20:06 Edep nämeden başlanýar? | |
EDEP NÄMEDEN BAŞLANÝAR?
Pedagogika we edep-terbiýe
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ylym we tehnika baradaky Ýokary Geňeşiň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçiren göçme mejlisinde eden çykyşynda aýdan bir sözi şu makalanyň ýazylmagyna sebäp boldy: “Binýat berk bolanda, bina baky bolýar”. Hormatly Prezidentimiz bu sözleri häzirki görlüp-eşidilmedik derejedäki özgertmeler hem-de ylym ulgamynyň depginleri bilen baglanyşdyryp aýdan hem bolsa, şu ganatly jümläniň çygry, meniň pikirimçe, has uzaklara – alysdaky gözýetimlere nazar salýar. “Binýat berk bolanda, bina baky bolýar” – bu jümle şu günki ösüp gelýän nesil näçe ylymly-bilimli, aň-düşünjeli hem-de edep-ekramly bolsa, birgiden müňýyllyklary asyrma-asyr aşyp gelýän türkmeniň yzynyň ýene-de mynasyp dowamat-dowam boljakdygyndan habar berýär. Men ýaşy durugyşan, durmuş tejribesi ýetik, köp zatlary başdan geçiren adam hökmünde türkmençilik, edep-terbiýe hakda käbir zady aýtmagy borjum hasaplaýaryn. Döwür özgerýär. Özem çalt depginler bilen özgerýär. Biz bu özgerişlere örän çalt uýgunlaşýarys. Täzelikler, tehnikalar biziň durmuşymyza tiz ornaşýarlar. Biz oglankak telewizor-da, wideo-da ýokdy. Mundan sanalgyja ýyl owal el telefonlary-da ýokdy. Bu gün bolsa biziň tas her birimizde diýen ýaly el telefonlary bar. Hudaýa şükür, elimiz uzadan ýerimize ýetýär. Mundan ýigrimi ýyl öň köçelerimizde maşyn o diýen köp däldi, özem esasy maşynlar “Žigulidi”. Bu gün köçelerde her hili owadan, ýeňil awtoulaglary synlanyňda göwnüň göterilýär. Dükanlarda, bazarlarda adyny tutan harydyň bar. Men durmuşymyzyň düýpgöter özgerendigini aýtmak bilen bu özgerişlikleriň biziň ruhy, maddy dünýämize-de täsir edendigini nygtamakçy bolýaryn. Bu täzelikleriň biziň ruhy dünýämize, jemgyýetimize getiren oňyn taraplary bilen bir hatarda käbir nogsanly taraplarynyň-da bolandygyny aýtmak gerek. Döwrüň, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň özgermegi bilen ahlak hem-de milli gymmatlyklarymyza garaýyşlarda-da özgerişlikler az däl. Pederlerimiz: “Mesligi goýun götär, goýnuň-da garasy” diýip pähim miras galdyrypdyrlar. Dogry, mesligi, gowy durmuşy götermäge injik gerek. Käbir kişileriň injigi şu babatda ejiz geldi. Netijede gerre, tirýek diýen bela- beteriň pidasy boldy. Meniň nygtamakçy bolýan zadym – adamlar kimiň neşe söwdasyny edýändigini we neşäniň jemgyýetiň sagdynlygyna agyr urgy bolýandygyny bilýär, şonda-da bilmedikden, görmedikden bolýar. Näme üçin? Türkmenistan – biziň öýümiz, mukaddes ojagymyz ahyryn! Bu döwletde ýaşaýan her bir raýat biziň eziz doganymyz ahyryn! Bize öz jemgyýetimiziň doly hukukly we doly borçly raýaty bolmak parzdyr. Geleňsizlik etmek öz aýagyňa palta urmakdyr. Hormatly Prezidentimiz öz raýatlaryny söýýär, ezizleýär. Mähriban Prezidentimiziň, öz döwletimiziň rowaçlygy, bagtyýarlygy üçin göreşmek jana-jan borjumyzdyr. Meniň berk ynanjym bar: biziň bagtyýarlygymyzyň, rowaçlygymyzyň, üstünliklerimiziň gözbaşy – edep. Bäş müň ýyl taryhly türkmen durmuşynda halkyň sarsmaz binýady edebi boldy. Biz taryhdan ýitip-ýok bolup giden halklaryň, halkyýetleriň birnäçesini bilýäris. Bizi taryhyň sahnasyndan düşürmän saklaýan binýat – edebimiz, milliligimiz, türkmençiligimiz. Biz gazet-žurnal sahypalarynda milli gymmatlyklarymyz, edebimiz hakda düýpli gürrüň etsek, binýadymyzy berkitsek, diňe utuş gazanarys. Türkmen akyl-paýhasa, ýaşula aýratyn gadyr-hormat goýup gelen halk. Pederlerimizden gelýän edep mekdebi şeýle diýýär: durmuşda ýaşuly ýaşuly ýerinde, ýaşkiçi ýaşkiçi ýerinde bolmaly. Ýaşkiçi ýaşula hormat goýmaly. Onuň pendini tutmaly. Eýsem bu gadymdan gelýän bu edep ýörelgämizi doly saklaýarysmy? Saklaýarys, ýöne hyrçyňy dişleýän ýerleriň durmuşda az bolanok. Üýtgewsiz zat ýok. Durmuş özgerýärmi, diýmek, biz hem öz ahlak gymmatlyklarymyzy döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmeli. Durmuşda, her bir işde her kimiň öz orny, etmeli işi bolmaly. Nirede edeplilik saklanýan bolsa, şol ýerde hem bagtyýarlyk, üstünlik bardyr. Çünki ähli gowulyklaryň gözbaşy – edep. Hut şonuň üçin hem pederlerimiz edeplilige aýratyn ähmiýet beripdirler. Ata-baba gelýän edebimize çirk ýetirmegimiz rowaçlygymyza çirk ýetirdigimiz bolar. Ýigrimi ýyl töweregi mundan öň bolan waka hakydama gelýär. Gijara bir iş bilen goňşym, belli gyjakçy Çary Alladurdyýewiň ýanyna gitdim. Heniz howla girip ýetişmänkäm, olaryň jaýynyň köçe tarapa çykýan penjiresinden eşidilýän gyjagyň birenaýy owazyna säginenimi duýman galypdyryn. Gelşiksiz hem bolsa, açyk äpişgeden içerik göz aýladym. Seretsem, Çary neresse ak saçly ejesiniň öňünde çöküne düşüp, oňa gyjakda saz çalyp berip oturan eken. Ene hem, ogul hem tutuş kalbyňy lerzana salýan sazy boýlap otyr. Men saz gutarýança demimi alman, şo ýerde aňk bolup durupdyryn. Munuň özi, megerem, iň ýakyn hem iň mähriban adama bolan çuňňur söýgüniň we hormat-sylagyň aýdyň beýanydy. Aşgabadyň 30-njy mikroraýonynda ýaşaýan bir tanşymyň “ysyň bar” diýip, ejesini eýwanda ýaşadandygyny, soňra bolsa “bitiň bar” diýip, onuň saçyny syrandygyny eşidenimde meniň göz öňümde Çary gyjakçynyň enesine bolan mähir-muhabbeti has hem ör-boýuna galdy. Sypaýyçylyk bilen aýdanyňda, bularyň biri edepden, beýlekisi bolsa biedeplikden uly bir nyşan ýaly bolup dur. Eger-de şu günki gün türkmen zenanynyň ol ýa-da beýleki bir hereketinde aýyp görülmeli zat bar bolsa, ol, megerem, aýdymçylarda bolsa gerek. Dogrymy aýdaýyn, käbir birlän-ikilän aýdymçynyň aýdýan aýdymlaryny ol-a aýal maşgala eken, erkek kişi bolup hem aýdar ýaly däl. Mysaly näçe gerek bolsa aýdyp boljak, ýöne şol sözleri hut gaýtalamaga utanýan. Elbetde, çäkden geçdigiňçe, özüňe gowy bagşy diýdirip bolýandyr öýdýändirler-dä. Magtymguly atamyzyň şeýle pursatda ur-tut hakydaňa gelýän bir gowy setiri bar: “Her başa per sanjan Isgender olmaz”. Eliňe mikrofon alanyň bilen heniz aýdymçy däldigiňe düşünmegiň özi hem edeplilikden nyşan bolsa gerek. Şu ýerde, näme üçindir, özümiň durmuşda gözli şaýady bolan zatlarymyň käbirini agzap geçesim geldi: welaýat merkezleriniň birine uçjak bolup duran “Boing” uçary hä diýmän asmana göterilmelidi. Ýolbeletler ýolagçylary uçuş wagtynda özlerini nähili alyp barmalydygy baradaky düzgünler bilen tanyşdyrýardylar, şeýle hem uçuş wagtynda salonda çilim çekmegiň, jübi telefonynda gürleşmegiň, surat almagyň gadagandygyny ýene bir gezek ýatladýardylar. Birdenem, bu zatlary gulagynyň duşundan biperwaýlyk bilen geçiren bir ýigit elindäki telefondan haýsydyr bir nomeri aýlaýar we çasly sesi bilen töwerek-daşyny üýşendirýär: “Alýo,-alýo, eşidýäňmi, Ataşka, eý, men ýene bir sagatdan barýandyryn, eý, eşidýäňmi, men saňa diýýän-how, barýan diýýän. Öýde bolgun-how, soň gözläp ýörmeli etme, saňa “Dendi” hem alandyryn, döwmänjik oýnarsyň-da, döwjek bolsaň bermen”. 120 adamlyk “Boingiň” içindäki 119 adam bir adamyny nälaç diňläp otyr. Ýolbelet gyzlar hem olaryň üstüne. Ýigit bolsa hezil edip, telefonynyň eýgiligini görýär. Aşgabadyň orruk-ortasyndaky “Gülüstan” Söwda merkeziniň gök önümler satylýan ýerinde duran bir gyza ikinji gatdan bir aýal maşgala gygyrýar: - A gyz, Jeren, gowudyr-a?! Sen näme işläp ýörsüň bazarda? - Wiý, gurgunmyň, Eneş jan, görneňok-la, gyz! Nätdi, jigiň okuwa girip bildimi? - Ýok-la, bize okuw eýgertjek däl öýdýän. A gyz, ýogsa-da araky ýakany nätdiň? Deregiňe ýaradymy? - Wiý, ýogsa-da, şol ýaka üçin senden üýtgeşik bir mata soraýyn diýip ýördüm. Biri-biriň ýanyna baryp gürleşäýmek, elbetde, kyndyr-da. Belki, gürrüňleriňi şeýdip, bütin bazara ýaýan ýagşy bolarly... Awtobus duralgasyndaky mähelläniň orruk-ortasynda duran bir aýal maşgala elindäki telefonynda öýi bilen gürleşip duran bolarly: - Gyzym, jigiňe seredýäň gerek? Gowuja seretgin, aşhana girmesin. Şol ýerdäki otluçöpi hem bir ýerde gizläp goý. Özüňem jigiň haýsy otaga girse yzyndan galma. Suwsaýan diýse suw bergin, ýöne sowadyjydan suw alyp içirme. “Ajygýan” diýse nahar gyzdyryp beräý. “Ajygýan” diýmese-de, iýse beriber... Ýap-ýaňyja öýde aýdyp gaýdan zatlaryňy telefonda gaýtalamagyň hem özüne ýeterlik keýpi-neşesi bar bolarly... Geliň, indi bolsa sähel salymlyk “Aýgytly ädim” kinofilmini göz öňüne getirip göreliň. Onda, megerem, Artyk Babalynyň gara öýüniň işigindäki bir pursat ýadyňyza düşse gerek. Artygyň uýasy Şeker Aşyra gözi düşenden oňaýsyz ýagdaýda galyp, utanjyna ýeňini dişläp, öýe girip gidýändir. Şol pursat diňe bir türkmen gyzynyň uýat-haýa bilen öýe girip gidişi däl-de, ol – hakyky türkmen edebiniň sülmüräp uýat eýleýşi. Şeýle edebiň dowamat dowam bolup gelýändigi üçin, ilki bilen, türkmen zenanlaryna minnetdarlygy gysganmaly däl. Galyberse-de, şeýle däp-dessurdyr edep-ekramy inçelik bilen yzarlap, nesillere aşyrmagy başarýan Alty Garlyýew ýaly ägirt ussatlaryň goşandyny unutmaly däl. Eýsem, şol zenan edebiniň şu günki ýagdaýy hakda sähel böwrüňi diňläniňde: “Indi dişlär ýaly, goşary ýapyp duran ýeň galdymy?” diýiläýjek ýaly bolup dur. Aýby ýok, ýeň – ýeňdir, bir gün uzar, bir gün gysgalar, bir gün giňeler, ýene bir gün inçeler. Esasy zat – edep-ekrama bolan garaýyşlar inçelmese bolar. Ýerimi-dälmi, ýöne şu ýerde gepiň gerdişine görä, başga bir gürrüňi-de agzap geçesim geldi. Dokmaçylaryň baýramçylygy mynasybetli Aşgabada gelen orsyýetli meşhur modelçi Wýaçeslaw Zaýsew žurnalistlere beren interwýularynyň birinde özüniň türkmen köýneklerini kämilleşdirmegiň üstünde işlejekdigini we onuň käbir elementlerini öz döredýän modalarynda ulanjakdygyny aýdypdy. Aslyýetinde, türkmen gelin-gyzlarynyň her biri özi-özüne modelçi, özi-özüne Zaýsew. Şonuň üçin, meniň pikirimçe, olar asla keseki bir modelçiniň maslahatyna mätäç hem däl ýaly bolup dur – müňlerçe ýyllap özleri biçipdirler, özleri tikipdirler, özleri keşdeläpdirler we wagt-wagt öz göwün söýen üýtgeşikliklerini seresaplyk bilen moda salypdyrlar. Bu ýerde gep onuň haýsydyr bir elementleriniň eýleräk ýa-da beýleräk bolup üýtgäp durmagynda däl-de, gep – onuň türkmeniň sözi ýaly, bir durkuny saklap galmagynda. Esasy gep ownukly-irili özgerişiklerde däl-de, eýsem, türkmen zenanynyň şol eginbaşlar bilen baýdak kimin parlap-pasyrdap durmagynda! Men bu zatlary ýöne ýere ýatlamok. Ýatlamagymyň bir sebäbi bär. Dünýä biziň gyz-gelinlerimiziň milli eşiklerine, şaý-seplerine haýran galyp seredýär, gözügidijilik bilen seredýär, ýöne biziň käbir gyz-gelinlerimiz gadymdan gelýän ajaýyp egin-eşiklerini başga halkyň eşigine çalyşýar. Men hiç bir halkyň eşigine dil ýetirmekçi däl, ýöne türkmen türkmen bolsa ýagşy! Ýaş gyzlarymyz näme üçin özleriniň ajaýyp eşiklerini başga halkyň eşigi bilen çalyşýarlar? Ynanyň, muňa men juda haýpym gelýär, gyzlaryň öňünden çykyp: “A gyzlar, siz milli eşikde has owadan görünýärsiňiz. Öz milli eşikleriňizi başga halkyň eşigi bilen çalyşjak bolmaň” diýip janygasym gelýär. Men medeniýet ministrligimiziň we ýerli häkimliklerimiziň milli aýratynlyklarymyz boýunça her hili çäreleri geçirmegini teklip edýärin. Her ýyl “Türkmen gözeli”, “Iň kämil keşde”, ýa-da “Ussat keşdeçi”, “Ussat halyçy”, “Milli däp-dessurlarymyz boýunça biz nämeleri bilýäris?!”, “Türkmençilik”, “Uzyn-uzyn saçly gyzlar”, “Edep nämeden başlanýar?” diýen ýaly ýaryşlar, konkurslar, bäsleşikler geçirilse gowy bolardy. Gurjak ýaly owadan ýurdumyz bar, agzybir, dostana halkymyz bar, biziň bolçulykda, ruhubelentlikde ýaşamagymyz üçin gije-gündiz aladalanýan mähriban Prezidentimiz bar. Bagtymyza bagt, bereketimize bereket goşmaga bizde ähli mümkinçilik bar.Şeýle giň mümkinçiliklerimiz barka dünýä jemgyýetçiligine öz milliligimizi, türkmenligimizi görkezip bilmesek, dünýäniň haýsy ýerinde görseler-de: “Hä, olar türkmenler. Olar agzybir halk. Olaryň baý milli gymmatlyklaryna, olaryň milli buýsanjyna gözüm gidýär” diýdirip bilmesek, eziz watandaşlar, bizden aýypdyr. Indi bolsa, sözbaşydaky sowala jogap bermäge synanyşaýyn. Edep – megerem, seniň säher bilen turup, alşyp-berşen salam-helikleriňden başlanýandyr, öz töweregiňdäki iň ýakyn adamlara ak ýürekden, kir-kimirsiz mähirli garaýyşlaryňdan başlanýandyr, belki-de ol arassa kalbyňdan syzylyp çykýan mähir-muhabbetiň miwesi bolan ýüzüň nurundan başlanýandyr hemem ol şeýdip, ähli gowulyklar – sogap işler we ýagşy niýetler bilen uzap gidip oturandyr, uzap gidip oturandyr... Hormatly Prezidentimiz müň kerem mamla: “Binýat berk bolanda, bina baky bolýar”. Edep-ekram, millilik, agzybirlik binýadymyz hem binamyz berk, baky bolsun! #"Garagum" žurnaly. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |