11:59 Çalaran saçlar | |
ÇALARAN SAÇLAR
Goşgular
![]() Bu oýunly durmuş, Oýnalýan durmuş. Az däl baky çümýän onuň ümrüne. Deň bolanok hemmeleriň ykbaly Bagt altyn çaýýar köpleň ömrüne. Ine, ýarty göwre – Çalaran saçlar! Onuň aladasy diňe eklenji. Göräýmäge, kemsiz, dünýäsi düzüw, Ýok onda birjigem gaýgydyr ünji. Aýaklaryn goýup Elbaň boýunda, Gaýtsa-da maýypdygyn duýmandyr. Bu gün ellisine ser uran adam, Juwan ýaşda söýülmändir, Söýmändir! Hawa, ol henizem ýekeden – ýeke, Ýygralykda geçýär bütin durmuşy! Şeýle ýalňyzlykda içiň gepledip, Hany, sen geçirjek bol-da bir gyşy! Ol şeýdip geçirýär bütin durmuşy! Meň söýgimi, Seň söýgiňi goranda. Söýgüsin, söýgülsin ýitirdi goja. Ýene telim – telim ömürler üçin Şonda şirin ömür çykypdy puja. Bu gojany synlan wagtyň ýaýdanman, Diýäýmek bor çalaja: “Heý, beýle ömür-de çykarmy puja! Her gülde, gunçada onuň ady bar. ... Meňem döredenlem, Meňem zürýadym Hem oňa, hem maňa bolsun ýadygär!” | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |