13:37 Azymberdi Kakaýew | |
AZYMBERDI KAKAÝEW
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Azymberdi Allaberdiýewiç Kakaýew, türkmen şahyry, ýazyjy, dramaturg. Azymberdi Kakaýew 1977-nji ýylyñ 22-nji martynda Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow etrabynyň Beruni daýhan birleşiginiň Mehinli obasynda daýhan maşgalasynda dünýä indi. A.Kakaýew 1983-1994-nji ýyllarda şol etrabyň 48-nji orta mekdebinde okady we mekdebi tamamlan ýyly Aşgabat şäherindäki Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetine okuwa kabul edildi. A.Kakaýew döredijilik dünýäsine talyplyk döwründe başlady. Şol ýyllarda onuñ "Intizar", "Nijeme ýyllardan soň", "Ene ýüreginiň howsalasy", " Toý", "Söýgi" ýaly birnäçe hekaýalary döwürleýin metbugatda yzygiderli çap edildi. 1998-njy ýylda instituty tamamlan Azymberdi Türkmen milli teleradiokompaniýasynyň “Şowhun” bölüminiň redaktory wezipesinde işläp başlady. 1999-nji ýylda “Garagum” žurnalynyň poeziýa we proza bolüminiň redaktory bolup işledi. A.Kakaýew şol ýyllarda diñe bir goşgudyr, hekaýa ýazmak bilen çäklenmän, eýsem birnäçe pýesalary hem ýazmaga ýetişdi. Esasy işiniň daşyndan Türkmen döwlet Medeniýet inistitutynda, “Watan” radiýoýaýlymynda hem işledi. 2004-nji ýylda Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginiň teatrlar bölüminiň esasy hünärmeni wezipesinde, soňra şol bölümiň başlygynyň orunbasary, Teleradiýoýaýlymlar bölüminiň başlygy wezipelerinde işledi. 2006-njy ýylda “Diýar” žurnalynyň redaktory, 2007-nji ýylda Oguz han adyndaky “Türkmenfilim” birleşiginiň režissýory, 2008-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň Edebiýat bölüminiň müdiri wezipelerinde işleýär. Soňra Daşoguzyñ Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet-sazly drama teatrynda birnäçe ýyllap zähmet çekdi. A.Kakaýew birnäçe ugurda we birnäçe jogapkärli wezipelerde işlese-de, döredijilik işinden birjigem daşlaşmady. Şol ýyllarda onuñ ençeme goşgulary gazet-žurnallarda çap edildi. Onuñ "Buýsançnama", "Sen bolmasaň ýanymda", "Seni bir gün görmesem", "Seni gözledim" ýaly birnäçe yşky-liriki goşgulary aýdyma öwrüldi. "Bir Selbiniň yşkynda", "Ependiniň emgegi", "Toý", "Bir günüň aladasy", "Jadyly tüýdük", "Gülçeçek" "Amul söýgüsi" ýaly birnäçe pýessalary ýurdumyzyň dürli künjeklerinde halk köpçüliginiň gyzgyn söýgüsini gazandy we häzirem teatr sahnalarynyñ repertuaryndan düşmän gelýär. A.Kakaýew öýlenen, maşgalaly. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |