BAGYR AWUSY
— Goşa kakdaky çopan-çoluklaryň halyndan habar alyp durmaga-da, elim ýetenok-da, Çary aga! Ýogsam ozalky baryp-gaýdalym bärem ýoňsuzja wagt geçäýen eken — diýip, Aşyr perme iş otagyna giren daýanykly, aramdan ýokarrak göwresine aşa erk edip bilýändigi görnetin bildirip duran ýaşuly bilen ikelläp görüşdi. Saglyk-amanlyk soraşansoň, oňa oturmaga ýer görkezdi.
— Sylag-hormatyňa Taňryýalkasyn, inim! Bu mahal aýagyňy uzyn salyp oturmaly wagt däl. Agyr sürüň garamaty başyňdaka, donuňy galgadyp, obada ülpüldäp çorseň geňlän köpeler. Eýsemde bolsa bizi bu ýere mežburlygyň getirendigini, süýnjerşip oturmaga-da mütdetiň ýokdugyny menden gowy bilýänsiň?! Heý-de bir agyr süri munça wagtlap baş çopansyz goýlarmy, pikir edip gör-ä oglan sen. Ynha haý diýmänem mallaryň döli düşüp başlajak.
Halyp çopanyň janagyryly sözleri Aşyr permäni aljyratdy:
— Siz mamla, Çary aga! Baş çopan bolmaga döwtalap tapylmansoň, ýene-de Derýany ýollamagy makul bildik. Gollap, göz-gulak bolarsyňyz-da!
— Ýagşy iş edipsi ňiz! Adam gönertlemekden ýeňil pişe ýokdur,inim! Şoňa ählijämiz aňryýany bilen düşünýäsem-le welin, adamyň tebigaty şeýle-dä, kä mahal bojumyzy unudaýýarys –da. Häsiýetindäkl ol ýa bi ýetmezi üçln bir gyra oklanan adamyň soňky berjek ezýetiniň hele-müçük bolmajakgyny hemmämizem bilýäs. Emma oňa ynanyp, ýalňyşany ýola saljak bolmaga derek, yňan ugrumyza gidiberýäs. Hany, birek-birege hemaýat, hany goldaw! Haýryň nireden geljegini unudýas. Ine, biziň bärden gaýdýn ýerimiz. Boljak iş bolandan soň «ol eýle, bu beýle» diýip, oturman, kem-käsiňi düzetjek bolmaly. Meniň siziň ýanyňyza gelmegimiňem baş çebäbi şo meseledi. Derýany baş çopanlyga iberiň diýmekdi.
— Ömrüňiz uzak bolsun, Çary aga! Derýanyň nä jüre adamdygyny sizden gowy bilýäs diýsek ýalançy. Siz onuň etmişini bagyşlan bolsaňyz hakyky adamkärçilik etdigiňiz. Men-ä dogrusyny aýtsam şondan göwnüm suw içenok. Ýone agalary sakgallaryny sallap gelip duransoňlar, ýüzlerinden geçip bilmedim. Ylalaşmaly boldum.Kolhoz başlygam garşy bolup durmady. Sizem ynha tüýs halypalyk sözüňizi aýtdyňyz!
— Onda inim, gulak goý,gürrüň şu ýerde galsyn! Bardy-geldi Derýaly meselede ikimiziň gürrüňimiz onuň gulagyna iläýse, bizden hemişe howatyry artar, onsoň hak-u –nähak hereketini gizlejek bolup, ýene bela-beteriň üstünden barmagy ähtimal.
— Köpi göreniň gürrüňem üýtgeşik bolaýýar-diýip,Aşyr perme bir wakany ýadyna saljak bolýan ýaly ikirjeňlendi.Ony duýan halypa çopan öňürtdi:
— Aslynda häsiýet diýilýan zadyň ýagşysam, ýamanam dura-bara ýüze çykýar. Gözümiziň alnynda edilýän bişeýkel hereketlere şo pursat gabak galdyrman , soň «ah» uranymyzyň nepi näme? Ýarsgynyna giden agajy dogrulajak bolup çekjek hupbatymyzy özümizden başga bilen bolmaz.Suw seňrikden agmanka bitirmeli işimizi soň etjek bolup ot-elek bolýas.
Çary Halylyň janygyp aýdan sözleriniň ganyny gaçyrman pikir eleginden geçirip oturan Aşyr perme gönüledi:
— Hak söz halypa, owarramçylygymyzyň çägi ýok. Aýdyşyňyz ýaly Derýanyň ozalky etmişlerini wagtynda ýazgaryp, geçirimlilik etmedik bolsak, ol bu gezegem beýle ýagdaýa düşmese-de düşmezdi...
Permedir Çary çopanyň göz öňlerinde mundan iki-üç ýyl ozal bolan wakalar janlanyp başlady...
Obanyň çekene çopany Derýany alaga-da kolhozyň agyr sürüsine baş çopanlyga bellediler oturyberdiler.Al, sana gerek bolsa. Entek çopançylyň abyny-tabyny alyp ýetişmedik, üstesine—de öňem obada kakabaşlykda ýakasyny tanadan oglan muňa bir hili eselen ýaly bolaýdy. Agyr süriniň jogapkärçiliginden beter hak-heşdeginiň ýokarylygy, ozalkysy ýaly bir kel toklusy ýitäýse üstüne ganyny gaçyryp duranyň ýoklugy oňa meçew berdi.Onsoň köneler aýtmyşlaýyn «bilmäsiň, bileniňkä-de gitmäsiň» diýenleri boldy. Bara barmana hiç kime sala salmazdan çopan goşuny beýleki goşlardan ep-esli uzaga göçürdi. Çolugydyr orunbasarynyň «Soňky döwürler şo ýerde «şol artyp» köpelipdir.»Gündiziň günortany olja agtaryp seňkildäp ýorenini telim ýola gördüm» diýýänem bar.Bir zadyn üstünden baryp oturbermäliň diýen howatyrlanmalaryny ýaňsylap güldi:
— Päheý-de weli, «Serçeden gorkan dary ekmez» diýip eşitmänmidiňiz. Öýüň içi ýaly ýerde bir topar maly gyrgyna salyp ýorenden göçen ýagşy. O petigaralary barsak ulukjyn açdyrarys, görerisiňiz kimiň rüstemdigini. «Ogluny olja, gyzyny ýesir» alarys welin, gyýmyldary bolasy ýok.
Derýa töweregindäkileriň närazylygyna garamazdan gepini gögertdi. Bir günem ene möjegiň süreniniň wagtlaýynça goragsyz galnyny aňyp, onuň ýaňja gözleri çyzylan çagajygyny horjunynyň gözüne oklap, çopan goşuna tarap ýumlukdy.Ähli başagaýlyk şondan soň başlandy.Bagyr awusyny çekmek diňe bir ynsan üçin däl, haýwan üçinem çökder ýük eken. Ene mojegiň şol günlerde çeken derdini diýip aýdar ýaly däldi. Ol ikiýana çarp urýardy. Töwerek daşdaky ähli hindir sürenlere okdurylyp girýärdi-de, girişi ýalam götinläp çykýardy. Gabarak ot-çöpleriň düýplerini ysyranyp, diňşirgenýärdi-de sessiz, ýere seredip durýardy. Soňam Derýa çopanyň giden ugruna tarap ýüzüni galdyrman ylgaýardy. Emma uç-derek tapyp bilmän,lapykeç halda garysyny ýassanyp,umytsyz golerini bir nokada dikýärdi. Ene möjek töwerege bir süri goýnuň gelenini aňýardy. Ýone sürä galtaşmansoň entek onuň hojaýynlaryndan ýamanlyga garaşanokdy.
Ene möjegiň syzgyrlygyna haýran galaýmalydy. Ysyrganyp, daş-töwerekden hiç zat aňyp bilmänsoň ol hasam hyýrsyzlandy. Dişlerini çarhlap, çopan goşunyň töwereginde köwejekläp başlady. Goýun sürüsi her gün daň saz berenden örä çykyp, bu ýerden ep-esll menzil ara açandan soň-a ol hasam eýemsireýärdi. Çalmaryň taýak atym golaýynda gizlenip, bolýan hereketrleriň birini sypdyrman synlaýardy. Çagajygy bilen baglanyşykly bir ahwalat ýüze çykar öýdýärdi. Emma netije ýokdy.
Derýa möjek çagasyny ele salandan soň ony çalmaryň yk ýüzünde çuň çukur gazyp gizläpdi. Oňa geçi süýdüni bermegem hiç kime ynananokdy.Özi gelip körpejiň agzyny açmasa, başgalaryň ony ellemäge-de ygtyýary ýokdy. Bir gezek möjek çagasyna süýt bermegi çolugyna ynanan Derýanyň gaty gahry geldi. Oňa-da çolugyň: «Geçi syýdüni emip ulalan mojek çagasy lellim bolaýmasa ýagşydyr» diýen sözleri sebäp boldy. Derýa onuň al petinden aldy:
— Süýt bilen suwuň tapawudyny bilmeýän nadan üçin şeýle bolup görünýän bolaýmagam ähtimal.
Çoluk muny öler ýaly gaty çördi. Emma onuň häsiýetne ýetik bolansoň, dilini dişläp oňmaly boldy.Aradan iki gün geçdi. Çagasyndan uç- derek tapylmansoň ene möjegiň haly harapdy. Ol indi başyna inen ähli muşakgatlygyň şu ýere çopan goşy göçüp gelenden soň başlanandygyna kemsiz ynanýardy.Şoňa gorä-de aryny köýdürmezligi ýüregine düwüpdi. Ýeriň pessi bilen diňe Derýanyň sürüsini yzarlaýardy. Ony nirede bolsa tapýardy. Edil biri salgy berýän ýalydy. Ýogsam, töwerekde başga-da del süri bardy ahyry.
Ene möjek indi bardygyny aç-açan bildirip başlady. Ozem ýeke däldi.Ýanynda dişleri syrtaryp duran,tüýlek çal möjegem bardy.Wagtal-wagtal peýwagtyna gezip ýoren goýunlar birden bir ýere hüwwe üýşüp, galdyraşyp başlaýardylap. Bir howpuň abananyny duýan itleriň jabjynmalary artsa-da, edil ähli zada özleri sebäpkär ýaly müýnli görünýärdiler. Olaryň sazanaklap duruşlaryna jany ýanan Derýa gargynjyraýardy:
— Iýeni haram bolan ýal ýagylary, duruň züwdüriňde şeýdip! Ýeri, saňa dag-a «Peleňem» diýen bolýalar,at zaýasy, pişikçe-de ýok ekeniň-ä, sen! Dur baraly, entejik, şojagaz möjek çagasy bir ýetişsin, siziň ýoguňyza ýanaryn onsoň.
Hojaýnynyň sözleri ala-böle Peleňe ýokyş degdi. Ol sesini tapba kesip, yzyna gaňryldy, soňam nägilelik bilen h-ol beýläk süýüşdi-de garysyny ýassanyp ýatyberdi.
Gün geçdigiçe Derýanyňam ýoldaşlarynyňam derdeseri aprdy. Hernäçe jür bolmaga çalyşsalaram sürüden her gün diýen ýaly mal gidýärdi. Ýaraty bolup galýanlarynyň hem sany köpeiýärdi.Öri zol-zol çalşylsa-da çäre bolanokdy.
Derýanyň ýoldaşlaryny köteklemekden, itlre gargynmakdan başga oňarýan zady ýokdy. Aýratynam Peleňe gaty daraýardy. Ol güjükligine-de köp dalanypdy.Bir gezek dagy,entek gözem doly açylman çal-çul bolup durka gyrymsy oglanjyklaryň enesiniň gözüne güýdüşip, alyp gidip, görkezäýen görgülerini diýsene.Zordan çekip çydady. Bir ýagşy pälli adam gabat gelp, oýüne alyp gaýtmadyk bolsa, soňunyň näme bilen gutarjagy belli däldi. Ýetimligiň agyr ýüküni çeke-çeke şu güne ýetdi. Ak ýürek bilen hyzmat edip,özüne «Peleň, Peleň» diýdirdi. Ynha indem gelenine bäş gün bolmadyk täze eýesi, ony sansyz edip goýdy oturyberdi.
Derýa bolýan ýgdaýlardan hernäçe çykalga agtarýarsa-da, kelebiniň ujuny ýitiripdi. Oňa orunbasarynyňam, çolugynyňam janygyp aýdýan sözleri täsir edenokdy. Gaýtam olary zat bilmezlikde gönertleýärdi. Özüni gollamaýan, bilgeşleýin abraýdan düşürmekçi bolýan hasap edýärdi. Ynamsyzlykdan, halys bez bolan çoluk taýagyny taşlap gidibermäge-de hyýallanýardy. Ýone özynden bir sanaç uny artyk iýen orunbasar:
Beýtsek ikimiziňem iýen duzumyzy depdigimiz bolar. Bu gün erte obadan adam geler, halymyzdan habar alarlar. Bu ýagdayda mallary taşlap gitsek, dilsiz- agyzsyz janawarlara hyýanat etdigimiz bolar. Gel, gowsy ikiumiz bir çykalga agtaryp, ýagdaýy düzetjek bolaly. Mallary bu musallatdan halas etmegiň alajyny agtaraly –diýdi.
Çoluk birnäçe gün bäri özüni aldym-berdime salyp ýören ýagdaýy aýdyp,içini dökmäge maý tapylanyna iki bolup bilmedi. Ol demi- demine ýetmän sojady:
— Belanyň körügi baş çopanda.
Çolugyň sozleri kärdeşini içýan çakan ýaly etdi. Ol bu näme diýdigiň diýen terzde agzyny oweldip galdy. Çoluk bolup geçen zatlary bolşy ýaly gürrüň berdi.
— Sebäpsiz çöp başynyň yranmaýanyny-ha bilýäsem-le welin, beýle-beýle zatlary göwne getimejek bolup kösenişip ýörüs-dä. Ata – baba şol»peläketleriň» goýun sürüsini yklap, agzyny suwardyp ýörenini bilýäs. Ýöne beýdip açgözlülik edip ýörenini göremizogam,eşidemizogam.Elbetde,bagyr awusy näme etdirmez, oňa-da düşünmeli.
— Näme etmeli bolsa men taýýar-diýip, çoluk ýuwdundy.
— Etmeli zadyň...
Orunbasar çopan yzyny aýtman sägindi. Bir meýdan pikirlenip durandan soň, aýgydyny aýtdy:
— Wagt ýitirmeli däl.
Baş çopan öňki endigine görä bu günem goşa gidipdi. Onuň dolanmaly wagty golaýlapdy. Peleňem daş töwerekde görnenokdy. Çoluk orunbasardan berk görkezme alandan soň, baş çopanyň gelerine-de garaşman, ýola düşdi. Onuň gara gaýgysy ýolda Derýa bilen gabatlaşmazlykdy. Oňa Peleňem zerup gerekdi. Oňa garaşyp durmaga wagt ýokdy. Onsoň orunbasara «Peleň görünse yzymdan ugradaý» diýdi-de bahanalyk suw çeleklerini inere ýükläp ýola düşdi.
Çoluk düýp goşa gelende entek iňrigem garalmandy. Çalmaryň töwereginde galan yzlar bu ýerden gidilenine onçakly uzak wagtyň geçmändigini aňdyrýardy. Çoluk inerden düşüp çalmara tarap ýönelende onuň gulagyna itiň çalaja hyňranyp bir zat bilen megullanýan sesi eşidildi. Çoluk diňşirgenip durşuna diline gelenem şo boldy:»Peleň» diýip gygyrdy. Peleň ylgaşlap gelşine çoluga gysymyljyrady. Soňam gelen ýerine tarap gaňrylyp çalaja «wow,wow» etdi. Töwerekde başga adam görmänsoň jany aram tapanam bolsa hüşgärligi elden bermedi. Çalmaryň atgaýtarym daşyna aýlanyp, janyny barlady. Ol muny diňe bir Derýa çopandan gorkusyna däl, esem ene möjegiň bu ýerde häzir bolaýmagyndan howatyrlanyp edipdi.Şundan soň çoluk Peleňiň gizlenip Derýanyň yzyna düşüp gaýdandygyny aňdy. Töweregiň ygtybarlydygyna göz ýetiren Peleň mojek çagasynyň saklahýan körpejiniň üstüne sürlen gumy aýaklary bilen peşäp başlady. Çoluk it janawaryň bolşuna haýran galdy. Bir çalymdan körpeçäň üsti açyldy. Onuň düýbünde igli garynlaryny geçi süýdünden tyňkardan mojek çagajygy çylpyklap duran gözlerini açalak-ýumalak edip, üstlerine düşen gün şöhlesinden goranmakçy boldy.
Peleňiň möjek çagasyny halas etmek üçin bolşuny synlap duran çoluk gözlerine ynanmaýan ýalydy. «Be, bu janawarjygy haýsy ýol bilenem bolsa enelerine gowşurmagy mäňa tabşyrdylarmyka diýýärdim welin, Peleňiň bolşy maňa gaýra dur diýýän ýaly-la» diýip, pikir eden çoluk «soňuna çenli syn edip duraýyn» diýen karara gelenem bolsa, gol gowşuryp durmagy özüne uslyp bilmedi. Möjek çagasyny körpeçeden çykaryp,endamyndaky, ýüz-gözlerindäki çaň-tozany emaý bilen kakyşdyryp, ýerinden turdy. Peleň çoluk çala bir gapdala çekilenden mojek çagasyny ysgasdyryp gordi. Ýyly dem ýüzlerine urandan onuň hereketi üýtgedi. Enesidir öýtdüp birbada oňa gysmyljyrady. Soňam ysgynsyzja aýaklary bilen patdyk-puduk bir gapdala süýüşdi. Peleň çolukdan öňürtdi. Ol dişleri bilen möjek çagasynyň gerşinden mäkäm tutup, mojegiň sürenine tarap ylgaşlap ugrady. Çolugam egri taýagyny alyp onuň yzyna düşdi. Ol Peleňiň edýän işiniň juda howpludygyny, eger şu ýagdaýda ene mojege daga pete-pet geläýse, başyny aman gutaryp biljegem gümanady. Bolup biläýjek zatlary hakydasyna getiren çoluk:
—Peleň, Peleň, çaklan –diýip howsalaly seslendi. Peleň bir säginip, yzyna gaňryldy-da ýene haýdap başlady. Ep-esli meýdan geçensoňam çolugyň haýdaşlap gelýänini gorüp, hyrra yzyna öwrüldi-de agzyndaky möjek çagasyny ýere taşlap, üýrüp başlady. Bu onuň çoluga «gelme, yzyňa dolan» diýdigidi. Ýagdaýa belet çoluk:
— Seresap bol. Peleň- diýdi-de amatly ýer peýläp , garawullap başlady.Peleň ylgap barşyna möjek sürenine ses ýetimde saklandy. Möjek çagajygyny emaý bilen ýerde goýup, yzyna öwrüldi. Özüniň häkimlik edýän jelegaýlarynda it sesiniň, onda-da öňden tanyş sesiň eşidilmegi diňe ene möjegi däl, onuň ýaranlarynyňam üşerilişmeklerine sebäp boldy. Ene möjek süreninden atylyp çykyşyna ses gelýän tarapa okduryldy. Ylgawyny ýazdyrman gelşine, edil öň ýanynda sandyrap duran çagasyna gözi kaklyşandan, saklanjak bolanda badyna tüwdürip gitdi.Göz açyp ýumasy salymda ýerinden turup çagasynyň daşynda pelesaň kakdy. Onuň ýüzüni –gözüni ýalaşdyrdy, tumşujyklaryny ysgaşdyrdy. Sonam ýeke goýdy-da garasy ýitip barýan Peleňiň yzyndan seredip durdy...
Derýa garaýataga dolanyp gelende entek gün ýaşmandy. Goşda iňlär siňegiň ýokdugyna gözi ýetensoň, onuň iňkisi artyp başlady:
— Orunbasr-a goýnuň yzyndadyr. Çoluga näme jyn urduka? Agşamky «garaşylmadyk myhmanlar» başagaý edäýämikä –diýen oý-pikirler bilen çalmaryň golaýyndaky depä çykyp,sürüniň örä giden tarapyna ellerni kölegeledip kop seretdl. Uzakdan eşidilýän jaň sesi süriniň başbitin,parahat otlap ýörenden habar berýär diýäýmeseň başga üýtgeşik bir alamat duýlanokdy. Ozalam-a bir iş edip gönendirmeýän Derýanyň Iňrik kemsiz garalýança zat bilen seri bolmady. Içi eljuk diýip duransoň uwlunyp çydapbilmän, çaý- naharyň uguna çykdy. Ataran çopan çorbasynyň gaýnamy ýeteňkirläberende, gara taňkany suwdan dolduryp oda goýdy. Oýlugyny ýazyp, gerekli goşlaryny bir ýere çugdamlady. By mahal ýataga getirilen mallar uly yzlaşyk bolup,owlak-guzularyny tükelläp, ýatjak ýerlerini peýleýärdiler.Eke özi goşa tarap ýönelen orunbasaryny sowky-çala garşylan Derýa nämedir bir zadyny ýitiren ýaly zowzuldap başlady:
— Hany ol köpbilmiş, ýeksurun, ýer ýuwutdymy?
Baş çopanyň bolşun orunbasarynyň gahary geldi:
— Derýa, inim el-aýak ýaly bolup,gaýdyrylyp ýören oglana beýle diýmäge neneň bognuň ysýa.
— Diýjek, tapsam ondan beterinem diýjek. Siziň içiňiziň düzüw däldigini bilnmeýän barmy näme? Siz abat bolsaňyz her gije sürä talaň düşermidi? Siziň emelsizligiňiden şu zatlar.
Bütin ömrüni çolde,mal yzynda geçiren bu adamyň hakyky adynyň Grbandurdydygyny bilýän adam az-azdy.Oňa köplenç Ýetim diýerdiler ýa-da hemişe baş çopanyň orunbasary bolup ýörensoň, ýöne orunbasar diýip oňardylar. Göräýmäge çepiksi, ýuwaştap adam bolsa-da, ýeri geiende onuň sözüniň alga alynýan pursatlary az bolanokdy, Munuň şeýledigini Derýa-da daş gulakdan eşidýärdi.Şeýle-de bolsa ol gygyny pürkmesini goýmady. Ýetim saklanyp bilmedi:
— Aryň öýüni gorjalan sen, Derýa! Heý-de çölüň bir erkin janawarynyň bagryndan önen balasyny elinden alarsyň-da eýgilik gorermiň sen! Olam gelip senden menden aryny alyp bimän, malyňa ýapyşar-da.Demine düşsek ikimizem näme etjegi gümana. Onsoň men: «zeleliň ýarsyndan gaytmagam bir peýda» diýip, çoluga bir alasjyny tap-da, möjek çagasyny enesine gowşur diýip ugratdym...
Derýa ýerinden syçap turdy:
— Zäher etdim, merez etdim.
OI dyňzap gelen ýanyp duran otdan çykarjak bolýan yaly düýrmegi bilen oňa topuldy. Gaýnap duran taňkany depdi. Içi çorbaly gazany agdardy. Onuň bilenem kanagatlanman birujy köräp duran çöňürsekleri eliniň tersl bilen çem gelen tarapa zyňyşdyryp goýberdi. Zyňylan otly kesindiler gurap sary saman bolan ýaz otlaryna düşüp, daş töwerek gyzyl ot bolup,bir salymda bütin goly tutdy. Gurbandurdy ýetim zordan goýunlary halas edip ýetişdi. Çoluk bilen Peleň kömege gelmedik bolsa, ýitgi az boljak däldi.Olaryň aljyraman agyr sürini oduň esli öňünden gaty çaltlyk bilen ikiýana geçirmekleri ýangyny kiparlatdy.
Daň atynça ne çopanlar ne-de mallar ýatdy. Gijeki oduň peýwagtyna ýakylan zat däldigini bilip, golaý – goltumdaky çopan-çoluklardanam kömege gelen boildy. Olaryň arasynda Derýa çopan ýokdy...
Bu wakadan iki gün geçensoň obadan gelen adamlar Derýa çopana ýetiren zyýanyny hasaplap, töletmek kararyna gelnendigini, özüniňem baş çopanlykdan boşadylandygyny habar berdiler...
Ondan bäri ençeme ýylyň geçendigine garamazdan, permedir baş çopan bolan wakany birme –bir göz öňüne getirip, uzak sözleşmän oturdylar...
Ahyry dymyşlygy Çary Halyl bozdy:
— Hawa inim, keremli sähranyň özi düýp -teýkary arassa bolanyň-a soň ýolugan çyrçyklaryny teýim- tekiz edäýmesi bardyr. Gorkagy batyr, ýaňrany dymma, ýaltany çus edip, ile goşanynam gözimiz bilen gördük. Derýanyňam kalbyna indi beri gowsy guýlandan bolsun-da! Her näme diýsegem, biziňki bir häki, jandurmazlykdyr.
Aşyr perme halypa çopanyň ýürekden syzdyryp aýdanlaryny makullady.
Nowruz GURBANMYRADOW.
Hekaýalar