EDEP BAŞA TÄÇ BERER
Ir zaman bir patyşa bolupdyr. Ol iki oglunyň hersini bir adama terbiýelemäge berýär. Özi garrany üçin ogullaryny mynasybyny tagta geçirmäge saýlamak üçin ogullaryny synamak isleýär. Ol ogullaryny awa çagyrýar. Ertir awa gitjegini aýdýar. Uly ogly ertesi bezenip-beslenip, kakasyndan hem artyk bezenip gelipdir. Körpe ogly bolsa sypaýy geýnip gelipdir. Patyşa:
- Näme hazynada sen geýer ýaly lybas ýokmy-dy diýip kiçi ogluna ýüzlenipdir. Ogly:
- Men awa edep donuny geýip gelmegi makul bildim – diýipdir. Patyşa awa suw almaly däl diýip buýrupdyr.
Awda bir keýik şanyň öňüne gelende uly ogly atypdyr. Patyşa kiçi ogluna: - Sen näme atmadyň – diýipdir. Kiçi ogly: - Her kim öz awuny özi awlar. Kaka ol siziň awuňyzdy – diýipdir. Uzakly gün surnugyp suwsan patyşanyň ýakynlary çeşmäniň boýuna gelipdir. Uly ogly beýleki adamlardan öňürti atdan böküp düşüp, agzyny suwa basyp içipdir. Kiçi ogly gaplary çaýkap, suwdan dolduryp, kakasyna käsä guýup beripdir. Kakasy:
- Suw kiçiniňki, iç – diýipdir. Ogly: - Kaka, kiçem bolsam, siziň kepäp duran dodaklaryňyzy görüp, suw bokurdagymdan geçmez – diýipdir. Kakasy suw içenden soň, körpe ogul elini-ýüzüni ýuwup, soň suw içipdir. Patyşa ýakynlaryny ýanyna çagyryp, köşge barmaga-da garaşman, körpe oglunyň başyna öz geýip oturan täjini geýdiripdir. Şondan soň il arasynda “Edep başa täç berer” diýen nakyl galypdyr.
Edebiň ýagşysy –salam bereni,
Ýakynlyk ýagşysy – baryp-geleni.
Edep başy – dil.
Edep bazarda satylmaz.
Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen – tagt.
Oguljemal ÇARYÝEWA
Goşgular