BEÝIK OGUZ-TÜRKMEN DÖWLETI
(VIII – IX asyrlar)
Göktürkmen döwleti synandan soň, X asyrda Oguz türkmen döwleti aýaga galyp ugrady. Oguz ady miladydan öňki III müňýyllykdan bäri gelýändir. Biz şol döwri diňe rowaýatlar esasynda göz öňüne getirýäris we olary arheologik galyndylar boýunça tassyklap bilýäris. Miladydan öňki II-I müňýyllyklarda oguz sözi sak görnüşinde dikelipdir. Saklaryň miladydan öňki II asyrdaky nesilleri – dahlar, parnlar, sarmatlar bolupdy, miladyň II asyrynda bolsa Hazar deňziniň gündogar taraplarynda alanlar ýaşap, olar hunlar bilen gatyşyp, gunlaryň döremegine sebäp bolupdyrlar. Gunlardan göktürkmenler kemala gelipdi. Göktürkmenlerden soň Oguz ady ýene gaýtadan dikeldi. Şonuň üçin hem orta asyr taryhçylarynyň «oguz sözi gadymy sözdür» diýmekleriniň düýpli taryhy esasy bardy.
Oguzlar ýa-da güzlar (gunn sözi bilen meňzeşligine üns bereliň) barasynda X asyr taryhçylary maglumat galdyrypdyrlar. X asyrdaky Oguz türkmen döwleti günorta-gündogarda häzirki Jambul we Daşkent şäherleriniň töweregini, günorta-demirgazykda bolsa Üstýurdy, demirgazykda-da Ural töwereklerini öz içine alypdyr. Oguz türkmenleri Horezm bilen, gypjaklar bilen uruşlar alyp barypdyr. XI asyryň başlarynda oguzlar Hazar deňzinden Syrderýanyň orta akymlaryna çenli ýaýylyp gidýän sähralyklarda ýaşapdyrlar. Oguzlaryň ýurdunyň günbatary Hazar deňzi bilen çäklenýärdi. Oguzlar Syrderýanyň kenarlarynda ýaşapdyrlar. Ol wagtlar Amyderýa Çaýhun, Syrderýa bolsa Saýhun diýlipdir. Bu iki at hem gunlaryň derýasy diýmegi aňladýar. Aralyň demirgazygyndaky we Saýhunyň aşaky akymlaryndaky çöllük Oguz çöli atlandyrylyp, oguzlaryň özleri oňa Garagum diýipdirler. Saýhun derýasy Oguz derýasy adyny alypdyr.
Saýhunyň aşaky akymynda oguzlaryň paýtagt şäheri bolan Ýaňykent şäheri ýerleşipdir. Emma bu Oguz döwletini Oguz han Türkmeniň guran ezeli Oguz döwleti bilen, onuň paýtagtyny bolsa XX asyryň arheologiýa ylmynda Altyndpe ady bilen belli bolan Ýaňykent bilen gatyşdyrmaly däl. Türkmenleriň milli durmuşynda şeýle bir aýratynlyk gaty ornaşandyr: bizde täze doglan çaga öňki ötüp giden ata-babalarynyň adyny dakmak ýaly gaty ýörgünli däp bar. Muny türkmenler «merhumyň ady ýerde ýatmasyn» diýip edýärler. Netijede, käbir neberelerde kämahal bary-ýogy üç-dört adyň şol gaýtalanyp durmagy adaty zada öwrülip gidipdir. «Baba», «Ata», «Kakajan», «Atajan», «Mama», «Ejegül» ýaly ikinji atlaryň köplügi-de şu milli däp bilen berk baglanyşyklydyr.
Edil şeýle gaýtalanmak hadysasyny biz türkmen milletiň uly taryhynda hem görýäris. Türkmenleriň guran, dürli zamanlarda ýaşan döwletleriniň atlary meňzeş gelýändir. Şeýle gaýtalanma diňe wagta däl, giňişlige hem degişlidir: biz bir-biriniň ady gabat gelýän şäherleri, obalary, ýaýlalary Altaý daglaryndan başlap, tä Gara deňziň kenarlaryna çenli tapyp bileris. Men şeýle hadysany halkyň öz hakydasyny we hut özüni ýitirmezlige çalyşmak kanuny diýip atlandyrýaryn. Ine, X asyryň Beýik Oguz döwleti şu kanunyň çäklerinde baryp şondan 4 müň ýyl töweregi Köpetdagyň eteginde ýaşan ezeli Oguz döwletini Seýhunyň boýunda, Garajyk dagynyň eteklerinde dikeltmek isleginden döräpdi. Şeýle hadysa şahsyýetler derejesinde öň hem bolupdy: miladydan öňki II asyrda ýaşan hun höümdary Metä ikinji Oguz han diýipdirler.
Derýanyň iki tarapyny giň sähralyklar tutýar. Sähralar ýuwaş-ýuwaşdan daga geçip gidýär. Ol daglar oguzlar Garajyk daglary diýip atlandyrypdyrlar. Bu hakynda Abulgazynyň «Türkmeniň şejeresi» kitabynda gürrüň berilýändir. Ol ýerde Salyr Gazanyň Kazgurt dagynda Depegözi tutup, aşak togalap goýberşiniň täsin hem ajaýyp rowaýaty bardyr. Kazgurt dagy Sitrom şäheri hem-de Garajyk daglary bilen bir ýerde bolupdyr. X asyrda oguzlar Aral aňyrsyndaky Garagumda, Hazaryň gündogaryndaky Garagumda hem-de Buhara töwereklerindäki Gyzylgumda öz mallaryny bakyp gezipdirler. Olaryň esasy maly goýundyr, goýun maddy maksatlar, iýmit we egin-eşik, halyçylyk, keçedarlyk üçin idedilipdir, goýundan soň ikinji orunda duran atlar harby maksatlar üçin saklanypdyr. Bulardan başga-da düýeleri, sygyrlary we geçileri idedipdirler. Göktürkmen döwleti 776-njy ýylda alnansoň, oguzlar günbatara çekilmeli bolýarlar we şu agzalýan ýerlerde mesgen tutýarlar. Oguzlar sarmatlaryň we alaňlaryň, ugurlaryň bir bölegini, göktürkmenleriň galany-gaçany we beýleki tireleri öz içine siňdiripdirler. Oguzlar beýik turanlylaryň, sarmatlaryň we alaňlaryň nesilleridir. Oguzlar peçenegler (içbejeneler) we gypjaklar bilen söweşler edipdirler. Içbejeneler oguzlaryň günorta tarapynda, gypjaklar bolsa gündogarynda ýaşapdyrlar.
Oguzlaryň belli bir böleginiň ýarym çarwaçylykda bolandygyny taryhy ýazgylar tassyklaýar. Olar Garagumda, Müňgyşlakda ýazlapdyrlar. Gyş düşende bolsa Saýhunyň aşaky akymlaryndaky şäherlerine dolanyp barypdyrlar. Şol ýerde oguzlaryň Ýaňykent, Jent we Hewere şäherleriniň bolandygy mälimdir. Ýaňykent paýtagt şäher bolup, ol derýadan bir agaç – 6 km. çemesi uzaklykda ýerleşipdir. Ýaňykentde ýaşaýyş XIV asyrda hem bar eken. Seljuk türkmenleriň atasy Seljuk beg hem Ýaňykentde doglup, Jentde-de aradan çykypdyr. Bu şäherlerde söwda, din we bilim gülläp ösüpdir.
Bu üç şäherden başga-da oguz türkmenleriniň Sowran, Garajyk, Sygnak, Garnak, Sütkent ýaly şäherleriniň bolandygy taryhy çeşmelerde agzalyp geçilýär. Sowranyň ýedi gat diwary bolup, ol serhet galasy bolupdyr. Gara hanyň ikinji ady Paraw bolupdyr. Ol beýik türkmen akyldary al-Farabynyň doglan şäheridir.
Soňky asyrlarda Aşnas, Barçynlykkent, Üzkent, Syrlytam, beýleki ajaýyp hem özboluşly şäherler gurlupdyr. Ol şäherleriň häzirki harabalyklary öz döwründe türkmen şäherlerinde özboluşly bir medeni durmuşyň gaýnap joşandygyndan habar berýär. Binalaryň ýüzüne gök syrçaly nagyşlar salnypdyr, özem olaryň binagärlik aýratynlyklary oguz-türkmenleriň beýleki şäherlerindäki has meşhur binalarynyňky bilen deň gelýär. Mysal üçin, Marydaky Soltan Sanjaryň, Köneürgençdäki Tekeşiň mawzoleýine meňzeş mawzoleýler Barçymlykkentde gurlupdyr. Bu mawzoleý «Türkmen şejeresinde» ady agzalýan Salyr Barçyn diýen türkmen zenanynyň mawzoleýi bolmaly. Salyr Barçyn (häzirki ulanylyşy – Bajy) örän baý aýal bolupdyr. Ol öz adyna Barçynlykkent şäherini saldyrypdyr.
Oguz-türkmen şäherlerinde alymlar, suratkeşler, sungat ussatlary ýaşapdyrlar we öz eserlerini döredipdirler. Olaryň döreden eserleriniň köpüsini wagt rehimsizlik bilen ýok edipdir. Emma olardan bize çenli ýetenleri hem bardyr. Bu ýerde beýik Farabynyň, ajaýyp dilçi alym Jöwheriniň, meşhur hukukçy alym Husameddin Barçynlynyň we beýlekileriň adyny agzamak bolar. Taryhçylaryň käbirleri degişli oguz döwletiniň we şäherleriniň synmagyny mongollar bilen baglanyşdyrýarlar. Emma bu gaty bir dogry däldir. Taryhy betbagtçylyklar mongollardan has öň başlanýar: XI asyryň gurakçylygy oguzlary darka ikä bölýär: olaryň bir bölegi öňki ýerlerinden Dunaý boýlaryna çenli gidýärler, ikinji bölegi bolsa Horasana tarap gaýdýar. Birinjilere torklar, ikinji bölege bolsa türkmenler diýipdirler.
Oguz-türkmenleri degişli döwürde berk hem-de gurnalan döwletde ýaşapdyrlar. Ol döwlet Ýabgu, Hakan han ýaly unwanly adamlar tarapyndan dolandyrylypdyr. Bulardan başga-da köl-erkin, sübaşy (goşunbaşy, serkerde) ýaly titullar bolupdyr. Taýpalar ýaşulular tarapyndan dolandyrylypdyr. Munuň özi parahatçylykly döwürlere degişlidir. Harby ýagdaýlarda öňbaşçylyk sübaşylara degişli bolupdyr. Patyşalaryň daýza ugrundan bolan dogumly hem edermen ýigitlere «ýynal» tituly berlipdir. «Tarhan» hem ýene bir unwan bolup, onuň «emir» manysyndadygyny ýazgylaryň awtorlary belläp geçýärler. Türkmen dilinde häzir hem ulanylýan «tugra» sözi permany hem-de möhüri aňladypdyr.
Oguz döwleti garaşsyzlygyny doly berkarar eden döwlet bolupdyr. Döwlet geňeş arkaly dolandyrylypdyr. Harby söweş sungatynyň, serkerdeligiň ösen derejesi oguz türkmen döwletini doly garaşsyzlykda saklamaga mümkinçilik beripdir. Söweş ýaraglaryndan iň köp ulanylýany ok-ýaý, naýza, gylyç ýaly ýaraglardyr. Oguz türkmenleriň goňşulary – hazarlar, bulgarlar bilen gatnaşyklary günüň zerurýetine görä üýtgäp durupdyr. Iň esasy bellemeli, şol gatnaşyklarda hiç mahal üýtgemeýän esasy zat şundan ybaratdy: oguz türkmenleri hiç mahal öz goňşularynyň baknalygynda ýa-da tabynlygynda bolmandyrlar. Diňe şunuň özi hem bu döwletiň hem onuň halkynyň şol ýowuz zamanlarda näderejede güýçli bolandygyny görkezýän zatdyr.
Şeýle güýçlüligi näme kesgitläpdir? Munuň özi ilki bilen halkyň ruhy taýdan güýçlüligi, namysjaňlygy we söweşjeňligi bilen kesgitlenipdir. Döwletiň içinde höküm sürýän erkinlik gatnaşygy muňa ýardam edipdir. Döwlet halkyň däp-dessurlaryny, durmuş ýörelgelerini basgylamaýardy-da, tersine, onuň ýaýbaňlanmagyna ýardam edýärdi. Bu döwletiň esasy artykmaçlygy we ýaşaýşa ukyplylygy şundan gelip çykýardy: oguz türkmen döwleti sözüň hakyky manysyndaky Milli döwletdi. Şu ýerdäki manydaky Milli döwlet – munuň özi keseki ýerden geçirilip ornaşdyrylan döwlet endikleri däl-de, eýsem halkyň öz tebigy ýaşaýşyndan gelip çykan, ösüp çykan edara ediş serişdeleriniň ulgamy bolup durýardy. Döwlet hem-de halk bir-biriniň üstüni ýetirýän ulgam bolup durýardy. Halk döwlet üçin derdeser däldi, döwlet hem halk üçin hossa däldi. Döwlet hem-de halk biri-birine barabar düşünjelerdi. Döwleti edara etmek işinde saýlawlylyk bilen mirasdüşerlik tebigy suratda utgaşýardy.
