15:23 Borodino | |
BORODINO
Goşgular
Aýtsana, eý daýy, pereñlilere, Goýup, çykmansyñyz siz ýöne ýere Ýangyn gaplan Moskwanyñ içinden. Şol söweşde asman-zemin gapyşyp Bolanmyş şeýlebir eýmenç garpyşyk! Borodino güni bolan çaknyşyk Rossiýañ ýadyndan çykanok şindem. - Hawa, o wagt batyr adamlar kändi, Ýok, olar şu günki nesiller däldi. Ol ýigitler sizden batyrdy juda. Wah, täleýi ýaman boldy olaryñ, Sähelçesi geldi jeñden dolanyp, Bolmadyk bolsady takdyry-huda, Pereñlere berilmezdi Moskwa! Sessiz-üýnsüz yza çekildik diñe, Haýp boldy, garaşdyk ullakan jeñe. Hûñürdäp gojalañ ýanýardy jany: Ýeri, gyşlamaga geldikmi bäri? Ýa indi gorkýarmy rus komandiri Rus naýzasy bilen saýry mundiri Ýyrtyp, çişden geçirmäge duşmany. Söweşmäge bir giñ meýdan tapyldy, Giñişlikde uruş tebli kakyldy! Agaç basdyk berkitmäniñ üstüne. Diñ salýas, eşitgir biziñ gulaklar, Säher şapagyna ýaldyrap toplar, Gök öwsüp başlanda tokaýlar, otlar Pereñliler ýetip geldi dessine! Bolsun diýip dosta çyn hödür-kerem, Şobada topuma ok saldym menem. Hany dur bakaly, musýe gardaşym! Emel nämä gerek, duralyñ dogry. Beýle söweşlerde tüýs Watan ogly Ýurt üçin aýamaz amanat başyn! Irdik atyşmadan ýatyp iki gün, Ärlerçe söweşi küýseýär göwün. Garaşdyk biz çyn söweşe ertesi Oñmady esgerler ýüregin açman: Bu ownuk seçmeden karteçe geçmäñ, Wagty boldy, ýöne garalyp asman, Jeñ ýerine düşdi gijäñ kölgesi. Top ýanynda irkileýin sähelçe Diýip, men gyşardym, tä sähere çen Eşdildi pereñleñ heşelleleri. Bärde kim naýzasyn çalyp otyrdy, Kim tüpeñne gülle salyp otyrdy, Kim murtun ýeñseden çatyp otyrdy, Ümsümlikdi ruslañ düşelge ýeri. Dañ atyp, giñ jahan ýagtylan çagy, Birden tebil tapdy esgerleñ bary. Sap-sap bolup düzüldiler nyzama. Bizuñ goşunbaşy batyrdy örän, Şa wepaly, esger bagtyna dörän Bir kişidi, heläk boldy ol arman... Baky uka gitdi, alajyñ näme?! Ölmänkä göz açyp, diýdi ol zordan: "Ýigitler, arkada Moskwa bardyr! Oñ üçin ölmeli bolsa, ölüñ siz, Doganlaryñyzdan alyp görelde". Äht etdik biz goşunbaşyñ öñünde Hemem Borodinoñ ganly jeñinde Edilen kasama hötde geldik biz. Şo günem bir üýtgeşik gün bolupdy! Pereñliler topar-topar bulut deý Berkitmä kem-kemden süýşüp geldiler. Ot-tüssäñ içinden çykyp, gazaply, Ala nyşan ulanlylar haýbatly, Hemem dragunlar - sanýetmez atly, Bar alnymyza üýşüp geldiler. Görmersiñiz beýle jeñi ömrylla! Baýdaklar gap-gapa kölgedi ylla Tüssäniñ içinden ýalyn çogýardy. Gylyç parlaýardy, ýagýardy gülle, Naýza sanjyp, ysgyn galanok elde. Päsgel berip top oklarnyñ öñünde Jesetler dag ýaly üýşüp barýardy. Şo gün duşman tanaman öz denini, Görendir ruslañ guran jeñini. Kän görendir biziñ bilen dikleşip. Esger gursagy deý çat açdy zemin, At, adam garyşdy gowurga kimim. Müñläp top bir demde ot açdy welin, Barýardy ol sesler gulagñy deşip... Söweş kiparlady, garaldy iñrik. Söweşmäge hiç kim durmazdy irnip, Sähere çenli däl, soñky deme çen. Ahyr dep kakyldy, sowuldy duman, Busurmanlar gaçdy yzyn garaman, Onsoñ ýaralyny jemläp sanma-san, Hasabyny aldyk ölen-ýitenleñ. O döwürler şeýle kişiler kändi, Olar edermendi, güýçlüdi, zordy. Ol ýigitler sizden batyrdy juda. Wah, täleýi ýaman boldy olaryñ, Sähelçesi geldi jeñden dolanyp, Bolmadyk bolsady takdyry-huda, Pereñlere berilmezdi Moskwa! Mihail LERMONTOW. Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
√ Aýal dogan gelende / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Belki, gelersiň / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Nämeligim soran, eşit hekaýat... / Goşgular - 18.10.2024 |
√ Patyşahym, sen geçirgil gerçe guldandyr hata / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Zehi zatyň nahany, ol nahandan masewa peýda... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Köňülge boldy ajaýyp bela / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Ömrüñ manysy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Ahunyň jogaby / Goşgular - 19.11.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |