. Uçýan oglan-gyzlara päsgel bermez ýaly, işiksöýäñ üstündäki üç ugy, şonuñ gabat garşysyndaky tör tarapdan üç ugy aýyrmaly. Hiññildige iki bolup münseñ-de bolýar. Sebäbi: - Çagaryk tüýnükde bekär ýaly; - Tüýnügiñ gözlerinde uklaryñ balalary (ujy) ýer eder ýaly; - Täze ham kökler geregiçe sozulyp, tärimler mazaly aýylar, ýaýrar ýaly; - Gysgaça aýtsak, öýüñ süññi bir-biri bilen mazaly almaşar ýaly, bekeşer ýaly; Täze öý köplenç, ilki bilen toý edilende, ogul öýerilense tutulypdyr. Ine, täze öýüñ tarypy: - Kejebe bar bu gün toýda, Hiññildik bar täze öýde. - Oglan-gyz öýde öýde uçar hiññildik, Olar göýä açylan bir gül-çeçek. - Hiññildik göterýän akja çagaryk, Inçejiksiz, emma berkden-berk. - Çagaryk deý çeýe bolgul, Öz sözüñe eýe bolgul. V. ÖÝ TUTMAGYÑ TERTIBI 1. Işiksöýäni dikmeli. 2. Şatärimleri aýmaly (ýaýratmaly) we işiksöýä berkitmeli. 3. Törtärimleri aýyrmaly 4. Tärimleriñ başlaryny gowşuryp dañmaly. 5. Tüýnügi galdyrmaly. 6. Uklary urmaly. 7. Düzlemeli. 8. Öý ýüpüni urmaly (golanamaly). 9. Durluklamaly. 10. Üzüklemeli. 11. Serpigi oklamaly. 12. Gamyşlamaly. Munuñ nagmasy şeýle: Tutan wagtyñ gerek öýe, Ilki bilen işik-söýe. Soñra aýylar dört tärim, Bitdigi bil öýüñ ýaryn. Tüýnügi götär ýüwürji, Mäkämlär uklaryñ ujy. Tärimine aýla durluk Uklaryna okla üzük. Serpigiñ ýapsyn tüýnügi, Ynha, onsoñ öýüñ düzük. Soñ gamyşlarsyñ daşyny, Ýigdelder öýüñ ýaşyny. ■ Öý gamyşy Eşiklenen öýüñ bütin daşyna tutulýar. Beýikligi tärime barabar bolýar. ■ ÖÝ GAMYŞYÑ GUŞAGY (ÝÜPI, GOLAÑY) - Añyrdan gelýän ýönekeý daýhan küren obanyñ çetinden girende, haýsy öýe myhman bolmalydygyny özüçe kesgitlär eken. - Gamyş guşagy kakma ýüp, barly öýdür, baý öýdür, Gamyş guşagy bükme ýüp, biz daýhana jaý öýdür. ■ Kakma ýüp Kakma ýüp dokalýar. Ini bir garyşdan köpräk nagyşly bolýar. Ol durlugyñ içinden, tärimiñ daşyndan, orta bilinden tutulýar. Oña öý ýüpi (golany) ýa-da bil ýüpi diýilýär. Barjamly adamlar öý gamşynyñ daşyndan hem şony aýlaýarlar. ■ Bükme ýüp Bu ýönekeý bükdürilen ýüpdür. ■ Toýhalka Toý üçin öý tutulanynda, öý gamşyñ iñ ýokary gyrasyndan çitme ýa kakma owadan golañ (öý ýüpi) aýlanylýar. Oña "toýhalka" diýilýär. ■ Durlukhalka (durlukkaka) Toýhalka ýaly owadan çitme ýa kakma golañy öý ýüpüniñ ýokarsyndan, durlugyñ içinden, tärimiñ ýokarky uçlarynyñ (herekleriñ) edil aşak ýanyndan aýlamaly. Şoña "durlukhalka" (durlukkaka) diýilýär. VI. ÖÝÜÑ KÖMEKÇI SERIŞDELERI ■ Syryk Adaty taýakdan ýogyn, goşaryñ ýogynlygyna barabar, öý-paýapyl agajyndan inçe, togalak, berk, çeýe agaç. Syrygyñ kömegi bilen birnäçe işleri etse bolýar. a). Öýi tutan wagtyñ üzükleri syrygyñ kömegi bilen öýüñ üstüne oklamaly. Şol wagt üzügiñ baglaryny başga bir adam alyp gaçýar we ony ýokary uga tarap çekýär. b). Uklaryñ üstüne oklanan üzükleri nirä süýşürmeli bolsan ýene-de syryk bilen süýşürilýär. w). Eger-de üzügiñ ýygrylan ýa-da halparan ýeri bolsa, ony hem syrygyñ kömegi bilen düzlemeli bolýar. g). Öýüñ içinde oturan ýeriñde serpigi çalarak açyp hem ýapyp bolýar. d). Kämahal uly ýel ýa tüweleý düşüp, serpik ýerinden üýtgese, ony hem syryk bilen süýşürip düzlemeli. ○ Syryk - bu, ýumuş oglany ýaly kömekçi bir zat. Syryk bilen bitirilýän işleriñ ählisini aýal maşgalalar ýerine ýetirýär. Şol sebäpli syryk öý bikesiniñ gözüne has yssy görünýär. "Haý" diýende haraýy bolan syrygy işi özünden has agdyk çarwa zenanlary: Syrygym-a, syrygym, Taýçanagym - ýüwrügim. Sen gyzlarmyñ birimiñ - diýip, taryp edenlerini hem heniz az görýärler. Syrykdan başga-da öýüñ ýene birnäçe kömekçi serişdeleri bar. Olar öýi apy-tupandan, harasatdan aman saklamak üçin gerek bolýar. 1. Direg - haçjaly, ýogyn, togalak, berk agaç. Tüýnük ýüpüñ içinden geçirilip, tüýnükden urulýar (direlýär). 2. Paýapyl - diregden gysga hem inçe, ujy haçjaly togalak berk agaç. Haçjasynyñ agzyna 4 ýa-da 6 uga ýeter ýaly togalak agajy kese goýup, ukdan urmaly. Uly harasatda 2-3 paýapyl urulýar. 3. Ýaba - uzynlygy 1 metr ýaly agzy haçjaly, diregden inçe, paýapyldan ýogyn, togalak berk agaç. Ol tärimden urulýar. Diregdir paýapylyñ ýanynda ýaba gotdujak, jortmaçja bolup görünýär. 4. Çöwşi - bu juda uly harasat turanda öýüñ daşyndan edilýän tanaply, mäkäm berkitme. Çöwşini, ine, şeýle gurnamaly: Öýüñ ykyş tarapynyñ edil düýbünden berk gazyk kakmaly ýa-da gömme etmeli. Şonuñ gabat garşysyndan, öýüñ ýele tarapyndan, 2 ädim öýden daşlykda ýene bir gazyk kakmaly. (Muny gömme etseñ bolmaýar). 15 gulaç urgany (ýüp, tanap) iki deñląp, ykyş tarapky gazykdan dañmaly. Dañylan urganlaryñ birini öýüñ tüýnüginiñ 0,5 metr öñünden, birini hem edil şol möçberde tüýnügiñ yzyndan salyp, ukdur-üzügiñ üstünden aşyryp, pugta çekdirip, ýele tarapky gazyga dañmaly. Soñ urganlary burgulamaly. 5. Urgan - öýe çöwşi etmek üçin, 15 gulaç (2 metre golaý) juda berk tanap. Urgany goýnuñ ýüñüdir geçiniñ çöpürinden darap, işýärler. Urgan 3 ýa-da 4 bükdürme bolýar. Her bükdürmesi burundykdan ýogynrak ýüpdür. Olary bükdürseñ urgan bolýar. Bu ýönekeýje serişdeler mukaddes öýi, mähriban ojagy tebigy howplardan aman saklamaga kömek edýär. Bu zatlary wasp etmezlik mümkin däl. - Öýleri tupandan gorar diregi, Ynsan gorap bilse, birek-biregi. - Ugumyñ söýgedi paýapyllarym, Sizi söýmän durup bilmez dillerim. - Gartmaçja siz ýabalarym, Misli goja babalarym. - Tupan gelse öýe çöwşi, Myhman gelse etgun söwşi. Bir ýelsizräk ýurtda, bütin bir oba geleñsizlik edip, urgan edinmändir. Bir gün hem turupdyr apy-tupan. - Her kim geleñsizlik edip, Hiç kim edinmändir urgan. Bir gün harasat gopanda Harap bolan külli gorgan. - Goýnum, ýüñüñden urganym, Minnetdar saña gorganym. - Gapyñda bolsun malyñ Myhman üçin söwüşlik Duluñda bolsun urganyñ Harasatda çöwşülik. Tarpýalar. Öýüñ gapysyna işigiñ daş ýüzünden tutulýar. Gamyş çykalyp, ýüzüne mata çekilýär. Eger bu serişde kilimden bolsa, oña gapykilim diýilýär. Ine, onuñ aýdymy: Meniñ adym tarpýalar, Myhmanym bar topar-topar. Ýagşy päl bilen gelýänler, Sesimi eşder müñ sapar. Bet päl bilen gelýän weli, Iru-giç pälinden tapar. VII. ÖÝÜÑ IÇINIÑ ATLARY WE OÑA DEGIŞLI ZATLAR ■ Gapböwür Gapydan gireñde sag tarapky böwür. Bu ýerde suw gaplary - meşikler, çelekler ýerleşýär. Suw meşikleri erkejiñ derisinden edilýär. - Suwda meşigiñ suwy, Ähli suwlardan gowy. Meşik sowuk saklar tomusda suwy, Tagamy ajaýyp, lezzeti gowy. - Kim meşigiñ suwun içer, Kesel ony görmän geçer. ■ Çemçetorba Gapböwürde dulda gerilgi durýar. Susaklar tärime gysdyrylgy bolýar. Kersen, gapak, okara we beýleki gaplar hem şu böwürde ýerleşýär. Bu agaç gaplar iñ oñat gaplardyr. - Sörtüge goý, guý-da, suwy kersene, Dem salymdan buz boluşyn görsene. - Kersende sowan suwy, Içseñ sypasy gowy. - Eýjejik zat, sen okaram, Habardar bol, etme karam, Goñşy senden razymy? Onda seniñ öwüldigiñ. Olar senden nägilemi? Şol gün seniñ döwüldigiñ. ■ Gorküýze Gapböwürde gap-gaçlaryñ sag tarapynda ýerleşýär. Gorküýzede düýe çaly tutulýar. Düýe çaly türkmeniñ esasy iýgi-içgisi bolupdyr. ■ Öý dulunyñ ýüki Gapböwüriñ sag tarapynda ýerleşýär. Ýük üçin telär gerek. Telär üçin bolsa 4 ýaba, iki kese agaç gerek. Teläriñ üstüne ilki artmaklary galdyrmaly. ■ Artmak Artmak - üsti çitme, aşagy kakma, agzy gözelýän, adaty çuwallardan has ýasy owadam gap. Agzy alaja ýüp bilen gözelýär. 4 burçy hem gotazly bolýar. Içine toý matalary, baýraklar salynýar. Ýüküñ aşagynda hökman 2 (goşa) artmak goýmaly. Ýeke goýulmaýar. Artmaklaryñ üstünden ulanylmaýan täze haly-palaslar, keçeler galdyrylýar. Soñ täze ýorgan-düşekler galdyrylýar. Artmak ýüke görk berýär. Şonuñ üçin "Artmakly ýük owadan" diýilýär. ■ Depböwür Dagda bitýän garadennan diýen ösümligi gaýnadyp, şondan uly küýze ýasalýar. Ol küýze ýagy oñat saklaýar. Ine, şol küýzä depbe diýilýär. Saryýagy depbä guýup, 7 ýyl ýerde gömüp goýsañ, soñ ol ýag ýüz derde derman bolar eken. Depbeböwre golçaböwür ýa-da ýagmeşikböwri hem diýilýär. ■ Golça Bu depbeden kiçi ýag küýzesidir. - Doly bolsa ýagdan golçam Huruş aladam bolar selçeñ - diýip, ýazda ýagdan şaýyny tutan hojalyklar arkaýyn aýdypdyrlar. ■ Ýagmeşik Erkejiñ derisinden taýýarlanylýar. Oña goýun ýagy, ýa-da saryýag guýulýar, üstüne-de toşap (bolsa çomujyñky, ýogsa-da garpyzyñky) guýulýar. Oña ALAÇALY ÝAG diýilýär. Könelerimiz muny iñ tagamly, iñ kuwwatly, iñ siññitli iýmit hasaplapdyr. "Myhman atañdan uly" diýen pederlerimiz gonagyny bugdaý çöregidir alaçaly ýag bilen hezzetläpdirler. - Çomujyñ toşabyny saryýag bilen, Alty aýlap ony meşige salan, Soñra ak bugdaýyñ çöregi bilen Iýen, ýaryşanda gulandan ozar. Ine, eždatlarymyzyñ datly tagamlarynyñ, gör, nähili gudraty bolan. Depbedir golçany ýüküñ teläriniñ aşagynda sag tarapynda, tärimiñ edil düýbünden bir garyş çukurjyk gazyp, depbedir golçany şoña salyp, gulplaryndan hem tärime dañyp goýmaly. ■ Agylböwür Gapydan gireñde çep tarapky böwür. Agylböwüre ýörite dokalan guzugamyş aýlanýar we içine owlak-guzy salynýar. Şonuñ üçin: - Ak öýümde agylböwrüm, Owlak-guzym, uly höwrüm - diýlen. ■ Azykböwür Agylböwrüñ sag tarapynda ýerleşýär. Bu ýerde içi däneli çuwallar, içi unly sanaçlar durýar. Harazdan (degirmenden) üwelip gelen ýa-da elde üwelen un sanaçda saklanylýar. - Gör, sanaja salan unuñ, Zada bolmaz ençe mütdet. Babalarmyz diýipdirler: "Sanaç gap bu duran şetdat". - Sanajyñ demi, Lukmanyñ emi. - Geçi, goýnumyñ derisi, Iri malymyñ hamy, "Haý" diýemde haraýym, Elim-aýagym ýaly. ■ Öýüñ töri Tör tärimleri bilen ojak aralygyndaky giñ boşlukdyr. Tör - öýüñ iñ görnükli we hormatly ýeri. Oña tärimler we ondan gerlip goýulýan owadan kakma, çitme çuwalçalar, at horjunlary, at torbalary, düýebaşlyklar, uly garçynçuwallar bezeg berýär. Türkmen iñ hormatly adamsyny töre geçirýär. - Türkmen töre geçir gelen myhmany, Türkmeniñ gonagy şol öýüñ hany. ■ Ojak Bütin maşgala ojagyñ başynda ähli şatlyk-gaýgysyny paýlaşýar. Birek-birek bilen ysnyşyk şu ýerden başlanýar. Ähli duz-tagamlar ojakda bişýär. Türkmen üçin duzdan uly zat ýok. Şonuñ üçin ojak mukaddes hasap edilýär. - Halal gerekdir saçaklar, Mährem gerekdir ojaklar. Kim iýen duzuna kast etse, ol gönenmeýär: - Kast eýleseñ ojak-duza, Bir gün bagtyñ çöker buza. VIII. ÖÝÜÑ DÜŞEGI ■ Ojakbaşy П kirilisa harpy görnüşinde, ojagyñ başyna ýazylýan uly keçe. Onuñ iki gapdaly, bir töri bolýar. Ortasynyñ oýuk ýeri ojaga niýetlenen bolýar. - Üç keçedir ojakbaşym, Üstündedir içim-daşym. Gapböwürdir agylböwüre ojakbaşynyñ üstünden keçe ýazylýar. Töre ojakbaşynyñ üstünden haly, palas ýazylýar. IX. ÖÝ GOŞLARY ■ Garçyn-çuwal (artmak) Dulda tärimden gerip goýsañ, onda oña garçyn-çuwal diýilýär. Ýüküñ aşagynda goýsañ, oña artmak diýilýär. ■ Çuwallar Çuwallar - kakma bolýar. Bular däne gaplary hökmünde ulanylýar. Çuwallar çitme ýa kakma bolýar. Çitme çuwalçylar törde tärimden gerilgi durýar. Kakma bolsa gap hökmünde gündelik durmuşda ulanylýar. ■ Ikselikler Öý ýüküniñ sag tarapyndan tärimden gerilýän ýa çitme, ýa kakma edip dokalan, aşak gyrasynyñ seçeginiñ ujy gotazly owadanja torba. Içinde gelin-gyzlaryñ ikleri, ikbaşlary, pişgeleri bolýar. Öýde birnäçe gelin-gyzl bolýar. Olaryñ her haýsynyñ bir ikseligi bolýar. ■ At horjun Çitme ýa kakma bolýar. Ulanylýan horjun çep şatärimiñ gapa golaýrak heregiñ (haçjalarynyñ) birine gysdyrylgy durýar. Galan 3-4 sanysy bezeg üçin törden gerilgi durýar. Gelinler owadan-owadan at horjunlaryny dokap, gaýyn eneleriniñ eline berer ekenler. Mähriban eneler bolsa gelinlere berekella berip, owadan at horjuny sypalap-sypalap: - At horjuny apalap, goýsam atyñ ardyna, Duşmanlara haýbat ol, doga dostuñ derdine - diýip, nagma düzen bolsa, köpi gören agras gojalar: - Bedew atyñ sagrysynda horjuny, Ganym görse goç ýigidiñ gyr jyny - diýip, hiñlener ekenler. Ganatly kepderiler ýaly gursagy ajaýyp arzuwlardan doly gelinler bolsa: - Altyndan bolsun horjunyñ, Ýagşylyk bolsun görejiñ - diýer ekenler. ■ At torba At torba - kakma, ýa çitme bolýar. Gapynyñ, çep tarapky şatärimiñ 2-nji ýa 3-nji heregine gysdyrylgy durýar. Ol gapa golaýjak bolansoñ, hemmäñ gözi şonda bolýar. Bu babatda ýigitler: - Şatärimde at torbam, Bolmaz seredip irmäm. Goç ýigidiñ enesi: - At torbaña döneýin, şatärimden asylgy, Il-gününiñ hossary, iner oglum asylly. Gelni: - Şatärime bakamda, at torbañy göreýin, Bedew atyñ iýmini, ýarym özüm bereýin. - diýer ekenler. Ulanylmaýan at torbalar tör tärimlerinden gerilgi durýar. Düýebaşlyklar, düýehalyklar, düýedyzlyklar, kejebetutylar, gelintutylar tör hem dul tärimlerine bezeg berýär. X. ÖÝ WE GÖÇ Malyñ ýagdaýyna seredip, çarwa häli-şindi täze örülere göçmeli bolupdyr. Göçde täze gelimli öý kejebe guraýar. Içine hem täze gelni körpeje baldyzlary bilen mündürýärler. Kejebe göçüñ iñ öñünden ýöreýär. Baryljak ýurt daşrak bolup, erkek kişileriñ biri göçi gatyrak (tizräk) çekmeli diýse, kejebedäki gelniñ gaýyn enesi: - Kejebede hazaba Begim çykma gazaba - diýip, bu owadan sazlaşykly sözleri aýdyp, kejebeli göçi gyssap çekmeli däldigini, kejebedäki gelni ynjytmaly däldigini, onuñ agyraýak bolaýmagynyñ mümkindigini añladypdyr. ■ Hazaba Hazaba - gelinleriñ geýýän, alynşaý dakylan owadan, uzyn börügi. ■ Gerege Gerege - öýüñ süññi, tärimler, uklar çykalyp düýä ýüklenilýär, üstünden hem tüýnük (ýüküñ ortasyndan) goýulýar. Bu ýüke gerege diýilýär. Gerege ýüklenýän mala-da gerege ineri ýa-da gerege erkegi diýilýär. Geregeli kölügi bar adam göçmeli bolanda, kän mätäçlik çekmez eken. Geregäni hemme mal götermeýär. Göteräýende-de ony çem gelen mala ýüklemek howply. Sebäbi gerege öýüñ agaç esbaplaryndan - iñ näzik serişdelerinden ybarat. Ony gylyksyz, häsiýetsiz mala ýükleseñ, üstündäki ýüki harap etmegi mümkin. Gerege kölügi iñ asylly, iñ ýuwaş, iñ güýjermen inerden ýa erkekden tutulýar. Gerege kölügi mallaryñ iñ hormatlysy hasaplanýar. Gerege köligine sögünç sözler-ä däl, asyl gaty-gaýrym söz hem diýmeli däl eken. Bir gezek, ir ýazyñ başynda, täze ýere göçülende, barýan göç bir sebäp bilen säginende, üsti geregeli inerlerimiziñ biri (inerleriñ tüýs porhan bolup kükreýän esrik mahaly) abşanlap, kümpüjiji has aşak goýberip, çyrpynmaga durýar. Şonda dädem: - Wah, geregäni ardyna aljag-ow, bedähet - diýýär. Dädemiñ bu gatyrganmasyny kakam eşiden eken. Täze ýurda barlyp, sag-aman ýerleşeninden soñ, kakam dädemi ýanyna çagyryp, mazaly käýäp, çopana 3 gün dynç berip, onuñ ýerine dädemi goýna iberýär. Dädeme beýle berk temmi berilmeginiñ sebäbini soñ ejem şeýle düşündirdi: - Türkmeniñ öýi, ojagy mukaddes hem keramatly hasap edilýär. Şol öýdür-ojagy göteýän inerdir erkege - gerege kölügine ýuman agzyny açmak bolmaýar - diýdi. Munuñ şeýledigine: - Il içinde beg ogly dek läligim, Göç gününde geregelik kölügim. - diýen sözler hem doly güwä geçýär. ■ Uk ujy 30 ukdan, 2 dañy uguñ ujuna (başyna) geýdirilýän, çitme ýa kakma, gyralary owadan gotaz seçekli, baglary alaja ýüpli; owadan torba. Ol geregäni owadan, gelşikli görkezýär. Ine, munuñ aýdymy: - Geregede uk uçlarym, Gelşigne geler göçlerim. Tiz-tizden, birsyhly gaýtalanyp duran adaty çarwa göçüniñ ählisinde täze gelne tä bäbekleýänçä kejebe gurnaýan halkyñ, ýönekeýje göçüp-gonmasynyñ hem öz aýratyn bir keýpi, şowhuny bolupdyr. Şol döwrüñ adamlary bir söý bilen ilinden aýra düşende: Kejebeli göçler, gelinli göçler, Sizi ýatlanymda iñlär dur içler - diýip, ömürbaky ýatlap gezer eken. XI. KEJEBE ÜÇIN ESBAPLAR 1. Düýebaşlyk - kejebe erkeginiñ kellesini, boýnuny bezeýän, guramadan edilen uçlary seçekli, owadan esbap. 2. Düýedyzlyk - kejebe erkeginiñ dyzlaryny bezeýän gyrasy seçekli, uçlary gotazly owadan gurama, mawut mata. 3. Düýehalyk (kejebehalyk) - howutly, halykly kejebe erkegine gelniñ sep artmaklaryny ýüklemeli. Üstünden düýehalyga - kejebehalugy oklamaly. Bu örän owadan, ýa çitme, ýa kakmadyr, eger mawutdan bolsa erñegine bir sere ýaly owadan seçekli çitme parawuz tutulýar. Sep palas ýa halyny uzaboýuna dört epläp, ýüküñ üstünde, içini giñişlik edip, tegeläp goýmaly. Öñ tarapyndan hataba, yz tarapyndan howuda, iki ýan tarapyndan ýüküñ baglaryna berkitmeli. Üstünden (ýüregiñ üstünden) hem kejebe gurnamaly. ■ Kejebe Gamyşdan ediýär. Uzyn gamyşlary egreldip, ýokarsyny dañyp, aşagyny ýüregine berkidip, üstünden hem ak tuty, gelin tutusyny oklamaly. Kejebäniñ janyny gelniñ depesine degmez ýaly edip, kejebäniñ süýr depesiniñ ortasyndan dakmaly. Içine hem gelni mündürmeli. Kejebäni üç kerem mañlaýyna sylyp: - Bissimilla, çüw, janawer - diýip, kejebe erkegini emaýlyk bilen turuzmaly. Burundygyny sag eline alyp, ýene bir kerem "Bissimilla" diýip, sag aýagyñy öñe ädip, ýöräp gidibermeli. XII. KÄBIR DÜŞÜNDIRIŞLER ■ "Söýenişen ýykylmaz" Bu nakyl öýüñ agzalarynyñ mysalyndan gelip çykypdyr. Tüýnük uga söýenýär, uklar tärime söýenýär, tärimler bir-birine söýenýär. Şeýlelikde, bir-birine hemaýat berip, söýenişip, ýykylman durýarlar. ■ "Öý ýagdaýyña bakar, tam zehiniñi ýakar" Bu pähimiñ peýda bolmagy nämedenkä? Öri meýdanlarynyñ ählisine ýagyşdyr gar deñ ýagmaýar. Çarwanyñ malyna bolsa otluk meýdan gerek. Nirä ýagyş köpräk ýagan bolsa, şol ýeriñ öri meýdany otluk bolýar. Öýüñi çözüp, düýeleriñe ýükläp, otluk örä tarap gidibermeli. Öýüñ ýerine tam bolsa, zehiniñi ýakyp oturmaly. ■ "Gola sygan öýe sygar" Bir öýüñ içine 2-3 gelinli tuty, 7-8 çagañ, 20-30 körpe owlak-guzyñ, 2-3 myhmanyñ bilen sygyşmak bolýar. Şonuñ üçin "Gola sygan öýe sygar" diýilýär. ■ "Öý keramat, tam garamat" Hudaý saklasyn, ýer goduklasa, tamda ýaşaýanlar üçin uly howp. Öýde ýaşaýanlaryñ bitiniñ burny hem ganamaz. "Öý keramat, tam garamat" diýilmegi hem şonuñ üçin. ■ "Çagarykda tüýnük ýüpüm, şonuñ bilen öýüm gaýym" Tüýnük ýüpden berkitme etmek. Öý hakyndaky nakyllaryñ birinde "Çagarykda tüýnük ýüpüm, şonuñ bilen öýüm gaýym" diýilýär. Uly apy-tupanlarda tüýnük ýüpden çuwala ýa suwluk torba (suw meşigi salynýan uly torba) gum guýup, asylyp goýulýar. ■ Öý eşigi 7 ýalñy diýmek näme? Ýaz aýlary owlak-guzy örñeýän wagty, tomus aýlary öýde dokma ýüwürdilýän mahaly, öý ýaýbañ tutukýar. Şonda tärimler giñden aýylansoñ, uly durluklar tärimiñ daşyna ýetmeýär. Şonda goşmaça ýetimdurlugy hem tutmaly bolýar. Şeýlelikde, öýüñ jemi eşigi: - 4 uly durluk, 1 ýetimdurluk, 2 üzük, jemi 7 ýalñy bolýar duruberýär. ■ Törden gapy açmak Tomus aýlary öýde uly dokma ýüwürdilende törtärimleriñ arasyndan ýönekeý usulda gapy goýulýar. Işiksöýe ýerine her tärimi bir ýaba berkitmeli. Ýabany bolsa ýere çukur gazyp dikmeli. ■ Ebşit. Ebşidi açmak Ebşit - durnuklaryñ sepleşýän ýeri. Uly çabga hem harasat wagfy çyg odun ýakylsa, tüssäni serpigi açman ebşitden çykarmaly. Muña SEPIŞIK hem diýilýär. ■ Gömme Öýe çöwşi edilende gazygyñ deregine edilýän berkitme. Iki garyş ýaly berk agajyñ ýa demir gazygyñ ortasyndan ýüpi berk dañyp, dyz boýy çukur gazyp, ýañky ortasyndan ýüp dañylgy gazygy şol çukuryñ içinde ýatyryp goýup, ýüpüñ ujuny çukuryñ ortasyndan ýokary çykaryp, çukury gowy edip, synçgylap gömmeli. Bu berkitme gazykdan has berk bolýar. # nesil_97 | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||