Oguz döwletiniň maddy-ykdysady esasy hem berkdi we ynamlydy. Oguz-türkmen topragy bol hasylly we bereketlidi. Taryhy ýazgylarda oguz şäherlerinde garyň we ýagmyryň köp ýagýandygy agzalýar. Maldarçylygyň we ekerançylygyň gülläp ösmegi üçin bu esasy zat bolupdyr. Galyberse-de, türkmenleriň iki sany uly derýanyň boýuny eýelemekleri suw kynçylygyny aradan aýyrýardy. Özüniň taryhy ýaşaýyş endikleri boýunça oguzlar maldarçylykdan hem, ekerançylykdan hem oňat baş çykarypdyrlar. Daşary syýahatçylar oguz-türkmen goýunlarynyň üýtgeşik ýüňi we baganasy, olaryň alýan miweleriniň we beýleki hasylly ekinleriniň artykmaçlygy barada gözügidijilik hem-de haýran galmak bilen ýazypdyrlar. Oguzlaryň yslama girmegi bilen yslam dünýäsi has giňelipdir. Medeniýetiň hiliniň we görnüşiniň üýtgemegi oguzlara oňyn täsir edipdir. Muňa Oguz türkmen döwletiniň gülläp ösmegi oňat şaýatlyk edýär. Musulmançylygyň kabul edilmegi tebigy suratda we parahatçylykly ýol bilen amala aşypdyr. Muňa bolsa oguz türkmenleriniň öz musulman goňşulary bolan horezmliler we somanylar bilen gatnaşygy ýardam edipdir. Soňkular oguzlar üçin bähbitli söwda we hojalyk gatnaşyklaryny alyp barypdyrlar. Netijede bolsa, söwda hyzmatdaşlygy ruhy tarapdaky hyzmatdaşlyga oňat esas bolup, oguzlaryň yslamy çalt kabul etmegine getiripdir. Şu ýerde beýik alym Birunynyň (XI asyr) türkmen sözüniň gelip çykyşyny düşündirişi häsiýetlidir. Ol şeýle ýazýar: «Geçmişde yslam dinini kabul eden we musulmanlar bilen gatyşan oguz türkleri dürli dilli halklaryň arasynda tarjuman, ýagny terjimeçi bolýar. Tarjuman sözi soňra targuman, has soňrak hem türkmen görnüşine geçýär». Elbetde, ylmyň şu günki ýeten derejesinde alymyň bu pikiriniň kabul ederlikli däldigi düşnüklidir. Emma onuň aýdýanynda birnäçe pursat oýlandyrýar. Birinjiden, XI asyryň wekili Biruny «türkmen» sözüniň gelip çykyşyny öz döwründen has irki zamanlara degişli edýär. Türkmen milleti onuň döwründe eýýäm doly kemala gelipdir. Ikinjiden, awtor türkmenleriň dürli halklaryň aragatnaşygynda oýnan medeni, syýasy we hojalyk ornuna uly baha berýär. Üçünjiden, ol türkmenleriň dürli etnoslar bilen gatyşmak ýagdaýynyň bolandygyny nygtaýar. Şu zatlardan çen tutsaň, oguz türkmenleri döwrüň syýasy we medeni ösüşinde kesgitleýji güýje öwrülipdirler. Olar özleriniň yslamdan öňki ruhuny yslam gymmatlyklary bilen utgaşdyrmagy başaryp, bu iki gany aýry-aýry çeşmeden suw içip, beýleki halklardan ýokary galmagy başarypdyrlar. Netijede, özboluşly oguz şäherleri, oguz medeniýeti, oguz ruhy gülläp ösüpdir. Oguz türkmenleriniň yslamyň öňündäki taryhy hyzmatlary diýlende, diňe soňky asyrlardaky seljukly we osmanly hanedanlaryň hristianlara garşy söweşleri göz öňünde tutulýar. Emma eýýäm X asyrda oguzlar yslamyň syýasy we medeni çäkleriniň has gündogar tarap giňelmegini gazanypdyrlar. Daşkent, Şorijab, Taraň sebitleri, Yssyk kölüň kenarlaryna çenli yslam dünýäsi giňeldi.
Reşideddiniň «Jemg at-tawaryh» eserinde Oguz türkmen döwletiniň nähililik bilen synandygy barasynda gürrüň berilýär. Oguz hökümdary Aly han Jeýhunyň aňyrsyndaky ýerlere ogly Gylyç Arslany mälik goýupdyr. Gylyç Arslan ahlak taýdan bozuk ýigit eken. Ol öz atabegi Büjüz Guzyçynyň öwütlerine boýun bolman, oguz begleriniň gyzlaryna azar beripdir. Şeýdip, oguz halkynyň özüne zalym Şamälik diýmegine sebäp bolupdyr. Özüniň nähili pis işleri edenine oňat düşünýän Gylyç Arslan kakasynyň ýanyna – paýtagt bolan Ýaňykende gaçyp gidýär.
Şol wagtlar Horasandaky oguz iliniň hökümdary Togrul atly serkerde bolupdyr. Ol juda namysjaň hem edenli ýigit eken. Onuň öz aryny ýerde ýatyrmajagyna düşünen Aly han 20 müň atly bilen ogly Şamäligi Togrulyň üstüne sürýär. Şamälik ýeňlip, begleri bilen birlikde ýesir düşüpdir. Özüni oguz halkyna mazaly ýigrendiren Şamälik öldürilýär, iki ýyl geçip-geçmänkä kakasy Aly han hem ýogalypdyr. Taryhçynyň ýazmagyna görä, şondan soň bitewi oguz türkmen döwleti dargapdyr.
Elbetde, bu beýan edilen wakalar sap taryhy wakalar däl-de, çeperçilik taýdan işlenen oguz türkmen rowaýatydyr. Şonuň üçin hem ondaky wakalaryň dogrudygyny anyklamak üçin taryhy çeşmelere ýüzlenmek gerek. Ol çeşmelerden görnüşine görä, Şamälik diýilýäni, megerem, oguz hem bolmandyr. Ol gypjaklardan çykan bolsa gerek.
Eger ýokarky wakalarda taryhy däl-de, rowaýaty häsiýet güýçli bolsa, onda oguz türkmen döwletiniň ýykylmagynyň näme sebäbi bolduka! Oguz türkmen döwleti, ýokarda ýaňzydyp geçişim ýaly, tebigatyň üýtgemegi bilen baglanyşyklylykda dargapdyr. X asyrda oguz türkmen ülkesine uzak wagtlyk gurakçylyk aralaşýar. Şol wagta çenli bu topraga ygal hem bereket berip duran siklonlar demirgazyk tarapa çekilipdir. Ygalyň gözden uçmagy oguzlaryň harby kuwwatynyň esasy bolan maldarçylyga agyr hem-de göni zarbany urupdyr. Munuň özi hem ykdysady-maddy kuwwaty gaçyrýar, hem-de harby güýji ysgyndan gaçyrýar, çünki goşunynyň esasy güýji bolup durýan atlaryň ot-iými azlyk edip, atly goşun dargap ugraýar. Hut X asyrda Aral töwerekleriniň sähralary gurap, çöllüklere öwrülýär. Şondan soň oguzlaryň köp bölegi Jeýhunyň ýokary akymlaryna, Owganystanyň demirgazygyna göç edipdirler, bir bölegi bolsa Gündogar Ýewropa tarap gidipdirler.
XII asyryň taryhçysy Merwezi şeýle ýazýar: «Oguzlar yslam ülkeleriniň goňşusyna öwrülenlerinden soň, olaryň bir bölegi yslamy kabul etdi we türkmen adyny aldy. Bular bilen yslama girmedik oguzlaryň arasynda duşmançylyk örňedi. Oguzlaryň arasynda musulman köpelip ugrady, yslam oňat ýer tutdy. Musulmanlar gäwürlerden üstün çykdylar, olary Horezmden içbejeneleriň ýurduna tarap kowup çykardylar». Oguzlaryň yslamy kabul etmedik böleginiň soňky ykbaly hasratly bolupdyr. Olara torklar diýipdirler. Torklar XI asyryň ortalarynda Rusa çozup giripdirler, ruslar tarapyndan derbi-dagyn edilipdir. 1064-nji ýylda torklar Dunaýdan geçip, Makedoniýanyň we Frakiýany kül-peýekun edipdirler, Konstantinopolyň eteklerine aralaşypdyrlar. Gaty köp torklar açlykdan we keselçilikden gyrgyna düşüpdirler. XII asyrda bolsa torklar taryhy sahnadan ýitirim bolýarlar. Wizantiýalylar torklara uzlar diýipdirler. Meşhur Malazgirt söweşinde 15 müň sany tork öz garyndaşlary oguzlaryň tarapyna geçip, söweşiň ykbalyny çözüpdirler. Şeýlelikde, tebigat oguzlara agyr zarba urdy, emma olaryň dadyna Alla ýetişdi: oguzlaryň bolmanda esasy bölegi yslam medeniýetini, ýaşaýyş usulyny kabul edip, halk hökmünde özüni saklap galdy. Oguzlaryň yslamy kabul etmeklerinde söwda gatnaşyklary, şeýle-de öň yslamy kabul eden türkmenleriň wagyz-nesihat işleri uly orun eýeläpdir.
Emma täze bir diňe girilmegi, halkyň öňki ynançlarynyň öz-özünden we tiz wagtyň içinde unudylandygyny aňlatmaýar. Oguz türkmenleri öz yslamdan öňki ynançlaryny we däp-dessurlaryny saklap gelipdirler. Oguzlar Alla ady bilen bir wagtda köne Taňry adyny hem häzire çenli unutman alyp gelipdirler. Olaryň Hudaýy Ulug-Baýat diýip atlandyrandyklary hakynda hem maglumatlar bar. Olaryň Taňryny adam sypatynda göz öňüne getirendikleri barada Ibn Fadlan diýen arap syýahatçysynyň bir gürrüňi şaýatlyk edýär. Bir oguz öz aralaryna yslamy wagyz etmäge gelen Ibn Fadlandan «Allanyň aýaly barmy?» diýip sorapdyr. Munuň özi oguzlaryň yslamdan öňki ynançlarynda Taňry bilen bir hatarda uly orun eýelän aýal Hudaý-Humaý bilen baglanyşyklydyr. Ir döwürde oguzlaryň arasynda bolan raplar olaryň yslama gaty bir oňat düşünip barmandyklaryna şaýatlyk edýän wakalary gürrüň berýärler. Ibn Fadlan oguzlaryň diňe myhman musulmanlaryň göwnüni ýykmajak bolup, keleme öwürýändiklerini, emma bir çykgynsyz ýagdaýa düşenlerinde «bir Taňry» diýip, asmana ýüz tutýandyklaryny ýazýar. Bir ýerde Ibn Fadlan şeýle ýazýar: «Olaryň patyşalarynyň we baştutanlarynyň bize birinji duşany Ýynal kiçi diýilýäni boldy. Ol öň yslamy kabul eden eken, emma oguzlar oňa: «Eger musulman bolan bolsaň, sen biziň patyşamyz dälsiň» diýipdirler. Onsoň ol yslamdan ýüz dönderipdir.
Oguzlaryň adam jaýlaýyş däbi beýleki türkileriňki bilen meňzeş bolupdyr. Olar merhumy eşikli, ýaragly jaýlapdyrlar. Merhumy oturan şekilde jaýlapdyrlar. Türkmenlerde has soňky döwürlerde hem mazaryň üstüne tümmek galdyrmak däbi bolupdyr. Tümmege ýozka diýlipdir. Munuň özi daşky görnüşi boýunça çadyry ýa-da gara öýi ýada salypdyr. Eger ölen adam esger bolsa, onuň mazarynyň üstünde adam şekiljikleri dikilipdir. Bular oňa o dünýäde hyzmatkär bolmaly diýen düşünjä gulluk edilipdir. Ýogalana aş berlipdir. Onda at soýlup, öldürilen atyň kellesi, aýaklary we derisi mazar agajyndan asylyp goýlupdyr. Aş berilen at bilen merhum o dünýä barmaly diýen ynanja uýupdyrlar.
Bu zatlaryň bary oguz türkmenleriniň taryhy durmuşyny, ynançlaryny we ruhuny yslamyň näderejede üýtgedendigini görkezýär. Yslam oguzlary tebigatyň salan belasyndan halas etdi. Emma olar hem bergidar galmady: orta asyrlarda hut türkmenler yslamyň din gylyjyna öwrülip, haçparazlardan we beýlekilerden halas edipdirler.
Taryhy makalalar