01:42 "Bu bir iş wagtydyr, özüñ ýitirme" | |
«BU BIR IŞ WAGTYDYR, ÖZÜŇ ÝITIRME»
Edebi makalalar
Beýik akyldarymyz Magtymgulynyň bu ajaýyp setirini günde telim gezek aňymyzda aýlaýanam bolsak, gizläp oturasy iş ýok, herimiz haýsydyr bir ýere, pursadynda ediläýmeli işe hemişe gijä galyp ýörüs. Soňundan ahmyram edýäs, peýdasy näme?! Men bu çaklaňja makalamda kimdir birine wagtyň gadyryny bilmegi öwretjek bolamok. Sebäbi bu ömürde hut özüm hökman ediläýmeli işleriň wagtyny duşumdan geçirip, indi-indiler ýadyma düşende, başymy ýaýkap ýörün. Oglankam Aşgabadyň Pionerler köşgünde dutar çalmagy öwredýän gurnak işlärdi. Onda kärlerine diýseň ussat, sähelçe yhlasyň bolsa, iň bärkisi, öz-özüňi güýmärlik saz çalmagy öwredýän halypalaram bardy. Özlerem şeýle bir süýji dilli adamlar, heňleriň ýekeje öwrümini öwrenäýdigiň dagy: «Tüweleme, tüweleme, ynha, şeýdip, ykjamja ýapyşyberseň, uly sazanda bor gidibirsiň» diýip öwerdiler. Bir gün halypalaryň biri: «Sen, tüweleme, sada kakuwy öwrendiň, goşa kakuwy welin oňaraňok, şu perdäni basyp sakla-da, üç-dört günläp kakyp, gowuja öwren, goşa kakuw sazy gaty bezeýändir» diýdi. Bir hepdeläp yhlas etsemem, şol kakuwy öwrenip bilmedim. «Aý, öwrenip bilesimem ýok-la» diýdim-de, gurnaga gatnamamam goýaýdym. Oglanlygyň etdirýäni-dä. Dutar çalmagy, aslynda-ha, islendik sungaty bütin ömrüňe öwrenip ýörseňem, aňyrsyna çykyp bolmaýanyny şol mahallar nireden bileýin!? Dutar çalmak ýaly juda inçe senedi oglanlyk yhlasyň, hyjuwyň, çakganlygyň bilen öwrenäýmeseň, ýigit çykyp, eliň, barmaklaryň bady durugşansoň, saz inçeligi saňa eýgertmejek eken. «Kyrkyňda saz öwrenip, görüňde çaljakmy» diýipdir-ä türkmen. Oňarmajak işine ep-esli wagtyny geçirip ýapyşan, soňam ederini bilmän, biljegem bolman, öz-özüne «Şuny-ha oňarýandyryn» diýip, il içinde oýnatgy bolup ýörenler hakdaky nakylda bu. Hawa, ýokary mekdebi tamamlap, redaksiýada işe durdum. «Birwagtlar kütüräk kitaplarymyz çap edilip, aýagulag dagy edinäýsek gerek bor» diýibem, Italmaz Nuryýew, Gowşut Şamyýew dagymyz sürüjilik şahadatnamasyny edinmek üçin üç aýlyk tölegli okuwa ýazyldyk. Günaşadan işiňi tamamlan badyňa okuwa barmaly. Dört sagadam okamaly. Dynç alyş günlerem çola ýere çykyp, köneje awtoulagda rul tutmany, sürmäni öwrenmeli. Gysgaldylan okuw bolany üçin, öwrenmeli ijir-bijir çyzgylaram, dogry jogabyny tapmaly sowallaram gaty kän. Okaýşymyz ugursyz bolansoň: «Maşyn sürmek, siziň iki sany goşgy ýazyşyňyz ýaly, aňsatdyr öýtmäň, bu okaýşyňyz bilen size sürüjilik şahadatnamasyny berip bolmaz, maşynyňyzam zaýalarsyňyz, özüňizem maýyp-müjrüp borsuňyz» diýşip, okadýanlaram häli-şindi ýüzümizi alşyp durlar. Olaryň aýdýanlar-a, molla Kemine aýtmyşlaýyn, «elip dek dogrudy». Ýöne üç aýlap agyr iş gününden soň Köşä gatnap, mugallymlardanam igenç baryny eşidip okaýmaga-da gaýrat-kanagat gerekdi-dä. Olam, gelip-gelip, şu mahal näçe gynansagam, şol wagtlar bizde kemterräk ekeni. Mahlasy, aňyrsy bir aý okuwa gatnap-gatnamanam, alynmadyk ulagyň sürüjilik şahadatnamasyndan geçdik. Arada, pensiýa çykanymdan soň, «Öýde bolup, dagam bir edýän işim ýok, ulag sürmäni öwrenip bolmazmyka?» diýip, sürüjiligi öwredýän, öňräkden tanyş mugallymlaryň biri bilen maslahatlaşdym. Olam esli salym oýlanyp oturdy-da: «Agam jan, bu ýaşdan soň siz, iň gowusy, tigir edinäýseňizläň, çolaja ýerde, arassaja howada sürüp hezil edinersiňiz» diýdi. Wah, şol mahallar... Aý, gowusy, zeýrenmäýin-le. Barybir, Seýdi şahyr diýmişleýin: «Oglanlykda gezen yzymy yzlanym bilen, ýigitlik çagym gaýdyp geläýmez». Gadyrdan okyjy, oglanlygymda, ýigitligimde wagt diýlen şeýle ýüwrük närseden jaý ýerinde peýdalanyp bilmändigim, bigänelik edendigim size ýetirjek bolýan esasy pikirim däl. Mensizem dutary gowy çalýan gyt däl. Paýu-pyýada ýurt aşyp gitmeli ýerimizem ýok. Köçä çyksaň, ulaglar hatar-hatar, tölegem mugtuň bäri ýany. Men siziň durmuşyňyzda wagtdan jaý ýerinde peýdalanmagy başarman goýberen, soňam ökünen säwlikleriňiziň ýekejesiniňem bolmagyny islämok. Wagt diýilýän, nämedigini düşündirip bolmaýan närse hemmeler üçinem gaty gymmatlydyr, emma dörediji adam üçin onuň bahasy bimöçberdir. Halypam Beki Seýtäkow: «Ýazmazlyk üçin, baý, bahana kändir-ä, gep öz-özüňi ýeňip ýazmakdadyr» diýerdi. Gaty köp halatlarda bize öz-özümiz ýeňdirenok. Kähalat gowuja hekaýanyň mazmuny kelläňe geler, oturypjyk ýazaýmaly weli, «Ertir ylhamym hasam joşar, şonda ýazaýaryn» diýen bolgusyzja pikirem başa gonar. Ylham, keýp diýilýän närse-de gapyda daňylgy itiň däl-dä. Olaryň basymjak «uçaýmak» häsiýetleri bar. Ertirleriň ählisem öz aladalary, hökman edäýmelije işleri, garşylamaly, ugratmaly myhmanlary, şatlygy-gaýgysy bilen gelýändir. Düýnki kelläňe getiren hekaýaň ýazylaýmaz.Ýazylsa-da, wagtyny geçireniň üçin, Kerim halypanyň aýdyşy ýaly, «Isleýşiň ýaly däl-de, başarşyň ýaly» ýazarsyň. Düýnki isleýşiň ýaly ýazaýmak welin bu gün saňa başardaýmaz. Geliň, gowusy, muny oňat başaranlaryň döredijilik ýollaryna ser salalyň. Şeýtsek, wagtyň nämedigine azda-kände göz ýetirmek bize ýeňil düşer. Berdi Kerbabaýew, zerur bolanda, 20, akademik Gaýyp Nepesow 18, Beki Seýtäkow 16 sagatlap basa oturyp, işläp bilýär eken. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragy «Köňle gelenini taraşlap şagladyp», tutuş milletimiziň ruhy atasyna öwrülip, müňlerçe ajaýyp goşgularyny özünden soňkulara müdimilik ýadygärlik goýup gidipdir. A.S.Puşkin 38 ýaşda 10 jiltlik, W.Belinskiý 37 ýaşda 13 jiltlik, L.Tolstoý 84 ýaşda 90 jiltlik, A.Çehow 44 ýaşda 30 jiltlik, Gurbannazar Ezizow 35 ýaşda 4 jiltlik..., diňe bir öz halklarynyň däl, eýsem-de bolsa, dünýä halklarynyň edebiýatynyň genji-hazynasyna giren ajaýyp eserlerini döredip gidipdirler. N.Saryhanow meşhur «Şükür bagşy» powestini 34 ýaşyndaka ýazypdyr. Ýokarda sanalyp geçilen köp jiltli eserler, öz wagtynda umumadamzat derejesinde ýazylandygy üçin, şu günlerem uly höwes bilen okalýar. Elbetde, bu ýerde wagtyň «jylawyny» bilegine mäkäm orap, etmeli işlerini öz wagtynda aňryýany bilen berjaý eden, şeýdibem, yzynda öçmejek yz galdyranlaryň ýene-de onlarçasynyň atlaryny agzamak bolar. Gep bu ýerde öz käriňe, hünäriňe düýrmegiň bilen berlip, özüňe, maşgalaňa, il-günüňe wagtynda hyzmat etmek hakynda barýar. Wagt hakynda şu ýazgylarymy size ýetirjek bolup ýörkäm, şeýle waka boldy. Muňa, megerem, ähmiýet berip oturmagyň geregem ýokdur, ýöne wagt bilen baglanyşygynyň bardygy üçin gürrüň beräýeýin. Şu ýylyň baharynyň ilki aýy ýyly geldi. Goşa gumry, her ýylam edişleri ýaly, meniň iş otagymyň penjiresiniň kölege salmak üçin edilen gabsasynyň iç ýüzünde höwürtge ýasandylar. Ene gumry iki ýumurtgajyk guzlady-da, olaryň üstüne çökdi. Iki gün geçip-geçmänem howa salkynlady. Gumrular nirädir uçup gitdiler-de, howa maýlaýança gara bermediler. Ýumurtgajyklar açyk höwürtgede galyberdi. Aradan iki hepde dagy geçdi öýdýän. Bir seretsem, ene gumry ýumurtgajyklarynyň üstünde ykjamja otyr. Begendim. Içimdenem: «Haý, näbileýin-dä, wagtyny geçiren bolaýmasaň» diýibem pikir edýän. Onda-da ýagşy umytda bolup garaşdym. Ene gumry gije-gündiz basa oturyşyna horlanyp, özi jüýjä döndi gitdi. Ýumurtgajyklaryň birinden gumry jüýjejigi çykaýdy. Ýöne jüýjä meňzeýän ýeri ýok. Ýagyş gurçugy ýaly çalajan bir zat. Ene gumrynyň getiren gurçugyny agzyna atmaga-da ragbaty ýok-da. Ertesi günem... Gumrularam uçup gidipdir. Çagalar iş otagymy arassalanlarynda, höwürtgäni zibile zyňypdyrlar. Men bolsa indi: «Biziňem «Häli ýazaryn, şindi ýazaryn» diýip göwün ýüwürdip, wagtyny geçirip, göwündäki joşgun, ýürekdäki yhlas peselensoň ýazanlarymyz şol höwürtgäniň gününe düşäýmesin» diýip, içimi hümledip ýörün. Aslynda, wagt näme?! Wagty haçandyr birwagtlar kimdir biri ýyla, aýa, hepdä, güne, has soňraklar bolsa sagada, minuta, sekunda bölüp gidipdir diýäýmeseň, nämedigini düşündirip biljek gümanyň ýok. 100 ýaşap, bu ýalançy bilen hoşlaşjak bolup ýatan agyr syrkaw gojadan sorapdyrlar: «Munça ýaşyň dowamlylygy näçedir?». Goja jogap beripdir: «Ylgap barýan keýigiň şahynyň kölegesi». Gör, şeýle uzak ýaşam wagtyň çarçuwasyna salsaň, näderejede gysga ekeni?! Magtymguly atamyz aýdypdyr: Menziller yrakdyr, ýükler agyrdyr, Irteräk terpeniň, giçdir, ýaranlar! Bir gün öter ýigitligiň möwsümi, Alymlar kem bolup, edep tapmaz sen. Magtymguly, köňle gaýgy getirme, Bu bir iş wagtydyr, özüň ýitirme... Meşhur sazandamyz Mylly aga: «Dutaryňy bir gün çalmasaň, özüň bilersiň, iki gün çalmasaň, halypaň, üç gün çalmasaň, il biler» diýipdir. Ýene bir gürrüňçilikde: «Türkmen sazlaryny çalmagy ýaňy bir öwrenipdik, indem garraýdyk-da» diýipdir. Wenger şahyry Şandor Petefide şeýle setirler bar: Hälem galamňa ýapyş, ýazsana güýjüň barka, Heniz özge şahyrlaň ýetmedik ýerine ýet. Eger-de başarmasaň, ýer sür ýa ädikçi bol, Hemem nalajedeýin goşgularňy dep, kül et! Guýmagursak şahyrymyz Gurbannazar Ezizow şeýle ýazýar: Bizi, öňde-soňda, ýürekden dömüp, Ýazylmadyk şygyrlarmyz öldürer. Men zähmet ýolumyň tas ähli ýyllaryny metbugatda işläp geçirdim. Käteler şeýle bir tapylgysyz zehin orta çykýar. Goşgularyny, hekaýalaryny çap edeniňe ýazanyň özünden beter begenýäň. «Zehinini taplap, ýazyp gidip otursa, türkmeni dünýä tanadar-ow» diýip, öz ýanyňdan guwanyp ýörensiň. Soň seredip otursaň, şol zehin diýýäniň goşgyny gapdala zyňyp, pýesa ýa-da kino üçin edebi esas ýazyp ýörendir. Wah, gowy ýazsa, gürrüňinem etjek däl. Wagt ýitirip, zehin baryny siňdirip ýazanam ortagürp bir zat-da. Nämemiş, hemişe gowy goşgular ýazyp ýörmek beýle bir aňsat işem dälmiş. Kim «Aňsat» diýýär?! Kerim Gurbannepesow, Mämmet Seýidow, Gurbannazar Ezizow, Atajan Annaberdiýew, Annaberdi Agabaýew, Gowşut Şamyýew, Baýram Jütdiýew, Atamyrat Atabaýew, Nobatguly Rejebow, Gurbanýaz Daşgynow, Näzik Annatyýewa... ýaly zehinlerimize hemişe gowy goşgulary ýazyp ýörmek aňsat düşendir öýdýäňizmi?! Meniň pikirimçe, islendik sungatyň diňe bir ugrundan azda-kände özüňi tanatmak mümkindir. Onda-da diňe şol sungat bilen bütin ömrüňe ýekme-ýek galmagy başaranyňda. Elbetde, ýaşlykda — döredijilik gözlegleri wagtynda çar tarapa urunmagam bolar, ýöne, herhal, özüňi bahymrak tapjak bolmaly. Çünki A.S.Puşkiniň döwürdeşi, dosty E.Baratinskiniň aýdyşy ýaly, «Zehinlilik her hili ýagdaýlarda-da hökmany suratda amal edilmeli tabşyrykdyr hem». Elbetde, zehine ýol salgy berib-ä bolmaz. Ýöne başarsaň, zehiniňi dargatmajak bolmalymykan öýdýän. Öňräkki ýyllarda bir eşiden zadyma heniz-henizlerem haýran galýan. Ýaşuly mugallym, professor Orazmuhammet Saparowyň öýüne (Ol meşhur gyjakçy, Türkmenistanyň halk bagşysy Sapar Bekiniň uly ogly) myhmançylyga baranymda, ol magnitofon ýazgysyny diňläp oturan eken. Meniň üçin sesi nätanyş bir bagşy şeýle bir ýakymly heňde dutara jüp goşup, ýüregiňi eredip barýan ajaýyp aýdymlary aýdyp otyr. — Täze bir çyn zehin döräpdir-ow — diýdim. Orazmuhammet aga başyny ýaýkady-da: — Bilmediň, bu aýdymlary Pürli Saryýew aýdýar — diýdi. — Be, şeýle gowy aýdyşy bilen bagşam bolaýmaly eken — diýdim. Soňam: — «Sungat nesilem yzarlaýar» diýilýäni çyn ekeni. Meşhur Sary bagşynyň ogly bolsaň, aýdymam aýdyp biläýmeli-dä — diýdim. Aýdym-sazdan gowy baş çykarýan Orazmuhammet aga: — Pürli agamyz «Bir elde iki garpyzyň tutdurmaýanyny» biz ýalylardan gowy bilýärdi — diýdi. Aslynda, döredijilik küýsegi, amaly köp-köp jepalary talap edýän närsedir. Bu babatda W.Belinskiý şeýle diýýär: «Döredijilik aladanyň miwesi däldir, çeper eserem güýmenjäniň ýa-da geldi-geçerligiň önümi däldir, ol döredijiniň azabydyr. Dörediji öz kalbynda täze eseriň tohumynyň haçan şineländigini bilýänem däldir, ol öz kalbynda şol şahyrana pikiriň tohumyny, enäniň çagany garnynda göterip gezişi ýaly, göterip kemala getirýändir. Her bir eseriň döreýşindäki azaplaram çaganyň dünýä inişindäki ruhy we beden azaplaryna juda meňzeşdir». Şeýle hem W.Belinskiý: «Edebiýat halk paýhasynyň söz arkaly gutarnykly hem takyk beýan edilmesidir» diýýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkyň aň-paýhasynyň, ýaşlaryň ylym-biliminiň dünýä derejesine galmagy üçin täze galkynyşlara badalgalar beren döwründe biz hem halk paýhasyny, onuň göwün küýsegini täzeçe, has şahyrana beýan etmäge borçludyrys. Wagt dünýäde iň gowy, syrly närse. «Wagt dermandyr» diýen nakylam bar. Ýöne wagtyň hemmelere ýaramaýan iň bir ýaramaz häsiýetem bar: ol hiç kime garaşmaýar. Hut şu sebäbe görä-de, şu günki etmeli işleriň bar bolsa, tur-da, gaýrata gal. Ertirmi?... Ertiriň saňa öz etdirjek işleri bardyr. «Ýazylmadyk şygyrlarymyzdan öň beri ölmejek» bolalyň! Başartsa... Şu namany size gönderenem bu ömürde edäýmelije işleriniň köpüsiniň wagtyny geçirip, indem ýazaýmaly, emma wagtynda ymyklyja oturyp ýazmadyk eserleriniň gyzykly wakalary ýadyna düşende, hyrçyny dişläp, başyny ahmyrly ýaýkap ýörenleriň biri. Hudaýberdi DIWANGULYÝEW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |