DÖWLETIÑ WE HUKUGYÑ DÖREÝŞI HAKYNDA ERTEKI
Bir bar eken, bir ýok eken, gadym eýýamlardanam öň, entek zamanalaryň başlanýan döwründe, adamlar juda agzala ýaşapdyr.
Kimdir biri degşip dostuna bir zat diýse-de, ol adam dosty özüni äsgermeýändir, kemsitjek bolýandyr öýdüp ýokuş görüpdir. Goňşy goňşusyndan bir zat diläp barsa-da ol özüni aldap, zadyny almakçy bolýandyr öýdüpdir. Güýçliler: “men güýçli, onsoň men näme üçin ejizleri ýeňip bilýärkäm, olar bilen deň ýaşamaly?!” diýip gedemlik bilen ejizlere azar beripdirler. Ejizler bolsa kimden haraý gözlejekdiklerini bilmändir.
Şol zamanada-da, başy garly belent dagyň eteginde ýerleşen dört-bäş öýli çaklaňja obada, ýalňyz agtygy bilen bir dana goja ýaşapdyr. Ol ýüz ýaşdan agdyk ömründe köp çarşenbäni başyndan geçirendigi sebäpli, ýagty jahanda bolup geçýän ähli betbagtçylyklaryň adamlaryň agzalalygy zerarlydygyna aňryýany bilen düşünipdir. Ol ilki-ilkiler:
-Ogullarym, doganlarym, agzalalygyň alyna gitmäň! Agzalalyk siziň günüňizi bulaýar!-diýip ildeşlerini akylyna aýlamaga çytraşypdyr. Emma adamlar oňa düýbünden gulak gabartmandyr. Gaýta uýat-haýany undup:
-Sen bize akyl öwretmesene!-diýip onuň özüne hüňürdäpdirler.
Şoňabaka ýagşy niýetleri puja çykan dana goja, günlerde bir gün agtygyny ýanyna çagyrypdyr-da:
-Balam! Meniň indi köpüm geçip azym galdy. Emma men öz ildeşlerimiziň agzalalykda ýaşamaklaryny islemeýärin. Ýöne olary dogry ýola düşürmegiň-de alajyny tapyp bilmeýärin. Sebäbi agzalalygyň, gedemligiň, bahylçylygyň, gahar-gazabyň hilesi-aly olaryň akyl-huşuny kör edip, erklerini ellerinden alypdyr. Şonuň üçinem sen balam, ýanyňa üç güne ýeter ýaly azyk-owkat al-da, meni belent dagyň göwsündäki gizlin gowaga eltip gaýt! Men şol ýerde üç gün bolup, Hak nazary düşüp, dünýäniň döredilişiniň şaýady bolan gojaman hem parasatly daglar bilen geňeşmekçi! Belki şolar maňa degerli maslahat bererler!-diýipdir.
Agtygy dana gojany onuň aýdyşy ýaly dagyň gizlin gowagyna eltip, ýalňyz goýup gaýdypdyr. Üç gün ötenden soň bolsa atasynyň yzyndan barypdyr. Ol bärden baranda atasynyň gowagyň girelgesiniň agzynda oturandygyny, onuň ýüzüniň şatlyk hem paýhas bilen nurlanyp durandygyny görüpdir. Ol atasy bilen edepli salamlaşyp, hal-ahwal soraşypdyr. Soňra içi byjyklap duran pälwan ýigit:
-Ata, ýüzüň öte açyk görünýär welin, sen bu giden adamlaryň agzalalygynyň öňüni almagyň alajyny tapypsyň öýdýärin?!-diýipdir.
-Hawa tapdym, balam!-diýip dana goja agtygynyň atyna artlaşyp münüp durşuna jogap beripdir:
-Oglum, biz ýaman duýgulary adamlaryň ýüreklerinden düýpgöter-ä ýok edip bilmeris! Ýöne ildeşlerimiziň agzalalyga, eden-etdilige, bulam-bujarlyga gol berip, biri-biriniň başyndan musallat bolup inmekleriniň welin öňüni alyp bileris…
-Nädip, ata?-diýip, atynyň başyny obalaryna tarap buran pälwan ýigit oýurganyp sorag beripdir.
-Biz adamlary biri-birleri bilen diňe tertip-düzgüniň esasynda gatnaşar ýaly ederis. Ýörite kadalary taýýarlap olary daşlaryň ýüzüne oýup ýazarys. Hemmeler hem agzybirligi, abadançylygy saklamak üçin, islendik wajyp hereketi edenlerinde diňe öz erk-isleglerine, duýgularyna däl-de, şol düzgünlere tabyn bolarlar, şol düzgünlerden ugur alyp ýaşarlar, işlärler.
Dana gojanyň aýdýanlary üýtgeşik bir keramatly sözi eşitmekçi bolan pälwan ýigdiň göwnünden turmandyr. Ol lapykeçlik bilen ýüzüni sallap:
-Ata, seniň ol düzen kadalaryňy daşyň ýüzüne däl, demriň ýüzüne oýup ýazsaňam hiç kim berjaý etmez! Bu wagt adamlar hiç kimi diňlemeýärler ahbetin!-diýipdir.
Onda goja:
-Oglum, biz hemmeler şol kadalary ýerine ýetirerler ýaly, ähli adamlaryň şol kadalary berjaý edişlerine gözegçilik etmek üçin “döwlet” atly adamlaryň birleşmesini dörederis-diýip jogap gaýtarypdyr.
Agtygy öň eşitmedik sözi bolandygy üçin atasynyň aýdanyna geň galypdyr:
-Ata, bu “döwlet” diýeniň näme bolýar? Ony nädip, nämeden ýasamaly?!
-Oglum, ony ýasamaly däl-de döretmeli. Sen, men, seniň dostlaryň, meniň aýdýanlaryma gulak asýanlar, ähli beýleki adamlar bolup, bir ýere jemlensek we adamlaryň durmuşynda düzgün-tertibi, asudalygy, abadançylygy, bolelinligi, agzybirligi ýola goýmak üçin her haýsymyz belli bir işi edip başlasak, şol hem “döwlet” bolar. Mysal üçin, men we meniň ýaly ýaşulular hemmeleriň ýerine ýetirmeli bolan kadalarynydyr-düzgünlerini dörederis, sen we seniň ýaly ýaş, gujurly ýigitler bolsa hemmeler tarapyndan şol kadalaryň berjaý edilmegini ýola goýarlar, güýçlüleriň hem, ejizleriň hem, mekirleriň hem, akyllylaryň hem deň ýaşap, birek-birege sylanyşykly garamaklaryny üpjün ederler, ýurdumyzy duşmanlardan gorarlar, adamlaryň arasynda dawa-jenjelleriň bolmagyna ýol bermezler, eger-de kähalatda sene-mene ýüze çykaýan ýagdaýynda-da ol jedelleri adalatly çözmek üçin jedelleşýänleri biz ýaly ýaşulularyň ýanlaryna getirerler…
Atasynyň aýdýan zatlary pälwan ýigdiň ýüregine jüňk bolupdyr. Şoňa görä-de ol obalaryna baran dessine öz deň-duşlaryny ýanyna toplapdyr-da, atasynyň öwüt-nesihatlaryny ýerine ýetirip başlapdyr. Kän wagt geçmänkä-de atasy bilen agtygy öz dostlarynyň hem ildeşleriniň goldawyna daýanyp, adamlaryň durmuşynda düzgün-tertibi ýola goýýan kadalary döredýän we şol kadalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän “döwlet” atly uly guramany döredipdirler. Şondan bäri-de müňlerçe ýyllaryň dowamynda adamlar öz durmuşlaryndan agzalalygy, bulam-bujarlygy, eden-etdiligi ýok etmegiň iň esasy serişdeleri hökmünde döwleti we hukugy ulanyp hem-de olary hemişe kämilleşdirip gelýärler.
Ertekiler