19:13 Garabaş / hekaýa | |
GARABAŞ
Hekaýalar
Çopan goşundan yzly-yzyna eşidilen tüpeň sesi Çary Halyly haýykdyrdy: - Be, Allajanlarym, gündiziň günortany bu nämäniň alamatyka? Soltan çolugy goşda goýup gaýtsam, hökman bir hokga çykarýar. Ýeri, şu mahal tüpeň atar ýaly näme zerurlyk barka, aw beýleki diýseňem-ä oňam wagty däl. O eýesizem-ä gündiz gozganýan janawar däl — diýip, möjegiň adyny tutman gürledi. Garaz, tüpeň sesini nämä ýorjagyny bilmän goşa ýetmäge howlukdy. Şäheriň salkyn howasynda otuny kemsiz alan goýunlaram basymrak suwa ýetenlerini kem görmänsoňlar ep-esli menzilden guýa tarap ylgaşlap gaýtdylar. Çary Halyl goşa ýetmäge howlukdy. Garagörnümden Soltan çoluk ony garşylady. — Indi ikinji gezek şu, halypa, çalmara girip nantorbany elegelmez edişi. Öňki gezegem size aýdybilmän, Garabaşyň özüne käýýäp oňdum. Ine, ýene-de şeýtdi. Öwirendikli bolaýdy öýdýän. Onsoň ilkä mazalyja suwuna degdim. Kemteresinden gözünem gyrpanok. Onsoň goşaň iki gözünem dolduryp, üstaşyr güwledip goýberdim. Şonda-da ýüzüme mölterip dur, „ynha men» diýýän ýaly. Çopan taýagymy ýaňadan somlap, erbet sögünenimden soň gitdi, gaýralygyna sömp-sömp edip... Çolugynyň beren habary Çary Halylyň gaharyny getirdi. — Bir emmasy bolmasa, Garabaş beýtmez. — Iň soňkuja çöregimizi guma gardy ahyry ol. Unumyzam gutardy. Bu ýakynda obadanam habar düşesi ýok. onsoň aç galaýmaly bolarys-da. — Gara garnyňy gaýgy edip, o janawaryň göwnüne degdim diýsene. Entek men Garabaşyň ikilik edenine gabat gelmändim. — Çary aga, men bu zatlary özümden toslamog-a. Bu hakykat. — Hakykat, hakykat, tapdyň ýagşam bir ynandyrjak adamyňy, päheý-de weli... — It itdir-dä — Çary aga! — Tüket! Item bolsa wepasyny hiç zada çalyşjak däl. — Onda bizden item gowu-da?! Çolugyň soňky sowal gatyşykly sözüne Çary aga jogap bermedi. Eşeginden düşdi-de, içi goş-golamly horjunyny egnine atyp, çalmara tarap ýöneldi. Soňam yzyna öwrülip, sazanaklap duran Soltana etmeli işlerini tabşyrdy: — Goýunlar kemsiz ganansoň, gowany birküç gezek sow-da, erkegi duşap goýber. Guýunyň agzyny pugta ýap! Mör-möjek düşmesin! Çary Halyl çalmaryň töweregindäki yzlary ýekän-ýekän gözden geçirdi. Bu ýerde Garabaş bilen Soltan çolugyň arasynda uzaga çekip dartgynly göreşiň bolandygy mese-mälim bildirip durdy. Çary Halyl içini gepletdi: — Gör-bak çalmaryň içinde näme hekaýat gopduka? Çalmaryň içem akan-dökändi. Çörek bölekleri gumdur küle garylyp ýatyrdy. Nantorbanyň ala ýüpi tüýdüm-tüýdümdi. Garabaşyň dişleri torbany hem eleme deşik edipdir. — Bendäň çagasy, çalmary bir tertibe salaýmaly ekeniň-dä, bolmanda çöregi dagy kakyşdyryp ýygnaýmal-a. Şulara Garabaşyň dişem degmändir. Çary Halyl dagap ýatan çöregi ýerden galdyrdy: — Gurbany boldugym, seni harlan eýgilik görmez. Onýança-da Soltan çoluk gelip ýetişdi. Ol gele-gelmän-ä sözüni tassyklatjak boldy. — Gördüň gerek, Çary aga! Garabaş edil guduzlana çalym edýändir. Çary aganyň gaşlary çytyldy. — Agzyňa gelenini otaryp durma, inim! Sebäpsiz çöp başy gymyldaýan däldir. Ynha görersiň! Çolugyň bolup durşy „Gözüňiz bilen görüp durkaňyz meni gönertlemäň-dä» diýäýjege çalym edensoň Çary aga giňlige saldy: — Sende günä ýok, inim, ýasawyň şeýle, anygyna ýetmän bir iş edipsiň-dä, bu-da gowy endik däl. Soltan çoluk utandy. Boz-ýaz boldy. Bolup geçen wakany serinde aýlap, gyssanmaçlyk edenine gynandy. Onuň bolup durşuna Çary Halyl dözmedi. — Zyýany ýok inim. Hydyr gören çol dargursaklaram, kelte pikir edýänlerem terbiýeleýändir. Munuň sapagyny alyberseň, özüňem tanarsyň, töweregiňem. Garabaşyň näme sebäpli çalmara girip, beýle «ýykgynçylyk» etmeginiň sebäbini aňşyrmadyk bolsaň gulak goý! Gaýra tarapdan süýnüp gelen gömülgen çalmara sümüpdir. Muny gören Garabaş onuň guýrugyny basyp saklajak bolup, ýetişmändir. Onsoň ol çalmaryň içine girse, nantorbanyň ala ýüpi onuň gözüne ýylan bolup görnüpdir. Ana bolany ähli ýyggynçylyk şol sebäpli. Senem muňa doly göz ýetirmän Garabaşyň göwnüne degipsiň! — Çary aga ýylan niredekä? — diýip, Soltan goluk howsalaly sorady. — Ýylan çalmara sümen ýerinde gömlüp ýatandyr. Garabaş ikiňiziň gyýk-bagyňyzdan olam çala gorkan däldir. — Indi näme etmeli bolar, halypa? — Bar sen git-de erkegiň ýüňünden bir gysym alyp gel, galanyny görübereris. Ýylan diýilýän janawar degmedige degmez. Soltan çolugyň gidişi bilen gelşi deň boldy. Elindäki bir gysym düýe ýüňüni baş çopana uzadyp, onuň indiki hereketlerini synlamaga başlady. Çary Halyl düýe ýüňüni garaýag eredilýän köne taňňyra atdy-da otlap goýberdi. Soňam ony Soltanyň eline berdi: — Me, birsellem çalmaryň içine aýla. Ysy gowy ýaýransoň ine, şu ýerde goý-da daşaryk çykaý. Soltan çoluk aýdylyşy ýaly etdi. Salym geçmänkä çalmaryň içini-daşyny düýe ýüňüniň ysy gaplap aldy. Az salymdan äpet gömülgen towlanjyrap gelen tarapyna garşy süýnüp gitdi... Bu ýagdaýy synlap oturan Soltan iňkise gitdi. — Garabaş niredekä? Çary Halyl gaýralygyna elini salgady: — Ýylanyň yzyna düşde gidiber. Garabaş onuň gaýdan ýerinde garaşyp ýatandyr. Bardygy düýt-müýt etmäge taýyndyr. Ýöne ol «Degmedige degme» diýseň düşüner. Ýylany garawullap giden Soltan çoluk, köp eglenmän Garabaşy yzyna tirkäp geldi. Nowruz GURBANMYRADOW. | |
|
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |