03:30 Deñiz fantaziýalary | |
DEÑIZ FANTAZIÝALARY
Goşgular
I. «Üç essesi däli derýa» dünýäniň, Dört tarapy deňiz Möwçli ummandyr. Tolkunyp Tolgunyp çar ýana eňip Deňizler kanagat tapyp bilmändir. Million ýyllaň dowamynda Ummanlar Gursagynda jan beripdir ynsana. Süýrenmäge alaç tapan çagynda Adamzat sygmandyr çäksiz ummana. Neçüýn terk edipdir ene goýnuny? Bu hal biziň üçin häzir nämälim. Sozup ýokardaky Güne boýnuny, Yşgyna düşüpdir gör ol nämäniň?! Bu zatlaň çözgüdin tapanok kelle, Ýöne bir zatlary men anyk bilýän. Hemişe bir ýere üýşse mähelle Ynsanlar ummany ýadyňa salýar. ■ Durmuş deňzi II Öli deňziniň suwunyň düzümindäki duzuň dykyzlygyndan ýaňa oňa suwa düşýän adam çümenok. Gara deňiz Ak deňiz bar, Sary, Gyzyl, gök deňiz bar, Köp deňiz bar... Biri kiçi, biri uly deňizleň. Ýöne olaň ýekejesem jahanda, Edil betbagt däldir Öli deňiz deý. Nämüçin beýle ol? Kim oňa at dakan Öli deňiz diýp? Siz beter artdyrmaň ýürek zaryny, Bilseňiz oň ady öli bolsada, Beýik ýaşaýyşyň tarapdarydyr. Munda bir assarly gep bar Aslynda Bu zatlara haýran galman bolanok. Öli deňziň ady öli bolsada, Bir kişini gark edibem bilenok. 14 noýabr, 2015 ■ Dostum! Eý sen Eziz dostum. Eý eziz dostum! Biz ýene Sary epgek sährada. Ýol ýöräp bile, Çydap gyzgyn oda, Bakýarys çöle. Gök bilen birleşen Gyzgyn gözýetim, Daralyp, Dar jaýda ýerleşen, Ýüreklerimize Howa azalyp, Berýär ezýetin. Bu aralyk Ýakyn däl, ýakyn däl. Barsak-da saralyp, Agyr däl, kyn däl. Bir-birekden Daş bolanda ikimiz, Aýakda-ellerde Ysgyn bolmazdy. Emma, Bar bolanda çölüň hem. Sen dek dosty-ýakyny, Onda ol hem Beýle gyzgyn bolmazdy. Gyzgyn sähra, Howrun dökýär Sowurýar odun, Eý dostum, Biz ýene, Gör, bile. *** Asmanyň göwsünden-Günden nur emen Güller galdyranda neşder kirpigin, Daň sazyna hüwdülenip, irkilip, Ykbalymy ynandym dost-ýara men. Bilmämsoň hiç kimiň sözüni ýykyp, Göwnüm gendelere gaçybatalga, Aglap, gapym kakyp, gözüni sykyp, Soň göwün bagymda geçi bakarlar. *** Üç harpdan ybarat ajaýyp sözde, Bu ýaşaýşyň bar manysy jemlenen. Nan diýseň dokunýar göwünler, gözler, Bu söz ýakymlydyr sazdan, heňdenem. Lowurdap çykanda yssy tamdyrdan, Gözlermizi gamaşdyryp Gün ýaly. Gül durmuşyň gönezligne deňdir ol, Nan hakdaky sözlerde bar çuň many. Hak emrinden tegelek Gün her säher Göge galýar ýaşaýyşa görk berip. Şol Güne meňzedip zenan nan ýapar, Onsaň jahan hasam gider görklenip. ■ Goldaw Ýaz geldi, şat guşlar dowamat üçin, Otyrlar ses-üýnsüz, ýumurtga guzlap. Sen olara goldaw bolmagyň mümkin, Honha, bezzat gelýär höwürtge bozýan... Ýazyň yzysüre jokrama tomus. Höwürtgede jüýjejikler ýetişip- ýetişmänkä üstlerini gallar howp. Ol baga dyrmaşýan aldajy pişik. Aldajy pişigi ät goýsaň awdan, Ýene ýaşar bäş jan gyzyletene. Basym ganat bitip, göterlip bagdan, Göge tagzym kylyp hezil ederler. Hemaýat etmeklik gelýärkä goldan, Guşlar hem adamdan gözleýär goldaw. ■ Gazalkybap goşgy Bize peşgeş berlen ajaýyp ömrüň, Günlerin günlere, aýlara sepläp, Başyň belent tutup, göterip göwnüň, Il-günüň abraýnam tug deýin dikläp, Ýaşamaga howluk, her dem, her pursat, Ene-ataň beren duzuny haklap. Gaýrata gaplanyp gaýnasyn gursak, Ýaşamaly halal rysgyňy çöpläp. Ýykmaga howlukman il-günüň raýyn, Dogry ýa-da ýalan sözleri gepläp. Bela-beterlere bolmaly taýyn, Hem durjak bolmaly öňüni bekläp. Balalarňa berip halaldan nany, Iki egniň zorundan iýdirip, ekläp. Garrar çagyňa çen göwher imany, Ýaşamaly bolar baýlyk deý toplap. Şygrym tamam boldy, pikir aýaklap, Gazalyň başy dek goýaýdym jüpläp. ■ Şahyr Göni ýoldan zordan dogry ýöreýär, Oňly gepläp bilenogam ol bende. Ýöne bir kitaba sygmaýan gepi, Ýerleşdirip bilýär ýekeje bende. Onuň özem haýran beýle ýagdaýa, Şonuň üçin gaýtalap ýör ir-ertir, «Özüm bilip edemoga men muny, Içimde başga-da bir kişi otyr». ■ Ot Daşyna egriler üşäp-buýanlar, Ot ýananda, alaw alyp ýananda. Gaýra teser oňa golaý baranlar, Uçgun-alaw çabrap göge galanda. Ýaňaklar alma deý al öwsüp durdy, Burunlarmyz gyzarypdyr käşir dek. Ýöne ot durşuna ýalyndy, gordy, Gyzgynyna gaýra-gaýra süýşürjek Oduň mähri çendenaşa uludy, Otur oda çoýnup, gözleriň süz-de Indi üşän kalplara çen ýylady, Aňzak ýel şuwlaýan ýalazy düzde. Daňa ýakyn oduň howry gaçypdyr, Ot öçüp, galypdyr ýyldyz deý közler. Indi ukynyň hem ugry gaçypdyr, Ojakda bolmansoň gunduz dek közler. Tar-tar tüssä, közjagaza imrinip, Bi sährada golaý-golaý gelinýär. ...Ot dek adamlar hem küle öwrülip, Käte öçenden soň gadry bilinýär. Ot ýananda gaýra-gaýra tesenler, Öçenden soň külün bagra basarlar. *** Hyýalymda pelsepe. Garry dünýä elekmi? Ol elegi eleýän, Gadym çarhypelekmi? Iki-baka elenýän, Un elenýän elek deý, Tans oýnaýar, towlanýar, Durmuş heýjanelek heý. Ol elegiň içine, Gyşda-ýazda gar ýagar, Şol garlardan her zaman Kalby nurly är dogar. Emma mydam ol elek, Iki-baka elenýär. Şonda beýik ynsanlar, Bakyýete dolanýar. Kalby ak un ýagşylar, Aşak akar elekden. Kalby kepek ynsanlar, Elenip ýör seretseň. Başym aýlanýar meniň, Gözlem elek-çelek heý. Köne dünýä elenýär, Pelek edil elek deý. ■ Derýa «Bu daglar gojaman, Men bolsa juwan, Ýok men terk ederin garry daglary». Diýip alys ýola bolupdyr rowan, Goja dagyň derýa dönen garlary. Şeýdip goja daglaň buzlary-gary, Asman degresinden aşak inende, Ýüzüni ýalapdyr epgegiň howry, Derýa bolup gyzgyn sähra girende. Towlanjyrap akyp barýar boz derýa, Tämiz derýa, keýik ýaly tez derýa, «Mährem dagy terk etmeli däl eken», Armanlary şatlygyndan ozdurýar. Söke-söke belent pesleň baryny, Aka-aka ýüzläp-müňläp menzili, Ol terk eýläp bürgütleriň dagyny, Baryp ýetdi ak çarlaklaň deňzine. ■ Üçlemeler Ýazybergin üçleme. Öz kalbyňy aldaman, Il ýüregne düşme-de. *** Her dynç güni gidip balyk tutýaryn, Soň howa tapmaýan balyk deý gije, Hopugyp, azara galyp ýatýaryn. *** Danalar sözlese dürdäne bolar. Olardan paýyny alyp bilenler, Mertebesi belent merdana bolar. *** Ýalta bilmez işiň abyn-tabyny. Suwa berer goňşusynyň bakjasyn, Suwarmakçy bolup guran bagyny. *** Öwgi ussa juda yssy ýakardy. Hoş sözlerden ýaňa dünýäni undup, Ol bir ojak gurdy tüsseçykarsyz. *** Ýazda ýaýla ylla dokalan haly. Ses-üýnsüz, şol hala düşen güýe dek, Güýmenip ýör obaň çekene maly. *** Kakasy gelýärdi arkasy ýükli. Ýükün däl, göwnüni götermek üçin, Ogly öň öňünden ýylgyryp çykdy. *** Bir-ä uky ýassyk isleýän däldir, Bir-de söýgi görk görmege seretmez, Olaryň ikisi-de gudratly haldyr. ■ A.Gurbanowyň üçlemesine wariýasýa Hiç wagt urma at-bedewi. Eger urjagyň çyn bolsa, Bigadyra sat bedewi. ■ Omar Haýýama öýkünip «Meniň kimdigimi bileňokmy?» diýp, Tekepbirlik bilen sorama menden. Ondan «Haýsy hanyň kellesidiň?» diýp, Ho-ol, ýatan kesekden sorap göräý sen. Bentler Bu teşne topraklar ter suwdan gandy, Towlanyp akanda çasly bulaklar. Dür-merjen deňizleň astynda galdy, Kenara çykýarka balykgulaklar... *** Söz berýäň: «Şu işi etmerin gaýdyp», Ýöne nalaç ýene etmeli bolýaň. Käte hem bir işi bitirin öýdüp Nätjek-dä şol işi başarman gelýäň. *** Gowy-gowy goşgularym bar meniň, Gowudygyn okap görenler biler. Neneň gowy bolmasyn meň goşgulam, Sebäbi sen hakda ýazyldy olar. *** Men ýanamok ahyr kül bolmak üçin, Ýa, ýanyp topragy garaltmak üçin. Men ýandym gijeler gül bolmak üçin, Hemem üşänleri ýylatmak üçin. *** Haky ýatlap, Hudaý diýen hor bolmaz, Taňryň keremine ýakyn boljak bol. Dost-ýaryň daşyňda dünýäň dar bolmaz, Il-günüň derdine hekim boljak bol. *** Diri ýören ynsanlara gyýyldym, Gara ýere siňene-de dözmedim. Hatda garynjanam basmajak boldum, Hatda hapa siňege-de dözmedim. *** Bir akyl bar, almasaň hem gulak sal, Diýjek sözüm kiçi maslahatydyr. Uýaňy, gyzyňy aýap gezjek bol, Owal-ahyr kişi maşgalasydyr. *** Dost-ýar bilen gülüp-oýnap toý tutdum, Düýnki görenimi bu gün tapmadym. Deň-duş tapdym, boýum ýaly boý tapdym, Ýöne göwnüm ýaly göwün tapmadym. *** Göm-gök buzy gyşlaryň, Güneş bilen çözüler. Çözmesi kyn işlerem, Geňeş bilen çözüler. *** Guýy gazan başga biri, Ol guýa buşugan başga. Toýy bozan başga biri, Kellesi deşilen başga. ■ Rubagylar Men ilki bir çeşme hiňlenip akan, Soň bir batly derýa towlanyp ýatan, Senem tylla balyk, synasy näzik, Daşgyn derýalara özüni atan. *** Dymýandygy üçin diýme «Gara ýer». Gaýta näçe renjiň bolsa ýere ber. Bereketli toprak beren zadyňy Altyn eder, merjen eder zer eder. *** Topragyňy suwar, depip-agdar, ek. Gül ýetişdir, nahal oturt, bag döret. Öwret ogullarňa bu ajap kesbi, Ýagşylyk dowamat saklanjak döwlet. *** Birsi gapdalyňda ýatsa hyk-çoklap, Aýyp bolar gülüberseň jak-jaklap. «Ýoldaşyň kör bolsa gözüň gyparak,» Agsagyň ýanynda durma bökjekläp. *** Depsem sarsdyrardym gaýa-dagyňny, A, indi, ah çekýän aýgagyrly. Bir dostum hem bu gün gülüp, şat bolup, Tans edeli diýip toýa çagyrdy. *** Ýas tutsaň daşyňy almasa hossar, Toý etseň toýuňda bolmasa dost-ýar, Muny öwüt bilme ýöne sen diňle Bu altyn ömürler mis deýin poslar. *** Peýdasy ýok eken belent boýlaryň, Pes bolsa içdäki pikir-küýleriň, Kimleriň arslan-şir ady bar, ýöne, Itiň gapysynda ýör-dä aýlanyp. *** Ýitirmejek bolgun sabyr-takady, Hak başa inderse agyr apady. Biabraý bolmak ölümden beter Diýip gözýaş etdi gyzyň agasy. *** Maşgalasyn taşlap, aýnap, mes bolup, Öz göwnüni hoşlap, pula beslenip, Indi ömri geçip barýar bimany, Ýata suwdan çykýan warryk ses bolup. *** Büdreseňiz, aýak çekip bir salym, Yza bakyp, yzyňyza ser salyň. Ýalňyşlyklar sizi kejikdirmesin, Gaýta ondan sapak alyň, ders alyň. *** Goşgym gowşak, pikirlerim pes häli, Ýöne ýürek arzuwlaýar asmany, Meniň uçjakdygma ynanmadyklar, Boldy gowşak pikirlermiň gassaby. *** Dabanyma darka çümen çüý ýaly Bu kellede bähbit aran küý doly. Il derdine çapsak özümiz undup, Diňe bir il üçin bolmaz peýdaly. *** Ýüzlerem, kalplaram nur dek, ýazyna, Köller hem guwanýar ördek-gazyna. Köňlümiň kölünden uçdy bir gazym, Indi, gam düşüp ýör mar dek, yzyma. *** Ýöräp däl-de, ýeriň üstünden göýä, Gaýyp gelýän ýaly, göterlip howa. Sessiz gadamlaňdan aşyk ýüregim, Älemi sarsdyryp, edip dur gowga. *** Ýar wysaly dilim baglap, lal eden, Derde saldy kem galmadym däliden. Ýary ýitirenme üç müçe boldy, Ýöne wagtam güýçli lukman däl eken. *** Daglaryň daşyny gurşapdyr deňiz, Göm-gök deňiz, birenaýy görseňiz. Çür başynda gaýalaryň, gerşleriň, Ata mekany bar bürgüt guşlaryň. Harman-harman ak bulutlar, ak duman, Erkin guşlar hiç wagt aşak garaman Dumandan, bulutdan belentde gaýýar, Olardan ýokarda diňe Alla bar. Belki şoňa olar asmana bakýar, Hemem diňe pesde bolmakdan gorkýar. Daglardan alansoň mertligin, erkin, Men ýüzüme syldym bürgütleň erkin. *** Saralan ýapraklar ir säher bilen, Baglaň şahasyndan gaýyşyp gaýdar. Iň soňky deminde diline gelen, Ykbalyň öňünde haýyşyn aýdar. Güýzüň çigreginden, mizan deminden. Ýapraklaň ýazgydy köýüp gitmekmi? Durnalaň derdini duýdum heňinden. Yssy ýurda ganat ýaýyp ýetmekmi? Ýa-da güýz gussasyn özleri bilen Alyp gidäýjek gurdular toýnuk. Durnalar girýana sazlary bilen, Bu alys ýollarda burdular boýnun. Meňzeş hyýallardan gurlan kerwene, Küýseg bolup akyp barýar durnalar. 1987-nji ýyl, eje Görgi görüp, gussa çekip hor bolan, Ejem ýene ýola düşýär ir bilen. Bäri bärde barmy näme Ýylanly, Ýollar sürçek, howa aýaz-dumanly. Roýun görmek üçin syrkaw oglunyň, Ejem irden ýola çykar howlugyp, Halyn bilip bilmän dertli balanyň, Kösenen günleri azmy käbämiň. Bäş lukman ýagdaýy aýtdy şol bada, -Ogluňyza degen eken sarlatma. Eje onuň üçin düşme hiç oda, Hem her kişä gül ýüzüňi saraltma. Ýylanlynyň etrap keselhanasy, Ýanar otda ogluň onki synasy, Ýadymdan çykarmy başymdan geçen, Gün yrman yzymdan gatnaýşyň ejem. Bakyp keselhanaň penjiresinden, Men gama batardym basym-basymdan. Uzakdan ejemiň gelýänin görüp, Çaga ýürejigim çalt-çaltdan urup, Ýedi ýaşly, gözi ýaşly oglanjyk: “Eje , öýe bile gitsek gowy boljak”. Geçmişimde şeýle ýatlamalar bar, Käte geçen günler düýşüme girýär. ...Uzakdan görünýän gadym Ýylanly, Ýollaram gar, howa aýaz-dumanly. Gör, näçe menzili pyýada geçen, Keselhana ýetip gelýärdi ejem... ■ Bagşynyň kalby Bagşy daňa çenli dynman, Dolup-daşyp aýdym aýtdy. Onuň owazyndan ganman, Il-gün sag bol aýdyp gaýtdy. -Bagşym ellerňe gül bitsin, -Bagşym agyrmasyn goluň. -Köp toý sowmak nesip etsin, Diýip dillendiler telim. Dutaryn salyp gabyna, Iliň alkyşynam köňle. Bagşy irden gelýär ine, Ýüregi püre-pür heňden. Şol pursat hem ak daň atdy, Owaz deý, aýdym deý, saz deý. Bagşy gelýär bedew atly, Çar töwerek ýaşyl ýazdy. Çaýlar joşup, Baglar gülläp, Umma kowup gara gyşy. Ýaza dolup bütin dünýä, Saza meňzäp gelýär bagşy. ■ Goşa tar Tisgindirdi güýzüň tukat iňrigi, Hem gyş gijelerniň garabasmasy. Ynha, aýdyp otyr meniň kimligim, Garypja atamyň gara gazmasy. Gulaklaryn kä gowşadyp, kä çekip, Ýürekleriň gerdin-tozanyň artdym. Oý-pikirim käte sandal, kä çekiç, Urulyp hem urup saplandym dertden. Meýlisde mes bolman, mysapyr halda, Özgäniň kalbynyň gertlerin artdym. Bir ýerde birinden öýkeläp galsam, Diňe gara gazma dertlerim aýtdym. Onsaň garyp köňlüm uçar guşa taý, Arzuwlarmam tamam hasyl bolan dek. Pyşyrdadym, heserdeşim goşa tar, Maňa dertdeş, ýakyn hemra bol entek. Ah, tamdyram gylygyň bar bir töwra, Gam-hesretin aňlap kemli köňlümiň, Al howa göterýäň küýkeren göwräm, Aýdyp berip maňa meniň kimligim. ■ Dutar bilen ikiçäk söhbet. Tylla perdelerde ýüz-müň tilsim bar, Tükeniksiz mukam tapanym gazmam. Ýaňlansaň dumanly daglar tisginýär, Gamlansaň kyýamat goparan gazmam. Başyndan-aýaga perdeleň uste Zaryn aglap iki ýalňyz kümüş tar, Kemeldi kalbymda berç alan gussa, Aýt, dutarym, seň ýadyňa kim düşýär?! Hol burçda diwara söýelgi duran, Şol gara dutara seredip sessiz, Ýürek ýarasyny gorjanymda men, Hasratyny aýdyp berdi höwessiz. Gözläp halypanyň gollarnyň yzyn, Goşa kümüş tardan, on üç perdeden, Syzylyp-süzülip bal bolan sazyň, Ummanynda galdym çümüp derde men. Saz çalyşy ol mukamçy ynsanyň, Ýada salyp at seýislän seýisi, «Perzendim» diýp sypap on üç perdäni, Onki süňňe siňdiripdi söýgüsin. «Men on üç perdeli gara gazmadym, Mejnundym hasratly-toýly heň bilen, Maňa onki süňňi bilen berilen, Mukamçynyň on üçünji süňňi men». ■ Tapawut Özgeleriň menden tapawudy; olar iýmek üçin ýaşaýar. Men bolsa ýaşamak üçin iýýärin. Aristotel. Öz sözümi aýtjak bolýan, Özgäň gepini diýemok. Iýmek üçin ýaşamok men, Ýaşamak üçin iýemok. «Men näme diýip ýaşaýan, Näme meni ýaşadyp ýör.» Agyr oýlardan ýadaýan, Çünki, olar aşa köp-dä. Diýen sözüm okap diýdim, Diýjek sözüm okamaly. Men ylymda sogap duýdum, Bitiren deý Hak amalyn. Säherler başym sämedip, Iňrikler tutsa ýakamdan. Dünýäň paýhasyn soradym, Tüm gije kitap okandan. Golda kitap ýol ýöredim, Galmagal-gohy duýmadym. Kitap boldy nan-çöregim, Okamak ruhy iýmitim. Bu dünýäniň bar eşreti, Okamak, diňe okamak. Kitap bu, Allaň peşgeşi, Ylham gözleseň Haka bak. Jadyly, jomart saçakdyr, Hem baldan doly okaraň. Okamak üçin ýaşaýan, Ýaşamak üçin okaýan. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Ýar gara gözli / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Boş bolgaý / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Aýal dogan gelende / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Yşk ymamdyr bize, köňül jemagat... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Ak atly şazadam haçan gelersiñ / Goşgular - 11.09.2024 |
√ «Sa» harpy / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Bolarmy / Goşgular - 13.09.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |