01:38 Çandybil balladasy | |
GÖROGLYNYÑ GAÝDYP GELMEGI, ÝA-DA ÇANDYBIL BALLADASY
Goşgular
Gömme nany daňdy bile, Görogly, Atasynam aldy atyň ardyna, Hem rowana boldy ata ýurduna, Gör, dolandy Çandybile, Görogly. “Ýör atam jan, alys ýola çykaly, Ata ýurdy, ulus-ili tapaly, Özge ýurtda janymyzy örtänden, Ýör gideli, üzüleli Hüňkärden. Daň şapagy gyzyl-elwan keteni, Gün gülýaka kibi ýalkymyn atdy. Ýere degmän şol daglara ýeteli, Indi Gyratymam ýel kibi atdyr. Gyrat bilen ýüwürerin, ýortaryn, Käte pese inip, käte belentden. Ata seni Çandybile elteýin, Çandybile bolsa özüň belet seň. Çardaglaryň eteginde ýaýylan, Ak öýleri hatar-hatar türkmeniň, Çandybiliň kötelinde gurulan, Göreli-le galalaryn-kentlerin. Ýetim-ýesir bolup sürülen günüm, Daglarym dumandy, çaňdy ýollarym... Aman-esenmikä illerim meniň, Ýerinde durmuka Çandybillerim? Gerçek çyksam, gylyç syrsam ok ursam, Çäre tapsam ýürekdäki derdime, Kyblam atam meni tizden ýetir sen, Türkmenime Obalarma-kendime. Şapak misli gyzyl-elwan keteni, Gün gülýaka kibi ýalkymyn atdy. Gyratam ýadamaz, ýel kimin atdyr, Ýör, gözläli Çandybili-Watany. Aýdyp otur, ýol başlaýyn şol ýandan, Ýogsam sensiz meniň başym aýlanýar, Watanymyň bardygyny bilýän men, Kaýdadygyn tapman başagaý bolýan. Kä aşakdan, kä belende çykyplar, Salgy berseň ýöräýin her ýodadan, Atam maňa Çandybili tapyp ber Ýol yzlasyn batyl kylnan dideleň.” Jygalynyň jigerini jigledip, Jibrinýärdi onuň Röwşen balasy, Beg Görogly görse siňe seredip, Daglar öz ýerinden süýşen ýalydy. Hem beýgelen ýaly gaýa-uçudy, Hem giňelen ýaly ýoly-geçidi, Keramata duşdy daglaň derbendi, Synlap gerçek ogly, pälwan perzendi. Üçgümmez dagyna getirdi ykbal, Indi Çandybilem juda alys däl. Mährem ýeller sypaýar ýaş döşüni, Gözleri gananok, ýürek joş urup. Batyl atasyna bir zatlar aýdyp, Uzakdan syn salyp Çandybiline. Beg Görogly soltan gelýärdi gaýdyp, Gadym ýurda, gala-kende, iline. ■ ÇAKYLYK Gel, dost Daşoguza, myhman bolup gel, Del däl senem bu mekana, bu ýere. Bir özüň däl, ýakynlarňam alyp gel, Garşy alyp hoş sözümiz diýere Göwnümizem, gapymyzam açykdyr, Şoň üçin bereket-barly saçaklar, Bu toprak jennet deý diýseň ajap ýer, Sylap-sarpalara, synlap-söýere. Geçmişiň dür-merjen, sadaby munda, Üç ýüz altmyş pirleň gadamy munda, Has belent söýersiň Watany munda, Köňül açyp myhmansöýer illere. Täzeden direlen Wasy görersiň, Didelerde bir yhlasy görersiň, Özüňem şahyr dek joşuberersiň, Kalbyň meňzäp derýa-deňiz, sillere. Agzybir illeriň ýüzünde bagt bar, Ol bagt il-günümiň kalbyndan gaýtýar, Bu gün bagtyýarlyk dessanyn aýdýan, Şaýat bol saýraýan şirin dillere. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Şahyryň göwnüne degmäň! / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Dostum Çerkez Şamyradyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Men / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Sen bu jahan mülküni Kapdan Kaba tutduň, tut... / Goşgular - 26.09.2024 |
√ Aýal dogan gelende / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Darkaşnama / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Gatmaga geldim / Goşgular - 26.08.2024 |
√ «Sa» harpy / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Okanyma öýkünme / Goşgular - 28.11.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |