ENELEŇ GÜÝJI
Döredýän eneler,
Gurýan eneler!
– Ene – diýp başlaýas döwrüň namasyn.
Eneler elmydam perzendi bilen,
Gorap olaň pamykdan ak namysyn.
Altyn elli,
Süýji dilli, eneler!
Siňýär süňňüňize mukamlar sesi.
Türkmen topragynyň giň ýaýlasynda,
Ýaňlanyp dur eneleriň hüwdüsi.
Siz meniň enelem,
Eziz eneler!
Meňem enem enesidir başgalaň.
Döredýän eneler, arzuwym meniň:
Mydam sizi taryplasyn goşgulam.
Dörediň, eneler,
Gyryň, eneler!
Durmuş göreş bilen süýjidir süýji.
Dünýäň gözelligi siz bilen,
Çünki,
Taryham döreden eneleň güýji.
■ SORAGLAR / aýdym
Erkana gandyryp yşkyň suwundan,
Göwne güller ekýän –
Seni sogaplap.
Teşnedi, suw içdi göwün-göwünden,
Sonam, arzuw çekýän seni soraglap.
Senem bir ýapragy beýik daragtyň,
Aýna dek päkize, gözelim, bagtyň,
Yşk bagyn gülledip, söz beren wagtyň,
Her gün ýola çykýan –
Seni soraglap.
Bir dem aýra düşmez nazarym senden,
Gözledim, soradym,
Gülden-çemenden.
Gamda goýduň, habar almadyň menden,
Sen haçan gelersiň?
Meni soraglap!
■ ÝAR BOLSUN
/aýdym
Men deňizde sürüp gitjek taýmyly,
Görmek üçin ýar kenara ir gelsin.
Ugradyp, mähirli salgasyn eli.
Ýar keşbine gözler hyrydar bolsun.
Zähmet bilen tapdyk bagty, kemaly,
Zähmetde nurlanýar ynsan jemaly,
Ýüzün sylsyn aladaňdan şemaly,
Ýar gujagna güle-güle ýar gelsin.
Dostlar ugradarlar dutar – gyjakly,
Gel, kemar garşylar gülden gujakly.
Jemala ykjasyn ýüpek seçekli,
Ýüpek saçyň ýüregime tar bolsun.
Gözleriň gözlerden gözeldir gözel,
Kirpikleriň aýdym, gaşlaryň gazal.
Kenara geleňde bahar deý bezen,
Ýar, ýüregiň, ýar ýüregme ýar bolsun!
■ MÄHRIBAN ENEM
Balalarňy eý görerdiň ezizläp,
Suwsana süýt berdiň, mähriban enem.
Ukysyz gijeleň geçendir ýüzläp,
Görgi – ezýet gördüň, mähriban enem.
Jana melhem, şypalydyr sözleriň,
Mähre eýlenipdi nurly ýüzleriň,
Yzyňda intizar gara gözlerim,
Gelmez ile ýördüň, mähriban enem.
Ol günlerde oýnap ýören çagadym,
Ulalamsoň ýetimligme agladym,
Ýyllarboýy ýürek – bagrym dagladym,
Düýşlerimde gördüm, mähriban enem.
Gün geldikçe yza berýär aýralyk,
Gamda galdym, käbäm, senden aýrylyp,
Gara daglar kül bolardy maýrylyp,
Çekse meniň derdim, mähriban enem.
Seniň bilen garyp durmuş gözeldi,
Sensiz galyp ýürek bagrym ezildi,
Bu sözlerem gözýaş bilen ýazyldy,
Yzlap, elim serdim, mähriban enem.
Demligimde diriligim – howamsyň,
Dilde senam, keramatly dogamsyň,
Nesilleňde durmuşyma dowamsyň,
Özüň ylham berdiň, mähriban enem.
■ ŞIRIN HÜWDI ÝAŇLANDY
Elde mäkäm tutup sallançak ýüpi,
Bat berýän ýataňda sallançagyňa.
Ömrümiziň bezegi sen, görki sen,
Jykyr – jykyr gülüp gel gujagyma,
Gel, gyzym, jykyrdap, gel gujagyma,
Çaga keşbi kuwwat berýär adama.
Deň – duşlarmyň çagalygyn, hüwdüsin,
Gür bereýin, düşüreýin ýadyma.
Gazaplydy zalymlaryň tutumy,
Bir bomba müň öýe gözýaş getirdi.
Obalarda gam çekýärdi adamlar,
Käte-käte hoş habaram ýetirdi.
Hiç zat çekip bilmez ynsan nalasyn,
Şeýle ýazdyk şol günleriň namasyn.
Obalarda selçeňledi sallançak,
Kesildi wagtlaýyn şirin hüwdüler.
Şol ýyllaryň enelerem, çagasam,
Ýaňaklaryny gözýaş bilen ýuwdular.
Şo ýyllarda öwsen epgek-ýalynlar,
Has ýamandy Garagumyň howrundan.
Şirin hüwdä derek ajy agylar,
Eşdilerdi kä otagdan, howludan.
Ine, şeýle sesler, şeýle hüwdüler,
Siňipdi beýnime,
Siňipdi meňem.
Agyly hüwdüni kän eşidendir,
Mähir bilen hüwdüleýän ejeňem.
Mertlik bilen döz getirdik bar zada,
Şol günler döretdi şu günlermizi.
Toýly günler şirin hüwdi döredi –
Şoň bilen besledik göwünlermizi.
Mähirli ellerde oýnap ýüpüni,
Sallançaga bat bersinler adamlar.
Şirin hüwdi mydam ýaňlanar durar,
Körpelerni eý görsünler adamlar.
■ AÝ GÖRÜNDI
Niçik yssy çaga mähri,
Göwnümize jaý göründi.
Ýagtylandy göwün şähri,
Bäbek bize Aý göründi.
Nurly ýüze gülüp bakdyk,
Dutar alyp, tara kakdyk,
Adyna Gülbahar dakdyk,
Dulumyzda Aý göründi.
Begmyrat USSAÝEW.
Goşgular