06:10 Deñze suwa düşýän pil | |
Deňze suwa düşýän pil
Goşgular
Çägesow kenara gelip Piliň kalby heýjan tapdy Äpet ädimleri bilen Äpet holtumlary bilen Deňze girdi ol. Deňiz tolkunlary bilen Heýjanyny gardy ol. Kijijik gözler Gözýetimi nazarlap Gök asmana seredýär. Haýrana galan kenar Tolkunlar, ak köpükler Oňa kiçi görünýär. Kanagat tapanok Onuň pil göwni. Syganok ummana Hem ýöne bakanok Mawy asmana Ol asmany asmanda Ummanmyka öýdýärdi. Şonuň üçin gynanyp Ökünýärdi köýýärdi. Ýüregi dar gursakda, Daş goýlan deý goltugna Käteler suw dolduryp Arman doly holtumna Çüwdürim deý pürkdürýär Bir zat ýada düşýän deý Käte durýar, kürtdürýär. Burnun göge uzadyp Göge sejde edýärmi, Ýa-da atýarmy pitjiň, Deňziň kenarynda, suwda Bolup ýörşi piliň. 10.06.2017. Daşoguz şäheri. *** -Görüpmidiň tilki diýlen jandary, Eşidensiň belki şol hakda bir zat. Mekir haýwan ýokdur edil oň ýaly, Ýöne şol hem däldir adamça kezzap. Bu sözler düşünmedik bir kişi: -Beý diýmäwer-diýdi.-Bu gepiň ýalan. Tilki bilen asla bolmaz erjeşip, Hiç oýnuň hem deň geläýmez oň bilen. Guýrugyny sübse edip barşyna, Ylgap ediberýän oýnuna garaň. «Pyr-pyr» aýlap bir agajyň daşyndan, Tazynyň dagynyň boýnun oňurýar. Şeýle mekirmikä tilki janawar, Mümkin, ýöne bir tarapdan gözel ol. Mekirligin tekrar aýdyp, ýene-de, Guýrugyndan possun tikýäs biz olaň. *** ■ A.J.Nurtaýewa Dostuna dönüklik eden adamy, Senem ýigrenersiň, menem halaman. Şeýdip çörek tapjak bolsam bu gün men Ondan aç otursyn öýde balalam. Maslahat bermäge hakym ýok, ýöne Gepim diňlemeli çakym çak bolsa. Sen bir mert adamyň çagasy dälmi, Dogry durmalysyň gepim hak bolsa... Häzir ynsabymyň tersine gitsem, Kyýamata çenli boýnum burukdyr. Pul, wezipe näme nesibe bilýär, Garyplyk hem bize öňden buýrukdyr. Şonuň üçin ýörün günüme kaýyl, Kadyr Allam her bir demine şükür. Orta ýolda şermende bir bolmaýyn Şeýle deýýuslar bar melgundan mekir. Adamlar bölünse iki tarapa Iki jahan owarrasy bir özüm. Men hiç taraplyk bolmak isleýän Hemem çykarjak däl sesim, owazym. Şonuň üçin berme maňa ezýeti, Akly-kemalyna aşyk ynsanym. Şekli-jemalyňa şygyr bagyşlap, Syrly setirlerde arzuw beslänim. Ygraryna ykrary ýok ynsany Sen-ä ýek görersiň, menem halaman. Düşünene dünýe ýaly sözüm bar, Umyt bilen dört setire baglanan. *** Her säher meni seni ýatlap oýanýan Senli ýatlamalar ukudan süýji. Alyslarda meni ýalňyz goýan ýar Ýüregim gitjek diýr ýanyňa süýşüp. Sen bolmasaň men bir ýetim çaga deý Her pursatda seň adyňa daýanýan. Men seni hemişe ýatlap ýöremok Men seni her säher ýatlap oýanýan. *** Ýa sen maňa arşdan ýollanan melek, Zemindäki biweç ýarlara derek. Emma sataşdyryp bizi juda giç Adalatsyz oýun edipdir pelek. *** Eý, sen on ýedimde gelmedik söýgi, Ýyllaň aňzagynda solmadyk duýgy. Men many gözledim tutuş durmuşdan, Olam sen ekeniň köňlümüň keýgi. *** Şeýtanyň zähmeti-renji biderek, Haka ýüz owürdi ynjyly ýürek. Indi meni seň ýoluňdan saklara Pilleriň baglanýan zynjyry gerek. *** Hyýal penjiresin açyp goýaryn, Seni şirin jandan geçip söýerin. Düýşüme girersiň saba säherler, Aňsaň tüm gijeler niçik söýenin. Gel, ezizim dogry sözi sözläli, Haçan tapdyk bir-birege dözmäni. Bilyanmi, meň şu gun dyrnagym gopdy, Naçar kalbyň awusyny syzýarmy?! *** Ähli zatda seniň nazaryň läläm, Ýaz ýalkawyň, gyşlar gazabyň läläm, Dört pasylda tapylmadyk sypatyň, Niçik wasp ederin, ýazaryn, läläm. *** Meni bir-ä gowy edip aldady, Gör, nämäniñ hatyrasy hakyna. Başymyzdan geçen hal-ahwallary, Hiç sygdyryp bilemok men akyla. Gowy günler geçdi misli düýş bolup, Yşk oduna ýandy-bişdi jan-tenim. Bu gün syrylansoñ ýalan perdesi, Janym saña sowallarym kän meniñ. Hudaý hasaplanym şeýtanmy ýa-da, Jan almaga gelen gara perişde. Daşda bolsañ ýanyp gitjek men oda, A ýakynda meñzeýärsiñ behişde. Bilýän bolsa ikimizi duşuryp, Diýmek gerekdir-da ýalan-aldaw hem. Dynç alaýyn başym dyzyña goýup, Bilemok şu gün-ä biraz yadow men. Seniñ wysalyña gurban bu kalbym, Mukaddes ýalandan döreýär wyždan. Sen ýalany ýeñip örboýña galdyñ, Men seniñ alnyñda baraýyn sežda. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Ýar gara gözli / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Быть блондинкой... / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Jisim... / Goşgular - 31.05.2024 |
√ Şahyrsumak sen / Goşgular - 06.09.2024 |
√ Dag säheri / Goşgular - 15.07.2024 |
√ Aşyk we yşk / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Halal-haram kim baka / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Şahyryň göwnüne degmäň! / Goşgular - 23.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |